EÝNŞTEÝNIŇ DÄLILIK HAKDAKY SAPAGY
EÝNŞTEÝNIŇ DÄLILIK HAKDAKY
SAPAGY
On bäş ýyldan bäri dostum Jelil şol bir zatlary ýerine ýetirýär...
Ol henizem şol şereketde işleýär, şol öňküsi ýaly pikir edýär. Ol
henizem şol öňküsi ýaly ýol-ulag gatnawynyň ýaramazdygyndan,
aýlyk gazanjynyň azlygyndan, janköýerlik edýän sport toparynyň
ýeňlendiginden we işiniň üznüksiz paşmaýandygyndan zeýrenýär.
Henizem ol dostumyz çagalary we maşgalasy bilen dynç almak
üçin her tomsuň başynda karz alýar we bütin gyşyny şol karzlaryny
üzüp geçirýär... on bäş ýyldan bäri hiç zat üýtgemedi, özgermedi...
Henizem dostumyz Jelil «Sabyr soňunyň sap altyndygyna», sabyr
edeninden soňra hökman arzuwyna ýetjekdigine, garaşylýan günüň
ahyry geljekdigine pugta ynanýar.
Dostumyň bu bolşuny görüp, Eýnşteýniň dälilik hakdaky sözleri
serime dolýar. «Şol bir hereketleri edip, dürli netijä garaşmak däli-
likdir» diýen sözleri aňymda öwrüm edip dur.
Özümiz aman-asudalyk, ýeňil ýetilýän rahatlyk isläp, munuň öwe-
zine töwekgellik etmekden, täze gözýetimlere aralaşmakdan we täze
serhetleri aşmakdan gorkýarys. Mundan soňam biz ýene-de Allanyň her
kime paýlap beren ýeterlik rysgyndan nägile bolýarys. Allatagalanyň
älemler baradaky bozulmaz däbini, ýoluny unudýarys – Onuň her kese
rysgyny berýändigini ýadymyzdan çykarýarys.
Ýaradanyň barlykdaky däbi üýtgewsizdir – durmuş kitabynyň
gündeki sahypalaryny gowy okap, düşünip bilýän we oňa görä amal
edýän adam bagtyýardyr. Ol köp zat gazanar.
Üstünlik gazanmak we üstün bolmak hiç bir adam üçin mümkin
bolmadyk zat däldir ýa-da bu babatda kimdir birine artykmaç
mümkinçilik berlen däldir. Ol hemme kişiniň başarjak, hötdesinden
geljek zadydyr. Ýöne munuň beýleki tarapyny hem gözden salmalyň,
onuň ýeňil-ýelpaý bolmadyk tölegi hem bar ahyry. Bahasyny bermeseň,ony awlap, kapasaňa salyp bilmersiň. Üstünligiň bahasy maňlaýyňy
derledip, zähmet çekmek we öz işiňe berilmekdir. Şikaýatdyr zeýrenjiň
degresinden hem ötmezlikdir.
Dostumyz Jelil we ýene-de müňlerçe dostlarymyz hem-de
dostlaryňyz hiç zat etmän, diňe ertirki arzyly günüň gelerine garaşyp
ýaşaýarlar.
Ýekşenbe güni hem edil duşenbe ýaly, mart hem hut aprel ýaly,
ähli günüň şol bir tagamy bar. Hiç zat üýtgemese, özgermese, ýerinden
gozganmasa, töwekgellik etmeseň...
Töwekgellik diýenimde, göz öňünde tutan işiňe howul-harsal
okdurylmak däl. Meýilnamalyja, her ätjek ädimiňi saldarlap, basjak
ýeriňi peýläp, ilki ilik-düwme öwrenip, öňe ilerlemegi göz öňünde
tutýaryn. Bu zatlary amal etmek üçin gaýratlylyk, dogumlylyk, hiç
zatdan çekinmezlik, öňe okdurylmak – hakyky töwekgellik gerekdir.
Şu ýaşan ýyllaryňda tutuş ömrüň akymyny, ugruny özgerden
näçe sany ykbal özgerdiji karara gelip gördüň?
Amerikan ýazyjysy Mark Tweniň çuňňur manyly we juda ähmi-
ýetli, göwnemakul sözleri bar: «Ýene ýigrimi ýyldan soň üstünlikleriňi
we şowsuzlyklaryňy ýatlap otyrkaň, şu günki eden işleriňden goý-
beren pursatlaryň has köp bolandygyny ýatlap ökünersiň» diýýär.
Hak aýdýar, ökünersiň, çyndan ökünersiň. Sebäbi bellibir karara
gelip, ymykly girişäýmeli işi, ikirjiňlenme ýa-da geleňsizlik zerarly
etmändigiňe, gaýratyň çatmandygyna ökünersiň... «sag başym, aman
başym» diýip, köne külbäniň ykyş diwaryna duwlanyp ýatyşyň göz
öňüňe geler.
Emma ugrunda gaýrat eden işleriňe, hatda şol ýollarda goý-
beren säwlikleriňe, hatalaryňa hem ökünmersiň. Ikirjiňlenmeleriň,
gorky-ürkiň, synanyşykdan alyp galan ejizligiň näçe köp bolsa, ahyr
ýaşda ökünjiň hem şonça köp bolar.
Her bir adam öz gylyk-häsiýetleriniň jemi. Gylyk-häsiýetleri,
özüni alyp barşy bolsa onuň bir karara gelip bilýändiginiň,
bilmeýändiginiň dilmajy. Ikimizi bir-birimizden parhlandyrýan zat,
biziň bir karara gelip bilýändigimiz ýa-da bilmeýändigimiz. Haýsy işiedýändigimiz we etmeýändigimiz (edip bilýärismi ýa etmeýärismi?).
Her kim öz karary, öz pikiri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem iň
möhüm, ähmiýetli zatlaryň biri – durmuşyň bize döreden ähli müm-
kinçiliklerine, pursatlaryna doly we ählitaraplaýyn nazar salmaga
synanyşmaly. Gaýrata daýanyp, işe girişmeli. Näbelli gorkulardan
rüstem gelmek üçin batyrgaýlyk bilen işlemeli we asylly amallary-
myzy dowam etmeli.
Mahlasy, iň uly töwekgelçilik durmuşyňda hiç hili töwekgelçi-
ligiň bolmazlygydyr. Iň uly howp hiç hili howpy bolmadyk durmuşda
ýaşamakdyr. Hakyky şowsuzlyk bolsa şowsuzlyga düşmekden gor-
kup, bir duran ýeriňde saklanmaklykdyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.