Malyna degmez.
Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär.
Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez.
Gözel bardyr, dünýä malyn iýdirsiñ,
Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.
...
Dünýäde bahylyñ ýüzüni görme,
Aşyñ, nanyñ, suwuñ alyşyp berme.
Gul diýip, ýigidiñ aslyny sorma,
Hojasy bar, belki, guluna degmez.
...
Dünýä malyn berseñ eýesi satmaz,
Şa istese, anyñ dilegi bitmez.
Bedew bar, pul berseñ bahasy ýetmez,
Bedew bardyr, salan juluña degmez.
...
Döwletli är gerek, söweşde serhoş.
Ýat bn baryşsañ bolar sen gardaş.
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş,
Bu döwlet her kesiñ eline degmez.
Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez.
Gözel bardyr, dünýä malyn iýdirsiñ,
Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.
...
Dünýäde bahylyñ ýüzüni görme,
Aşyñ, nanyñ, suwuñ alyşyp berme.
Gul diýip, ýigidiñ aslyny sorma,
Hojasy bar, belki, guluna degmez.
...
Dünýä malyn berseñ eýesi satmaz,
Şa istese, anyñ dilegi bitmez.
Bedew bar, pul berseñ bahasy ýetmez,
Bedew bardyr, salan juluña degmez.
...
Döwletli är gerek, söweşde serhoş.
Ýat bn baryşsañ bolar sen gardaş.
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş,
Bu döwlet her kesiñ eline degmez.
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.