Barnabasyň Injilinden bölek (Isa pygamberiň haja çüýlenmändigi hakynda)
BARNABASYŇ INJILINDEN BÖLEK, SOŇKY BÖLÜMINDE ISA PYGAMBERIŇ HAÇA ÇÜÝLENMÄNDIGI HAKYNDA.
208-216 ''Ol beýlekiler üçin taýynlap goýan çukuryna düşer'' Ýehudy Iskariot gudrat bilen Isa pygambere meňzedilýär. Isa göge galdyrylýar...
208. ''Eger erbetlik etsem, maňa duýduryş, Allah hem sizi söýsün, Çünki onuň islegini ýerine ýetirenlerden bolarsyňyz. Emma hiç kim günäsi sebäpli maňa duýdurmasa, siziň diýşiňiz ýaly Ybraýymyň perzentleri däldigiňiziň we Ybraýym bilen bilelikde bolmajakdygyňyza yşarat eder.
Allah sag we diridir, Ybraýym Allahy şeýle bir gowy görýärdi welin, ol ýalandan ýurtlary döwüşdirip, ene-atasyny terk etmek bilen çäklenmän şol bir wagtyň özünde Allaha ybadat etmek üçin öz ogluny hem onuň ýoluna gurban etmek isledi''.
Baş ruhany oňa garşy şeýle diýdi: ''Senden soraýanymam şular; we seni öldürmegiň ýollaryny gözlemeýärin, sen maňa aýt: ''Ybraýymyň ogly kimdi?''
Isa jogap berdi: ''Seniň şanyň alawy bolan eý Allah, sen meni saklaýaň we gürlemän durup bilemok. Serediň men aýdýaryn, Ybraýymyň ogly Ysmaýyldy. Ondan özüne ýerýüzüniň bütin kabylalaryny çokundyryjy Ybraýyma, wada edilen Mesih geljekdir''.
Şol wagt muny eşiden baş ruhany gahary geldi we gygyryp: Şu dinsiz ýaramazy geliň daşlalyň. Çünki ol bir Ysmaýylydyr. Musa (pygambere) garşy Allanyň kanunyna garşy küpür edendir''.
Soňra üstüne her ýazyjy we Derisi halkyň öňde gelenleri bilen birlikde Isany daşlamak üçin daş aldylar. Isa bolsa gözlerinden gaýyp bolup ybadathanadan çykdy. We şol wagt Isany öldürmek üçin eşiden azaply arzuwlary bilen gahar we kineden gözleri çaşaran ýaly bolup biri-birlerini şeýle bir urdylar welin ol ýerde müň kişi öldi we keramatly ybadathanany hapaladylar.
Isanyň ybadathanadan çykandygyny gören hawarylar we dogry ýoldakylar (çünki ol özlerininiňkilere gizlin däldi) ony Simonyň öýüne çenli gidýärkä synlap durdylar.
Şol wagt Nikodemus ol ýere geldi we Isa pygambere Kudusdan çykyp, Sidrun çaýyndan aňyr taraplygyna gitmegini aýdyp diýdi: ''Rab, meniň Sidrun çaýynyň aňyrsynda öýüň bilen bilelikde bakjam bar, şol sebäpden senden haýyş edýärin, şägirtleriňden käbirleri bilen şo ýerik git we ruhanylarymyzyň gaharlary ýatyşýança şol ýerde bol. Saňa gerekli bolan her zady üpjün ederin. We şägirleriň käbirini bu ýerde Simonyň öýünde we meniň öýümde galdyr, Allah bize hemme zady berer''. We Isa, ýanyna ilkinji bolup hawarylar diýilýän diňe on iki kişini almagy arzuw edip, şeýle hem etdi.
209. Şol wagt Isanyň ejesi Merýem ybadat edýän wagty melek Jebrail gelip, ogluna edilen ezýeti aýdyp berip, diýdi: ''Gorkma Merýem, çünki Allah ony dünýe (däkilerden) gorar. Şondan soňra Merýem aglap Nasyradan aýryldy we ogluny gözlemek üçin Kudusa, gyz jigisi Merýem Selameniň öýüne geldi.
Ýöne Isanyň gizlinlik bilen Sidrun çaýynyň aňyr tarapyna geçendiginden habary ýokdy we ony bu dünýäde hiç haçan görmedi; ýöne utanç içre galmazlyk üçin Jebril, Mikill, (Ys)rafyl we Uriel bilen birlikde Allahyň emri bilen ony Merýeme görkezdiler.
210.
Ybadathanadaky galmagal
Isanyň gitmegi bilen dini boýunça ruhany beýik bir ýere çykyp, elleri bilen ''ýuwaşyň'' yşaratyny berip şeýle diýdi: ''Doganlar! Biz nämeler edýäris? Onuň şeýtanlyk oýnuna bütin dünýäni aldadandygyny göreňizokmy?
Häzir, eger ol bir jadygöý däl bolýan bolsa, nädip ol bu ýerden gaýyp bolup gitdi? Şaýat boluň, ol keramatly biri we bir pygamber bolýan bolsady Allaha garşy, gul(y) Musa pygambere garşy we Ysraýylyň umydy Mesihe garşy küpür etmezdi. We men näme diýeýin? Ol bütin ruhanylarymyza küpür etdi. Şol sebäpden serediň size diýýärin, eger ol, dünýeden aýrylmasa Israil gizlener we Allahymyz bizi milletleriň eline berer.
Üns beriň indi, ýaňky sebäpli bu keramatly ybadathana erbet hapalandy!'' We baş ruhany şeýle diýeninden soň köp kişi Isadan ýüz öwürdi. Şondan soň gizlin tutulan öldürme, kast etme açykdan-açyk ýagdaýda äşgär bolmaga başlady. Baş ruhany Hirodes we Rim häkiminiň ýanyna baryp Isa pygamberiň göýä Ysraýyla patyşa bolmak arzuwlarynyň bardygy bilen günäkärledi we bu hakda ýalançy şaýatlary hem taýynlady.
Soňra Isanyň töwereginde ýygnanyşdylar. Sebäbi Rimlileriň permany hemmeleri gorkuzardy. Rim senatorlygy Isa bilen baglanyşykly iki sany perman çykarypdy. Permanlaryň birinde Ýahudylaryň Pygamberi Nasyraly Isaha Allah we Allanyň ogly diýendigi üçin ölüm jezasyna höküm edilýär.
Beýlekisinde bolsa Ýahudylaryň Pygamberi Nasyraly Isa hakynda dawwalaşylan pul jezasy bilen gadagan edilendi. Şol sebäpdenem aralarynda ep-esli tapawut bardy. Käbirleri Isa üçin Rime täze perman ýazylmagyny isleýärdi. Käbirleri nirede aýlanyp ýören biriniň sözlerine ynanmazlygy, näme diýse öz ugruna goýberilmelidigini aýdýardylar. Käbirleri bolsa onuň görkezen keramatlaryny delil getirýärdiler. Şol sebäpden baş ruhany biderek samahyllamalara gulak gabartman Isanyň tarapyny tutmazlyk hakynda söz sözledi we Herod we häkim bilen görüşip diýdi: ''Elimizde erbet bir böwet bar. Çünki bu günäkäri öldürsek, Sezaryň permanyna garşy gitdigimiz boljak, ýok ýaşamagyna we onuň Ysraýyla patyşa bolmagyna ýol beräýsek şo pursat näme boljagyny göz öňüňize getiriň?'' Soňra Hirodes ýerinden turdy we häkime azgyrylyp: ''Ol adamyny tussag edeniň üçin ülkede gozgalaň turaýsa seni Sezaryň öňünde dikerin. Soňra häkim senatordan gorkup Hirodes bilen arasyny sazlady (Çünki öňler olar biri-birlerini ýigrenerdiler). We Isany öldürmeli kararyna gelip baş ruhana şeýle diýdiler: ''Günäkär adamyň nirededigini bilseň ony biziň ýanymyza ugrat, biz saňa esger bereli''.
Bu ''Ýer ýüzüniň hojaýynlary we patyşalary Ysraýylyň mukaddesine garşy birleşdiler. Çünki ol dünýäniň halas bolup ýoluny yglan eder'' diýen Ysraýylyň Pygamberi Isany ölmezinden öň habar beren Dawut pygamberiň aýdanlary hakykatlaşyp başlady.
Şondan soň şo günden başlap Kudusyň her ýanynda Isany gözläp başladylar.
211.
Sidrun Çaýynyň aňyrsyndaky Nikodemusyň öýünde oturan Isa hawarylaryny köşeşdirip şeýle diýdi: ''Dünýäden aýrylma wagtym gaty ýakynlaşdy, özüňizi teselli ediň we gynanmaň, çünki men giden wagtym ahy-nala esitmäýin.
Indi meň halyma gynanarsyňyz, meniň dostlarym bolarmysyňyz? Ynanyň, ýok, tersine duşmanlar (ym bolarsyňyz). Dünýä peýwagtyna, keýpi ýerinde bolsa siz gynanyň, çünki, dünýäniň asudalygy ahy-nala öwrüler we siziň gynanjyňyz hoşwagta öwrüler we siziň şatlygyňyzy hiç kim sizden alyp bilmez; çünki, kalbyň ýaradyjysy Allah hem eşiden hoş habary bütin dünýä çekip almaz. Allanyň meniň agzym bilen size aýdýan sözlerini unutmazlyga çalyşyň. Bu dünýä garşy we dünýäni söýenlere garşy Injilim bilen getiren şaýatlygy taryp eden her kese garşy, meniň şaýatlarym boluň!''
212. Soňra ellerini Rebbe galdyryp doga edip diýdi: ''Ybraýymyň Allahy, Ysmaýyl we Yshagyň Allahy atalarymyzyň Allahy, Allahymyz Rebb, maňa berenleriňe merhemet et we olary dünýeden gora. Olary dünýeden al diýmeýärin, çünki meniň Injilimi taryp edenlere garşy olaryň şaýatlyk etmegi gerek. Munuň ýerine olary şerden gormagyň üçin doga edýärin, seniň Höküm günüňde, meniň bilen birlikde, seniň ähdiňi bozan Ysraýyl masgalasyna garşy we bu dünýä garşy şaýatlyk etmek üçin gelsinler. Butlara uýýan atalaryň ogullaryna garşy, dördünji nesile çenli buta çokunyjylykdan ar alan kadyr we gaýýur Rebb Allah, meniň Seniň ogluňdygyňy ýazan wagtlary, maňa beren Injilimi taryp eden her kişini Sen ebedi näletle.
Çünki, çäge we toprak bolan men, Seniň gullaryň hyzmatkäridirin we hiç haçan özümi seniň ýagşy guluň hökmünde pikirem etmedim; şonuň üçin men Saňa, maňa beren zatlaryň öwezine hiç zat berip bilmerin. Çünki hemme zat Seniňkidir. Müň nesilleriň içinde Senden gorkanlar üçin merhemetiňi görkezen Rebb Allam, maňa beren Kelamyňa ynananlara merhemet et. Çünki, nädip, Sen hakyky Hudaý bolsaň, meniň aýdan sözlerim hem hakykatdyr. Çünki ol Seniňkidir. Gorýäňizmi, edil okaýan kitaby bilen ýazylgy bolandan başgasyny okamaýan okyjy ýaly bolup bulary aýtdym. Maňa berenlerini ine şeýle şekilde düşündirdim.
Goragçy Rebb Allah, şeýtanyň özlerine garşy hiç bir zat etmezligi üçin maňa berenleriňi gora; diňe olary däl, olara ynanýanlary hem gora. ''Merhemeti bol we bereketli Rabb, Höküm gününde Ilçiniň jemagaty içinde bolmagymy guluňa bagş et; diňe maňa däl, maňa beren herkesiň bilen birlikde, maňa ynanýan her kese. We özüň üçin muny şeýt eý Rebb, şeýtan Saňa garşy heşelle kakmasyn''.
Nygmatyňdan kowmum Ysraýyl üçin gerekli bolan her bir zady beren Rebb Allah, dünýäni şoň üçin ýaradan Ilçiň bilen çokundyrmagy wada eden Ýer ýüzüniň bütin kabylalaryny ýadyňdan çykarma. Bu dünýä merhemet et we Ilçiňi tiziräk ugrat, duşmanyň bolan şeýtan imperatorlygyny ýok etsin''
We Isa muny aýdanyndan soň üç gezek ''Amin, beýik we Merhemetli bolan Rebb!'' diýdi. We aglap garşylyk berdiler. ''Amin!'' ;
Ýehuda bolsa hiç bir zada ynanmaýardy.
213. ''Ol, başgalary üçin taýynlap goýan çukuryna düşer''
Guzyny iýmek günleri gelip ýetende Nikodemus guzyny Isa we şägirtleri üçin gizlikde bakjalyga saldy we häkim we baş ruhany bilen birlikde Hirodesiň permanyny hemmelere äşgär etdi.
Şondan soň Isa ruhy bilen begenip diýdi: ''Keramatly adyňy sanap gaýtalaýaryn eý Rebb, çünki meni bütin dünýe sütem edip öldürilen gullarynyň sanyndan aýyrdyň. Saňa şükür edýärin Allahym, Çünki Seniň işini ýerine ýetirdim''.
We Ýehuda dönüp oňa diýdi: ''Arkadaş nämä garaşýaň? Meniň wagtym ýakyn, häziriň özünde git we ýerine ýetirmeli zadyňy berjaý et''.
Şägirtler Isanyň Ýehudany Fysyh güni üçin bir zatlar almaga ugradandygyny pikir etdiler; emma Isa Ýehudanyň özüne haýynlyk etjekdigini bilýärdi, şol sebäpdenem Dünýäden aýrylmak arzuwynyň edip şeýle diýdi.
Ýehuda şeýle diýdi: ''Reb, naharlanmagymyza rugsat ber, soňra giderin:''
''Iyeliň'' diýdi Isa: ''Çünki sizden aýrylmazdan bu guzy tagamyny örän arzuw edipdim''. We, turup, bir öňlük aldy we biline dolady, soňra bir legene suw guýup, şähirtleriniň aýaklaryny ýuemaga başlady. Ýehudadan başlap Petrusa çenli şeýdip geldi. Petrus diýdi: ''Reb meniň aýaklarymy ýuwjak dälmisiň?''
Isa jogap berdi: ''Meniň näme etjek bolýanymy häzir sen bilenok, emma has soňra bilip galarsyň''. Petrus ýene-de: ''Meniň aýaklarymy ýuwjak dälmisiň''.
Şol wagt hem Isa ýerinden turup we diýdi: ''Sen hem Höküm gününde meniň toparyma goşulmarsyň.'' Petrus garşylyk görkezip diýdi: ''Diňe aýaklarymy däl Rebb, ellerimi we aýaklarymy hem ýuwmalysyň''.
Şägirtleri ýuwunup, nahar üçin supraň başyna geçenlerinde Isa diýdi: ''Men sizi ýuwdum, ýene-de bütinleý tämiz dälsiňiz; şeýle hem deňiziň bütin suwy maňa ynanmadygy ýuwup tämizlemez''. Isa muny özüne kimiň haýynlyk etjekdigini bilýäni üçin diýdi. Şägirtler bu sözlere gynanypdylar, Isa ýene-de diýdi: ''Serediň, sizden biriňiz maňa haýynlyk eder, edil goýun ýaly bolup satylaryn; emma ýazyklary bolsun şoňa! Çünki atamyz Dawudyň şeýle biri hakynda aýdan: ''Ol başgalary üçin taýynlan çukuryna düşer'' sözi hakykatlaşar.
Şondan soň şägirtleri biri-birlerine seredip, gynanyp şeýle diýdiler: ''Haýyn kimkä?'' Soňra Ýehuda diýdi: ''Men bolarynmy ol, eý mollym?''
Isa jogap berdi: ''Maňa haýynlyk etjek kişiniň kimdigini men aýtdym''.
We on bir hawary muny eşitmedi.
Guzy iýilmäge başlandy, jyn Ýehudanyň arkasyna mündi we öýden çykan wagty Isa oňa ýene şeýle diýdi: ''Ýerine ýetirmeli zadyňy çaltyrak ýerine ýetir''.
214.
Isa öýden çykyp, ybadat etmek üçin ýüz gezek dyzlaryny büküp, sežde edip ybadat etmek üçin bakjalyga çykdy. Şol wagt Isanyň şägirtleri bilen birlikde oturan Ýehuda baş ruhanyň ýanyna bardy we şeýle diýdi: ''Maňa söz beren zadyňyzy berseňiz bu gije gözleýän Isaňyzy eliňize bererin. Sebäbi ol on bir sany hawarylary bilen ýeke özidir. Baş ruhany oňa diýdi: ''Näçe soraýaň?'' Ýehuda diýdi: ''Otuz altyn''. Şol wagtyň özünde baş ruhany pullary sanap başlady we esgerleriň gelmegi üçin häkim we Hirodese habar ýollady we bir legion esger geldi, çünki halkdan gorkýardylar; şol sebäpdenem, ýaraglaryny alyp meşeleri we çyra otlary bilen Kudusdan çykdylar.
215.
Esgerler Ýehuda bilen birlikde Isanyň bolýan ýerine golaýlaşanlarynda Isa köp sanly kişileriň ýakynlaşandyklaryny eşidip, öýe girdi. We on bir (hawary) şol wagt ýatyrdylar. Şo pursat guluna ýakynlaşan howpy duýan Allah, ilçileri Jebrail, Mikail, (Ys)rafyl we Uriele Isany Ýerden götermeklerini emr etdi.
Keramatly melekler gelip, Isany günorta tarapky penjireden çykardylar. Ony göterip üçünji göge hemişe Allany ýatlamak we gaýtalamak üçin melekleriň ýanyna alyp bardylar.
216. Ýahudy Iskariýot gudrat bilen Isanyň keşbine öwrüldi
Ýehuda herkesiň öňünden tizlik bilen Isanyň ýokary galdyrylyp alynyp gidilen otaga kürsäp girdi. We şägirtler uklap ýatyrdylar. Şondan soň
mugjyzalar ýaradan Allah täze mugjyza döretdi.
Ýehuda gürleýşinden we ýüz keşbinden Isa pygambere gaty menzeşdi welin onuň Isadygyna ynandyk. We ol bizi ukydan oýardy. Mollymy gözleýärdi. Soň biz şeýle diýdik: ''Sen biziň mollymymyz, bizi unutdyňmy?''
Ol gülümsiräp şeýle diýdi: ''Indi, meniň Ýahuda Iskariýotdygymy tanaman jadylandyňyzmy!''
We ol şeý diýýärkä esgerler girdiler-de ony tutdylar. Çünki ol Isady. Oňa meňzeýärdi.
Biz Ýehudanyň diýýänlerini eşidip, esgeri görüp dällirän ýaly bolup gaçdyk.
We keten bize dolanan Ýuhanna hem oýanyp gaçdy we esgeriň biri ony keteni bizli ýagdaýda tutan soň biz matany çykaryp ýalaňaçlygyna gaçdy. Çünki Allah Isanyň dogasyny eşidipdi we on bir hawarysyny şerden gorapdy.
217-222.
Haýyn Ýahuda haça çüýlenýär, Isa ynananlar bilen 3 günläp galýar.
''Nädip Isanyň ölendigini ynandyrdylar?''
217. Haýyn Ýahuda Haça çüýlenýär. Esgerler (Isa hasaplanylýan) Ýehudany tutup, sütem görkezip bagladylar. Çünki ol hakykatdan Isadygyny inkär edýärdi; esgerler oňa ''Patyşahym gorkma, çünki biz seni Ysraýylyň patyşasy etmäge geldik we seniň patyşalygy red etjekdigiňi bilýänimiz üçin seni bagladyk''.
Ýehuda garşylyk görkezdi: ''Siz aklyňyzy ýitirdiňizmi? Siz bir ogryny (tutan ýaly bolup) ýaraglaryňyz bilen Nasyraly Isany almaga geldiňiz we size ýol görkezen meni, patyşa etmek üçinem bagladyňyz!''
Şol wagt esgerler karar tapman ýumruk we urgular bilen Ýehudany urmaga başladylar we ony şol halda Kudusa getirdiler. Ýuhanna we Petrus uzakdan esgerlere seredýärdiler; we Isany jezalandyrmak üçin ýygnanan Farisiler
we baş ruhany tarapyndan Ýahudany soraga çekdiler. Şol wagt Ýahuda biderek sözleri aýdanynda hemmeler gülüşip onuň hakykatdanam Isadygyna we ölümden gorkup dällirän bolýar diýip kabul etdiler. Soňra ýazyjylar, gözlerini sarap hetden aşyp şeýle diýdiler: ''Nasyralylaryň (Isa pygambere ynananlara şeýle diýilýärdi) Pygamberi Isa, bize aýtsana, ýüzüňe uran kimdir?'' We ony ýumruklap, ýüzüne urdylar.
Daň atandan soň halkyň öňde gelenleri we Farisilerden ybarat uly ýygnak boldy; we baş ruhany Farisiler bilen birlikde Ýehuda garşy onuň Isadygyna ynananlaryň ýalançy şabadyby hem gözlediler; we gözleýänlerini tapmadylar. We öňde gelen ruhanylaryň Ýahudanyň Isadygyna ynanandyklaryny näme üçin aýdýaryn, şuňa üns berdiňizmi? Hatda muny ýazan bilen birlikde bütin şägirtler hem muňa ynandylar; we hatda Isanyň görgüli ejesi, ýakynlary we dostlary bilen birlikde onuň Isadygyna ynanýardylar. Şeýle-de hemmeleriň gynanjy ynanylmaz derejede-di. Allah sag we diridir, Isanyň aýdýan her zady dünýäden nähili çekilip göteriljekdigini, üçünji bir kişiniň nähili görgülere sezewar ediljekdigini we dünýäniň soňy bolýança ölmejekdigini unudypdylar. Şol sebäpdenem Isanyň ejesi we Ýuhanna bilen birlikde haçyň ýanyna bardylar. Baş ruhany Ýagudany baglap öňüne getirdi we oňa şägirtlerini we haýsy ýoldadygyny sorady. Ýahuda özünde däl ýaly bolup hiç zat diýmedi. Baş ruhany Ysraýylyň diri Allasyndan hakykaty aýtmagyny ondan haýyş etdi.
Ýahuda jogap berdi: ''Meniň Nasyraly Isany eliňize bermegi wada eden Ýahuda Iskariýotdygymy aýtdym size; we siz, haýsy tarapda bilemok, dälliräpsiňiz, çünki her görnüşimde meň Isadygymy kabul edýärsiňiz!''
Baş ruhany garşylyk görkezip diýdi: ''Eý '' pitneçi, haýsy ýoldadygyň we haýsy mugjyzalaryň bilen Galileýden başlap bu ýere Kudusa çenli bütin Yaraýyly allatdyň; we indem dälliränsirän bolup saňa ýaraşan jezadan gaçjak bolýaňmy? Allah sag we diridir, ondan asla gutulmarsyň!'' We şeýle diýeninden soňra hyzmatçylaryna akly başyna gelsin diýip ýumrukladyp, urdurdy. Olaryň çekdirýän zulum-sütemleri ynanylmaz derejede-di. Çünki keýp alyp seretmek üçin hezil edip täze-täze jeza çärelerini ulanýardylar. Bir hokgabaz ýaly edip geýdirdiler we el we aýaklary bilen şolar ýaly bolan bolup görkezýärdiler. Çünki Kenanlylar hem bu tomaşany görenlerinde toba gelerlerdi.
Ýöne ruhanylar Farisiler we halkyň öňündäki baştutanlar Isa pygambere garşy şeýle bir doň ýürekdiler welin Ýahudanyň hakykatdanam Isadygyna ynanyp, oňa şol şekilde sütem berdirip keýp alýardylar.
Soňra ony baglap Isany gizlinlikde gowy görýän häkimiň ýanyna iberdiler. Ondan soňra ol Ýahudanyň Isadygyna ynanyp, ony otagyna çagyrdy we onuň bilen gürleşip, haýsy sebäpler bilen ruhanylaryň we halkyň ony ele berendiklerini sorady.
Ýahuda jogap berdi: ''Saňa hakykaty aýtsamam maňa ynanmarsyň; çünki belki senem (halkyň öňündäki) ruhanylar we Fariseýleriň alladylşy ýaly alladylansyň''. Häkim, (onuň kanun bilen baglanyşykly gürleşmek arzuwynda bolandygyny düşünip) garşylyk berip diýdi: ''Indi sen meniň Ýahudy däldigimi bileňokmy? (Öňde gelen) ruhanylar we halkyň içindäkiler seni meň elime berdiler; bu sebäpden maňa dogryňy aýt, adalatly bolany berjaý edeýin. Çünki meniň seni azatlyga çykarjak ýa-da seni jezalandyrmaga güýjüm ýetýär''
Ýahuda bolsa oňa: ''Hormatly jenaby(m), ynan maňa eger meni jezalandyrsaň ullakan bir ýalňyşlyk goýberersiňiž, çünki günäsiz kişini öldürersiňiz; men Ýahuda Iskariýot, bir jadygöý bolan we tilsimi bilen meni bu şekile öwüren Isa däl men''.
Häkim onuň aýdýanlaryna ynanmady we ony boşatmak isledi. Şol sebäpden daşaryk çykyp gülümsiräp: ''Hiç bolmasa-da bir hka berýän, bu adam ölümi dälmi, bilemok welin merhemetlenmelidir'' diýdi we: ''Bu adam Isa däldigini, tersine Isany tutmak üçin esgerlere ýol görkezen Ýahudadygyny aýdýar we Galileýli Isanyň tilsimi bilen özüni şu şekile öwürendigini aýdýar. Şol sebäpden eger bu dogry bolsa, ony öldürmek, günäkär däldigi üçinem ynsapsyzlyk boljak...
(dowamy bar)

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.