Köçämizde (K.Gurbannepesow)

Köçämizde iki çaga uruşdy
Ylgap çykdy her gapydan bir aýal
Gök gapydan orta boýly Ogulşat
Ak gapydan uzyn boýly Aýjemal

"Seniň maňkalyňy urdurmak üçin
Ýolda ýatan düýbi gopan taňka ýok"
Gök gapyly goýar ýerde goýmady
O goýmasa ak gapylam goýanok

Ogulşadyň eli durşuna hamyr
Aýjemalyň elem durşuna palçyk
Aýdymlarda wasp etmeli gelinler
Şeýdişip dursalar erbedem boljak

"Çagaň şol agaçdan bärik geçmesin"
"Şol kesekden bärik geçmesin seňkem"
Ýuwaş-ýuwaş köşeşmegiň deregne
Gelinleň dawasy bekeşdi kem-kem

Gelinleň ikisem at ýaly gelin
Billeri bir gysym gözleri goçak
Eger ýolda-yzda duşaýsaň dagy
Gaňrylyp-gaňrylyp bakasyň geljek

Men nädip olara akyl bereýin
Ömrüm boýy edip şolaryň waspyn
Iň gowy goşgymy gowy aýdymmy
Şeýle gelinleriň ýüzünden tapdym
Emma häzir welin giden bir gopgun
Öz-özüň utanyp bakýarsyň aşak
Ak goşaryn galgadyp dur Aýjemal
Gara saçyn hüžžerdip dur Ogulşat

Çagajyklar eýýäm ýaraşypdyrlar
Ejeleri bolsa hum ýaly çişik
Şol gygyrşyp durlar gygyrşyp durlar
Onýança şarkyldap açyldy işik
Şarkyldap açyldy ýene bir işik
Çykdy her gapydan epeý bir kişi
Ak gapydan buýra saçly Akmyrat
Gök gapydan gara murtly Gulkisi

Her haýsy özüniň aýalyn goldap
Akmyrat topuldy saçyny sallap
Gulkisi topuldy murtyny sallap
Ine şeýdip iki gelin dört bolly
Toba,toba tobaestagfurulla
5 лайков 159 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
12 дек 2021, 11:54
Menem gowy goryadim su gosgyny
Enegul
Автор 12 дек 2021, 11:55
- Dani,
saol
- Dani
12 дек 2021, 11:58
Цитата: Enegul
- Dani,
saol

Sagbolsyn aydyanmy? Men sana kompliment edemok))?
Ogulşirin Bayramowa
12 дек 2021, 12:18
Haladym, paylaşyp dur?
Enegul
Автор 12 дек 2021, 12:19
Ogulşirin_Bayramowa,
ok
GuljemilE
12 дек 2021, 12:23
Okap gormedim on sagbolun..onrak mugallym gufrun berip yotdi
Nurana
12 дек 2021, 14:29
Gowy gosgy
Like
мусульманка
14 дек 2021, 09:58
gowy gordim gosgyny ++
мусульманка
14 дек 2021, 09:58
menin ejemin ady Ayjemal hihi