Goýnuň garasy.

Bir adamy tanaýan, ol hiç wagt dilegçä aňsat-aňsat zat bermeýär. Hatda pildir kätmenini, çekiçdir paltasyny wagtlaýyn ulanmaga sorasaňam boş gaýtarýar. Beý diýsem, ony bir garasöýmez adamdyr öýdäýmäň. Ol goňşokara gatnadyp, goňşusyny sylaýan adam. Bir gezek: "Näme üçin beýdýäň? Öňi-soňy kätmeniňi ulanoňok ahyryn?" diýdim. Ol: "Bir gün senden, bir gün ondan diläp ýöreniňden gerek zadyň özüňde bolsa gowy dälmi? Şo gurallar gymmat zadam däl, ýöne iliň arkasyndan güni geçip duransoň, kä kişi agyry edip alaýynam diýenok. Meň şoňa gaharym gelýär" diýdi.
Her kimiň güni özünden geçmeli, başga gapa haýyş bilen barmajak bolmaly - bu pikir dogry bolsa-da, näme üçindir maňzyma batmady. Adamyň adama işiniň, haýyşynyň düşjekdigi ynsan gatnaşyklaryny sazlaýan bir zat dälmi? "Altyn gapylyňam agaç gapyla dilegi düşüpdir" diýilýä. Biziň her birimiziň, hasam şol tanşymyň halamaýan "dilegçiligi" bizi terbiýeleýän zat bolaýmasyn?
Tanşymyň bu häsiýeti pil-kätmenden has çuňrak zatlar hakynda oýlandyrdy. Olar "mätäçlik" bilen "meslik".
Biziň hiç birimiz mätäçligi halaýan däldiris. Çagalarymyzyň zada zar bolman, deň-duşunyň ýanynda kemsinmän ulalmagy, elimiziň uzadan ýerine ýetmegi hemmämiziň arzuwymyz. Musulmançylykda-da ahyret güni baýyň hasabynyň garyp-pukaranyňkydan has kyn boljakdygy aýdylsa-da zekat bermek, edil namaz-oraza ýaly,bäş parzyň biri. Zekat bolsa ýetime, ekleýjisi bolmadyk garyp maşgala... garaz, mätäçlik çekýäne berilýär. Magtymguly Pyragynyň sag gözi çep göze, dogryny egrige, halaly harama mätäç eýleme diýen şygry hem ýöne bir dileg däl, mätäçlige garşy çagyryş ýaly eşidilýär. Ynsan köp günäni, hatda Allaha bolan ynamynyň sarsmagyny hem mätäçlik sebäpli edýär. "Alla jan, meň näme günäm bar, näme üçin meni beýle garyp ýaratdyň?" diýen-de adam dindenem, Alladanam daş düşýändigine paýhas edip bilmeýär. Mätäçlik onuň akylynam, düşünjesinem kör edýär.
Mesligem, soňky döwür höwes edýän köpelýän ýaly görünse-de, türkmençilikde halanýan zat däl. "Mesligi goýun göterer, goýnuňam garasy" diýen nakyly bilmeýän az bolsa gerek. Mesliginden gözi gyzaran adamyň edýän pisliklerini göreňde däl, ýöne eşdeňde-de aklyňa sygmaýar.
Belki, ne baý, ne-de garyp - "altyn ortalyk" iň gowusydyr? Meniň pikirimçe, ortalygyň nämedigini SSSR döwründe ýaşan, soňra gurplanyp "Mersedes" maşynynyň ruluna geçen adam gowy bilýändir. Çünki SSSR-iň maksadam halky ne baý, ne-de garyp (mümkin, garybrak bolany has gowy) ýaşatmakdy.
Belki, baý bolup, goýnuň garasy ýaly ony göterinip bilmek üçin ösen düşünjeli bolmagymyz zerurdyr? Ösen düşünjeli bolmak garyba-da, baýa-da zerur. Ýöne düşünjeli bolmak üçin gurp gerek. Ol aýlykdan ol aýlyga gününi zordan aýlaýan adamyň, megerem, düşünjesini artdyrmaga elem degmeýär.
Hudaýa şükür, Aşgabadyň ýollaryna çyksaň, köneje "Žigulilerden" "Toýotalar", "Mersedesler", "BMW-ler" köp görünýär. Bolawersin.
Baý adamyň, gurply kişiniň edýän ýagşylygynyňam şoňa görä has düýpli, has täsirli boljagy düşnüklidir. Hatda zekat berjek bolsaňam, iň azyndan, hiç kime bergiň bolmaly däl. Diýmek, ýagşylygyň ýaýylmagy, merhemetliligiň dabaralanmagy üçin haýyr-sahawatly baý adamlaryň bolmagy gerek. Olar näçe köp bolsa, şonça-da halk sahawatly, millet merhemetli bolar.
Ata-babalarymyz ýöne ýere: "Iň ýamany gyradeňlik" diýen däl bolsalar gerek. Gyssanaňda, aljyraňda barara gapyň bolmasa nätjek?
7 лайков 196 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
RelaX
04 фев 2023, 22:13
Dogry vara şular
Kerbaba
04 фев 2023, 22:50
Обада яшаян болсан,азындан 8 соток ерин бар болса,пил,катмен,чаршак,палта,орак ялы гураллар хокман озунде болмалы.Догры бычгы, кувалда,лом я болмаса айна кесйан ,галайы гыркян гайчы ялы затлары вагтлайын берсенем боляр.Йоне ызына гетирмек шерти билен.
Abdylla36
05 фев 2023, 12:56
Dogry