Haçan adam ilkinji gezek adam bn tersleşdi

Adam ogly
seniň gara başyňdan
Näçe jepa,
näçe jebir
dert geçdi?
Bilýäňmi,
Zeminde ilkinji gezek
Haçan adam adam bilen tersleşdi?

Esgi ýaly sal-sal dünýäň üstünden
Näçe namart geçdi,
näçe mert geçdi?
Bilýäňmi,
nämäniň üstünde ilki
Adam ogly adam bilen tersleşdi?

Adam bilen Howaň behiştden kowlup,
Zeminiň üstüne gaçandan bäri,
Bir ataň,
Bir enäň sansyz zürýady
Bir-birine ýagy haçandan bäri?

Şu sowal
gijeler kellämiň için
burowlaýar tüweleý dek pyrlanyp.
Tutuş adamzadyň akly
bolmanda
Gördümikä ýeke gezek durlanyp?
Adamlar gyrlyşsa,
tüýsün üýtgedip,
Tebigatam durkun bozup başlaýa.
Asyrboýy ýatan garyn eredip,
Daglaryň depesin ýalaňaçlaýar.

Taşlaýar suw harsaň-harsaň daşlary
Edil depesinden bu asy Ýeriň.
Haçan bir-birege çytyp gaşlaryn,
Adamlar tersleşdi?
Jogabyn beriň.

Atamyrat Atabaýew
3 лайков 179 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 15:07
Цитата: Bagul_Atayeva
Gowy goşgy eken. Jogap tapmadym...

Meň eşdişime görä ilkinji bolup Adam ata bn Howa enäniň dünýä getiren ilkinji perzentleri bolan 2( umumy dört çagada) sany ekizleri tersleşipdir.
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 15:21
Howwa şolar öýdýän
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 15:23
Bagul_Atayeva,
Hemem bilşime görä şolaň gapdalynda ýenede iki sany gyz jiglerem bolmaly.
Şolaň urşy Owganystanyň topragynda bolupdyr ilkinji şol ýere adam gany dökülipdir şol sebäpli hem ýerde ot gögerenok
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 15:45
Цитата: Bagul_Atayeva
ýüreksözi,
Şol rowaýaty eştdim. Ýöne olaryň gyz uýasy diýip däl. İlkinji dökülen gan Kabyl Habyly öldürende diýip okapdym.

aý maňada bir wagtlar enem aýdypdy şondan bilýän
Maksat
24 янв 2022, 16:20
How ene ýüz ýigrimi garyn perzent dünýä getirýä hemmesem ekiz bir gyz bir oglan. Onsaň ekizleri biri birine aýal edipdirler ýagny Habylyň taýyny Kabyla, Kabylyňkyny Habyla garaz Kabylyň taýy owadan bolupdyr öz taýymy özüm aljak diýip dawa döreýä soňy ölüme barýa. Şeýdip ilkinji Adam ata tarapyndan kowulýa daglara. Rowaýat meň eşdişim gysgaça şeýleräk.
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 16:22
Цитата: Bayker
How ene ýüz ýigrimi garyn perzent dünýä getirýä hemmesem ekiz bir gyz bir oglan. Onsaň ekizleri biri birine aýal edipdirler ýagny Habylyň taýyny Kabyla, Kabylyňkyny Habyla garaz Kabylyň taýy owadan bolupdyr öz taýymy özüm aljak diýip dawa döreýä soňy ölüme barýa. Şeýdip ilkinji Adam ata tarapyndan kowulýa daglara. Rowaýat meň eşdişim gysgaça şeýleräk.

Howwa howwa edil şu rowaýatdy meňem eşdenim sag boluň
Hiayres
24 янв 2022, 16:37
Ilkinji tersleşen ynsan Adam ata bilen How ene. Gadagan edilen alma agajynyň miwesini iýip, sen iýdirdiňde, sen etdirdiň diýip, günäni birek-biregiň üstüne atyp tersleşýäler.
Hiayres
24 янв 2022, 16:47
Ýer ýüzünde ilkinji tersleşen ynsanlar Kabyl we Habyl. Onam Taňry prowokasiýa etýär. Ikisinede Hudaý ýoly (sadaka) bermeklik buýrulýar. Çomry Kabyl özünde bar bolan iň gowy bugdaýy, çarwa Habyl bolsa özünde bar bolan iň gowy goýuny Hudaý ýoluna berýär. Taňry bolsa Habylyň Hudaý ýolusy kabul edip, Habyly şöhratlandyrýar. Muňa-da Kabylyň gahary gelip Habyly öldürýär. Şeýdibem ilkinji tersleşik, ilkinji hatyra, ilkinji ýakma gurbanlyklar döreýär.
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 16:52
Цитата: Hiayres

Gurbanlyga: Ybraýym pygammer öz ogluny Hudaý ýoluna berjek bolanna Hudaý oňa asmandan goç ugradyp şony Hudaýýoly bermegini sargaýady dälmaý
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 16:53
Цитата: Hiayres
Ilkinji tersleşen ynsan Adam ata bilen How ene. Gadagan edilen alma agajynyň miwesini iýip, sen iýdirdiňde, sen etdirdiň diýip, günäni birek-biregiň üstüne atyp tersleşýäler.

Aý onna olar hakda rowaýat kän ekenä
Hiayres
24 янв 2022, 16:56
ýüreksözi,
Dogan ondan öňki ýaşan pygamberleriň hemmesem gurbanlyk beren. Ýöne ol gurbanlyklar Ybraýym pygamberiňki ýaly ys çykarma (ýakma) gurbanlyklar. Taňry ýakma gurbanlyklaryň yssyndan lezzet alýamyşyn. Ýöne, Muhammet pygamber gelip ikitaraplaýyn çözgüt tapan. Hem Taňryny hudaý ýoluna soýulan janlynyň ysy bilen hoşamaý eden, hem aç halkyň garnyny doýuran.
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 17:39
Hää düşündim din siz ýaly kän zada bilemok menem eşdenimi aýdaýdym . shlyapa Hemem haýyş maňa" dogan" diýmäýiňdä
ýüreksözi
Автор 24 янв 2022, 17:40
* din hakda