Ahal ýigidi
AHAL ÝIGIDI
Ýigitleň içinden saýlap söýünim,
Agaç etlim, uzyn boýly diregim.
Wah, bir gün görmesem ýanar ýüregim.
Asly nurdan, Ahal ýigidin söýdüm men.
Ahal ýigidi söýgiň bilen köseýäň.
Men ne beýle mydam seni küýseýän.
Seň mähriňi, seň goýnuňy küýseýän.
Şeýle üýtgeşik, Ahal ýigidiň söýdüm men.
Adam ata-How enäniň namysy
Söýgüni jüp eden Nuhuň gämisi
Metjidiň mähraby, münberhanasy,
Maňlaýyma togap edip söýdüm men.
Ahal ýigdi sen, ne beýle üýtgeşik.
Özüm bagtly saýdym saňa sataşyp.
Söýüşip, guçuşyp, oýnap - gülüşip,
Seni söýüp, täze dünýä indim men.
Bir mukaddes Ene seni döreden,
Köp görmesin kesämizden sereden.
Indi, senden aýyrmasyn ýaradan,
Aşygym sen, Leýliň bolup söýdüm men.
Wah kelle göçgünli burnum howaly
Gel, ezizim, söýgimizi goraýly
Görip güldürmäli oýnap güleli.
Goýny dört pasyllym, seni söýdüm men.
Üýtgeşik sypatly geliniň ýary.
Bagş edeýin bakjamdaky enary,
Gözlem ýolda goýma, gel maňa sary,
Ýola çykyp, ýoluň gözläp söýdüm men.
Mejnunym sen, menem Leýliň bolaýyn,
Ak göwsüm üstünden jaýlar bereýin.
Nesip etse baky döwran süreýin,
Döwran bolup, arman bolup söýdüm men.
Şeýle üýtgeşik Ahal ýigdin söýýän men
Asly nurdan, Ahal ýigdin söýýän men.
Aýdymy: Leýla Şadurdyýewa
Sözi: Orazbibi Mälikguly gyzy
Ýigitleň içinden saýlap söýünim,
Agaç etlim, uzyn boýly diregim.
Wah, bir gün görmesem ýanar ýüregim.
Asly nurdan, Ahal ýigidin söýdüm men.
Ahal ýigidi söýgiň bilen köseýäň.
Men ne beýle mydam seni küýseýän.
Seň mähriňi, seň goýnuňy küýseýän.
Şeýle üýtgeşik, Ahal ýigidiň söýdüm men.
Adam ata-How enäniň namysy
Söýgüni jüp eden Nuhuň gämisi
Metjidiň mähraby, münberhanasy,
Maňlaýyma togap edip söýdüm men.
Ahal ýigdi sen, ne beýle üýtgeşik.
Özüm bagtly saýdym saňa sataşyp.
Söýüşip, guçuşyp, oýnap - gülüşip,
Seni söýüp, täze dünýä indim men.
Bir mukaddes Ene seni döreden,
Köp görmesin kesämizden sereden.
Indi, senden aýyrmasyn ýaradan,
Aşygym sen, Leýliň bolup söýdüm men.
Wah kelle göçgünli burnum howaly
Gel, ezizim, söýgimizi goraýly
Görip güldürmäli oýnap güleli.
Goýny dört pasyllym, seni söýdüm men.
Üýtgeşik sypatly geliniň ýary.
Bagş edeýin bakjamdaky enary,
Gözlem ýolda goýma, gel maňa sary,
Ýola çykyp, ýoluň gözläp söýdüm men.
Mejnunym sen, menem Leýliň bolaýyn,
Ak göwsüm üstünden jaýlar bereýin.
Nesip etse baky döwran süreýin,
Döwran bolup, arman bolup söýdüm men.
Şeýle üýtgeşik Ahal ýigdin söýýän men
Asly nurdan, Ahal ýigdin söýýän men.
Aýdymy: Leýla Şadurdyýewa
Sözi: Orazbibi Mälikguly gyzy
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.