Dünýädäki iň zyanly önümleriň biri kartoşka çipsleri barada faktlar.

Uzak wagtyň dowamynda semizlige eltýän we saglyga zyýanly önümleriň hatarynda kartoşka çipsileri öňde baryjy hasaplanyp gelinýär. Düzümindäki ýag, krahmal, duz we gowrulyşyň hasabyna muny kabul edýän işdämenlerde bir näçe wagtda ýürek gan-damar keseli, semizlik döräp başlaýar.
Gahar üssünde döredilen çipsler.
Kartoşka çipsileri ABŞ-da kurortlaryň biriniň restoranynda tötänleýin döredilýär, bu restoranyň mahsus tagamy gowrulan fri kartoşkasydy. Günlerden bir güni şu kurorta dynç almaga gelen demir ýol magnati şol gowrulan fri kartoşkasynyň galyňlygyndan we gowy gowrulmadygyndan bahana tapýa we tagamy yzyna iberýär. Inçe tagam eýesi bolan bu müşderä baş aşpeziň gaty gahary gelýär we kartoşkany maksimal derejede iiiinçe dograýar we gyzgyn ýaga taşlaýar. Netijede depder sahypasy ýaly inçe bölekler emele gelýär. Baş aşpez bu müşderiniň üssünden gülen ýaly edip şol tagamyny müşderä eltýär, ýöne müşderi muny ters kabul etmegiň deregne gaty halaýar. Şu hadysa esasynda çipsler döredi we bu restoranyň mahsus tagamyna öwrüldi.
Çipsler salnan paketlar azot bilen çişirilýär.
Çips satyn alanlarynda onuň paked howa bilen doldurulan diýip pikir edýärle aslynda bu nädogry. Howanyň düzüminde kislorod bar, bu bolsa çips ýaly näzik önüm üçin howply, zyýanly. Howanyň täsirinde çipsler tagamyny tiz ýitirýäler we gurap owranýalar.
Çipsler semizlige eltýän iň ýokary önümlerden.
Bedeni semizlige alyp gelýän howply önümler- bu trans ýaglaryndan peýdalanyp taýýarlanylan önümlerdir. ,,Tiz" uglewodlar bilen doýan ýokary krahmally önümiň zyýany hem kem däldir. ýagda gowurmaklyk bolsa önümiň üstünde himiki konserogen üýtgemelere alyp gelýä. Bulardan başga-da artykmaç duzlylyk, önümiň iýmitlik gymmatyny peseldip köp iýmeklige, özüne çekýä. Ýagny doýumlyk kem emma köp iýmek üçin işdä berýär, bu bolsa artkmaç semizlik diýmekdir. Bu agzap geçen hil-sypatlandyrmalarymyz bolsa ýukajyk, hiç hili täsirsiz görünýän kartoşka çipslermize degişlidir. Aýny şu kartoşka çipsler zyýanlylyk boýunça gowrulan kartoşka fri-ni hem-de koka kolany hem yzda galdyrýar.
1 лайков 201 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
30 мар 2023, 18:34
Agşam cipsi iymelimi nämemi?
Mylaýymzada
Автор 30 мар 2023, 18:53
Khanture, Salam aý siz-ä özüňiz biliň welin men-ä çips içmez ýaly boldum okap
Mylaýymzada
Автор 30 мар 2023, 18:53
Mylayymzada
Khanture, Salam aý siz-ä özüňiz biliň welin men-ä çips iýmez ýaly boldum okap
#B.S
30 мар 2023, 18:58
Mylayymzada,
Hmm
Mylaýymzada
Автор 30 мар 2023, 19:04
Khanture,
☺️?
Yusup
30 мар 2023, 19:09
okayan zadyny iymeyan bolsan Saglyk.orgy okasan durmushada chykmayan onda sena )))
#B.S
30 мар 2023, 21:50
Seksopotolog..........,
?????
Ajaŷyp
Ajaŷyp
31 мар 2023, 10:03
Hemme ônùmleñem shundan artyk yeri yokdur yzarlasañ ajólàymeli???
Mylaýymzada
Автор 16 апр 2023, 22:56
Seksopotolog..........,
Lukmançylykda okasaňam okamak gerekmi ony? O zatlary özümizem ýazmaly bolýas welin natjek
Mylaýymzada
Автор 16 апр 2023, 22:58
Ajaŷyp,
Men muny düýbünden iýmeli däl diýemok prosta her gün diýen ýaly kabul edýän zadymyz barada bilmegňizi isledim özümä gyzyklanyp okadym we başgalara-da şeýle bor öýdüp goýdum iýmeli däl diýlen ýeri barmy blogda?