Geliň, bagyşlamagy öwreneliň.

Begenmek.

Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr.
Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek äberiň. Diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys. ”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden ýokardakylary görýär. Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele şonda. Geliň,çagalardan begenmegi öwreneliň. Şükür etmegi öwreneliň. Şonda durmuşymyz reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.

Bagyşlamak

Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler. Biz näme? Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar. Ýüregmizde şol öňki kineleri göterip ýörüs. Soňam şol kineler ýürege agram salyp ýüregagyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar, biz başaramzok, kiçilik bilýäs bagyşla diýmegi. Biz näme eýsem Alladanam beýikmi? Ýok,elbetde ýok. Onda näme? Onda näme üçin bagyşlamaly däl? Geliň, bagyşlamagy öwreneliň. Şonda özümiziňem bagyşlanmak mümkinçiligimiz artar. Şonda biziň jemgyýetimiz öňküsinden has öser, has beýgeler.

Hyzmat etmek.

Çagalara bir jäjek,oýunjak sowgat berip görüň, çaga üçin senden gowy adam ýok. ”Bar köşegim ony al, muny äkit” diýseň ylgaşlap,näme diýseň edip ýörendir. Eýsem bize şunça zatlary peşgeş eden Allaha näme üçin hyzmat etmeli däl? Jogap berip biljek ýok bolsa gerek. Bärde jogap berere zadam ýok. Biziň ýalňyşlygymyz. Ine bar bolany.
4 лайков 380 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
18 апр 2022, 00:00
"Meň ýeketäk halypam - Mukam Muhamow, şondan başgalaň sözi maňa gyzykly däl" diýýär.
Nazar
18 апр 2022, 00:00
Pegas,
Natdiñay
Hiayress
18 апр 2022, 00:00
Umuman türkmen poeziýasy ýaly türkmen Rep-em ejiz, ösmedik, göýdik.
Hiayress
18 апр 2022, 00:02
Pegas,
Aý garaz düşnükli, edebiýatsöýer dälde, muşdaksöýer şahyrda.
Pegas
18 апр 2022, 00:02
Цитата: Hiayress
Pegas,
Aý garaz düşnükli, edebiýatsöýer dälde, muşdaksöýer şahyrda.

Şöhratparaz.
Telwas
Автор 18 апр 2022, 00:09
Adam pahyr nahar iýip otyrka-da bir gözi telefonda bir gözi naharda. 10minut şol telefonyn goýup dursan hiç zadam bolasy ýok.

(Başganyň sözi)
Nazar
18 апр 2022, 00:12
24-de Kerim Hally diydirdiñ diyen gosgysyny okady welin jynym shul bolaydy
Telwas
Автор 18 апр 2022, 00:12
FanB,
Bu gezek sen giň bol! :)
arsi
18 апр 2022, 00:14
kerim Hallyn ustunden dyshyanizow
Nazar
18 апр 2022, 00:15
Nirvana,
Sagbol.
Birinji gezek sypatyny goremde jynym atlandy
Maksat
18 апр 2022, 01:00
Bagyşlamagam bir ýere çenlidir. Eýnşteýn diýenmişin (Aslynda Eýnşteýniň sözi däl) bir ýalňyşy köp gezek gaýtalasaň akmaksyň. Bu ýerde-de yzygiderli bagyşlap durmak gerçek bir ýigide we akly başynda zenana gelişjek zat däl.
My life
18 апр 2022, 01:04
Kerim Hallyñ adamcylygy barada-ha bilemok welin yone kabir goshgylary gowy,nahilem bolsa zehin bar.
Telwas
Автор 18 апр 2022, 01:05
Keaip_begcon,
Talyplardaly Begcon agzamy siz?
Telwas
Автор 18 апр 2022, 01:05
Talyplardaky*
My life
18 апр 2022, 01:06
Nirvana,
Peydaly gowy mowzuk eken.
Telwas
Автор 18 апр 2022, 01:07
My life,
Dogry aýdýaň atdaş. Şeýdip öwenem bolsun. Ogrylyk aýdymlara öwrenişdik, ogurlyk goşgulara-da öwrenişeris. :)
My life
18 апр 2022, 01:10
Islendik adam baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden ýokardakylary görýär. Peslere seredesem gelenok.
Beyikde wagty gownuni peslikde yuze cykaryp bilyan adam az-azdyr.
Shahan
18 апр 2022, 09:08
Gözüni gögertmeli. ondan soň bagyşlasaňam bolýa
Truthylover
18 апр 2022, 09:36
Audit1,
hihi Ştrafam bar onuñ
Truthylover
18 апр 2022, 09:38
Daşyñdan bagyşlan ýaly görünip bagyşlamaly dälleý psih3
My life
18 апр 2022, 10:12
Nirvana,
Hawa atdash, dogry.
My life
18 апр 2022, 10:13
Bumblebee,
Bah,indi bagyshlananyñada ynanyp boljak daldâ)))
Truthylover
18 апр 2022, 13:19
My life,
hihi bir gezek şans beryana adama soñ oñkuler yaly ynanmayan hatda ozume kyn bolsada