Ylym 10 sany hemişeki çekeleşikli soraglara jogap tapdy.
Ilki näme peýda bolan- towukmy ýada ýumurtga ; zebranyň asyl reňki haýsy (çalmy ýa gara) ; ýagtylyga seredilende göz öňüňde nähili tegmiller, şekiller peýda bolýar; näme üçin pişikler boşluga uzak wagtlap seredip galýarlar we ş.m-ler ýaly hemişeki jogaplanmadyk soraglar köpçüligi gaty gyzyklandyrýar. Şeýle-de bolsa, ylymyň şu soraglara jogap tapandygyny hemmeler bilmeýär. Çagalykdan bäri sizi oýlanyşdyryp gelýän soraglaryň jogaplary bilen tanyşyň. Bularyň düşündirişiniň gaty ýönekeýdigini kimem pikir edendir öýtýäňiz :/
1. Ilki haýsysy döreýär- towukmy ýa ýumurtga?
Uzak wagtlap alymlar haýsynyň ilki emele gelenini - ýumurtga ýa-da gadymy jandaryň (towugyň nesili) peýda bolandygyny kesgitläp bilmediler. Emma ahyrsoňy jogap tapyldy. Darwiniň teoriýasyna we häzirki zaman biologlarynyň pikirine görä, ýumurtga ilkinji bolup ýüze çykypdyr. Hakykat, ýyllar boýy towuga öwrülen jandaryň öz-özünden peýda bolup bilmezligi: ýaşaýşyň döremegi ýumurtga öýjüginde bolup geçýär. Wagtyň geçmegi bilen gadymy guş towuga "öwrüldi". Bu üýtgeşmeler ýumurtganyň içindäki düwünçek derejesinde bolup geçdi. Bir towuk ýumurtgadan çykyp, ýumurtga goýup başlady. Şeýlelik bilen, gadymy jandaryň ýumurtgasy, içinde towukly ýumurtga ilkinji towuk dogulmazdan ozal peýda boldy.
Jogap : ýumurtga ilki peýda bolan.
2. Ýagtylyga seredenimizde göz öňümizde nähili şekiller (tegmiller) peýda bolýar?
Olara "kör şekiller" diýilýär. Gözlerimiz ýagtylyga gönükdirilende, göz perdesindäki fotoreseptorlar wagtlaýynça aşa artyk zorugýar (dartgynlaşýar) .Ýagny, gysga wagtyň içinde başga zat görmeýärler we dikeldilende bu "şekilleriň" kömegi bilen görýän ýagtylygymyzy görkezýärler. Alymlar garaňky otagdan çykanda bir gözüňi ýummagy maslahat berýärler. Şeýlelik bilen, ýagtylyga ýiti çykmaga taýynlyk görýäris we "kör şekiller" has çalt ýitýär. Takmynlara görä öňler garakçylar şu sebäpden gözlerini ýapýardylar diýýärler.
3. Zebraň reňki garamy ýada ak?
Aslynda zebra ak zolakly gara atdyr. Zolaklar saýlama pigmentasiýanyň genetiki prosesi sebäpli ýüze çykýar, gara esasy pigment, ak zolaklar bolsa ýoklugynyň netijesidir. Ýeri gelende aýtsak, Iňlis alymlary zebra näme üçin beýle reňkiň gerekdigini anykladylar. Olaryň pikiriçe, ak-gara çyzyklar az özüne çekiji. Mundan ozal biologlar zolaklaryň ýyrtyjylary gorkuzýandygyny bellediler, ýöne bu teoriýa tassyklanmady.
4. Näme üçin pişikler uzak wagtlap köplenç şol bir boşluga seredýärler
Käbir adamlar pişikleriň köplenç ruhlary görüp bilýändikleri üçin şol bir boşluga seredýärler diýip çaklaýarlar. Aslynda, söýgüli haýwanymyz uzak wagtlap seretse, uklamaga taýynlyk görýär. Bu haýwanlar wagtynyň köpüsini uklap geçirýärler. Pişik haýsam bolsa bir gapdal tarapa seredýän bolsa, bu biziň duýup bilmeýän käbir sesimizi ýa-da ysy duýandygyny aňladýar. Pişik şekillileriň duýgy synalary adamlaryňkydan has gowy ösen. Pişik, gyzyklandyrýan hereketi ýa-da üýtgeşik sesi eşidende yzyna jogap gaýdyp gelýänçä garaşýar.
5. Hameleon reňkini nädip üýtgedýär?
Hameleonyň derisinde ýerleşýän hromatofor öýjüklerinde dürli pigmentleriň tohumlarynyň toplumlary bar. Bu öýjüklerden çykýan ösüntgiler bedeniň uly bölegini tutýar. Netijede, pigmentler olaryň hemmesine deň paýlanyp bilner. Hameleon reňkini üýtgetmek isläninde ösüntgiler birleşip jübütleşýärler we "reňkler" öýjügiň merkezine gysylýar. Deriniň daşky gatlagynda gara-goňur-gyzyl-sary reňkleriniň, gök we mawy reňkleriň bolsa has çuňňur gatlaklardaky hromatoforlardan emele gelýändigi bellärliklidir.
6. Näme üçin ata-babalarymyzyň haýsam bolsa birine örän meňzeýäris?
Adamyň genleri dominanta (güýçli) we resessiwe (gowşak) bölünýär. Mysal üçin,goňur gözli ene-atadan gök gözli çaga doglan bolsa, bu geň däldir. Şeýlelik bilen, ene-atalarda "gök gözler" üçin resessiw gen bar. Gadymy ata-babalarymyzyň birine gaty meňzeşligimiz, bu genleriň öňki nesillerde "ýeňilendigini" we resessiwdigini, indi bolsa agalyk edendigini (dominantdygyny) görkezýär. Köplenç maşgalada bir çaga enä, beýlekisi kakasyna gaty meňzeýär. Bu ýagdaý genleriň bölünmegi bilen düşündirilýär: doganlar genleriň dürli kombinasiýalaryny alýarlar. (Biologlar gowy düşünýän bolmaly)
7. Näme üçin käwagt az ýatanymyzda, şonça-da rahatlanýar we tersine?
Aslynda, oýanandan soň özüni gowy duýmak ýagdaýy diňe uky sagatlaryna bagly däl. Günüň dowamynda gereksiz iýmit iýen bolsaňyz, köp kofe ýa-da energiýa içgileri içen bolsaňyz, az suw içen bolsaňyz we az maşk eden bolsaňyz, uzak wagtlap uklasaňyzam uklanyňyzdan soň ýadawlyk duýup bilersiňiz. Şeýle hem, gijelerine giç ýatsaňyzam, uzak möhletli uky dynç almaga kömek etmez. Organizm melatoniniň sintezini wagtynda başlap bilmez, netijede dürli näsazlyklar ýüze çykýar. Gijäniň ýaryndan öň we hemişe şol bir wagtyň özünde ýatmak has gowudyr (bir sagat gijä galmak mümkin). Şeýle hem, sport ukydan soň özüňizi has gowy duýmagyňyza kömek edip biler (8 sagatdan az ýatsaňyzam). Mundan başga-da, gündiz uzak uky zyýanly, ol ýadawlyga sebäp bolup biler. Günüň dowamynda dynç almak isleseňiz, 13: 00-dan 15: 00-a çenli iň köp 30 minutlap etmeli. Bu döwürde güýjüňizi ýygnap, dynç alarsyňyz. Günüň dowamynda has köp ýatmak zyýanly, sebäbi ukynyň çuň fazasy başlanandan soň oýanmak kyn. Şonuň üçin gündiz uzak wagtlap ýatanymyzdan soň hem özümizi ýadaw ýaly duýýarys.
8. Näme üçin ýaşymyz ulaldygyça wagt has çalt geçýän ýaly?
Amerikaly alymlaryň pikiriçe, wagt subýektiw kabul edilýär we beýniniň işleýiş tizligine baglydyr. Ýaş wagtymyz beýni maglumatlary çalt kabul edýär we işleýär, şonuň üçin wagt haýal geçýän ýaly. Uly ýaşda beýni bolup geçýän wakalary has haýal kabul edýär, şonuň üçin hyýaly wagtyň çalt geçýän ýaly ýüze çykýar. Fransuz filosofy Pol Jeýn hem wagtyň subýektiw düşünişiniň deňeşdirmä esaslanýandygyna ynanýardy: bir aýyň ýa-da ýylyň dowamlylygyny ömrüň dowamlylygy bilen deňeşdirýäris. Psihologlar oýlanmagy, täze zatlary öwrenmegi, syýahat etmegi, gündeligi saklamagy, "çalt geçmek" duýgusyndan dynmak üçin adaty bolmadyk adamlar bilen duşuşmagy maslahat berýärler.
9. Dejavýu duýgusy nireden peýda boldy?
Dejavýu- öň belli bir ýagdaýyň öňem bolandygyny, gaýtalanandygyny, bir
keşbi öňem görendigimizi ýa-da bu otagda öňem bolandygymyzy duýmakdyr. Freýdiň pikiriçe, bu ýatdan çykarylan ýadyň yzy ýa-da bize çuňňur zyýan beren güýçli gizlin isleg. Häzirki zaman newrofiziologlaryň pikiriçe, bu ýagdaý stres, ýadawlyk ýa-da serhoşlyk sebäpli beýniniň käbir ýerleriniň gysga möhletli işlemezligi bilen baglanyşyklydyr. Beýni ýitýär we täze tejribelere tanyş ýaly seredýär. Mundan başga-da, ýatda saklanýan käbir wakalary ýada salanda, ýagdaý gaýtalanýan ýaly bolup biler. Dejavýu köp başdan geçirýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň, sebäbi bu çynlakaý meseläni görkezip biler.
10. Gülki nähili ýüze çykýar?
Alymlaryň pikiriçe, gülki ilkinji gezek 2-4 million ýyl ozal peýda bolup,we ýiti dem gysmagy ýada salýardy. Biz gülenimizde ýüzüň 80 myşsasy gatnaşýar. Gülki beýniniň köp ýerleriniň birlikde işlemegi netijesinde ýüze çykýan hereketdir. Onda birnäçe komponent bar: diafragmanyň gysylmagy we seslenme, şeýle hem şatlyk duýgusy we "degişme". Gülki gorky we gorkunçlylyk ýaly beýleki duýgulardanam bolup biler. Şeýle-de bolsa, gülkiniň ömri uzaldýandygy we saglyga gowy täsir edýändigi hakda biderege aýdanoklar.. Alymlar 15 minutlyk gülkiniň orta ululykdaky şokoladda bar bolan mukdarda kaloriýany ýakyp biljekdigini aýdýarlar. Mundan başga-da, gülki döredijiligi gowulandyrýar, demgysma, bronhit bejergisine kömek edýär we hatda rak keseliniň keýpine oňyn täsir edýär.
Özbek dilinden terjime eden : @Mona Songz

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.