Baý adam(manysy full)

Hawa, dostlar, men ýene-de gürrüňin
Edýän häzir dünýäde ýok bendäniň.
Şeýle-dä bu, garaz, ölüm diýen zat,
Başynda bar uly-kiçi hemmäniň.
Göze görnüp duran adamam däldi,
Olam ekin-dikin bilen meşguldy:
Ýöne kalby jomart, dili şirindi,
Aýaz ata bu babatda meşhurdy.
Güzerany ýetde-gütde bolsa-da,
Eger duş gelmezdi zeýrenen wagty.
Aýaly-da edil özi ýalydy,
(Ykbal az eçilýär bu seýrek bagty!)
Adyňy tutanda pylan jan diýip,
Sen monça bolarsyň,
Ýüregiň ýylar.
Ol gurply öýlerden hiç zat dilemez,
Gurply öýler onuň özünden dilär.
Näme haýyş etseň — bitdigi biläý,
Ýok diýen sözüni eşitmersiň hiç.
Ili goldap geldi hoş sözi bilen,
Ömrüniň iň soňky demine deňiç.
Hawa, dostlar, bu bir gahrymanlyk däl.
Ýöne men mydama ýatlaýan ony.
Ol gidensoň oba juda çolaryp,
Boşady galaýdy şo kişiň orny
9 лайков 159 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
22 ноя 2021, 10:10
Awtor : ?
Ejegyz.
22 ноя 2021, 10:10
Manyly
Like
Maksat
22 ноя 2021, 10:46
Dislaýk goýýanam baraý negözel goşga.
Berekella ýetireniñize +++?
- Dani
Автор 22 ноя 2021, 10:49
Goripler dislike goyyada.ÖLIÑ DISLIKE BASYP TUPOYLAR!?
Aýnur
22 ноя 2021, 13:16
Yene olummi?