???

Çekýän şekillerimiz biziň duýgy ýagdaýymyzy belli edýän iň esasy alamatlardan biridir. Bilmän çyzýan zatlarymyzyň manylary bar. Sapakda, ýygnakda ýa birine garaşyp otyrkak ýa-da telefonda gürleşip otyrkak, stressli wagtymyzda stolyň üstündäki duran garalama kagyzy elimize alyp birzatlar çekip başlamagymyz edýän iň aňsat işimiz. Meýletin çyzgylara many bermek bilim alymlaryň şahsyýet gözleginde baran iň soňky nokadydyr. Alymlara görä dünýäniň ähli ýerinde meňzeş şekilleriň ulanylmagy tötänlik däl. Sigmend Freudyň açan psihologiki synaglaryny nazarda tutsak, garalamalaryň hem manysynyň barlygy hakykatdyr. Tötänleýin çyzgylar, geometriki şekiller, ýyldyzlar, üçburçlyklar, üç ölçegli gutular, ok alamatlary, agaçlar, jaýlar, ýürekler, gollar we ş.m hakykatdanam örän täsin we ynanmak mümkin däl ýaly bolup görünse-de, dogrudygy subut edilen bir maglumat hökmünde öňümizden çykýar. Çynlakaý düşünmän eden garalamalarymyz, instinkt we beýiniň ugrukdyrmagynda ýüze çykýar. Manysyz ýaly bolup görünýän çyzan şekilleriňiz siziň şahsyýetiňizi belli edýär.

Üçburçlyk.
Kyn karar alýan, emma bir karar alanda şol kararyndan asla geçmeýän adamlar yzygiderli üçburçlyk çyzýarlar. Şeýle-de gözlegi we öwrenmegi halaýan, batyrgaý adamlaryyň hem bilmän çekýän şekilleri esasan üçburçlyk bolýar.

Bulaşyk nagyşlar.
Bular ýaly nagyşlar çyzýan adamlar duýgylaryny belli etmekden gaça durýarlar. Obsessiýaly (obsessions,takıntı) ýa-da obsessiýaly bolup başlan adamlar kagyza garyşyk nagyşlar çekerler.

Tötänleýin çyzyklar.
Ýokaryk, aşak, saga-çepe, iç-içe ýa-da garşylykly çyzgylar siziň pikirlenmäge meýillidigiňizi we azajygam bolsa birahat bolýanyňyzy aňladýar. Muňa sapak wagty sapak diňlemän depderlerimiziň gyrasyna çyzýan şekillerimizi mysal getirip bileris.

Kub ýa-da guty.
Ýagdaýyna gözegçilik etmek isleýän adam kub ýa guty çekýär.

Agaçlar.
Şahaly, pudakly we miýweli agaç çyzaňyzda ol agaçlar siziň deňsiz-taýsyz hyjuwly we ýokary ego eýedigiňizi aňladýar. Egoňyza dykgat ediň.

Güller.
Romaşkalar, bägüller… haýsyna eliňiz meýilli bolsa, tebigata bolan höwesiň we tebigylygyň nyşany.

Üç ölçegli (3D çyzgy).
Bir tema dürli tarapdan seredýäňiz.

Ýürek.
Aýratyn birine ýakynlyk ýaly duýgulary belli edýär.

Portret.
Bulaşyk çekilen ýüz howpsuzlygy, gülkünç çekilen surat bolsa, üns çekmek islegini görkezýär.

Guş.
Güýçli hyýallary bolan adamlar kagyza uçýan guş çekýärler. Elmydama uly arzuwlary kowalaýan bu adamlar syýahat etmegi gowy görýärler.

Basgançak ýa-da merdiwan.
Ambisiýa we erki isleýän adamlar kagyza basgançak ýa-da merdiwan çekýärler. Aýratynam has bagtly we rahat ýaşamak isleýän adamlaryňam bu şekilleri çyzýandygy kesgitlenildi.

Ok.
Göni we dik ok, bir maksada görkezilen möhümi, nagyşly ok bolsa islegleri kesgitleýär.

Gämi/ Uçar.
Adamlaryň gämi ýa uçar çekmegi şol wagtky bolýan ýagdaýlaryndan gaçmak isleýändigini görkezýär.

Öý.
Ynamly howpsyz ýerde bolmaga zerurlygynyň alamaty. Gyşyk-myşyk öý bolsa ýaşaýan öýündäki bagtsyzlygy aňladýar.

Gollar.
Gol çekýänler wagtlarynyň köpüsini özlerini kämilleşdirmek üçin sarp edýändikleri subut edildi. Eger gol düşnükli bolsa, bu ol adamyň açyk sözlüdiginiň alamatydyr. Bulaşyk we düşnüksiz bolsa, şahsyýetiniň hem çylşyrymlydygynyň alamatydyr. Bu adamlar şol bir wagtyň özünde parahatçylygyň tarapdary. Bäsdeşlik we adamlaryň arasynda söweş çykmagynyň öňüni almak üçin ellerinden gelenini ederler. Elmydama özlerini kesgitlemäge çalyşýarlar. Biraz daş-döwregindäkilere hem üns berseler gowy bolar.

At.
Öz adyňy ýazmak, ünsi çekmegi gowy görýän, başga biriniň ady bolsa, kelläň, ünsiň şol adamdadygyny belli edýär.

Inedördül.
Çynlakaý, durnyklylygyň nyşany. Ýönekeýje maksatlara meýilli, özi, sözi dogry adamlar. Durmyşyny howpsyz ýaşamaga çalyşýanlar.

Tegelek.
Soňsuzlygyň, bütinligiň, birligiň we goramagyň nyşany. Ýüregi söýgüden doly bolan degişgen adamlar tegelek çyzmagy halaýarlar. Özlerini esasan ikinji planda saklaýarlar.

Parallel çyzyklar.
Sowuk ganly, gyssagly pursatlarda derrew herekede geçmegi başarýan adamlardyr. Näme isleýändiklerini gowy bilýärler. Eger çyzyklar diagonal bolsa, ol adamyň lider bolmaga meýillidigini aňladýar.

Göni çyzyklar.
Esasan aç-açan, az we manyly gürleýän adamlar.

0 (nol) ýa-da x
Bäsdeşlige ukyply adamlar.

Ýyldyz.
Bilesigeliji, öwrenmäge ukyply, temany çuňňur analiz edýän adamlardyr. Esasanam Idealist bolanlar ýyldyz çekýärler.

Zigzag (tolkun-tolkun)
Togalak içindäki zigzaglar romantizm duýgulary agdyklyk edýänler. Dik we ýiti zigzaglar bolsa gaharly adamlar.

Çöpden adam.
Duýgylaryna gözegçilik edip bilýän adamlar.
7 лайков 463 просмотров
104комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:13
My life,
:)) hawa ýaşyň ýetdi seňem. Men aladasyny okuwy gutaryp edip başlapdym. Eden geýimlerimi, ören çeşkalarymy, satyn alan joraplarymy sowgat berip paýlap dyndym. Özümem täze zat geýmegi gowy göremsoň, çeşka bilen jorap duranokdy. Indi ýuwaş-ýuwaşdan başlamaly üýşürip.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:14
Saýrak_guş,
Sag bol uýam.
My life
23 апр 2022, 23:14
Birje keshdeden tegelek sumka edindim,shonyma ba))
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:16
My life,
Keşde sumka diýeňde, maňa talyplarda bir gelneje haly sumka edip berjek diýeni ýadyma düşdi.
Ana, sumkamam saýtdan bitýär. :))
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:16
Гость,
Bizem bar. :)
Гость
23 апр 2022, 23:17
Saýrak_guş,
Senem sag-aman gez
Saýrak guş
23 апр 2022, 23:18
Nirvana
Lebaplylar geýim geýenok öýdýän. Halaçly kursdaşlarymyz “Mary balak” diýýärler geýime. Soradym biziňki ýaly köp geýilenok eken. Hemem gyňaç ýok eken olarda. Diýmek, her ýerde her hili.

Hawa. Geýimsiz bolsa gelşiksiz görýäler halanoklar. Gyňajam çagasy bolynça uzyn ýaşmakly gezýäler köp ýerlerimizde.
Ýöne gyňajam galyp barýa. Köpülenç kiçi ýalykda gezýäler täze gelin bolmasa.
My life
23 апр 2022, 23:18
Saýrak_guş,
Bolya sagbol , gelip dur jora
Гость
23 апр 2022, 23:19
Nirvana,
:)
My life
23 апр 2022, 23:22
Nirvana,
Hawa heryerde herhili. Mena dynan keshdami satyan, bellije alyan gelnejâm bar.
My life
23 апр 2022, 23:27
Nirvana,
Mañada ceshga edip ber)))
Mümkin
23 апр 2022, 23:28
Senden 2 sany aýdym haýyşym bar:
1.Adem Kılıççı - Sarı gelin
2.Levent Yüksel - Medcezir

Öñünden tañryýalkasyn! Gijäñiz rahat!
Nirvana,
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:34
Bile ýalkasyn.
Bolýar ugradaryn, ýöne bu gün däl.
My life
23 апр 2022, 23:34
Menem yatmakcy saytdashlar, ukym tutyar. Hemmaniz sagaman yatyp turuñ!
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:34
My life
Nirvana,
Mañada ceshga edip ber)))

Hökman. Razmeriňi aýt.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:35
Bolýar onda. Sizem sag-aman ýatyp turuň. Gijäňiz rahat bolsun!