SEN HAKYNDA

Sen hakynda iň azyndan bir kitap
ýa-da iki kitap ýazmagym mümkin.
Maňa gökden iýnen kelamy okap,
Yşk bilen tutaşyp ýanmagyň mümkin.

Eger ýüregiňde ot tutaşmasa,
Ol ot meni öz içimden köýdürer.
Yşgym saňa uçgun bolup uçmasa
Köräp-köräp, köz içimden köýdürer.

Şahyr ýaşap ýörkä, ýazan şygryna
Hakyň beren yşgydyram öýdülmez.
Agram salyp ýüregine, bagryna,
Dünýä iýnen goşgudyram öýdülmez.

Sen beri, bu sözleň yşgyma beýan
etmek üçin maňa Taňrynyň beren
ylahy sözlügne ynangyn aýan,
Ýelden ýeňil uçup ýören tez jeren!

Belki, şonda şahyrdygyma ynanyp,
Bir kitap, on kitap ýazmagym mümkin.
Ýere güýç berşi deý ýagýan ygalyň,
Ýylgyrsaň, gül-ýaprak ýaýmagym mümkin.

Şol güller, ýapraklar ömür salmasyn —
Ikimize joşan serpaýy Taňryň.
Men dünýäň üstünde bolsam-bolmasam,
Olar egilip,saňa ederler tagzym.
atamyrat.atabayew.
4 лайков 135 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
12 ноя 2021, 16:59
Gowy goşgy+
Aýnur
12 ноя 2021, 18:32
Sen hakda yazjakdaldim onem...
Aýnur
12 ноя 2021, 18:36
Diyipdi Darkrayam..
#mink-panda
Автор 12 ноя 2021, 18:38
aynur sen pikirlere baryp gor
Aýnur
12 ноя 2021, 18:49
Marmeladka♡,
Sag bol bardym.
Nurana
12 ноя 2021, 19:28
Like+