ГОСТЬ-JAN ÖMRÜŇ BOLSUN!
Ol ynamdar, ýürekden näme isläp, näme islemeýänini bilýän biri. Akylly, durmuşy ýatdan aýdyp bilýän. Düşünmeýän zadyňy düşündirýän, ýoluňy şöhlelendirýän, durmuşuňy heýkeltaraş ýaly şekillendirýän…
Agajyň güýçlenmegi üçin topraga, güne we suwa mätäç bolşy ýaly, adama-da güýçlenmegi üçin höweslendiriji adamlaryň goldawy gerek. Sen maňa hemişe ruhy goldawyňy gaýgyrmadyň. Ähli duýgulary başdan geçirýärkäm, maňa düşünýän ýeketäk ynsanlardan biri bolduň. Seň mendäki ýeriň bir başgadyr. Şu durmuşda duş gelen iň mähriban, gadyrly, jana ýakymly, duýgudaş, syrdaş, göwündeş jora, dogan sen maňa. Saňa duýgylarymy beýan etmekde ynan sözlerim ejiz gelýär. Tarypyňa söz ýok joram.
Dosta näçe serpaý etseň az ýaly,
Näçe söýseň,
Şonça söýüp ýörmeli.
Ýokdur dostuň gymmady ýa arzany.
Dost dost bolar,
Şoňa janyň bermeli.
Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan,
Şoň üçin gar,
Gyşda galanyn bilseň
Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan
Iň soňky otluçöp dänesi bolsaň.
Şu setirlerdäki ýaly joralygymyzyň dowamaty dowam bolsun enşalla!
Bahar möwsüminiň parahat gijelerinde süýnen ýyldyzlary ýygnap birin-birin, daksam döşüňe gahrymanlyk nyşanydyr diýip... Ýene, seniň beýikligiňi hakyky manysy bilen görkezmekden juda ýöntem galar, bilýän...
Bu gün — seniň doglan günüň. Saňa uzak ömür, arzuwly sepgitleri, ak bagt, rysgal arzuw edýän! Gaýgy-gam, alada saňa ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäň ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöre! Arzuwlaryň hakykat, bagtly günleriň soňsuz bolsun! Ýüzüňde mydama ýylgyryş bolsun, çünki ýylgyrmak hemme adama şeýle bir owadan gelişýär. Her günüň geçen günüňden owadan bolsun! Gözleriň asla hiç wagt gamlanmasyn! Ertiriň bu günüňden şadyýan, bu günüň düýnüňden has manyly geçsin...
Sen indi öýlendiň, öýli-işikli bolduň. Bir bendäniň göz guwanjy, dünýäsine deňäp oturan gyzy bolsa seniň duluňy bezäp otyr. Ol indiki galan ömrüni seniň bilen geçirmäge, seniň ýagşyňa-ýamanyňa şärik bolmaga kaýyl. Ol öz bagtyny saňa baglady. Indi seniň boýnuňda diňe öz gara başyň aladasy däl-de, ýene bir kişiniň garamaty bar. Durmuş arabasyny ýoldan dogry tigirläp gitmek diýilýän zat adam saýlaýan närsedir. Bu ýolda sähelçejik ýalňyşlyk arabaňy sandan çykaraýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin-de bu ýolda öňüňden çykjak kötelliklerden aman-sag geçmäge taýýar bolgun. Bu ýolda özgelere ýagşy görelde bolmagy özüňe borç edingin. Şeýtdigiň öz ogullyk borjuňy-da berjaý etdigiňdir. Sähel ýerde özüňi ýitirme, äden ädimiňi oýlanyp ätgin, pederlerimiziň paýhasyna daýan, ýalňyşmazak bolarsyň! Kynçylyk barada aýdylanda Kerim şahyryň: «— Her bir kynçylygyň dört tarapy bar. Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr» diýeni hakydaňda bolsun!
Arzuw edýän saňa Dünýäň gowusyn,
Laýyk saňa, çünki özüň gowusyň,
Aladadan gyzgyn başyň sowasyn,
Gaýgyň alyp, gara daga çüýläýin!
“Söz uçar, ýazgy galar” diýlişi ýaly, meniň ýönekeýje bu setirlerim saňa ýadygär galsyn. Durmuşyňda alyp, lezzetini duýup biljek iň uly sowgadyň süýjülikde, ýagşylykda ýatlanmak bolsun! Her gyşyň bir bahary, her gijäniň bir säheri bolup ýaşa! Doglan günüň gutly bolsun!
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.