ÝÜZLENME!


Salam gadyrdanlar!
Ýadyňyza düşýän bolsa, siz bilen “Jomartlyk” temada bir işjeňlik gurnapdyk. Şu günem şeýle işjeňlik gurnamagy maksat edindim. Sizem garşy bolmasaňyz, ählimiziň boşurak bolýan sagatlarymyzda, agşam 21:00-da başlasak nähili bolar?
Aramyzda täze gelen agzalar bar bolsa, şertlerini bilýän däldirler. Men size ýene düşündirerin.

Onda şeýle. Agşam 21:00-da mümkin bolsa ulgamda bolmaga synanşyň. Siz bilen öwrenme we öwretme usullaryny ýerine ýetirmekçi. Belki okuwçy wagtyňyz gabat gelensiňiz bu usullara. Şu günki usulymyzyň ady “STANSIÝA USULY” bolsun. Bu usul barada gysgaça aýdyp bereýin. Bu usulda gatnaşyjylar toparlara bölünýär. Her topara bir iş berýäs. Meselem bir tema boýunça goşgy düzmek, surat çekmek ( bu bu ýerde mümkin däl diýip pikir edýän), şygar ýazmak, hekaýa ýazmak we ş.m. Diýeli birinji topar dostluk barada goşgy ýazdy. 2-nji tapgyrda ikinji topar 1-nji toparyň ýazan goşgusynyň yzyny dowam etdirmeli. Her toparyň bir lideri bolýar. Oýunyň asyl düzgüninde liderler ýerinde galýar. Oýunçylar ýerlerini üýtgetýär tapgyra görä. Emma bulam-bujarlyk bolmaz ýaly, men siziň liderleriňizi üýtgetmeli diýip pikir edýän. Lider toparynyň ýazan zatlaryny jemläp doly görnüşde bize hödürlemeli. Kyn zat ýok. Esasy grupba bolup işleşmeli. Bu usulyň peýdasy dil, el ukyplarymyzy we başarnyklarymyzy ýüze çykarmak.

Men sizi 4 sany topara bölmekçi. Her topardan minimum 4-8 adam bolsun. Toparlaryň ýerine ýetirmeli işi “Goşgy, Makala/Hekaýa, Degişme, Şygar ýazmak” ( başga näme bolmagyny isleýän bolsaňyz üýtgedip bileris) 1 topar goşgy ýazýar, 1 topar hekaýa we beýleki 2 topar şygar, degişme ýazmaly.
Agşama çenli şu blogda maslahatlaşyp toparlara bölünäýiň. Bir zady berk belläň. Goşgy ýazan topar indiki tapgyrda hekaýa ýa degişme ýazmagy mümkin. Toparlara bölüneniňizde şony gözöňünde tutup bölünmegiňizi maslahat berýän. Araňyzdan bir liderem saýlaň. Bolmasa men saýlamakçy liderleri. Temaňyzy agşam bäsleşik başlanda aýtmakçy. Internetden, kitapdan göçürmek ýok. Diňe öz döredijiligiňiz bolsun.

Onda toparlary we gatnaşyjylary maslahatlaşyberiň. Agşam duşuşarys. :)

7 лайков 1 296 просмотров
30комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 19 фев 2023, 10:40
Toparlary şeýle saýlaýalyň.
4; 5; 6; 7
Her agza şu sanlardan birini saýlap, teswirlerde ýazmaly. Şoňa görä toparyňyz belli bolar.
Öwreniji
19 фев 2023, 10:59
4 belgi ? üstünlik!
Pegas
19 фев 2023, 11:02
7-lik?
Dowsypat
19 фев 2023, 12:47
( bu bu ýerde mümkin däl diýip pikir edýän),

Aljyrama!
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 13:51
5-lik?
.
19 фев 2023, 13:59
6 lyk diyjek menem. Yöne onunden aydaýyn mendenä tok yokdur
Belki
19 фев 2023, 14:13
24-iñ dördi ))
Telwas
Автор 19 фев 2023, 14:39
Dowsypat.
( bu bu ýerde mümkin däl diýip pikir edýän),

Aljyrama!

Bolýar :)
Aslynda iki sany “bu” ulananym dogry. Ýöne sözlem düzüşim ýalňyş boldy. Bu ýerde bu mümkin däl diýenem bolsam bolardy.

Döw aga senem bir san saýlap göýber.
Telwas
Автор 19 фев 2023, 14:40
Menzil
6 lyk diyjek menem. Yöne onunden aydaýyn mendenä tok yokdur

Geçen gezegem şeýle diýenleriň üýtgeşik döredijiliklerine şaýat bolduk. Siz başararsyňyz!
Telwas
Автор 19 фев 2023, 14:41
Hiayress agza 6-lygy saýlady. Gelen wagty özem ýazar.
#B.S
19 фев 2023, 14:46
4 (gözümi ýumup basdym)
Telwas
Автор 19 фев 2023, 14:47
Esma, Dark wolf, Massimus, W.P, Xyivenia Babaýewa, Soho, kwadrat kelle, FanB, Bendtner, Aksary, Xyivenia, Kinza, Ejegyz, Rigel, paýhasly, peri-05, Göklors, nyce, Proliga, Ýusupahmet93, Abdylla33, Juma şahyr, Nury Sakçy, Gerçeknazar, Venus23, Proliga, Picasso, Ahmall, Jeksparro, Ahmedik_97, M-11, Karkara, Zynat123, Walerýanka, Margarita, Rabiýa, Ependi, Resul, Senagül, setdars, Gauzen, köne nätanyş, Awram Grant, Hemedany, Violinist, Mona_Sonz, Miss-minnoş, Ajaýyp, Parikmaher, Salam salam, studentt, Retro, Arzuww, Nurmuhammet…we beýlekiler hany?

Mümkin bolsa, ähliňiziň gatnaşmagyňyzy isleýän.
Dowsypat
19 фев 2023, 15:41
5-lik.
Suleyman
19 фев 2023, 16:47
7-lik
Telwas
Автор 19 фев 2023, 17:08
Dynç güni aktiwlik pesmi ýa meň göwnümemi?
Telwas
Автор 19 фев 2023, 17:08
Siz bilen maslahatlaşman 21:00 diýdim welin, size bolýarmy?
Telwas
Автор 19 фев 2023, 17:09
Ependi, Rabiýa, DonMaxx…
Telwas
Автор 19 фев 2023, 17:12
Ýazyp bilemok diýip çekinmäň. Men ylmy iş ýazmagyňyzy islämok sizden. Geçen gezegä gyzyklyja geçipdi. Bu gezegem şeýle bolar diýip umyt edýän.
picasso
19 фев 2023, 17:18
Dowledin d.sinden 4lik
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 17:38
Nirvana,
Höwes bilen gatnaşardym
Gerceknazar
19 фев 2023, 18:44
7-lik
Esma
19 фев 2023, 18:59
Menem 5-i saýladym.
Perman Izakow
19 фев 2023, 19:02
6-lyk.
Nazar
19 фев 2023, 19:04
Menem 4 saylayyn. Gowy goryan shol sany
Nury
19 фев 2023, 19:21
5-i saýlaýan. (Ýöne menden-ä diňe goşgujyk çykaýmasa...)
Bir soragym bardy, ýazan zadyňy nirä, haýsy bölümde goýmaly, nähiliräk bolýaka?
Waleryanka
19 фев 2023, 20:55
6-lygy saylayan.Yone munda agza kop yaly.Sheyle bolsa agza yetmeyan topara geciray ozun.
Hypatia
19 фев 2023, 21:18
7-lik
Hypatia
19 фев 2023, 21:26
Gijä galypdyryn
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 21:37
21-em-ä boldy?
Telwas
Автор 19 фев 2023, 21:46
Hypatia, giç däl-ä.

Aýgül, Goşgy diýen bloga ylga.