MÜSÜRE SYÝAHAT-1



Gawaýä gidip gelen agzalar, pylança wagtdan soň hem häkiň täsirinden çykyp bilmediler. Elbetde, syýahatyň yşgyna düşen adamlary bir ýerde daňyp saklasaňam olar eýder-beýder bir ýol tapar.
Mowzuk açyldy we pikirler orta atyldy. Her kim özüniň dürdäne pikirlerini orta atýardy. Maksat: nädip admini yrmaly? Hiç kim jübüsinden çykarjak däl, nu i ýok hem çykaraly diýlende-de, ýöne hälki syýahat etmek hyjuwy zerarly gije-gündiz çirim etmän geçirýärdiler.
Elbetde, Abbaddon bilen gepleşmekligi moder bendeleriň üstüne ýüklediler. Nirwana bilen Pegas bije çekdiler we netijede Abaddona jaň etmeklik ýene Pegasyň paýyna düşdi.
Türkmeniň ulusam bolma, kiçisem bolma, ortanjysam diýip pikir etdi-de admine aýlady. Ýagdaýlary düşündirdi. Abaddon hem “bor, bor” diýdi-de, teli goýdy (Sagaman sypsa kaýyl şulardan, diýleni diňläni diňlemedigi näbelli).
Abaddon: ýykarlar indi, gaçyp bilseň gaç iň soňkudan. 100 berseň 200 dilejeklerini-hä öňem bilýädim welin... hümm.. nätmeli, nätmeli.. Beýle wurreýligi indi bulara berip bolmaz, ýöne çagalaryň höwesini gaçyrmaýyn.
Bir salymdan soň: O! Ewrika! Şu gezeg-ä emlerinden geläýsem gerek. A to wäşşe bolup başladylar. Göreli bakaly, başarnyklaryny.
Admin bu gezek girdeji geljek tarapyna seretdi we bulary Müsür ekspedisiýasyna ugratmagy makul gördi.
Agzalaryň köpüsi nedawolny boldy. Dagy näme, Gawaýi nire, Müsür nire. Adada dynç almak nire, der döküp, janyňy orta goýup, gazuw-agtaryş geçirmek nire.
Höwesjeňler az bolmady. Içinde Granger ýaly saňky-suňkyraklar-a has hem, “Men” diýip duran boldy. Nämemişin adada dynç almagy halanokmyş, Ýegipty bolsa söýýämiş.
Garaz, çykdajy, lisenziýa we ş.m. işlerine Abaddonyň az wagty gitmedi. Saýtda Bildiriş goýdy:
Hormatly agzalar!
Minni-minni aýynyň 1-ne Aşgabat Halkara howa menzilinden Kaire uçjaklar ellerini galdyrsyn.
Aňyrda size pesok dynç alyşy ýokdur. Şonuň üçin mümkin boldugyndan pikirlenip karara gelmegiňizi ýatladýarys. Ýerine ýetirmeli missiýalaryňyz:
Başardygyňyzdan gymmatly artefaktlary (tapyndylary) tapyp bilmek we ynjytman gerekli muzeýlerine tabşyrmak.
Nirä tabşyrmalydygyny bolsa, özüm alada ederin we size soň habar ederin.
Bellik: Siziň islegleriňizi mundan artyk kanagatlandyryp bilmedik. Göwnän düşsün öňe, göwnemedige hem zorluk ýok.
Abaddon..


*****************************************************

2-nji nota

MerdanGeldiýew:
– Menem jana döz geleýin, merdana ýigit bolaýyn. Gulluga gidenimden Müsüre gidenimem gowudyr – diýäkgetdin, goşlaryny düwüşdirdi...

...Şol näbelli kalendardaky aýyň 1-i hem gelip ýetdi. Aşgabat Halkara howa menziline ähli agzalar diýen ýaly ýygnanyşdylar. Hat-da, gitjek däl diýenlere çenli gelipdir, geň. Öňki tanyş agzalar-a ýitigini tapan ýaly gadyrly salamlaşyp başagaý. Nätanşyraklar bolsa, äm-säm, “hihi” diýşen bolup durdular. Biraz gijä galypdyrlar ekeni. Birdenem başlandy, ine bir tut-ha-tutluk. Tüýs “Ýeke özi öýde” filmiň 2-njisini ýatlabermeli. Garaz, münüldi, sanlar dogry çykdy-ha etdiler. Bilmedik Kaire baransoňlar “Kewin ýok” bolsa. Her kim jora-jora-da, dost-dost oturmaşak.
Sallahlar bir ýerräkde oturdy, elbetde Dark wolf başga çete geçdi. Hiayress bilen Keaip begcon hem bile beýle çetde. Khanture bolsa, haýsy tarapa ýetjegini bilmän başagaý. Başardygyndan penjireden daşary seretmejek bolýar. Gümmezimtik zat görse-de bolanok. Togalagrak zatlara allergiýasy bar. Reska migreni tutýa. Soň barsyna iş bolýa.
Baýker, arkaç, mountain, mrokas, kwadrat kelle, Soho, Remezan dagylar hem bir ýerde, uçaryň ortaragynda oturdylar.
Ýaňky sallahlar – Pegas, Gost, FanB, Bendtner, Ötegçi, SadMan, Ahmedik_97, MerdanGeldiýew dagylaryň – hersi öz ýanyndan stýuardessalardan öz wkuslaryna görä birini “saýlandylar”. Beýle gözelleri synlamaga göz gerek. Olaryň birisi Dark wolfa artygrak seretdimi, nämemi, töwereginden geçeninde birden:
– Nememi, dogan, agaňyza meňzetdiňizmi? – diýip, ýüzüni aldy. Gyz allaniçigsi boldu-da, ötä gitdi. Baryp hem joralary bilen hyşy-wyşy...
Bendtner:
– Detka, naleý-da şto nibud po gorýaçeýe.
Ötegçi:
– Biraz mylakatlyrak soraýsana how. Jäniçge, bu ýaşuly gyzgynjak gök çaý guýaýyň diýýä. Özüňem 26-06-ýok alta aýlaý boş wagtyň, 66-lykdan tutdurýandyr ýesli ço...
Kind boy hem bulardan galmajak bolup bir zatlar aýdyp başlany hem şoldy welin, Soho:
– Ogul, biz seň ýaljakkak sümügimizi togalapjyk top edip oýnaýadyk. Gyzjagazlar seň uýaň ýaljak. Kitapjygyňy oka ballym – diýip sözüni böldi.

...Baryp düşdüler Kaira. Senýorita mylaýym ýylgyryp:
– Waý, daşaryň ýyljajykdygyny – diýdi.
Hemedany Senýorita, Mona Songz, wordless, Miss minnoş, Jeni, Xyivenia, Prenses04, Talyp gyz dagylaryň çemedanlaryna haýran galyjylyk bilen seredip:
– Gyzlar diýýän-ä, munça çemedana nämeler ýerleşdirip bildiňiz? Tolkuçka bir ýerinde durmy? – diýip ýylgyrdy. Gost olardan öňürtdi:
– Bu çemedanda bularyň biriniň sag aýaklarynyň joraplary bar. O çemedanda bolsa, çep aýaklarynyň joraplary. Soň bu çemedanda bolsa...
Hiayress:
– Näme üçin imenno şo çemedana sag aýagyň joraplary, muňa bolsa çepiň? Näme üçin ýerini çalyşmandyrlar?
Pegas:
– Biz bu ýere joraplarymyzyň ýa özümiziň taýymyzy tapmaga gelmedik. Gürrüňiňizi azaldyň-da, ýöräň – diýip, içinden hüňürdedi – dalba*ob Zews. Adamlary ikä bölen bolup. Men öz jorabymyň taýyny tapyp bilemok, öz taýymy nireden tapaýyn bl..t. Özi wagtynda hezil etdi-de...
Bular bu ýerde myhmanhana ýerleşip, bu günlükçe dynç alybersinler. Habary yzda galan Mümkin bilen dangerden alalyň.

Ýeke özi saýtda Mümkin öz-özi bilen gepleşip başlady. Birdenkä danger peýda boldy:
– Bir özüňdirin öýdüp oturma. Menem galdym.
– ...
– Bilediň puluny beriň diýdim. Häk, gnidalar diýsä. Mowzuga üns bermändirin. Girdeji gelmese çykdajy çykanok eken.
– ...

50 manatdan mugut sýuzanna bar. 1 metir 2 santy. Semizjelere iskitka. Howlugyň. Laçyn öýmeler dükany.

Pegas we mrokas myhmanhanada galdy we Gosty oglanlar topara baş edip belledi. Gyzlara bolsa, Nirwanady.
Uly turist awtobusyna münüp, niredesiň Giza, Heops diýip ýöräp ugradylar. Gaýdanlary bäri hemmeden ses çykdy, emma Germionadan salamdan başga ýeke-de söz çykmady. Dani, Rigel, Merýem dagylar özara gürrüň edip barýalar, Nirwana, My life we garaburç hem. Nirwana:
– Granger, munça goş alyp gaýtmalam däl ekeniňiz. Öýlänlik yzymyza myhmanhana gaýdyp barýas ahyry. Gazuw işine erte başlaýarys öýdýän ýalňyşmasam – diýip, Grangeri gepletmek isledi. Näler jogap beresi gelmese-de, geplemeli boldy:
– Bulag meniň gegekly kitaplagym. Aňygda gegek bolýa. Putewoditel dgewnemu Ýegiptu.
Düşnükli. Germiona “yr” diýip bilenok eken.

Dowamy elbetde bar.
12 лайков 481 просмотров
48комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
27 июн 2022, 17:17
Gitmanim gowy bolupdyr
ajy
27 июн 2022, 17:27
? 50 manatda mugt sýuzanalar nirde barka ol
ajy
27 июн 2022, 17:29
Müsürden yza gaýdyşyn aşgabatda Merdanam taşlap gaýdarys wogzalda, tapyr tupur äkiderler gulluga dalii
ajy
27 июн 2022, 17:31
Jokrap ýanyp durandyr müsür buwagt, aswalda ýumurtga çakyp iyibermeli dereje)
Öwreniji
27 июн 2022, 17:54
Aý gaty gowy boňupdyr, gülüp, gülüp gözüm ýaşaryp gitdi, entek gyzykly ýeri öňdedir. Sagbol elleriňe saglyk. Kim göwnüne alsada ýazyber. Menä haladym Gültäç mollumy goýmalyň ýöne.
Maksat
27 июн 2022, 18:03
Berekella gowy bolupdyr.:)
ajy
27 июн 2022, 18:13
nairobi hem galmasyn)
Telwas
Автор 27 июн 2022, 18:40
garaburc,
Bolýar. Başga ýatdan çykan barmy?


Agzalar ähliňize minnetdar!
Senyorita.
27 июн 2022, 19:14
Hiayress
senyorita.,
Näme üçin joraplaryňyzyň taýlaryny aýry-aýry çemodanlarda saklaýaňyz?! :)

Siz näme üçin gyzlaň işine gyzyklanýaňyz beh :))
Suleyman
27 июн 2022, 19:39
Mbäh, münenimden bir gyzyň ýüzüni alypdyryn. Gyzlara asla seretmeýän biri ekenim. Ýogsada men näme üçin barýarkam syýahata? ;)
Hiayress
27 июн 2022, 20:07
senyorita.,
Gyzyklanýanym üçin gyzyklanýan beh, näme üçin jorabyňyzyň her taýyny bir çemodana salýaňyz?! :)
Senyorita.
27 июн 2022, 20:11
Hiayress,
Bu gyzlaň syry aýtmak gadagan! :)
Telwas
Автор 27 июн 2022, 20:43
Dark_Wolf
Mbäh, münenimden bir gyzyň ýüzüni alypdyryn. Gyzlara asla seretmeýän biri ekenim. Ýogsada men näme üçin barýarkam syýahata? ;)


Gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge hemem Müsüriň ýyljajyk howasyndan ganmaga :)
Indiki bölümlerde seredip başlarsyňyz gyzlara, isleseňiz ;)
OrazMuhammet Aşyrow
27 июн 2022, 20:57
Nirvana hanym barymyzy aýaga galdyryp kowalap diýen ýaly Müsüre alyp gidipsiň welin mejbury ýagdaýda gazuw agtaryş işlerini etdirmekçi bolýana dälsiňdä, ahyrynda "Mumiýa" filimindäki Tutan Hamonyň mumiýasyna bir bölegimiz zawtrak, ýene bir bölegimiz obet, ýene bir ýaglyja bölegimizi bolsa užina hödürlejek bolýarmykaň diýen gorkymam bar...)))
Ötegçi
27 июн 2022, 21:44
Aljak bolup ýoren nomermi nirden bildiñiz obaly
Nazar
27 июн 2022, 22:58
Mmbaybahh :)
XYIVENIA
28 июн 2022, 12:45
Başlangyjy ýaman däl soñky bolumi nahili bolarka garaşýan.
XYIVENIA
28 июн 2022, 12:48
Mumiyany göresim gelýärdää