IŞ ÝERINDEN HÄSIÝETNAMA BERLENDE, ÝAZYLÝAN ZATLAR WE HAKYKATDA GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAN PIKIRLER ☻.
Ýazylýany:
Işgär hünär taýdan ýokary derejede taýýarlykly hünärmen bolup durýar.
Göz öňünde tutulýany:
Şeýle seretseň, haýsydyr bir işi ýerine ýetirende ýüz sany attutar ýa-da yzyny düzedip ýören biri edil beýlebir geregem däl ýaly...
Ýazylýany:
Öz hünär taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýar.
Göz öňünde tutulýany:
Hop-hopçy, kärhanada ýolbaşçy adyna eýe bolanlara inçeden ýallaklamagy ussatlyk bilen başarýar...
Ýazylýany:
Käbir ýagdaýlarda berlen tabşyryklary takyk ýerine ýetirmeýär.
Göz öňünde tutulýany:
Akmak tabşyryklary berýän alasammyklardan kellesi çalt we gowy işleýär.
Ýazylýany:
Öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeklige ýiti ünslülik we jikme-jiklik bilen çemeleşýär.
Göz öňünde tutulýany:
Ýüregedüşgünç dikdüşdi.
Ýazylýany:
Öz pikirlerini anyk beýan etmegiň hötdesinden gelýär.
Göz öňünde tutulýany:
Garaz, her niçigem bolsa iki sözüň başyny çatyp bilmän, bazzyk-buzzuk edib-ä durmaýar.
Ýazylýany:
Öz işini ýerine ýetirende beýleki hünärmenlerden düýpli derejede tapawutlanýar.
Göz öňünde tutulýany:
Kärhanadaky şoňa meňzeş galan akmaklar ýaly gutaran tüntaw-a däl ýaly...
Ýazylýany:
Özi üçin zerur hünär bilimlerinden başga-da alternatiw bilimlere eýedigi onuň alternatiw zehinlidigini subut edýär.
Göz öňünde tutulýany:
Oligofrenden çala tezegi üýtgän-ä däl ýaly...
Ýazylýany:
Işeňňir we tutanýerli işgär.
Göz öňünde tutulýany:
Şol bir depen ýerini depip duran, eşek kimin keçjal.
Ýazylýany:
Öz wezipe borçlaryny berjaý etmeklige yhlas bilen çemeleşýär.
Göz öňünde tutulýany:
Hamana, galanlar-a ýatyrmyş, onuň ýeke özüm hamyny ýyrtaýjak bolup işleýämiş! Hymh! Bolduň biziň başymyza!
Ýazylýany:
Iş başarjaňlygy onuň ösmäge bolan çäksiz ukybynyň bardygyny subut edýär.
Göz öňünde tutulýany:
Çakymyz çak bolsa, pensiýa çykýança, şu kärhanamyzdan gümüni çekmese gerek.
Ýazylýany:
Köp zähmet çekýär.
Göz öňünde tutulýany:
Sarp edilýän işçi güýji we oňa laýyk tölenilýän hak baradaky ykdysadyýet ylmynyň nazary garaýyşlaryndan düýpgöter gömük.
Ýazylýany:
Ugurtapyjy.
Göz öňünde tutulýany:
Özüniň her ýalňyşyny aklamak üçin delilleri örän çalt oýlap tapýar.
Ýazylýany:
Ygtyýarlygyna berilýän serişdeleri netijeli ulanmagyň hötdesinden gelýär.
Göz öňünde tutulýany:
Öz işini içelik bilen tabynlygyndakylaryň boýnuna atmagy başarýar.
Ýazylýany:
Üýtgeşik oýlanmaga ukyply.
Göz öňünde tutulýany:
Mahaw.
Ýazylýany:
Erkin pikirli.
Göz öňünde tutulýany:
Zyrrajym däli.
Ýazylýany:
Öňünde goýlan meseleleri çözmäge döredijilikli çemeleşýär.
Göz öňünde tutulýany:
Öz deregine ýükçi eşek boljak oýnatgyny tapmagy hemişe oňarýar.
Ýazylýany:
Iş wagty tamamlanandan soňam kärhananyň bähbidi talap eden halatynda zähmet çekmäge mydam taýýar.
Göz öňünde tutulýany:
Megerem, öýüne bararlyk ýagdaý ýok bolmaga çemeli. Heleý-ä duranja bir aýjynyň bardyr, çagalaram haýwanat bagyndan gaçan maýmynjyklar ýalydyr. Ýogsa kellesi düzüw adam iş gutarandan soň öýüne gaýtman näme işlesin gyz?! Hä?!
Ýazylýany:
Ýerine ýetirijilik tertibi ýokary derejede.
Göz öňünde tutulýany:
Diňe üstünde ýolbaşçysy eli taýakly dikilgazyk bolup dursa-ha işläýýär, ýogsa-da derrew bir ýerlerik gümüni çekýä...
Ýazylýany:
Kärhananyň işgärler düzüminiň arasynda sylag-hormatdan peýdalanýar we kärdeşlerine özüni diňletmäge bolan ýolbaşçylyk başarnyklary bar.
Göz öňünde tutulýany:
Haçan görseň, ýuwulmadyk çemçe ýaly sygmajak ýerine-de sokulyp ýören, şaňňy sesli bihaýa.
Ýazylýany:
Islendik meseläni inçelik bilen köptaraplaýyn seljermegi başarýan, paýhasly hünärmen.
Göz öňünde tutulýany:
Baý-bu-u-w! Pikirini bir soramaň! Soradygyň işiňiz gaýdar! Soraýanyň-a bir bolgusyz zatdyr welin, özüniň köpbilmişligini görkezjek bolup, Nuh eýýamyndan başlap gür berip başlar-da, şol tükezzibanyna tutup, tüketmän gider oturar. Hamy galyňlyk bilen ýanyndan tizräk ýumlugyp öteýtmeseň, onuň wälli-wüllüsinden ýaňa gulagyňam kamata geljek...
Ýazylýany:
Ýokary derejedäki guramaçylyk ukyplary bar.
Göz öňünde tutulýany:
Iş wagtynyň iň gyzgalaňly sagatlarynda-da daş-töweregine adam üýşürip, işgär baryny işden goýup, bolar-bolgusyz gybat kakyşmagyň-a barypýatan ussady, şo!
Ýazylýany:
Kärdeşlerini ruhlandyrmaga we öz yzyna eýertmäge ukyply.
Göz öňünde tutulýany:
Käte şeýle-de bolýar. Onuň daş-töweregindäkiler birdenkä işlerini goýýarlar-da: “Ýeri, indi näme hokga gopararka, bi bendäň çagasy!” diýen pikir bilen onuň her bir hereketini gabak astyndan yzarlamaga başlaýarlar.
Ýazylýany:
Iş babatda ýoldaşlaryndan we ýolbaşçylardan maslahat almagy kiçilik bilmeýär.
Göz öňünde tutulýany:
Bendäň çagasy, edýän işinden düzüwli başy çykmaýandygy sebäpli, her öňýetene sorag berip, bu kärhanada halys hemme kişiniň bizar-peteňini çykardy.
Ýazylýany:
Wezipe ösüşi nukdaýnazaryndan örän perspektiwaly.
Göz öňünde tutulýany:
Anyk bilemzok welin, ýöne, aýtmyşlaryna görä “ýokarda” garyndaş-a bamyş öýdýän! Ýöne, çüşş!
Ýazylýany:
Ruhy artykmaçlyklary we önümçilik edebi babatda aýdylanda, öz işine buýsanýar.
Göz öňünde tutulýany:
Çmo! “Ýokardaky” garyndaşyna guwanýamy nämemi, hemme kişi bilen dodagyny çöwren bolup gürleşýär-ä!
Ýazylýany:
Häsiýeti boýunça alçak hem-de köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýar.
Göz öňünde tutulýany:
Nirede mugtuna içhä-içlik bolsa, şol meýdi ýananam çagyrylsa-çagyrylmasa, hemişe şo taýdadyr!
Ýazylýany:
Salyhatly.
Göz öňünde tutulýany:
Iň bolmanda, haýsy ýolbaşçynyň ýanynda dilini gowuz ýerine dykyp durmalydygyn-a bilýär.
Ýazylýany:
Degişgen, wäşi we özüni köpçülige aldyrmagy başarýar.
Göz öňünde tutulýany:
Haçan görseň internetden okan çylkasyz, ýuwan-ýylmyk anekdotlaryny aýdyp, hiç kim diňlemese-de ýeke özi gülüp, başagaý bolan bolup oturan akmagyň biri-le!
Ýazylýany:
Sypaýy.
Göz öňünde tutulýany:
Hilegär mahluk.
Ýazylýany:
Ýagdaýa görä özüni alyp barmagy we durmuşy bolmagy başarýar.
Göz öňünde tutulýany:
Her pursatda ýetmiş ýedi öwsüp duran telbäň biri-le!
Ýazylýany:
Zähmetkeşler köpçüliginde hiç haçan dartgynly ýagdaýlary döretmeýär.
Göz öňünde tutulýany:
Barypýatan züwwetdin gorkak.
Ýazylýany:
Öz-özüne talapkär, tertipli, ahlak taýdan arassa.
Göz öňünde tutulýany:
Agzy ýetse iki çignini çeýnejek haýwan.
Ýazylýany:
Kaddy-kamaty yzygiderli sport bilen meşgullanýandygyny aýdyň subut edýär.
Göz öňünde tutulýany:
Çalajanbitdi soguljan sypatly.
Ýazylýany:
Kärhananyň ösüşine jany-teni bilen berlendigi sebäpli, kärhana bilen bagly ähli täzelikleri içgin kabul edýär.
Göz öňünde tutulýany:
Barypýatan, iň birinji gybatkeş.
Ýazylýany:
Kärhana durky-düýrmegi bilen wepaly.
Göz öňünde tutulýany:
Çünki şu ýerden otyrýerine depäkge kowaýsalar, başga hiç ýere kilometr golaýlatmajakdyklaryny bilipjik durandyr-la!
NETIJE:
Ýazylýany:
Wezipesiniň ösdürilmegine aňrybaşy mynasyp hasaplaýarys.
Göz öňünde tutulýany:
Ja-a-a-n doganlar!
Gaýrat edäýiň-dä!
Alyp gidäýiň-dä, bahymrak şu ýer ýuwutmyşy, biziň gül ýalyjak kärhanamyzdan!
Internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlandy.
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.