Гость-dan… :)


Täze ýylam ýetip geldi. Bu täze ýylyň beýleki ýyllardan üýtgeşikligi, bu ýyl Aýaz babaň özi saýtdakylara sowgat paýlamakçy bolýanlygydy. Bu habary ilkinji bolup Greýnjer saýtdakylara ýetiripdi. "Ol nirden bilýämiş beýle boljagny" diýýäňizmi, aýý oň bilmeýän zady barmy.

Jadygöýler klubyna agza bolaly bäri näçe wagt geçenem bolsa oňa ýaňy ýakynda hemme zady görkezýän hrustal şarjagazy beripdiler. Ýogsam haçandan bäri şol klubyň agzasy bolup ýördi, ýöne şary oňa ynanyp bolmaz diýip pikir edýädiler. Sebäp diýseň lellimdi, haçan görseň bir elinde ýarty çörek, şool çörek gemirip ýörşi nirä barsa-da. Klup ýygnaklarynda-da yzky hatarda oturýardy-da ýa newedimka gnomlary bilen gürleşýärdi ýa-da şol ýarty çöregini symyşlar oturardy. Munuň bu hereketlerini ýokary derejeli jadygöýler känwyr halabam baranokdylar. Ýöne näme-de bolsa beýleki köpsanly agzalaň haýyşy boýunça olaram "göz ýumýardy". Greýnjeriň üsdünden gülmäge öwrenşen klup agzalary ony klupdan çykarmaklyklarna garşydylar. Sebäp diýseň ol öz hereketleri bilen klubyň içindäki tukat atmosferanyň birneme şadyýan bolmagyna sebäpkär bolýardy. Ilki günler özüniň üstünden gülünmegine Greýnjer çydam edip bilmedi. Birnäçe gezek dawalaşdam. Esasanam Hiaýres bilen hiç jyny jyňkyrşmady. Hiayres beýlebir erbet adamam däldi. Onuň gaharyny getirýän zat Greýinjeriň şol bir eli ýarty çörekli aýlanyp ýörmesidi. Ol Greýnjere birnäçe gezek çöregiň garamaýaklaň iýmitidigni, ony diňe garamaýak halkyň iýýändigni. Ýokary derejedäki adamlaryň çörek iýmekden bireýýamlar ýüz öwrendigni birnäçe subutnamaly delilleri bilen düşündirendigne seretmezden barybir Greýnjere çöregini goýduryp bilmedi. Greýner bileninden galmaýan gyzdy. Oňa köpüň pikiri bir köpükdi. Ol kluba täze geläýen wagtlary Nirwana diýilýän öňden bäri bu kluba agzalyk edýän gyz bilen bir otaga ýerleşipdi. Nirwanany onuň gije sagat 1, 2-lerde-de turyp sumkasyny dörüşdirip iýmäge zat gözläp, eger özünden tapylmasa Nirwanaňam sumkasyny hiç hili çekinmesizden dörüşdirip,tapan zatlaryny iýip soň garnynyň doýanyna begenip tans edip, bir-iki krug otagyň içinde ýüwürip ýene ýerine geçip ýatýandygy ilki başda gaty bynjalyk etdi. Ol bu barada onuň ýakyn tanyşlary Mahym bilen Hipatiýa-da aýdyp berdi. Mahym onuň bu aýdanlaryna hezil edip güldi-de onuň bu hereketiniň gyzamykdan galan keseldigni, eger ýene şeýdip bimaza etse daňyp goýmagny maslahat berip iki sany uly öýme berdi. Hipatiýaňa bu gün gürleýän güni däldi. Şonuň üçin ol hemişekileri ýaly dymyp oňdy. Nirwana ol iki öýmäni alsa aldam weli, daňyp goýmak pikirini makullamady. Bu birhili adamçylyga dogry geljek zat däl diýip pikir etdi. Adam pahyryň öwrenşmejek kynçylygy ýok. Greýnjeriňem bu täsinden geň hereketlerine hemme kişi öwrenşip gitdi. Tizara bu kluba täze müdir bellenildi. Täze gelen müdir şeýlebir gaharjaň, talap edijidi. Ähli zadyň klubyň kanunlary boýunça ýöredilşine berk gözegçiligi ýola goýjagdygyny duýduryp, gelen gününiň özünde klup agzalarynyň duhyny alypdy. Bu adamyň adyna Dark Wolf diýýärdiler. Ol hemme zatda, hatda nahar wagtam her kimiň düzgüne doly boýun bolmagny isleýärdi. Nahar wagtyndaky düzgünler beýle bir oňuşmazça-da däldi. Mysal üçin: nahary çemçäň ýa-da wilkaň kömegi bilen iýmek. Bir gezeklik paýok bilen oňňut etmek. Bu nahardan indiki nahar wagta çenli hiç zat iýmezlik we ş.m. Bu düzgünler ilki başdan Greýnjere ýaramady. Ol bu barada özüniň iň ýakyn jorasy Hipatiýa aýdyp berdi. Greýnjeriň "bagtyna" bu günem Hipatiýaň gürlemeýän gününe gabat gelipdi. Greýnjer tipo "paltasy daşa degen" diýilýän görnüşe geçip beýleki bir tanyşy Mahymyň ýanyna eňdi. Mahymam munyň aýdanlaryny göwünli-göwünsiz diňledi-de, eger ýene şular ýaly göze-başa düşüp ýörjek bolsa özüniň onuň bilen gatnaşygy düýbünden kesjekdigini duýduryp kowup goýwerdi.

Bu klubyň dürli bölümleri bardy. Her bir agza özi üçin gerekli bolaýjak ugurlar boýunça öz maksatnamalarny durmuşa geçirmek üçin zähmet çekýärdiler.Mysal üçin:
Nirwana: adamlarda adamkärçiligi jadyň kömegi bilen oýarmak, daşary ýurt diplomlaryny öz ýaşaýan ýeriňde tassyklatmak üçin degişli adamlaryň aňyna täsir etmek ýaly dürli eksperimentleri geçirýärdi.

Greýnjer: süwsede uçmak, gnomlar bilen adamlaryň gürleşmekleri üçin iki tarap üçinem oňaýly bolan täze dili döretmek we şo dili jadyň kömegi bilen gnomlaryň we adamlaryň aňyna ýerleşdirmek. Her adama azyndan bir gnomdan ýeter ýaly gnom fermalaryny gurmak we iň esasy, türkmen halk ertekisinden ruhlanyp " açyl saçagym açyl " diýeňde öňüňde islän iýmitiňi taýyn edýän jadyly saçagy döretmek barada iş alyp barýardy. Eger bu soňky pikirini durmuşa geçirip bilse, nahar dastawka edýän kafelaň dat gününe.

My life: bu jadygöý özüniň esasy söýgüli ugry, jaý gurmaklygyň adamlar üçin has amatly bolaýjak görnüşlerini döretmekligiň üstünde işleýärdi. Eger onyň maksady amala aşaýsa adamlar gurluşyk materiallaryny jadyň kömegi bilen howadan alyp biljekdiler. Eger ol şu maksatnamasyny ýola goýup bilse Ýagşyň we Myrat Mollaň ep-esli pul alyp reklama eden "Ak tam"ynyň işi gaýtjakdy.

Hiaýres: bu jadygöýüň köptaraplaýyn maksatnamalary bardy. Onuň esasy maksady Kremliň şu wagtky ýerini şüdügär edip oba-hojalyk ekinlerni ekmekdi. Onuň pikiriçe Kremliň häzirki ýerleşýän ýeri ekerançylyk üçin has amatlydy. Eger şeýle edilse adamlar üçin, esasanam şol töwerekde ýaşaýan beýleki halklar üçin has gowy boljakdy. Bu jadygöý orsuň ýerlerini ekin ekmek we mal bakmakdan başga zada ulanmaly däl diýip pikir edýärdi. Şol sebäpden hem ol tiz ýetişýän tohumlaryň üstünde iş alyp barýardy. Dürli jadyly eliksirlere ýatyrlan bu tohumlar Kremliň hasylly topragna düşdigi birnäçe minutdan hasyl berip başlamalydy. Eger bu maksatnama amala aşaýsa ýer ýüzünde açlyk boljak däldi.

Mahym: bu esasan gözbagçylyk bilen meşgullanýardy. Adamlara gymmat bahaly harytlary arzan bahalysyndanam has islegli aldyrar ýaly etmegiň üstünde işleýärdi. Jadyň kömegi bilen ýükleri oturan ýeriňden Lebaba äkidip satmak we ol ýerden ýene gerek harytlaryňy alyp gelmek ýaly dürli pikirleň üstünde işleýärdi. Eger Mahymyň bu pikiri durmuşa geçäýse söwdagärler oturan ýerinden haryt satyp we alyp biljekdiler. Eger Mahym bu maksatnamasyny durmuşa geçirip biläýse welaýatara, döwletara gatnaýan T.I.R laň (yzy presepli ýük daşaýan ulag) gününe it aglasyn.

Ewil: munuň geçirýän eksperimentleri has täsindi. Ol oglanlaryň gözüni-başyny aýlamak, islän oglanyňa özüňi söýdürmäge mejbur etmek ýaly jadylaryň üstünde işleýärdi. Ol özüni 18 ýaşly diýip tanyşdyrýardy, ýöne klupdaky myş-myşlara görä ol has garrymyş. Ýaşlyk eliksiriniň kömegi bilen ýaş görünýärmiş. Ol eliksiriňem güýji diňe gün batana çenli täsir etýärmiş. Şonuň üçinem onuň bir özi aýratyn otagda bolýardy. Ewiliň bu maksatnamasy durmuşa geçse, gyzlar ärsizlik belasyndan dynjakdylar. Olar özlerine laýyk gelýän oglany jadyň kömegi bilen özüni söýdürmäge mejbur edip biljekdiler. Ewiliň bu pikiri başa barsa kosmetika harytlarny öndürýän firmalaryň eýeleriniň ýagdaýynyň nähili boljakdygny bir Hudaý bilsin. Dogryda, islän oglanyňa bir-iki agyz jadyly söz bilen "lýblýu" diýdirip boljak bolup durka kim ýüzüne kraska çalsyn.

Hipatiýa: bu jadygöýüň näme üçin şu klupda gezip ýörendignem bilýän adam ýok. Sebäbi onuň bilen gürrüňleşmek üçin onuň gürleýän gününi bilmeli. Muny bolsa häzirlikçe bilmek hiç bir klup agzasyna başardanok. Onuň hepde-de bir sapar, aýda bir sapar, käte bolsa ýylda bir sapar gabat gelýän şol gürleýän gününi takyk hasaplamak hiç birine başardanok bu ýerdäkileriň.

Ine bu günki gün Greýnjere hem hemme zady öňünden görkezýän hrustal şarjagazyň gowşurlyş dabarasy bolup geçdi. Dabara gatnaşýanlar gezekli gezegine söz sözlediler, Greýnjeri hrustal şarjagazy bilen gutladylar. Söz sözlänleriň hersi aýratyndan, owadan gutlaglar aýtdylar, ýöne olaryň hemmesiniň iň soňky aýdan sözleri "HRUSTAL ŞAR IÝILENOKDYR GREÝNJER" boldy.

Şeýdiwem Greýnjerem ahyry özüniň şaryna eýe boldy. Onuň bu şary beýlekileiňkiden has tapawutlydy. Täze model bolansoň habarlary, täzelikleri garaz, soran zadyňy beýleki şarlardan has öň görkezýärdi. Ana şonuň üçinem Greýnjer Aýaz babaň özüniň saýta gelip saýtdaky agzalary Täze ýyl bilen gutlajagny bilipdi. Hemem bu barada saýtdaşlaryny habardar edipdi. Saýtdakylar bu habara şeýle bir begendiler. Hersi Aýaz baba aýdyp bermek üçin täze goşgular öwrenmäge girişdiler.

Eziz agzalar, mähriban doslar! Täze ýylyňyz düşümli bolsun! Goý, bu geljek ýyl siz üçin rysgal-bereketli ýyl bolsun! Ähli arzuwlaryňyza şu 2023-nji ýylda ýetiň! Aňyrky ýyldaky ýeke-täk aladaňyz "näme dileg etsemkäm" bolsun, sag boluň !

*Ady agzalan agzalar gaty görmäweriň!

Гость
12 лайков 403 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
17 дек 2022, 20:13
Mahym men däl öýdýän. Dahyly ýok ýaly meñ bilen.
Telwas
Автор 17 дек 2022, 20:28
Belki
Mahym men däl öýdýän. Dahyly ýok ýaly meñ bilen.

Ýok. Dostluk saýdyndan bir agza ol. Ewilem şeýle.
#B.S
17 дек 2022, 20:35
Hemmäňizi ýetip gelýän Täze Ýyl bln gutlaýan. Täze ýylda ähli niýetleriňiz hasyl bolsun!
Telwas
Автор 17 дек 2022, 21:06
Granger bilen diňe bir fantastiki syýahatlarda däl-de, realda 2 hepde ýaly komnatdaş bolduk. Wirtualda tanyşyp, realda görüşen ilkinji agzam şol. Tanyşanyma, duşuşanyma diýseň şat.

Ol kluba täze geläýen wagtlary Nirwana diýilýän öňden bäri bu kluba agzalyk edýän gyz bilen bir otaga ýerleşipdi. Nirwanany onuň gije sagat 1, 2-lerde-de turyp sumkasyny dörüşdirip iýmäge zat gözläp, eger özünden tapylmasa Nirwanaňam sumkasyny hiç hili çekinmesizden dörüşdirip,tapan zatlaryny iýip soň garnynyň doýanyna begenip tans edip, bir-iki krug otagyň içinde ýüwürip ýene ýerine geçip ýatýandygy ilki başda gaty bynjalyk etdi.

Гость sen nireden bilýäň bu zatlary :))
Gije sumka dörmese-de holodilnik dörüp iýip-içýändigi çyn :)
(Göwnüňe alaýma komnatdaşym)
Telwas
Автор 17 дек 2022, 21:07
Khanture
Hemmäňizi ýetip gelýän Täze Ýyl bln gutlaýan. Täze ýylda ähli niýetleriňiz hasyl bolsun!

Sag bol ýigit, aýdanyň bolsun. Menem şol gün gelip gutlaryn.
Telwas
Автор 17 дек 2022, 21:11
Hiayress, şojagaz “çörek-garamaýaklaryň iýmiti” sözüň ýadyňdamy? :)

Ol Greýnjere birnäçe gezek çöregiň garamaýaklaň iýmitidigni, ony diňe garamaýak halkyň iýýändigni. Ýokary derejedäki adamlaryň çörek iýmekden bireýýamlar ýüz öwrendigni birnäçe subutnamaly delilleri bilen düşündirendigne seretmezden barybir Greýnjere çöregini goýduryp bilmedi.
Telwas
Автор 17 дек 2022, 21:15
Ýogsa-da, agzalar ähliňize Salam. Gowumy ýagdaýlaryňyz? Sag-aman işläp, okap, gezip ýörsüňizmi?
Şular ýaly agzalar bilen baglanyşykly ýazgylary küýsän bolsaňyz, joram Gosty araňyza getirjek nesip bolsa. Görýän welin, saýtda-da kän gymyldy-hereket ýok. Menä bir ýalta siz bir meň bilen deň bolman aktiw boluň-da.
Bor-la ýagdaýyňyza görä bolýansyňyz diýip pikir edýän. Janyňyz sag bolsa bolar. Sag-aman geziň.
Suleyman
17 дек 2022, 21:26
Menem sizi görenime şat
Revo
17 дек 2022, 21:41
Nirvana
Hiayress, şojagaz “çörek-garamaýaklaryň iýmiti” sözüň ýadyňdamy? :)

Ol Greýnjere birnäçe gezek çöregiň garamaýaklaň iýmitidigni, ony diňe garamaýak halkyň iýýändigni. Ýokary derejedäki adamlaryň çörek iýmekden bireýýamlar ýüz öwrendigni birnäçe subutnamaly delilleri bilen düşündirendigne seretmezden barybir Greýnjere çöregini goýduryp bilmedi.


Şu ýerini okap: "Haý, blaä" diýenimi özümem duýman galypdym. ?
(Что правда, то и правда)
Soho
17 дек 2022, 22:17
salama-waleykim salam, gowmy yagdaylarynyz? Berekella shu drug oglan bir zatlar tapayyaray, yene onkuler yaly agzalar uyshse:ha erbet bolmazdy, belki Ayazbabadan shony dilemelimi namemi...
Revo
17 дек 2022, 22:32
Soho,
Ullakan oglan bolup dilegçilik edip ýörmeli dälde, özüň ýygnaýmaly.
Ahmet
17 дек 2022, 22:35
Soho
salama-waleykim salam, gowmy yagdaylarynyz? Berekella shu drug oglan bir zatlar tapayyaray, yene onkuler yaly agzalar uyshse:ha erbet bolmazdy, belki Ayazbabadan shony dilemelimi namemi...

Belki Aýazbabadan dilemän abaddona çäklendirmeleri ýatyrmak barada bir zatlar aýtmak gerekdir?
Ahmet
17 дек 2022, 22:36
Ýogsa-da, ähliňize salam. New ýylyňyzam kutlu olsun :)
Ahmet
17 дек 2022, 22:41
Nirvana,
Nirwana salam. Meň öňki nikimi açyp bolarmy? Abaddona aýdyp berseň hoşal bolardym :)
Soho
17 дек 2022, 22:53
@Revo, erbet utandyrdyn:ay, ay bu wagtlar oz zadyn:am dilap almaly ahyryn
Hypatia
17 дек 2022, 22:59
Hipatiýa: bu jadygöýüň näme üçin şu klupda gezip ýörendignem bilýän adam ýok. Sebäbi onuň bilen gürrüňleşmek üçin onuň gürleýän gününi bilmeli. Muny bolsa häzirlikçe bilmek hiç bir klup agzasyna başardanok. Onuň hepde-de bir sapar, aýda bir sapar, käte bolsa ýylda bir sapar gabat gelýän şol gürleýän gününi takyk hasaplamak hiç birine başardanok bu ýerdäkileriň.

:)
Belki
18 дек 2022, 06:34
Nirvana , @Aksary agza nikine girip bilenokmyş. Parolyny ýatdan çykarypdyr öýdýän. Şol jora gyza kömek etsene.
Belki
18 дек 2022, 06:36
REVO dogan, Selahettin Demirtaşyñ hekaýasyny goýjak diýipdiñ...
Revo
18 дек 2022, 09:28
Belki,
Özümde elektron görnüşini galmandyr, kitapçydanam gözledip tapmadym, oturyp täzeden elektron görnüşe geçirmänede höwes ýok.
My life
18 дек 2022, 10:49
Gowy yazylypdyr, önki gulküli hekayalarnam gülip okapdym. Yenede yazyp paylashyp durmagyñyza garashyan. Âhliñiziñ arzuwlarynyz geljekki taze yylda hasyl bolsun!
Durmush
18 дек 2022, 11:30
Nirwana barmyň sen Salam