Yslam dindir ideologiýa däl!

YSLAM DINDIR IDEOLOGIÝA DÄL




Geçen hepde-däki makalama gelen garşylyklaýyn pikirlerlerden hem görnüşi ýaly, jemgyýetçilik düşünişmesi bilen jemgyýetçilik jebisligini döredýän ruh (milliýet, dil we din) biri-birine garyşdyrylýar; Jemgyýet düşünişmeleriniň özeninde medeniýet we häkimiýet düşünjesini mälim etmäge hem-de bularyň döreden meseleleriniň çözgüdini tapmaga bolan ymtylyş bar. Tomas Gobbs, Jon Lokk we Žak-žak Russo modern syýasat paradifmasynyň çäginde alternatiw pikirleri baram bolsa, adam tebigatyna mahsus düşünjelerini döredipdirler. Tebigy ýagdaýdaky adam biri-birine ýagydyr. Şol sanda hiç kimin jan we mal howpsuzlygy ýokdur. Şonuň üçinem biz öz azatlygymyzy, jan we mal howpsuzlygymyzy goramak üçin bir güýç döredeliň we hak-hukuklarymyzy şoňa ynanalyň. Bu güýjiň adyna döwlet diýilýär. Ine, şu ýerde-de jemgyýetçilik gatnaşyklary döreýär.
Taryhy şertler we özgerme: Elbetde din we ynanç birliginiň jemgyýetçilik tertip-düzgüniň üpjün edilmeginde we durnuklylygynda täsiri ulydyr. Munuň bilen baglanyşykly birnäçe dini ýazgylar hem az däl. Sorag şu: Gurhana esaslanyp modern döwlet teoriýasyny döredip bolarmy? Taryhy tejribede diniň hukuk ulgamyny döredendigi mälim. Bu hukuk ulgamynyň ýaşamaga has amatly jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemala getirmek maksady bilen käte Hezreti Omar (r.a) bilen başlaýar käbir hökümler bilen ýörelmändigini eýerilmändigini-de bilýäris, käte düşündirişe mätäjem bolsa aýatlaryň labyz taýdan üstünde durulmandygyny-da. Diýjek bolýan zadyň, taryhy zemin we şertler üýtgedigisaýyn hökümleriňem üýtgäp biljegi görlüpdir (tejdit - maslahat) Adat hukugy-da hut şu zerurlygyň başga bir delili. Şu nukdaýnazardan din taryhyň belli bir derejesine çenli (modernite) gytaklaýyn birleşdiriji rol oýnapdyr, birleşdirijiligi ýaly aýryşdyryjy rolunyň barlygynam ýatdan çykarmaly däldir (Jemel, Syffyn Kerbela wakalary we onuň täsiriniň ähli yslam ýurtlaryna ýaýramagy - awtoryň belligi). Hususanam diniň üstünde ynanýanlaryň umumy ynanma zeminini orta tutmak bilen köptaraplaýyn dil kemala getirmedik ýagdaýynda problemalar hem edil şu sepgitde başlaýar.
Dinmi ýa ideologiýa? Gurhanda hukuga dahylly hususlar az däl, emma bu hukuk kitaby ýa-da konstitusion kitap däldir. Dag düzlerden söz açýar, emma bu geografiýa kitaby däldir. Geçip giden jemgyýetleri agzamagy - onuň taryh kitabydygyny-da aňlatmaýar. Düýpli kadalara we esaslara degişli (adalat, laýyklyk ýaly) aýatlar bar, emma, neneňsi döwlet dolandyryş formasyny döretmelidigini adamyň öz ygtyýarlygyna goýupdyr, kitapdan hiç bir ýagdaýda syýasy režimi çykaryp bilmersiňiz. Gurhanyň haýsydyr bir beşeri düşündirişi nazara alnyp özaralarynda ylalaşyp bilerler, edil Eýrandyr (şaýy) Saud Arabystany (wahhabylyk) ýaly. Emma döwletleşen düşündiriş bir medeniýete we bir ideologiýa wekilçilik edip bilmez, eger eder diýilýän bolsa, onda onuň nogsanlykly we ýalňyş bolan bar zady yslamyň üstüne ýükledigi bolar. Galyberse-de, yslamy bir döwletiň ideologiýasyna ýa-da ýeke-täk džşündirişe getirjek bolmak, ilkinji nobatda yslamyň giň gurşawlygyna, ýaýrawyna zarba urar. Taryhyň ähli döwürlerinde musulman jemgyýetlerinde häkimiýetleriň eden zulmunyň yslama ýönkelmeginiň aňyrsynda hem hut şu motiw bolupdyr.



Aýşe SUJU
Sözcü gazet. 20.01.2020.
Guwanç Mämiliniň terjimesi.
kitapcy.ru
3 лайков 148 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Информация

Возможность комментирования данной публикации было отключена.

Seneca
06 фев 2024, 21:39

Hemme dinler özboluşly ideologiýadyr, hemme pikirlerem kiçi görnüşli ideologiýadyr, ýa-da pelsepedir. 

Jacksparro
Автор 06 фев 2024, 21:52

Bu pikiriň seň üçin şeýledir...


#B.S
06 фев 2024, 23:39

Ýymyrta saňa

Jacksparro
Автор 06 фев 2024, 23:42

 

şu Seneca gelse ylgap gelýäňeý, telpek saňa...?

#B.S
07 фев 2024, 00:56

2 sagat geçensoň gelipdirin... ((

Seneca
07 фев 2024, 01:12

Ideologıýa 

[idiýolo:giýa], at. Sosial toparlaryň bähbitlerini aňladýan syýasy, hukuk, filosofik, ahlak, dini, estetik ideýalaryň we garaýyşlaryň sistemasy. 

Täze sözlük:

1. Garaýyşlaryň we ideýalaryň sistemasy, dünýägaraýyş. 

Jacksparro
Автор 07 фев 2024, 06:48

 

bilmedim bu hakdaky absurdyňy Aýşe Suju bilen edäýmeseň! Din ideologiýa däl diýibä ýazypdyr...

gizlin adam
gizlin adam
07 фев 2024, 19:08

Musulman jemgyýeti bilen ýewropanyň köpleriň ösen hasaplaýan, aslynda çüýrük jemgyýetiniň arasyndaky tapawudy, olaryň dini ynanjy saklaýar. Ýewropanyň esasy: "erkek we aýal deňdir" diýen düşünjesi hem köp ýalňyşlyklary getirýär. Kanunda ýazylmadyk käbir düzgünler (biwepalyk, aldawçylyk) dinde bolanlygy sebäpli biziň jemgyýetimiz edil Ýewropa jemgyýeti ýaly azgynlyk edenok. Ýagny, din jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

Nurmuhammet
07 фев 2024, 19:42
Seneca barde yslan dini barada gurrun gitye. Yslam dini bolsa sen we sen yaly adamlaryn ideyesy bilen duzulmedik. Belki beyleki dinler seyledir (aslyndada seyle) emma yslam dini beyle dal.
Seneca
07 фев 2024, 20:25

Näme diýeniňe düşünen bolsam, asty arap atly beg ýigitleriniň saýlanan atlysy bolaýyn.

Nurmuhammet
08 фев 2024, 07:06

  Mana diysen orsyn iti bolmayanmy. Hemme dinler ozbolusly ideologiya diyyen sozune jogap diyde kabul eday

Nurmuhammet
08 фев 2024, 07:26

Bagyslarsyn welin ozunem metofizik oyutyen bir temadan soz acylsa kitabyny suyrap gelyeñ oyle dal beyle diyip. Yslam dini ideolagiya dal diyip aydylsa dusundirilse Sen hemme dinler ozbolusly ideologiya diyen bolyanmy. Asyl sana dusunip bolanok. Uly il bir yana sen bir yana

Seneca
08 фев 2024, 14:37

Ilki türkmençäni öwren, soň "metofizik" ýaly zatlary gürleşeris. 

Nurmuhammet
08 фев 2024, 15:22

Su wagt na senegalca yazyp otyrynmy. Senin ol kitabyndady kesgitlemane dogry gelmegi mumkin olam menin meselam dal senin meselan. Bizin bilyen Turkmen dilimiz sul.