Adamlaryň häsiýeti täleynama boyunça...

Hamal (Guzy 21.03-20.04)
Hamallaryň esasy aýratylyklary olaryň dostlukly bolmaklarydyr. Olar öz söýgüsini bagryna basmak arkaly geçirýärler. Olar öz ýüregindäki bar söýgüsini şol kişa siňdirýärler we bu şübhesiz hakykat bolup durýar.

Sowur ( Öküzçe 21.04-20.05)

Sowurlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri olaryň pähim-paýhasly bolmagydyr. Olar daşyndan sada görünselerde baýguş kimin syn edýärler. Bu ýyldyzda doglanlar örän asuda hem pikire batyjy bolýarlar.

Jöwza ( Ekizler 21.05-21.06)

Jöwzalaryň esasy ukyby olaryň çyn ýürekden söýüp bilmegidir. Eger olar birini gowy görseler olar ony ruhynyň her bir bölegi bilen gowy görýärler. Olary sylaýarlar we olar hakynda alada edýärler. Jöwzalaryň durmuşynyň bölegi bolan her bir adam özüni aýratyn hasaplaýar.

Seretan ( Leňňeç 22.06-22.07)

Seretanlaryň wajyp tarapy olaryň gaýduwsyzlygydyr. Olara edilen dönikliklere garamazdan olar öz duýgularynyň yzydan gitmek üçin ýeterlik derejede batyrdyrlar.

Eset ( Ýolbars 23.07-23.08)

Esetler hakykatçyldyrlar. Olar adamlara öwgi sözlerini aýdyp ýaranjaňlyk etmeýärler. Olar üns merkezinde bolmakdan has-da ýokary zatlara mynasypdyrlar.

Sünbüle ( Gyz 24.08-23.09)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüniň mähirliligi bilen tapawutlaýar. Biz olara ýyldyzlaryň arasynda iň mähirliler diýsek hem ýalňyşmarys. Sünbüleler tankyt edip bilmegine garamazdan, has köp diňlemegi makul bilýärler.

Mizan ( Terezi 24.09-23.10)

Mizanlar beýleki ýyldyzlara garanyňda has kaşaňdyrlar. Olar öz hereketlerini görmegeý hem owadan ýerine ýetirýärler. Olaryň duýgurlyk derejesi esasynda olar dürli ýagdaýlarda nähili alyp barmalydygyny bilýärler. Olar öz ýylgyryşyny daş-töwerege paýlaýarlar.

Akrap ( Içýan 24.10-22.11)


Emosional akraplar dürli duýgyny başdan geçirýärler. Olar öz söýgüsini, aladalylygyny daş-töwerege bildirmeýärler. Onuň içki düýäsindäki bolup geçýän duýgulary onuň durmuşynyň iň wajyp adamy biler.

Kowus (Keman 23.11-21.12)

Kowuslaryň näme gowy görýändikleri iň bir çylşyrymly zatlaryň biridir. Olaryň durmuşy erkin hem-de garaşsyz bolmakdan ybarat bolup durýar. Maşgala kowuslara iň wajypdyr. Egerde kimdir biri kowuslaryň ýüregine giren bolsa olar şol ýerde baky galýarlar.

Jedi ( Owlak 22.12-20.01)

Bu ýyldyzda doglanlar özüniň rehimliligi bilen tapawutlanýarlar. Hakykaty aýtsak olar hemme zady gowy etmek isleýärler. Hatda olar adamlar bilen gürleşende hem has rehimli, açyk hem mylakatly bolýarlar.

Daluw ( Gowa 21.01-20.02)

Daluwlar suratçydyrlar. Ýöne beýle diýildigi olaryň surat çekýändiklerini aňlatmaýar. Olaryň aň-düşünjeleriniň özi bir sungatyň bölegi bolup durýar. Daluwlaryň dünýäni tutyşlygyna ýa-da bölekleýin görýändigine garamazdan, olar eden işlerini döredijilikli edýärler.

Hut ( Balyk 21.02-20.03)

Hutlaryň esasy aýratynlygy olaryň dogruçyllygydyr. Olar öz ýakynlaryna hakykatyň nähilidigine garamazdan göni aýtmagy makul bilýärler. Käwagtlar adamlar olaryň jogaplaryny hakykat dälde olary köşeşdirmek üçin aýdylan sözdür diýip pikir edýärler.
8 лайков 523 просмотров
59комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
10 дек 2021, 18:39
Nairobi,
Men noýbajygy söýýän diýemok....
Gaýybana gyzym edindim bar bolany şol....
#B.S
10 дек 2021, 18:39
Kowuslaryň näme gowy görýändikleri iň bir çylşyrymly zatlaryň biridir. Olaryň durmuşy erkin hem-de garaşsyz bolmakdan ybarat bolup durýar. Maşgala kowuslara iň wajypdyr. Egerde kimdir biri kowuslaryň ýüregine giren bolsa olar şol ýerde baky galýarl

Ýúreginde baky galya diyen yeri yalnysh galany dogry...
Aýnur
Автор 10 дек 2021, 18:39
Цитата: geçip barýaka sowlan
Sowurlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri olaryň pähim-paýhasly bolmagydyr. Olar daşyndan sada görünselerde baýguş kimin syn edýärler. Bu ýyldyzda doglanlar örän asuda hem pikire batyjy bolýarlar.

Pähim paýhas nirden bolsyn oñ ýerine dälilik bar. Ýok sada görnemok aýy ýaly gazaply tilki ýaly mekir baýguş däl....
Asudada däl gaýta tersine mydama howlukmaç....

Haýý Ýurijik .......)
Leyli Amanowa
10 дек 2021, 18:41
meňki polnyy dogry
Ýury
10 дек 2021, 18:41
Meñki ýalñyş didimä.....Mona Songz,
IDEALLIDER
10 дек 2021, 18:42
Meňki dogry??
Ýury
10 дек 2021, 18:42
Unytmañ doga milletparaz adamlarda söýgi hiçhaçan bolmaz....
#динара.
10 дек 2021, 18:44
Цитата: Nairobi
Waow geliň haysyňyzy bagryma basayyn? Gudratly gyz ekenimä)

Menem hamal
Aýnur
Автор 10 дек 2021, 18:47
Цитата: geçip barýaka sowlan
Unytmañ doga milletparaz adamlarda söýgi hiçhaçan bolmaz....

Senem milletparazmyna?
Ýury
10 дек 2021, 18:49
Elbetde...
Ýöne men milletparazlyk edip kemsitmedim....
Men mährimi hemmä deñ paýlaýan milletparazlyk edemok.....
Diñe ýanýoldaş we söýgi temada milletparazlyk edýän.....Mona Songz,
Ogulşirin Bayramowa
10 дек 2021, 18:49
Gowja gep edeňzogaý
Aýnur
Автор 10 дек 2021, 18:51
Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
Gowja gep edeňzogaý

Şony ayt
Ýury
10 дек 2021, 18:52
Aý birni kemsidemzok bollygy borda....ähli milletlerem adam ählisem türkmen ählis dogan....Ogulşirin_Bayramowa,
Ogulşirin Bayramowa
10 дек 2021, 18:53
Цитата: geçip barýaka sowlan
Aý birni kemsidemzok bollygy borda....ähli milletlerem adam ählisem türkmen ählis dogan....Ogulşirin_Bayramowa,

Maňa diyyäňmi?
Ýury
10 дек 2021, 18:56
Opşy didim......Ogulşirin_Bayramowa,
Ogulşirin Bayramowa
10 дек 2021, 18:57
geçip barýaka sowlan,
Hmm. Ok
Ogulşirin Bayramowa
10 дек 2021, 19:01
Yazyňdaa cilimkesh
Ýury
10 дек 2021, 19:06
Näme ýazaly....doganymyñ ýegeni....Ogulşirin_Bayramowa,
Ogulşirin Bayramowa
10 дек 2021, 19:11
geçip barýaka sowlan,
Roman.
Mechta
10 дек 2021, 20:19
Hamallan gadryny bilin wara :)
Leyli Amanowa
10 дек 2021, 20:34
felicita,
şu sözuň un lyublyu seni was
- Dani
10 дек 2021, 21:04
felicita,
Феличитамы сенин никин? Мен мурка атлы пишигиме Феличитам озимин дп гуджаклаян.хэхэхэ
Remezan
10 дек 2021, 22:42
Meniňki gönüden-göni dogry. Paýlaşanyň üçin hem sagbol :-)
DonMaxx
11 дек 2021, 09:24
barde menki yok((
Enegul
11 дек 2021, 09:30
Mnm hamal hihi
Nury
11 дек 2021, 09:46
Wehhh
Ejegyz.
11 дек 2021, 10:09
Ekizler
Wampir
11 дек 2021, 10:25
Mona Songz,
Mende ekiz
Döwlet Şöhradow
21 дек 2021, 02:24
Meňki gyz, sünbüle (дева)