Ölümi ýatlamak diýmek — pikiri durlamak diýmek.
“Ýene güýz, Güýz bolsa saralýar ýaprak
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.”
Ezizowyň her gezek Güýz barada ýazanynda aslynda ölüm hakynda ýazýandygy hemmä mälim bolsa gerek. Aslynda diňe ölüm hakda diýip ony pessimist görkezmek hem rehimsizlikden başga zat däl. Ol her gezek ölüm barada ýazanynda aslynda ölüm bilen tans edýän ýaşaýyş barada hem ýazýardy. Ol hiç haçan ýaşaýşy wasp edýänleriň ölümi unudyşy ýaly etmändi. Nädip etjek? Wagtyň başlangyjyndan bäri bir-biri bilen kowalaşyp tans edýän iki söýgülini nädip aýra saljak? Sary ýaryny kabul etmän ýaşyl ýaşaýyşy wasp etmek bolmaz, etjegiňem waspy kem bolar. Geliň onda ölümiň nädip pikir durlaýanyna göz ýetireliň.
Pikir nädip durlanýar? Pikirimizde seýran edip ýörenleriň hersini öz laýyk ýerine ýerbe-ýer goýan wagtymyz pikirimiz dury bolýar. Muny nädip başarmaly? Ilki bilen her zadyň ýerini bilmeli. Pikir dünýämizde nämäni, kimi nirä oturtjakdygymyzy bilmek üçin ilki bilen olaryň gymmatyny kesgitlemeli. Hemme zadyň gymmaty bir-biri bilen baglanşykly. Ýöne durnuksyz durmuşda bu gymmatlyklary dowamly hasaplap durmak aňsat däl.
Matematika ylmy her gezek bilinmeýäne duşanynda ylgap baryp bilinýäne ýapyşýar. Sebäbi bilinmeýäni bilmegiň ýoly bilinýäne has gowy düşünmekden geçýär. Bu ýagdaý aslynda durmuşda-da şeýle. Durmuşymyzdaky her bir zadyň bir gymmaty bar. Herkim her zada özüçe baha berýär. Bu bolsa gymmatlyklaryň subýektiwligini döredýär. Her zadyň gymmatyny bilmek üçin bize örän agyr, berk, sarsmaz bir bilinýän gerek. Bize HAKYKAT gerek. Edil şu ýerde biziň dadymyza ölüm ýetýär. Bu durmuşda hemme gymmatlyklar ikä bölünýär: ölüm hasaba alnanda bar gymmatyny ýitirýänler we ölüm hasaba alnanda hasam gymmatlanýanlar. Ölümden agyrlar we ölümden ýeňiller. Ikisini bir-birinden tapawutlandyryp bilýän adamlar hem ýaşaýşyň manysyna düşünýärler hemem ölüme taýýar bolýarlar. Sebäbi olar hakykatyň seretmesi kyn tarapyna seretmegi başarýarlar. Takyk bilinýäne gözlerini ýumýanlar bolsa ömür bilinmeýänlerden gorkup gezýärler. Garasyz ak, ajysyz süýji, gysgasyz uzyn, ýakynsyz uzak, kiçisiz uly bilinmeýär. Ölümi bilmeýänler nirden bilsin ýaşaýşy?
Ölümi ýatlamaly, etjek goýjak zatlaryňy täzeden gözden geçirmeli. Gymmatlylara beriljek ýekeje sekundam hatda millisekundam gymmatsyzlara bermeli däl. Ýaşaýyşyň ýekeje sekundynyňam ahmyryny çekmezlik üçin, ölümi ýekeje sekunt hem hasapdan çykarmaly däl.
Ölümi ýatlamak DURMUŞ agajynyň baldagyny sarsmak diýmek. Bişen miweler bilen bişmedikleri tapawutlandyryp bilmek diýmek. Sary ýapraklary ýaşyllardan aýryp bilmek diýmek.
Ölümi ýatlamak diýmek — pikiri durlamak diýmek.
Galamkeş.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.