Seksual sowuk salalyk /+18/
Seksual islegi döredýän bir tarapdan jyns mäzleriniň önümi bolsa, başga bir tarapdan psihiki işdämenlik bolup, ýöne munuň ýüze çykmagynda ýene-de birnäçe sistemalaryň işi gatnaşýandyr. Seksual islegiň esasy maksady söýmek, söýdürmek, bir jan-bir ten bolup, seksual gatnaşykdan iki taraplaýyn lezzet alyp, «ýüküňi ýeňledip», meýmiremekdir.
Erkekleriň aýal maşgala bolan gatnaşyklary käte gödek, sabyr-takatsyz bolýar. Zenanlaryň erkeklerden tamasy bolsa, düýpgöter başgadyr. Olar özleriniň bagra basylyp, ezizlenmegini isleýär. Sabyr takatly iki taraplaýyn tä eräp-akyp barylmak ýagdaýa çenli öpüşme, soňraky seksual gatnaşygy ýiti derejede, mähirli geçirýär. Iki taraplaýyn alnan lezzet, soňam ýürekleri küýsedip durýar.
Seksual gatnaşyga bolan isleg hemme aýal maşgalada deň-derejede bolmaýar. Käbir aýallarda frigidlik – seksual isleginiň, gyjynmasynyň parhsyzlygy, lezzet alyp bilmezligi ýaly ýagdaýlar duş gelýär. Seksual sowuk-salalyk wagtlaýyn hem, mydamalaýyn hem bolup biler. Seksual sowuk-salalyk ilkibaşda ýa-da soň-soňlar hem döräp biler.
Seksual sowuk-salalygy döredýän sebäpleriň esasylary şulardyr:
– Kämilleşmek döwründe seksual ösüşiniň formirlenmesiniň gijä galmagy sebäpli dörän seksual sowuk-salalyk, munuň soň-soňlar kadalaşmagy mümkin.
– Ýygralyk sebäpli, bu ýaşlykdan utanjaň, ýygra, seksual gatnaşygy hakynda dogry informasiýa almadyk zenan maşgalalarda bolýar. Olar diňe soň-soňlar seksual lezzeti duýup başlaýarlar.
– Kesel zerarly dörän seksual sowuk-salalyk. Bu dürli keseller bilen baglanyşykly bolýar. Beýniniň, oňurga-ýiliginiň, içki mäzleriň, ginekologiýa keselleriniň, her hili zäherlenmäniň, yzygiderli surnukdyryjy agyr iş, ukusyzlyk, aç- horluk, witaminleriň we mikroelementleriň ýetmezçiligi we şuňa meňzeşler seksual sowuk-salalyga getirip bilýär.
– Erbet psihiki täsirlerden dörän seksual sowuk-salalyk, ärine haýsy hem bolsa bir sebäpden pisindi oturmazlykdan, ýüreginiň almazlygyndan, durmuşa çykmazdan ozal oňa bolan ynamynyň ödelmezliginden, bile uzak ýaşap biljekdigine ynamsyzlykdan, ýanýoldaşynyň birinji gije özüni gödek alyp barmagyndan we beýlekiler bilen baglanyşykly döräp biler.
– Nesil yzarlaýan seksual sowuk-salalyk, dogabitdi psihoseksuallygyň doly däldigi, ýetmezligi bilen häsiýetlendirilýär. Bu hili sowuk-salalyk aýal maşgalalaryň 15-20 göteriminde dagy bardyr. Şeýle zenanlarda şu ýetmezçilikden başga kemçilik bolmaýar diýen ýalydyr. Olaryň ähli zenana mahsus synalary sagat bolýar. Ähli zenanlar ýaly, öz ärini söýýär hem, gül ýaly, öz çagalaryna seredip, öý- içeriniň aladasy bilen ýaşap ýörýärler. Olar hiç haçan är-aýal gatnaşygyndan lezzet almaýarlar, almalydyr hem öýtmeýärler. Käte olara, «seksual lezzet almaýan bolsaň, äriň gowşakdyr, ondan hem durmuş bolarmy» diýip, gep berýänler-de tapylýar. Şunuň netijesinde maşgalada agzalalygyň döräýmegi-de mümkin. Seksual sowuk-salalygyň bu görnüşinde aýal maşgala erkek nähili güýçli bolanda-da, hiç haçan lezzet almaýar.
Şu hili zenanyň äri ―meniň gelnim şeýle ýagdaýda‖ diýip, gam çekip hem ýörmeýär. Şu ýagdaýa soň-soňlar uýgunlaşyp, oňa kän bir üns bermeýär. Ýöne käbirleri welin, men aýalyma lezzet berip bilemok diýip, özlerini günäkärläp, gam çekip, psihikasyna agram salyp, newroz keseline duçar bolýar. Käsi bolsa, aýalym menden lezzet alyp bilenok, onda ol başga birinden ony alýan bolmagy ähtimal, bolmanda-da ol uzak wagtlap lezzet alman oňly gezip bilmez diýip, özüniň ýüregini çişirip, howsala düşüp, gaban-gaban bolup, gelnini yzarlap, nähak ýerden igenip, urup-sögüp, azar ýamanyny berýär.
Meniň aýalym «gyzgyn däl», «ýanaşygyň gadyryny bilmeýär» diýip, aýrylyşyp ýörenler-de bolýar.
Seksual sowuk-salalygyň şu aşakdaky görnüşleri bolýar:
- lezzet almaýanlar;
- gowşak lezzet alýanlar;
- çala lezzet alýanlar;
- çalaja lezzede meňzeş täsiri duýýanlar;
- käwagtlar çalaja lezzet alýanlar;
- seksual islegi juda güýçli, ýöne lezzet alyp bilmeýänler.
Seksual sowuk-salalygy aradan aýyrmak üçin şu aşakdaky şertler zerurdyr:
- ýaşlykdan dogry seksual gatnaşyk barada düşünje almak;
- söýşüp durmuş gurmak;
- şu meselede birek-birege dogry düşünmek;
- seksual gatnaşygynda lezzet alar ýaly ýarym sagat birek-biregi gyjyndyrmak;
- ünsi sowujy ýagdaýlary aradan aýyrmak;
- günüň dowamynda näçe köp seksual gatnaşygynyň ajaýyplygy, onuň möhümligi, onsuz dünýäniň gyzygynyň ýoklugy barada oýlanmak, ünsüňi şoňa bermek.
Artyknur NOHUROW
Aşgabat NOHUROW.
''MAŞGALA PSIHOLOGIÝASY'' kitap.
2011.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.