Yslam dindir ideologiýa däl!
YSLAM DINDIR IDEOLOGIÝA DÄL
Geçen hepde-däki makalama gelen garşylyklaýyn pikirlerlerden hem görnüşi ýaly, jemgyýetçilik düşünişmesi bilen jemgyýetçilik jebisligini döredýän ruh (milliýet, dil we din) biri-birine garyşdyrylýar; Jemgyýet düşünişmeleriniň özeninde medeniýet we häkimiýet düşünjesini mälim etmäge hem-de bularyň döreden meseleleriniň çözgüdini tapmaga bolan ymtylyş bar. Tomas Gobbs, Jon Lokk we Žak-žak Russo modern syýasat paradifmasynyň çäginde alternatiw pikirleri baram bolsa, adam tebigatyna mahsus düşünjelerini döredipdirler. Tebigy ýagdaýdaky adam biri-birine ýagydyr. Şol sanda hiç kimin jan we mal howpsuzlygy ýokdur. Şonuň üçinem biz öz azatlygymyzy, jan we mal howpsuzlygymyzy goramak üçin bir güýç döredeliň we hak-hukuklarymyzy şoňa ynanalyň. Bu güýjiň adyna döwlet diýilýär. Ine, şu ýerde-de jemgyýetçilik gatnaşyklary döreýär.
Taryhy şertler we özgerme: Elbetde din we ynanç birliginiň jemgyýetçilik tertip-düzgüniň üpjün edilmeginde we durnuklylygynda täsiri ulydyr. Munuň bilen baglanyşykly birnäçe dini ýazgylar hem az däl. Sorag şu: Gurhana esaslanyp modern döwlet teoriýasyny döredip bolarmy? Taryhy tejribede diniň hukuk ulgamyny döredendigi mälim. Bu hukuk ulgamynyň ýaşamaga has amatly jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemala getirmek maksady bilen käte Hezreti Omar (r.a) bilen başlaýar käbir hökümler bilen ýörelmändigini eýerilmändigini-de bilýäris, käte düşündirişe mätäjem bolsa aýatlaryň labyz taýdan üstünde durulmandygyny-da. Diýjek bolýan zadyň, taryhy zemin we şertler üýtgedigisaýyn hökümleriňem üýtgäp biljegi görlüpdir (tejdit - maslahat) Adat hukugy-da hut şu zerurlygyň başga bir delili. Şu nukdaýnazardan din taryhyň belli bir derejesine çenli (modernite) gytaklaýyn birleşdiriji rol oýnapdyr, birleşdirijiligi ýaly aýryşdyryjy rolunyň barlygynam ýatdan çykarmaly däldir (Jemel, Syffyn Kerbela wakalary we onuň täsiriniň ähli yslam ýurtlaryna ýaýramagy - awtoryň belligi). Hususanam diniň üstünde ynanýanlaryň umumy ynanma zeminini orta tutmak bilen köptaraplaýyn dil kemala getirmedik ýagdaýynda problemalar hem edil şu sepgitde başlaýar.
Dinmi ýa ideologiýa? Gurhanda hukuga dahylly hususlar az däl, emma bu hukuk kitaby ýa-da konstitusion kitap däldir. Dag düzlerden söz açýar, emma bu geografiýa kitaby däldir. Geçip giden jemgyýetleri agzamagy - onuň taryh kitabydygyny-da aňlatmaýar. Düýpli kadalara we esaslara degişli (adalat, laýyklyk ýaly) aýatlar bar, emma, neneňsi döwlet dolandyryş formasyny döretmelidigini adamyň öz ygtyýarlygyna goýupdyr, kitapdan hiç bir ýagdaýda syýasy režimi çykaryp bilmersiňiz. Gurhanyň haýsydyr bir beşeri düşündirişi nazara alnyp özaralarynda ylalaşyp bilerler, edil Eýrandyr (şaýy) Saud Arabystany (wahhabylyk) ýaly. Emma döwletleşen düşündiriş bir medeniýete we bir ideologiýa wekilçilik edip bilmez, eger eder diýilýän bolsa, onda onuň nogsanlykly we ýalňyş bolan bar zady yslamyň üstüne ýükledigi bolar. Galyberse-de, yslamy bir döwletiň ideologiýasyna ýa-da ýeke-täk džşündirişe getirjek bolmak, ilkinji nobatda yslamyň giň gurşawlygyna, ýaýrawyna zarba urar. Taryhyň ähli döwürlerinde musulman jemgyýetlerinde häkimiýetleriň eden zulmunyň yslama ýönkelmeginiň aňyrsynda hem hut şu motiw bolupdyr.
Aýşe SUJU
Sözcü gazet. 20.01.2020.
Guwanç Mämiliniň terjimesi.
kitapcy.ru

Возможность комментирования данной публикации было отключена.