Filip II Makedonly
Höküm sürdi: B.e.öñ 359 ý.- b.e.öñ 336 ý.
Özünden öñ: Perdikkas III
Özünden soñ: Aleksandr Makedonly (Isgender Zülkarneýin)
Aýallary: Awdata, Pile, Nikesipol, Pilinna, Olimpi, Meda, Kleopatra Makedonly, Ýewrydik.
Ogullary: Kynan, Filipp III, Aleksandr Makedonly, Kleopatra Makedonly, Zessalonika Makedonly, Ýewropa, Karan
Ady: Filipp/Φίλιππος/
Hanedany: Arged hanedanlygy
Kakasy: Amyntas III
Ejesi: Ýewrydik
Doguldy: B.e.öñ 382 ý. Makedoniýa, Pella.
Ölümi: B.e.öñ 336 ý (46 ýaşynda) Makedoniýa, Wirjinada jaýlanyldy.
Dini: Antik Ýunan (grek) dini. Filip II (Philippos; B.e.öñ 382 – B.e.öñ 336 ý.), Makedoniýa patyşasy. B.e.öñ 359-njy ýylda Makedoniýanyñ tagtynda gurnalan dildüwşigiñ pidasy bolýança ýurduny dolandyrdy. Ýunan döwletlerini içinden sarsdyran, bütin Ýunanystany öz häkimýeti astyna alyp ogly Aleksandr Makedonskiniñ hökümdarlygyna uly ýol açdy. Ýaşlygynda Zebaý şäherinde bolup meşhur serkerde Epaminondasdan söweş tilsimlerini öwrenýär. Makedoniýa tagtyna Filipden öñ agasy Perdik çykdy. Emma B.e.öñ 359-njy ýylda dagynyk taýpalaryñ gozgalañy netijesinde Filip II patyşa boldy. Wagt ýitirmän özüne gulak asýan egindeşleri bilen Makedon goşunyny toplaýar. Dagda ýaşaýan taýpalary boýun egdirip, olaryñ üstünden ýeñiş gazandy. Makedoniýanyñ serhetlerini giñeltdi. Şäher aralaryndaky düşünişmezliklerden peýdalanyp Ýunanystanda hökümdarlygyny gurmak üçin köp işler bitirdi[1]. Makedoniýanyñ ilaty grek hatyny peýdalanypdyrlar, teatr gurupdyrlar, grek şahyrlaryny we suratçylaryny çagyryp getiripdirler. Patyşa Filipiñ çagyrmagy boýunça, grekleriñ beýik alymy Aristotel, onuñ üçünji ogly Aleksandryñ mugallymy bolupdyr. B.e.öñ IV asyryñ ortasynda makedon patyşasy Filip II-niñ geçiren ilkinji çäresi, ol hem pul özgertmesidir. Makedoniýada altyn çykýan baý ýerleriñ bolmagy, Filip II-ä tylla teññeleri zikgelemäge mümkinçilik beripdir. Täze zikgelenen altyn pullar pars dariklerini bazarlardan gysyp başlapdyr we makedonlylara uly girdeýji getiripdir. #Harby goşun: Filip II güýçli goşun döretmek üçin harby özgertmeleri geçiripdir. Pyýada goşun, esasan, daýhanlardan hem çopanlardan düzülipdir. Her bir esgere kellä geýilýän tuwulga, tegelek galkan, gysgajyk gylyç we alty metrlik naýza berlipdir. Makedonlylarda 16 hatardan ybarat goşun düzülipdir. Iñ oñat ýaraglanan goşun makedon aristokratlarynyñ atly goşuny bolupdyr. Goşunyñ belli bir möçberi hakynatutma esgerlerden düzülipdir we oñat ýaraglandyrylypdyr. Makedoniýada altyn, kümüş pullaryñ çykarylmagy patyşanyñ häkimiýetini berkidipdir. Netijede bolsa, kuwwatly Makedon häkimiýeti (monarhiýa) emele gelipdir. Makedon patyşasy pese düşen grek şäherlerini yzly-yzyna basyp alyp başlaýar. Filip II şäherlileriñ bir bölegini berim-peşgeş bilen öz tarapyna çekýän wagtlary seýrek bolmandyr. Baýlar garyplaryñ talañçylygyndan dynmak üçin makedonlylara tabyn bolanlaryny kem görmändirler. Grek şäherleriniñ köpüsi ýurdy halas etmegiñ ýeke-täk çykalgasy, Makedoniýa meýletin tabyn bolmaklyk diýip düşünipdirler. Olar makedon hökümdarlaryny ähli grekleri birleşdirip, olar bilen bile pars patyşasynyñ garşysyna ýöriş etmäge çagyrypdyr. Emma Afinyda Filip II-niñ barlyşyksyz duşmanlarynyñ biri bolan dilewar Demosfen halk ýygnagynda Filip II-ni basybalyjy hökmünde paş edipdir. Demosfen: ''Biz urşa taýýarlanmaly. Hatda ähli beýleki ellinler gul bolmaga razy bolaýanlarda-da, biz azatlyk ugrunda göreşmelidiris'' diýip, ol halka ýüz tutupdyr. B.e.öñ 338-nji ýylda Heroneý şäheriniñ ýanynda Filip II-niñ goşunyna garşy aýgytly söweş bolupdyr, Demosfen ýönekeý urşujy bolup söweşipdir. Emma gowy ýaraglanan makedon goşuny olary ýeñipdir. Heroneýde bolan söweş netijesinde bütin Gresiýa Filip II tabyn edilipdir. Şol döwürde ýazylyşy ýaly ''Heroneý söweşinde wepat bolanlaryñ meýitleri bilen grekleriñ azatlygyda ýere gömülipdir''. Gündogarda ýörişe taýýarlyk görülýän wagtynda Filip II öz ýakyn adamlarynyñ biri tarapyndan b.e.öñki 336-njy ýylda öldürilipdir. Patyşanyñ penakärleri Filipi öldüreniñ yzyndan kowup ony jezalandyrypdyrlar[2]. Filip öleninden soñ onuñ tagtyna ogly Aleksandr geçipdir.
Çeşme:
1. https://tr.m.wikipedia.org/wiki/II._Filip_(Makedonya_kral%C4%B1)
2. B. Esenow. Gadymy Dünýä Taryhy V (okuw kitaby)2009. Sah-173-176.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.