Hakykat, sözüň manysyny bilmeýän ýokdyr
Emma durmuş hakykatlaryny nä derejede bilýäris we ol hakykatlara nä derejede düşünýäris. Gynansagam biziň ýaşlarymyzyň köpüsi bu hakykatlara kän düşünenok. Bolýar welin durmuş hakykatlary diýýänim näme we nämelere täsir edýär?
Biziň halkymyzyň iň esasy we uly meselelerinden biri: durmuş gurmak. Ýagny öýlenmek ýa-da durmuşa çykmak. Durmuş gurmanyň bir topar kynçylygy bar. İň esasy kynçylyklaryndan biri bolsa pul. Sebäbi hemmämiziň bilişimiz ýaly bizde toý etmek hiç aňsat däl. Ep-esli çykdajysy bolýar. Diňe toý edileni bilen hemme kynçylyklar gutaranok hat-da ondan soň başlaýar diýilse hem ýeridir.
Emma biziň ýaşlarymyz bu mesele barada nähili pikir edýär? Bizde orta mekdebi gutaranyndan soň öýlenýän ýa-da durmuşa çykýanlaryň sany ep-esli bar. Bolýar welin bu ýaşdaky oglan-gyzlar durmuş hakykatlaryny nä derejede bilýärler? Asyl mesele bu. Köp ýaşlaryň niýeti mekdebi gutaryp derrew öýlenmek ýa-da durmuşa çykmak bolýar. Emma olar intäk durmuşyň kynçylyklary barada näme bilýän bolup biler? Köpüsi, näme-de bolsa toý çykdajylaryny enem-atam çykarýar diýip arkaýyn bolýar. Emma belli wagt geçeninden soň hat-da çagasy bolansoň arkasyndaky ýüki hasam artýar we näme etjegini bilmän başlaýar we gynansagam bu zatlaryň netijesinde aýrylyşyp başlaýar. Bizde aýrylşýanlaryň sany hem köpelip başlady. Meniň pikirimçe munyň sebäplerinden biri hem ýaş wagtda durmuş gurmakdyr. Sebäbi olar üçin başda hemmezat aňsat ýaly. Nämede bolsa ene-atasy kömek edýär.
Emma wagtyň geçmegi bilen ene-atasyndan aýra galmaly bolýarlar. Ondan soň bolsa bar zat özlerine galýar. Ýöne hiç işläp görmedik adam birden, hem ýanyndakyny hem çagalaryny eklemi bolýar we ynha ondan soň bütin kynçylyklar başlaýar. Meniň pikirimçe ýaşlar durmuş gurmazdan öň käbir ýollardan geçmeli. Bulardan biri bolsa ilki bilen mümkin bolsa ýokary okuw jaýynda okamaly. Bilim almaly. Sebäbi bilimsizlik bir milletiň düýbini çüýreder. Bilimi alanyndan soň bir ýerlere girip işläp öz puluny özi gazanyp görmeli. Durmuşda iň esasy zat adamyň öz puluy gazanmasydyr. Hat-da bu aýdan zadym bilen baglanyşykly bir hekaýa bar ony siziň bilen paýlaşmak isleýärin.
Günlerden bir gün oglan kakasyna baryp öýlenmek isleýändigini aýdypdyr. Kakasy oňa: ‘’ Eger öýlenmek isleýän bolsaň onda ilki bilen öz puluňy özüň gazanmaly bolarsyň’’ diýip gidip oglundan bir altyn getirmegini isläpdir. Ogly bolsa gidip ejesinden bir altyn isläpdir we ony alyp kakasyna getirip beripdir. Kakasy altyny alyp ýanynda akyp duran çeşmä zyňypdyr. Emma oglundan hiçhili ses çykmandyr. Kakasy bolsa: ‘’ Bu altyny sen işläp almadyň, git işläp soň getir’’ diýipdir. Ýaňky oglan gidip dostlarynyň birinden karz alyp kakasyna getirip beripdir. Kakasy ol atyny hem alyp ýaňky akyp duran çeşmä zyňypdyr. Emma oglundan hiçhili ses çykmandyr. Kakasy oňa ýene başda aýdan zadyny aýdypdyr. Ýaňky oglan: ‘’ Bäh kakam meniň getiren altynlarymy kabul edenok. Nireden bilýärkä özümiň işläp gazanamdygymy’’ diýip pikir edipdir. İň soňunda beýle bolmajakdygyny aňyp gidip bir ýerde işe giripdir we birnäçe gün soň bir altyny getirip kakasyna beripdir. Kakasy ýene ýaňky çeşmä zyňjak bolanda ogle kakasynyň eline ýapyşyp: ‘’ Jan kaka zyňma ony. Men ony gazanmak üçin näçe günläp işledim’’ diýipdir. Ynha ol wagt kakasy ogluna: ‘’ İndi sen öýlenip bilersiň. Sebäbi özüň işläp gazansaň onda puluň gadyryny bilersiň’’ diýipdir.
Hekaýada hem aýdylyşy ýaly eger adam özi işläp gazansa ynha onda hemme zadyň gadyryny bilýär emma taýyn bir ýerden pul gelip dursa onda ne puluň gadyryny biler ne-de durmuşyň kynçylygyny biler. Ynha bu sebäpli biziň ýurdumyzdaky köp maşgalanyň dargamasyna sebäp bolýan zatlardan biri, hem bilimsizlik hem-de ýaşlaryň durmuş hakykatlaryny bilmeýänligidir. Eger olar doly bilim alyp, işläp pul gazanyp ondan soň durmuş gursalar onda has gowy bolar. Ol maşgala berk bolar. Sebäbi durmuşyň kynçylygyna, hakykatlaryna düşünýän adam maşgalanyň nähili kynçylyklar bilen gurulýandygyna has gowy düşüner. Sebäbi maşgalany dargatmak ýa-da ýykmak aňsat emma gurmak kyndyr.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.