Dogan...


"Sil gider, daş galar,
il gider,gardaş galar"



Doganlar bir bedendir aslynda, biriniň ýüregi ýandymy , beýlekisiniňkäm ýanar.Birisi güldümi, beýlekisäm güler.
Doganyňyň bolmagy- gowy zat.
Haçanda başyňa bir iş düşende, ýüregiň gysanda, Oňat ýa-da ýaman her dürli ýagdaýda , jaň edip ýagdaýyňy aýdyp biljegiň , maslahat berjek, ýanyňda boljak bir kişiniň bolmagydyr dogan diýmek.
Hemişe bir agamyň bolmagyny isledim...
Dertdeş, syrdaş, kyn günlerimde ýoldaş bolmagy üçin. Joralarymyň ýanynda meňem "agam bar " diýip guwanmagym,buýsanmagym üçin.
Dostuň bolup biler, joraň bolup biler başga-da, daş-töweregiňde gowy görýän müňlerçe ynsanyň bolup biler,
Ýöne olaryň hiç haýsy doganyň ýerini tutup bilmez.Seni hemişe nähili ýagdaý bolanda-da,gowy görüp bilmezler.
Aga - nähili çuň manyly söz, käwagt bir "kaka",käwagt bolsa "eje"bolup bilýän,hemişe goldaýan,goraýan kişi.
Ýatan ýeriň ýagty bolsun Şamuhammet !
Doganlaryňyzyň gadryny biliň !





12 лайков 153 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.