???
Ýaşlyk döwürlerimde kakam “goranmak üçin aikido, judo, sambo, karate ýaly zatlar öwren” diýip kän ündärdi.. Bu ündewleri ýerine ýetirmänligim üçin şuwagt elbetde ahmyr edýärin.. Ýöne soň-soňlar diňe fiziki howplardan däl, aňymyza abanýan howplardan hem özümizi goramagymyzyň gaty derwaýysdygyna göz ýetirdim. Ogry girmesin diýip gapyňy, äpişgäňi gulplap, telefona kompýutere del adam nazar salmasyn diýip açar-söz goýup, öz aňyna, düşünjelerine zeper ýetirýän tanyş-biliş gurşawyňdan goranmazlyk akyllylyk däl meň pikirimçe.. Düşünjäňe ýetirlen zeper, bedene ýetirlen zeperden esse-esse agyr bolup bilýär sebäbi.. Talyplyk ýyllarymda bir firmada iş tejribesi geçiripdim. Özümden esli ýaş uly we maşgalaly bir gazak oglan bilen bir otagda işleýärdik we näme üçindir jynymyz jyňkyryşypdy; gysga wagtda dostlaşypdyk. Öz nikaly gelninden başga bir zenan bilen gatnaşygy bardygyny bilenimde, ondan “näme üçin” diýip sorapdym.. Maňa şeýle jogap beripdi: - Bilmedim welin öýde men söýgüden doýamok.. men zenan ünsüni isleýän.. 3 çagam bar we çagalar köpeldigiçe gelnim maňa ünsüni gowşatdy, meň bilen az wagt geçirmäge başlady.. Bu elbetde onuň säwligi däl, ýöne zenan ünsüne mätäçligimi ýeňip bilemok.. Elbetde men ol wagtlar öýlenmedik ýaş ýigitdim, ýöne şonda-da onuň bu dünýägaraýşy bilen hijem ylalaşyp bilmedim. Ol oglan bilen ýakyn tirkeşmegimi soňa-baka goýupdym. Sebäbi onuň bilen tirkeşmek meni gaty ýaramaz düşünjelere eltip bilerdi. Ýok muny pikirlenip edendirin öýdemok, oňa ol wagtlar aklym çatandyram öýdemok. Ýöne birhili içimde şol oglana garşy närazylyk döräni welin ýadymda.. Ol oglan töweregine diňe almak niýeti bilen seredýän ekeni, aslynda welin maşgala almak bilen bir hatarda bermek bilenem baglanyşykly bir ýagdaý. Gelni 3 çagadan kellesini galdyryp bilmedik halyna ondan üns talap etmek ýerine oňa goldaw bermek gerekdi meň pikirimçe.. Ol gelin seniň çagalaryň bilen gümra ahyryn; öz şahsy işleri ýa başga birzat üçin däl.. Onuň bilen soň-soňlaram bu temada kän jedelli gürrüňler etdik emma ol şol-bir pikirini ýaňzytdy durdy.. Ondan uzaklaşmagym belkäm pikirlenmän alan iň esasy kararlarymdan biri bolupdyr. Başga bir mysal: birnäçe klasdaşym bilen ýakyn tirkeşmegimi “çakdan-aşa çaga degişmeleri” üçin gowşadypdym. Meň logikama görä “orta mekdebi gutaranyňa 15 ýyl bolan halyňa, synpdaşlar bolup çaýlaşan wagtyň birek-birek bilen henizem çagalyk lakamyň bilen prikol tutuşmak” gaty gereksiz.. Asyl-ha lakam dakyşmak dogry zat däl, emma aýdaly çagakak muny bilemzokdyk, çagadyk.. 30 ýaşy arka ataňsoň muny dowam etdirmegiň näme geregi barka?! Synpdaşlar bilen gürrüňdeşliklerimiziň hilini gowulajak boldum elbetde, emma “aşa akyllysyraýanym üçin” üýşüp üstümden düşüp başlamaklary nokady goýmagyma sebäp boldy. Gatnaşygy gowşatdym.. Başga biri bilen ýüzüniň ugruna ýalan sözläp bilýänligi üçin, ýene birini syr saklamakdaky prinsiplerimiz deň gelmeýänligi üçin, ýene biri bilen edepsiz gürrüňlerini azaltmaýanlygy üçin, başga biri bilen gürrüňlerindäki her otura-nokada derek ejä-baja salam ugratýanlygy üçin, ýene biri bilen ýene birzat üçin ýakynlygymy gowşatdym. Ýadyma düşüşine görä bularyň herbiri bilen hersiniň öz akyl we düşünje derejesine görä ençeme gezek gürleşjek boldum, ol endiklerini gowulamak üçin birzatlar diýjek bolup jan etdim.. Herkim özüçe “meň bilen tirkeşjek bolsaň meniň şu ýagdaýyma kaýyl bol” diýýärdi.. Menem “Gaty görme dost, saňa ýol bolsun.. meň beýle zatlara wagtymam ýok, sabrymam..” diýýärdim. We ýoluma şolarsyz dowam edýärdim.. We ýüregimiň jümmüşinde şolardan boşan ýerlere täze ajaýyp ençeme adamlary ýerleşdirýärdim.. We meň pikirimçe kämilleşýärdim.. Sebäbi täze ajaýyp dost diýmek, ajaýyp pikir diýmekdi, ajaýyp endik diýmekdi, ajaýyp geljek diýmekdi.
#Talyplar arhiw
#Talyplar arhiw
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.