ÇAÝKANSA ÇAÝKANSYN ŞEMALA BAGLAR...
Çaýkansa çaýkansyn şemala baglar,
Ýöne çaýkanmasyn hergiz ýüregiň!
Durmuş deňzi seni gark edip bilmez,
Eger elde bolsa goşa küregiň.
Bu ýollarda adyň bilen ýöredim,
Bu ýollarda sen bolduň meň hemraýym.
Duýgulam gursaga sygmadyk çagy,
Adyň tutup gygyraryn her daýym.
Şol pursat hem ynjamasyn ýüregiň,
Ikimize bir ýürek bes, aslynda.
Bolmagyny bizde şeýle ýüregiň,
Men arzuw ederdim Aýyň astynda.
Nämä gerek, iki ýürek, iki dem?
Goý, birleşsin damarda al ganymyz.
Nämedigin bilmäli biz armanyň,
Jan Karkara gelen wagtam janymyz.
...Çaýkanmasa bolýa seniň ýüregiň,
Şemala çaýkansa çaýkansyn baglar.
Goý, aňk bolsun biziň bu söýgimize,
Yşk derdini çekip bilmedik daglar.
Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Ýöne çaýkanmasyn hergiz ýüregiň!
Durmuş deňzi seni gark edip bilmez,
Eger elde bolsa goşa küregiň.
Bu ýollarda adyň bilen ýöredim,
Bu ýollarda sen bolduň meň hemraýym.
Duýgulam gursaga sygmadyk çagy,
Adyň tutup gygyraryn her daýym.
Şol pursat hem ynjamasyn ýüregiň,
Ikimize bir ýürek bes, aslynda.
Bolmagyny bizde şeýle ýüregiň,
Men arzuw ederdim Aýyň astynda.
Nämä gerek, iki ýürek, iki dem?
Goý, birleşsin damarda al ganymyz.
Nämedigin bilmäli biz armanyň,
Jan Karkara gelen wagtam janymyz.
...Çaýkanmasa bolýa seniň ýüregiň,
Şemala çaýkansa çaýkansyn baglar.
Goý, aňk bolsun biziň bu söýgimize,
Yşk derdini çekip bilmedik daglar.
Ogultäç ORAZTAGANOWA.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.