Şular ýaly söýýän oglany gördüňizmi? :)
Iki sany, tanyş gyz bilen oglan seýilgähde gezim edip ýörlerdi. Olar beýlekiler ýaly halaşyp ýören aşyk-magşuklar däl-di. Şeýdip olar bir gyrada duran skameýka geçip oturýarlar. Gyz oglandan sorapdyr:
- Sen ömrüňe gyz bilen halaşyp gördüňmi?
- Ýok men gyz bilen halaşyp görmedim, intek!
- Näme üçin beýle, sen hiç haçan aşyk bolup görmediňmi?
- Aşyk boldum welin...
- Kime?
- Aýtsam, aýyp bolardy...
Gyz onuň bu jogabyna haýran galyp, gülýär (gyz oglanyň üstünden gülenok-da, duýgudaşlyk gülküsini edýär) we şeýle diýýär:
- Aý, sen nähili şutnik ekeniň! Aý bolýa onda yşk besledigiň we ondan habarsyz galan o gyz kim?
- Adyny, aýtmaýyn...
- Aý, bolýa aýtma-da! Şeýdip näçe ýyl garaşjak?
- Näçe ýyl bolsa-da garaşjak, wagtyň geçişine bagly-da...
- Aý, şeýle-de bir söýgi bolarmy? - diýip gyz ýene gülüpdir. Şonda oglan şeýle jogap beripdir:
- Ýok, men şeýleje söýýärin! Hasapsyz-zatsyz, garaşmazdan, şolar ýaly kiçijik duýgulardan şeýle bir bagtly bolýaň, şeýdip söýseň!!! Bir gülse meselem: ''Maňa güldümikä'' diýýäň! Hem uzakdan söýmek gowudyr. Puşmanlyk ýok! Ol sen hyýallaryňy ýykanok! Aýralyk ýok! Men ony däl-de, onuň görnüşini tanaýaryn! Belkäm ol meniň owadan düşünjelerimi ýykar!!!
Gyz bolsa onuň bu sözlerini üns bilen diňläp bolanyndan soň, şeýle diýýär:
- Men seni söýýän diýsem, sen maňa nähili jogap berersiň!?
@Jeksparro
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.