Amalia Gulmyradowa
Türkmenistanyñ meşhur ýaş bagşysy Amalia, hakyky ady Amansoltan Gülmyradowa. Ýaş bolmagyna garamazdan aýdymlary bilen hemmäni jadylan Amalia 1998 nji ýylyñ 2 nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Onuň maşgalasynda ýedi adam bar.
Amalia ady (nigi) aslynda aýdymçy bolanynda almandyr. Kiçiliginden bäri aslynda tanyşlary Amalia diýip ýüzlenýär eken. Özi gaty gaharjañ däl, häsýeti ýumşak, biraz howlukmaç häsýeti bar.
Mekdepde hem Amalia höwesjeñ, ökde, başarjañ okuwçy bolupdyr. Mekdepdekä öz aýtmagyna görä 1 nji synpdan 9 njy synpa çenli diñe gowy bahalar bilen okapdyr. Soñra aýdym saz sungaty bilen gyzyklanyp okuwyny biraz ünsden düşüripdir. Iñ gowy görýän sapagy taryh eken. Geçmişimizi, taryhymyzy öwrenmäni halaýan eken.
Ady beýgelip başlanyndan soñ ençeme gitjek bolýan ýerlerine gidip bilmändir.
Kiçiliginden bäri aýdym saza bolan höwesi bar eken.
Amalia ilkinji bilen 2016 njy ýylda Azat Dönmezow bilen aýdym aýdypdyr soñ ýuwaş ýuwaş her ýerde tanalmana başlapdyr. Özüniñ aýtmagyna görä kiçi wagtlary tanaljak bolup aglap ýatýan wagtlary hem bolýar eken.
Ýenede öz aýtmagyna görä söýgülsi ýok. "Bir erkekde öz pikiriñ boýunça 3 sany bolmaly zat ?" soragyna ol "Meni sylasa, gorasa we ene atany sylasa boldy artykmaç zat gerekdäl"diýip jogap berdi. Firýuza bilen sögüşe bolsa Amalia 2 söz bilen jogap berdi "Ulylaryñ etmeli işlerini men etdim"
Amalia halka çykmanka burnuny Türkiýede operassiýa etdiripdir.
Amalianyñ aýtmagyna görä her aýdymynyñ üstünde höwes bilen köp wagtlap işleýär eken. Şuwagda çenli çykaran aýdymlaryndan hiç birini erbet görenok eken. Ol bu barada "Erbet gören aýdymlarymy halka çykaramok, sebäbi öz ýüregiñden çykmadyk zat halkyñam göwnüne ýaramaýar" diýip jogap berdi. Her bir zadyñ öz ýagysy bar diýlişi ýaly, Amalianyñ hem "haterleri" az däl, ol bu barada bolsa "Gowy görýän muşdaklarymyz biziñ her bir aýdymymyzy diñleýär, ýöne haterler biziñ aýdymlarymyzdaky ýalñyşlarymyzy ýazýar, menem şony gowy görýän, soñ indiki gezekde şo ýalñyşy gaýtalamajak bolýan" diýdi. Käbirlerine görä egoist (öz diýenli) bolsada öz işinde gaty ökdedigi mälim.
Meşhur aýdymlary: Bagtly Gözýaş, Günäkärmi Men, Dumanlanyp, Oda men, Aýdyň oňa, Mähriban Ejem, Ýadadym Senden, Ýok Ýok, Söýmerin,
Çeşme:https://tk.m.wikipedia.org/wiki/Amalia_(Amansoltan_G%C3%BClmyradowa)

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.