Aýallarda ýürek infarktynyň alamatlary

AÝALLARDA ÝÜREK INFARKTYNYŇ ALAMATLARY



Hemmämiz erkek adamyň agyr dem alyp, döşüni gysyp, ýere ýykylýan film sahnalaryny gören bolsak gerek. Hakyky durmuşda welin, ýürek keseliniň pidasy aýal hem bolup bilýär we bu hadysanyň filmlerdäki ýaly beýle dramatik bolmazlygy ahmal.
"Erkeklerem, aýallaram kükreklerinde pil oturan ýaly basyşy başdan geçirýärler, emma aýallar döş gysylmasy bolmazdan hem ýürek infarktyny geçirip bilýärler. Munuň ýerine olar demgysma, döşüň aşagynda ýa-da garnyň ýokarragynda basyş ýa-da agyry, baş aýlanma, özüňden gitme, ýagyrnyda basyş ýa-da aşa ýadawlygy başdan geçirip bilerler" – diýip, Nieca Goldberg (M.D., Nýu-Ýork Uniwersitetiniň Lagone Saglyk Merkeziniň ýanyndaky Joan H. Tisch Aýallaryň Saglygyny Goraýyş Merkeziniň saglyk müdiri we Amerikan Ýürek Birleşiginiň meýletinçisi) aýdýar.
Ýürek infarktynyň alamatlary ujypsyzja bolsa-da, onuň netijeleri ölüm-howply bolup biler, esasanam näsag dessine kömek almasa.
Her 43 sekuntda bir adam ýürek infarktyny geçirýär. Bu ýürek myşsasyna kislorod geçirýän gan akymy örän azalanda ýa-da düýbünden togtanda bolup geçýär. Muňa ýüregi gan bilen üpjün edýän arteriýalaryň ýagyň, holesteriniň we beýleki maddalaryň (trombosit) köpelmegi zerarly ýuwaş-ýuwaşdan daralmagy sebäp bolýar.
Eger şu alamatlaryň haýsam bolsa biri bar bolsa, wagt ýitirmän hassahana gidiň:

1. Döşüň ortasynda oňaýsyz basyş, gysylma, agyrlyk ýa-da agyry. Bu birnäçe minutdan gowrak dowam edýär ýa-da aýrylyp gidýär we ýene gaýtalanýar.

2. Elleriň birinde ýa-da ikisinde, arkada, boýunda, eňekde, aşgazanda agyry ýa rahatsyzlyk.

3. Döşüň rahatsyzlygy bilen utgaşýan ýa-da utgaşmaýan demgysma.

4. Sowuk derleme, ýürek bulanma, baş aýlanma ýaly alamatlar.

5. Erkeklerde bolşy ýaly, aýallarda hem ýürek infarktynyň iň köp ýaýran alamaty döş agyrylary ýa-da döşde rahatsyzlykdyr. Ýöne aýallarda käbir beýleki alamatlaryň, aýratynam dem gysmanyň, ýürek bulanmanyň/gaýtarmanyň, arka ýa-da eňek agyrylarynyň ýüze çykma ähtimallygy ýokary bolýar.

Özüňe gowy ideg etmek arkaly ýürek infarktynyň öňüni alyp bolýar:

↪ Ýürek infarktynyň özüňe salýan howplary barada lukman bilen maslahatlaşyp öwren.

↪ Yzygiderli maşk edip başla. Diňe günde 30 minutlyk ýöremek hem ýürek infarktynyň we insultyň howpuny peseldip biler.

↪ Zerur bolsa maşgalaň iýmitleniş endigini üýtget.

Çeşme: Ameriсan Heart Association

https://www.saglyk.org/makalalar/sagdyn-durmus/zenan-saglygy/2169-ayallarda-yurek-infarktynyn-alamatlary.html
1 лайков 210 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
20 фев 2024, 16:19

"Dogabitdi alyn ýürek ara germew deffekti" bolanda,sada dilde düşündirilişi nähilika şunuň?

Jacksparro
Автор 20 фев 2024, 16:33

  bu soragyň jogabynam tapjak bolaýyn saglyk.orgda bardyr belki...

Güller
20 фев 2024, 19:27

Dogabitdi ýürek keseli (CHD) ýüregiň we / ýa-da dogulandan bäri bar bolan uly gan damarlarynyň gurluşynda kemçilikdir. Kemçilikleriň köpüsi ýüregiň içindäki ýa-da uly (BCC) we öýken aýlanyşygy (PCC) arkaly gan akmagyna zyýan ýetirýär.

"Врожденный порок сердца". Çagalaryñ arasynda iñ köp ýaýran patologiýalaryñ biri!

Dowsypat
20 фев 2024, 19:52

@GüllerGül.Hasiyetnamasy nahilika?Howply zatmyka?

Jacksparro
Автор 20 фев 2024, 21:38

  Paroh serdse bolar-da häsiýetnama şu howpsuz bolarmy? Soragyň dagy nähili?

Dowsypat
20 фев 2024, 22:12

Paroh serdse bolar-da häsiýetnama şu howpsuz bolarmy? Soragyň dagy nähili?

Eger mekdepde medisina sapagy bolanda,mugallymlar maňa ikinem utanyp goýardylar.Has içgin maglumat almak isleýän.

Güller
21 фев 2024, 01:26

Bilmeýän zadyñy soramak aýyp däl! Gysgaça maglumat bereýin:

Kliniki ýüze çykmalar ýürek näsazlygynyň görnüşine we agyrlygyna baglydyr.  Alamatlar köplenç durmuşyň irki döwürlerinde ýüze çykýar, ýöne käbir dogabitdi ýürek keselleri ömrüň dowamynda kesgitlenmän galyp biler. Käbir çagalarda hiç hili alamat ýok, beýlekilerde dem gysmak, sianoz, huşsuzlyk, ýürek nägilelikleri, el-myşsalaryň ösmezligi, işdäň pes bolmagy ýa-da gysga boý we ýygy-ýygydan dem alyş ýokançlyklary bolup biler.  Dogabitdi ýürek kemçilikleri bolan ýürek nägilelikleri, adaty bolmadyk gurluşy sebäpli ýüze çykýar.  Olary auskultasiýa arkaly kesgitläp bolýar, ýöne ýürek nägilelikleriniň hemmesi dogabitdi ýürek kemçilikleri sebäpli ýüze çykmaýar.


SIANOZ* endamyñ bölekleri "gök" reñk bolýar. (Цианоз-синюшность)


Dogabitdi ýürek kemçiligi bolan çagalarda burun-dodak üçburçlygy "gök" reñkde bolýar(носогубный треугольник)

Jacksparro
Автор 21 фев 2024, 08:40

gödegiräk teswir ýazypdyryn öýdýän, I'm sorry.

Jacksparro
Автор 21 фев 2024, 08:40

gödegiräk teswir ýazypdyryn öýdýän, I'm sorry.
  
 

DonMaxx
21 фев 2024, 08:51

Ayallarda yurek bamy name

Güller
21 фев 2024, 10:38

Hawa-la))