Ahyrynda kim bolaryn.......
Hemmelerden hemişe gizlemek isleýän bir zadym bar, emma her zada garamazdan ol mende bar!Men size özüňe göwniýetijilik, magrurlyk, şöhratparazlyk, ada kowalaşmak hakda gürrüňbermek isleýärin.Eden işlerime, jaýdar aýdan sözlerime ýa-da köpleriň göwnüne ýaran çykyşlarym üçin öz ýanymdan monça bolan gezeklerim örän kändir. Ähli ukyp-başarnygy, üstünligi, şowlulygy bir Allanyň berýändigini anyk bilip durun, ýöne nebsiň hökümi zory, haý-höwesleriň aldaýjy hile-pirimleri hem bir ýanyňdan galanok.Käwagtlar özbaşyma oturýan-da, oýlanmalara çümýärin, özümden soraýaryn: Gara ýeriňgujagynda, gör, nijeme adam bar, menden öňbu ýerlerde at segredip gezenler, menden has güýçli bolanlar... onlarça.. ýüzlerçe, müňlerçe.. millionlarça.. Erkekler we zenanlar.. çagalar we garrylar... baýlar we garyplar.. möminler we asylar... bizi badyhowa şöhrata odukdyrýan, iterýän sebäp näme?Özüňdäki akyl-üşügi iliňkiden artykdyr öýdüp, gollaryňy ganaty petekesine sygmaýan guşlar kibi gabardyp ýöremek, özgelere äsgermezlik bilen bakmak, ulumsy gezmek, şöhrata kowalaşmak tebigatyň oňlamaýan, makullamaýan häsiýetidir.Aýratyn ýazgylar depderçämde, şu sözleri belläp goýupdyryn: “Müsürlileriň Faraona ybadat etmekleri geň zat däl. Iň geňýeri Faraonyň özüne hakykatdan-da hudaýdyryn öýtmesi... Nejip Mahfuz".
Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow
Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.