Ýaradylyş

- Adam?
+ Buýur Taňrym!
- Saňa aýal ýasaýynmy?
+ Ýaman gowy bolardy, ýekelik saňa ýagşy.
- Bolýar, ilki şu seň gapyrgaňdan süňk goparaýyn.
+ Näme üçin gapyrgam? Hökmanmy?
- Gaprgaň süňkünden ýasajak sebäbi.
+ Näme üçinaý? Toprakdan ýasasana meni ýasaýşyň ýaly, palçyk köpähow.
- Bolmaz.
+ Name üçin?
- Edenini gaýtalaýar diýdirmerin. Sen ýat hany, narkozçy perişdeler seni uklatsyn.
+ Aý borda.
...
- Adam, oýan hany!
+ Niredaý men?
- Jennetde sen. Seniň üçin heleý ýaratdym, ady How. Seret hanha agajyň saýasynda otyr.
+ Owadan bolupdyr, eliňe güller bitsin!
- Haýryny gör! Indi, Adam, seret, bu ýer jennet, keýp ediň, hezil ediň How bilen, ýöne şu agajyň miesinden iýmäň, gadagan.
+ Gadagan agajyň näme işi baraý jennetde?
- Men goýdum.
+ Näme üçin?
- Gyzykly bolsun diýip.
+ Bäh, iň bolmanda çitenek zat aýlasadyň daşyna, gadagan bolsa. Borlaý, onsoň ol ýerdäki kim?
- Olmy? Ol şeýtan.
+ Ýeri onuň näme işi bar jennetde?
- Seni aldap meniň ýolumdan çykaryp biljegini aýtdy. Menem “Adam özüni oýnadasy ýok, ondan arkaýyn” diýdim. “Jedel edelimi?” diýdi, menem etdim.
+ Näme üçin jedel etdiňaý? Gulak asmaly däl ekeniň.
- Perişdeleň ýanynda sorady, “ýok” diýip bilmedim. Häzir bol, seni aldajak bolar ol indi. Eger onuň gepine gidäýseň seni we bütün nesliňi Dünýä ibermeli bolaryn. Ol ýerde-de maňa gulluk etmeýänleri dowzaha zyňaryn, soňsuz otda ýakaryn.
+ Näme üçin ýakýaňaý? Ahow şeýtany başymyza bela eden senä?
- Zebanylaryam ýaratdym eýýäm, içleri gysmasyn, ynsan ýakyp güýmensinler.
+ Bolýa-da, nädeýin, alaç ýok. Onsoň beýleki ynsanlary haçan ýaratjak?
- Menlik iş gutardy, indi siz How bilen köpelersiňiz.
+ Bolýar ýöne çagalarymyz kim bilen jübütleşip köpelmeli?
- Bir-birleri bilen.
+ Ol nähili? doganlar, bir-birleri bilenmi?
- Hawa.
+ Ýeri ýene bir näçe jübüt yndan ýaratsaň bolmazmy, çagalam biri-birinden köpelmez ýaly? Palçykdan ýasasyň gelmeýän bolsa Howuň gapyrgasyndan ýasa, et-dä bir zat!
- Ýok, bolmaz.
+ Hikmediň soraglanmaz ýöne maňa ýaman manysyz gelýär bular. Jennetde gadagan agaç, şeýtan, doganlaryň bir-biri bilen jübütleşmesi. Näme üçin beýle?
- Şüphesiz men siziň bilmedikleriňizden habardardyryn.
+ Hä, onda bolýalaý.
- Hany onda sen basyber, men jyrdym, bir näçe müň ýyl soň kitabym çykar, şony ýazmana.
+ Entek wagtyň bar ekenähow.
- Senin üçin bir näçe müň ýyl, meniň gatymda bir näçe gün bolýar. Kitaplarymda belläp geçerin muny. Bolýar, hoş gal! Şeýtandanam häzir bol, ýaman nejisdir, kelläňe gelmejek derejede erbetdir. Men ýaratdym, şondan bilýänle.
+ Bolýar Taňrym, häzir bolaryn. Görüşýänçäk.
3 лайков 267 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
10 янв 2023, 23:35
Musulman, hristiyanin, yewrey we kafe girdiler, kofyajyk ichip otyrdylar, degishdiler, gulushdiler, garaz wagtlaryny gowy gechirip, yakyn dostlar boldylar, sebabi aralarynda kopbilmishsireyan yokdy...
Soho
10 янв 2023, 23:37
dine ynanyanlar uchin adam How we Adamdan emele geldi, ler uchin adam Maymyndan emele geldi, agnostikler uchin ikisem sho bir zat...
Revo
10 янв 2023, 23:57
"Gyzyksyz bolmasyz diýip"

Raznoobraziýa bermelä diýýäňmi ?
Revo
10 янв 2023, 23:58
Soho,
Olaň ata-babalara hak dini ýaýmak üçin biri-biri bilen gyrlyş, bu ýalta nesillerem bileje oturyp kofe iç. Hak hany bärde adalat.))
Revo
10 янв 2023, 23:59
Taňry näme ýalňyşlyk goýberip diýsene, ilki nesilleri ýaradyp soň ata-babalaryny ýaratmaly ekeni.
Soho
11 янв 2023, 00:07
@Revo, sozlerine unslije bol, dine ynanyanlardan gork biraz hem bolsa, her durli erbetlik edip bilerler, bagyshlanmagyny dilap toba ederler-de...
Ahmet
11 янв 2023, 00:07
Revo
Taňry näme ýalňyşlyk goýberip diýsene, ilki nesilleri ýaradyp soň ata-babalaryny ýaratmaly ekeni.

Uruşmazlar ýalymy ?
Soho
11 янв 2023, 00:08
guna baryny edip, toba edyarler (indiki gunalere yer boshadyarlar)
Ahmet
11 янв 2023, 00:19
Menlik iş gutardy, indi siz How bilen köpelersiňiz.
+ Bolýar ýöne çagalarymyz kim bilen jübütleşip köpelmeli?
- Bir-birleri bilen.
+ Ol nähili? doganlar, bir-birleri bilenmi?
- Hawa.

Şu ýerine düşünip bilmedim. Doganlaryň jübütleşmegi birhili däm-aý?
ffgggggffddd
11 янв 2023, 10:53
Ol beýle diýildigi däl, çagalary ekiz ekizden bolup baslapdyr yagny 1gyz 1 oglan sonam 1gyz 1 oglan onsan hersi oz ekiz tayyny dalde beyleki ekizin gyzyna oylenmeli ekeni .Onsan Abyl bilen Kabyl hem dogan yone hersinin ekiz tayy gyz ekeni Abyl oz ekiz tayy gaty owadan ekeni welin Kabyla bermejek bolup Kabyly oldiryar.dusundirip bilendirin diyip umyt etyan
Revo
11 янв 2023, 12:17
Gonurly,
Biziň bilýän ertekilerimizdä Kabyl Habyly öldürýär.
Ahmet
11 янв 2023, 13:45
Gonurly
Ol beýle diýildigi däl, çagalary ekiz ekizden bolup baslapdyr yagny 1gyz 1 oglan sonam 1gyz 1 oglan onsan hersi oz ekiz tayyny dalde beyleki ekizin gyzyna oylenmeli ekeni .Onsan Abyl bilen Kabyl hem dogan yone hersinin ekiz tayy gyz ekeni Abyl oz ekiz tayy gaty owadan ekeni welin Kabyla bermejek bolup Kabyly oldiryar.dusundirip bilendirin diyip umyt etyan

Aý şol näme bolanda-da bir ene-ataň çagalarymy? Gep gutarýar. Biziň obamyzda biriniň 5 çagasy bar. Iň ulusy oglan, ikinjisi ekiz, bir gyz bir oglan, üçünji dogranam ekiz, olam bir gyz, bir oglan. Indi şu ýerde iki patok ekiz çaga doguldy. Birinji doglan ekizleriň oglany ikinji doglan ekizleriň gyzyna öýlenip bilermi?
Ahmet
11 янв 2023, 13:46
Gonurly,
Süýtdeş gyz jigsine öýlendigi bolýa dämi? Bir ene-ataň çagalary gatnaşyk edip bilermi seň pikiriňçe?
Waleryanka
11 янв 2023, 17:10
Gonurly,
Siz hool goshgy yazyan Ylham Soyun Gonurlymy?
Ahmet
12 янв 2023, 05:14
Hemedany,
Bilýän dost, Adam ata jennetde gezip ýorkä jennetin gapysynyň agzynda Ahmet diýen at ýazylgy dur diýýär. Adam ata:
— Eý Gudraty güýçli Beýik Biribarym! Bu at kimiň adydyr? — diyip soranda,
— Bu at seň geljekki neslinden boljak pygamberiň adydyr! — diyipdir.

Ýalňyşan ýerim bar bolsa pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellem we Beýik Biribarymyz günämi ötsün!
Ahmet
12 янв 2023, 05:18
Hemedany,
Ýöne her kimem özüne geň ynanylmaz wakalary sorag etmäge-de doly hukuklary bardyr. Ýene bir zat. Biz dünýewi döwletde ýaşaýarys. Dindar, molla, ahun bolmazlygym meň [b]adyma mynasyp däldigimi [/b] aňlatmaýar.
ffgggggffddd
12 янв 2023, 10:04
Vekil_City,
Hadysda seyle gecyar suytdes doganam bolsa seyle diyilyar
ffgggggffddd
12 янв 2023, 10:04
yok men Ylham Soyun dalWaleryanka,
ffgggggffddd
12 янв 2023, 10:05
basga wariant bamy etmeseVekil_City,
Ahmet
12 янв 2023, 12:24
Gonurly
basga wariant bamy etmeseVekil_City,

Ol Gudraty güýçli Beýik Biribar.
Elbetde başga wariant bar. Adam ata başga wariantlaryny hödürläpdirä :)
Ahmet
12 янв 2023, 12:24
Gonurly
basga wariant bamy etmeseVekil_City,

Ol Gudraty güýçli Beýik Biribar.
Elbetde başga wariant bar. Adam ata başga wariantlaryny hödürläpdirä :)