B TOPAR

B topar:

Granger

Hiayress

Esma

Remezan

Soho

1)Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy beýleki baýdaklardan bir üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar,ol tapawut näme?

2) Dünýäde ilkinji döredilen sport kluby haýsy?

3) Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady?

4) 1000 sany alyň, üstüne 40 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 30 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 20 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 10 goşuň! Näçe boldy?

5) Amerikanyň Indiana ştatynyň Uniwesitetiniň esasy kitaphanasy her ýyly 1dýum (2.54sm) aşak çöküp barýar. Sebäbi bolsa arhitektorlaryň we gurluşykçylaryň ýalňyşlygy üçin.

Sorag: arhitektorlar taslamada nämäni hasaba almandyrlar?

6)Haýsy kesel degende sürini karantina edip, keselli mallar otlanylýar?

7) Ýeňini tikseň... (Ene-mamalarmyzyň tikin tikilende aýdýan akyl beriji aýtgysynyn yzyny dowam etmeli)

8)Keçe ediljek ýüň ilki haýsy gural bilen işlenýär?

9) Kimler bilen nikalaşmak (öýlenmek) haram?

10) Sorag: "Şeýh, Müfti, Kazy" sözleriniň manysy näme we olar kimler?



Mowzuga diňe ýaryşa gatnaşýanlar teswir ýazyp bilýäler !
7 лайков 603 просмотров
50комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
24 июл 2022, 23:17
hany toparlap bashlanda
Öwreniji
24 июл 2022, 23:20
Esma
3 Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady?

"Ok" diýilýämikä anyk bilemok-da.

Şu jogabam dogrymyka diýýän
Esma
24 июл 2022, 23:22
Remezan
Ýeňini tikseň... (Ene-mamalarmyzyň tikin tikilende aýdýan akyl beriji aýtgysynyn yzyny dowam etmeli)

Ýeňini tikseň don bolar

Hemme köýnegem don bolmaly şeýle ýazylsa. Beýle dälmikä diýýän.
Ýanly köýnegiň ýeňini tikseň hökman ýanyny tikilýä. Şondan
"Ýeňini tikseň, ýanyny tik" diýilýändir belki...
Soho
24 июл 2022, 23:22
"Ok" Orsyetde yerleshyar
Öwreniji
24 июл 2022, 23:23
Granger
3. Кушка - Guşgy

Guşgyny Ok diýip atlandyrylýan ýeri bar taryhda
Telwas
Автор 24 июл 2022, 23:24
Jemläň indi jogaplaryňyzy, az wagt galdy.
Hiayress
24 июл 2022, 23:26
1) Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy beýleki baýdaklardan bir üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar,ol tapawut näme?
Jogap: 5 sany tegelek halkanyň şekili bilen.

2) Dünýäde ilkinji döredilen sport kluby haýsy?
Jogap: 1799 njy yylda Daniyaly Frans Nahtegal ilkinji hususy sport kluby esaslandyryar (Eger futbol kluby bolsa: Şeffild futbol topary, 1857-nji ýylda esaslandyrylan, lakamy "klub")

3) Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady?
Jogap: Guşgy, Murgab, Balamurgab ýa-da Ok. (haýsyny saýlaýas ýa-da galýarmy?!)

4) 1000 sany alyň, üstüne 40 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 30 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 20 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 10 goşuň! Näçe boldy?
Jogap: 4100

5) Amerikanyň Indiana ştatynyň Uniwesitetiniň esasy kitaphanasy her ýyly 1dýum (2.54sm) aşak çöküp barýar. Sebäbi bolsa arhitektorlaryň we gurluşykçylaryň ýalňyşlygy üçin.
Jogap: Kitaphana taslama edilende kitaplaryň agramy göz öňüne tutulmadyk, şonuň üçinem her ýyl 1dýum aşak çökýär.

6) Haýsy kesel degende sürini karantina edip, keselli mallar otlanylýar?
Jogap: Çuma keseli degse

7) Ýeňini tikseň... (Ene-mamalarmyzyň tikin tikilende aýdýan akyl beriji aýtgysynyn yzyny dowam etmeli)
Jogap: Ýeňini tikseň – ýanyny tik.

8) Keçe ediljek ýüň ilki haýsy gural bilen işlenýär?
Jogap: Saýgyç

9) Kimler bilen nikalaşmak (öýlenmek) haram?
Jogap: Oylenmesi haram - ejesi, enesi, mamasy, ayal jigileri, ayal doganlary, kakasynyn ayal jigi-doganlary, gyzy, gyzynyn we oglunyn gyzlary, ejesinin ayal jigi-doganlary (şuň anyk jogabyny aljak bolsaňyz "Muhteserden" iki sahypa kopiýalap ýapyşdyryp bilýän)

10) Sorag: "Şeýh, Müfti, Kazy" sözleriniň manysy näme we olar kimler?
Jogap: Şeýh - araplarda urugyň, tiräniň baştutany.

MÜFTI at, kön.s. Ýokary musulman ruhanylarynyň dini taglymatlaryny, şerigat kanunlaryny düşündirmek bilen meşgullanýan wekil.

KAZY at.1. Kazyýete gelýän işleri onuň mejlislerinde garamak arkaly çözýän wezipeli adam. 2. taryh. Şerigata esaslanyp, dawa çözýän adam.

Şeýh buýuryjy

Müfti şerigat çykaryjy

Kazy şerigat boýunça çözüji
Esma
24 июл 2022, 23:28
Hiayress,
8-nji ýüň darak däl. Ýüňi ilki saýylýar ahyry. "Saýgyç"
Hiayress
24 июл 2022, 23:29
Esma,
Düzetdim.
Hiayress
24 июл 2022, 23:30
Başga barmy düzediljek goşuljak, aýryljak zatlar?!
Harmony
24 июл 2022, 23:31
1. 5 sany tegelek halkanyň şekili bilen.
2. 1799 njy yylda Daniyaly Frans Nahtegal ilkinji hususy sport kluby esaslandyryar
Şeffild futbol topary, lakamam "klub" 1857
3. Кушка - Guşgy
4. 4100
5. Kitaphana taslama edilende kitaplaryň agramy göz öňüne tutulmadyk, şonuň üçinem her ýyl 1dýum aşak çökýär. Ähli kitaplary.
6. Mergi (Çuma)
7. Ýeňini tikseň don bolar.
8. Saýgyç, ýüň darak.
9. Oylenmesi haram - ejesi, enesi, mamasy, ayal jigileri, ayal doganlary, kakasynyn ayal jigi-doganlary, gyzy, gyzynyn we oglunyn gyzlary, ejesinin ayal jigi-doganlary (şuň anyk jogabyny aljak bolsaňyz "Muhteserden" iki sahypa kopiýalap ýapyşdyryp bilýän)
10. Şeýh - araplarda urugyň, tiräniň baştutany.

MÜFTI at, kön.s. Ýokary musulman ruhanylarynyň dini taglymatlaryny, şerigat kanunlaryny düşündirmek bilen meşgullanýan wekil.

KAZY at.1. Kazyýete gelýän işleri onuň mejlislerinde garamak arkaly çözýän wezipeli adam. 2. taryh. Şerigata esaslanyp, dawa çözýän adam.
Hiayress
24 июл 2022, 23:32
Granger,
Jora sen nä eýgilikmi?! :)
Soho
24 июл 2022, 23:33
Murgab ya Gushgy :/
Harmony
24 июл 2022, 23:33
Hiayress
Granger,
Jora sen nä eýgilikmi?! :)

Näme boldy?
Harmony
24 июл 2022, 23:34
Hiayress
Granger,
Jora sen nä eýgilikmi?! :)

Näme boldy?
Harmony
24 июл 2022, 23:35
Soho
Murgab ya Gushgy :/

Murgab biziň dilimizdäkisi. Internetden döründim. Anykmyka diýýän meň ýazanym.
Hiayress
24 июл 2022, 23:35
Granger,
Senem jemläpsiň weli...
Hiayress
24 июл 2022, 23:36
Granger
Soho
Murgab ya Gushgy :/

Murgab biziň dilimizdäkisi. Internetden döründim. Anykmyka diýýän meň ýazanym.

Şol ýerde bary hem bar. Haýsy göwnüňe ýarasa alybermeli. :)
Harmony
24 июл 2022, 23:37
Hiayress
Granger,
Senem jemläpsiň weli...

Ýazyp durkam seňki ýokdy. Zyýan etmezle.
Telwas
Автор 24 июл 2022, 23:39
Geçdigi bolsun :)
Harmony
24 июл 2022, 23:41
Nirvana
Geçdigi bolsun :)

Sagboluň, aýtmaňsana, gonkadadyryn öýtdüm biraz.
Gyzykly boldy. Minnetdar size! :)
_??????????.005
25 июл 2022, 00:10
4)5000cykmayamay nadip 4100aldynyz ya men dusunip bilemok ya siz nadogry hasapladynyzmy
Öwreniji
25 июл 2022, 00:24
sohbet.abdullayew
4)5000cykmayamay nadip 4100aldynyz ya men dusunip bilemok ya siz nadogry hasapladynyzmy

Gowy hasapla