Üýtgeşik gyza

Sen – owadan gyz däl,
Sen – üýtgeşik gyz,
Ýönekeý, arassa, ýöreýäñ sada.
Gözleriñde bolsa ullakan arzuw,
Göýäki durnany salýarsyñ ýada.

Sen şeýle bir kämil ýaradylypsyñ,
Ýa goşup, ýa aýryp boljak gylyk ýok.
Aşygyñ kän obalarda, illerde,
Nämüçindir saña laýyk ýigit ýok.

Saçlañ her tarynda asyllylyk bar,
Köpe nusga müýnden azat gözleriñ.
Köp obany sökdim, synladym kän-kän,
Seniñ kimin eziz zady gözledim.

Ýönekeý gyz, üýtgeşik gyz, emaý gyz,
Meñ jigime gelin bolup geläý gyz!


Suraý Babanyýazowa
4 лайков 138 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
31 янв 2022, 23:20
Bir wagtda deň mowzuk açylayşyny