Tebip

Tebip
Mundan ýigrimi ýyl gowrak öň, Esenmyrat aganyň on ýaşlaryndaky
gyzy merduwandan ýykylyp bilini agyrtdy. Üç-dört sany oňurgasy
ýerinden üýtgedi. Çaga sähelçe wagtyň içinde bükreýdi. Gasygynda käse
ýaly çiş emele geldi. Dogtora görkezselerem:
— Üç ýyl galman galypda ýatmaly bor — diýdiler.
Esenmyrat aga şoňa-da kaýyl boldy. Ýöne ätiýaçdan:
— Şondan soň bir galyp gidermikä? Gowy gutularmyka? — diýip,
çekine-çekine sorady.
— Görmeli-dä... — diýdiler.
Şol ýekeje sözem onuň gonjuna gor guýdy.
— Uly şäherlere äkidip göräýsem näderkä? — diýen maslahatam
dogtorlar gaty bir unamadylar. Gaýtam gatyrgandylar.
— Ady dogtor dakylan bolsa, biziň şu diýenimizi diýerler.
Medisinanyň mümkinçiligi şol. Şolaryň bilýänini bizem bilýäs.
— Üç ýyl gozganman ýatmaly bolsa, soňunyňam näme bilen
gutarjakdygy näbelli bolsa, özem gyz maşgala — diýip, Esenmyrat
aga iki ýana zowzuldaberdi. Gyzyny galypa salmak üçin dogtora
eltjeginem bilmedi, eltmejeginem. Wagt bolsa geçip barýardy. Ýaranyň
könelişäýmegem, soň bejermekligiň has kyn düşäýmegem daş däldi.
Ahyram ol, onuň-munuň maslahat bermegi bilen tebibiň gözlegine çykdy.
Tebipleriň yzarlanýan döwri bolansoň, tanamaýan ýerlerinde-hä
oňa ýüzem bermediler. Gorkdular.
— Biz olar ýaly iş bilen meşgul bolamzok, siz ýalňyşyp gelipsiňiz
— diýdiler.
Tanyş üsti bilen baran ýerleriniňem köpüsi el-aýagyň ýeňilýelpaý döwük-ýenjiklerini bejerýänler ýa-da käbir iç kesellerinden dert
çekýänlere dermanlyk odur-budur, ot-çöp salgy berýän tebipler bolup
çykdylar.
— Aý, bu döwürde indi bular ýaly düýpli keseli bejeribiljek tebip
galanam däldir. Tohumyny tüketd-ä hökümet olaryň — diýip, Esenmyrat
aga halys ugruny ýitirip otyrka-da obadaşlarynyň biri gelip:
— I-i… Maryda Ussa Haýtyň ogly bolmaly. Şoňa gitsene sen —
diýdi.
Dertli bolsaň, salgy berlen tarapa eňiberýän ekeniň. Esenmyrat agada şol günüň ertesi ýola düşdi. Birigüni diýlende-de, bir wagtlar tebipçilik
sungaty boýunça külli türkmene belli bolan Ussa Haýtynyň ogly Ýalkaby
ýany bilen alyp geldi. Gyzyny görkezdi.
— Gül ýaly çaga solup barýa, gaýrat ediň — diýip, gyzyň ejesem
gözüne ýaş aýlady.
Ýalkap ussa gyzyň bilini, gasygyndaky çişi üns bilen synlady.
Oňurgalaryny sanaýan ýaly, barmaklary bilen ýeke-ýeke basyşdyryp
gördi.
— Şu ýeri agyrýamy, bu ýeri agyrýamy, ine, bu ýeri nädýä? — diýip
sorady. Soňam içini hümledip oturdy-oturdy-da, ýolboýam telim gezek
sorandygyna garamazdan, Esenmyrat aga ýüzlenip:
— Dogtorlara görkezdik diýdiňiz dälmi? — diýdi.
Är-aýal ikisi iki ýerden «hawa-da-hawa» boluşdylar.
Ýalkap ussa şondan soňam sesini çykarman ep-esli oturdy. Çaý
içdi. Burçak-burçak derledi. Öý eýeleriniň tukat oturandyklaryny görüp
ýuwaşja seslendi:
— Gaýgy etmäň, Alla bizlik bolsa, hassaňyz gutular işşalla.
Esenmyrat aga muňa çaga ýaly begendi. Aýalam begendi.
Uýalarynyň gutuljakdygy üçin, doganjyklaram begendiler. Gyzyň özem
begendi. Olaryň begenendiklerini görüp, Ýalkap ussa-da begendi.
Ertesi irden ol Esenmyrat aga bilen aýalyny ýanynda oturdyp şeý — Siz üstünden birküç ýyl aşan iküç litr sary ýag, bir sany ýag
meşigini, bir litr ýaly çörden ýasalan garaýag, ýumurtga ýagyndanam
tapybilenjäňizi tapyň-da, bir aýlap gyzyňyza günde bir gezeg-ä ýarym
käseden saryýag içiriň. Günde bir gezegem güneşe çykaryň-da,
oňurgasynyň yzaly ýerine ýumurtganyň ýagyny çalyň. Ýag meşigini
gasygyndaky çişe daňyň. Bir aýlap aýyrmaň. Şu zatlary edip bolanyňyzdan
soň meni çagyraýyň.
Esenmyrat aga ýadyndan çykarmazlyk üçin, aýdylan zatlary okuwçy
depderinden goparylyp alnan bir tagta kagyzyň ýüzüne ujy küti galam
bilen belleşdirdi. Ussa gepläp durka telim gezek sözüni bölüp:
— Ýyl aşan diýdiňmi?.. Ýag meşik haýsy malyň derisinden edilen
bolmaly?.. Ýumurtga ýagy nememi?.. Özümjik o zat etsemem bormy?
Hä?.. Şeýlemi?.. Garaýagam diýdiňmi? Çörden ýasalanmy? Oý-ho-o...
— diýip, çintgeşdirdi. Iň soňunda-da:
— Galan zatlaňňa düşnükli welin, garaýagy nätmeli onsoň? —
diýdi.
Ussa etjek işiniň netijesini öňünden göz öňüne getirip bilýän ökde
hünärmendiň sowukganlylygy bilen howlukman gepledi.
— Oň bu wagt geregi ýok. Ýöne tapyp goýuň. Gelemde taýýar
bolup dursun.
Ýalkap ussa gitdi. Esenmyrat aga bar işini terk edip ýaňky zatlaryň
gözlegine çykdy. Galan zatlar-a kynam bolsa nägerek-eýle tapyldy welin,
bir wagtlar islendik öýüň dulunda asylgy durýan ýag meşigini tapmak
kyn boldy. Bolsa-da ilçilik, dagda-düzde oturanlaryň üstüne gitdi,
gum içindäkilerden soraşdyrdy, garaz, onam tapdy. Bir aýlap ussanyň
aýdanlaryny berjaý etdi. Gyzjagazynyň biliniň göz-görtele gönelenini,
çişiniň aýrylanyny görübem begenjine maşyn tutdy-da, göni Ýalkap
ussanyň üstüne eňdi. Günübirinem alyp geldi.
Ussa ýene-de gyzyň bedenini birlaý gözden geçirdi-de, gapydaky
gara öýe tarap eňegini ülňedi.
— Şol öýüň içinde ojar ýakyň. Közi köp bolsun. Ojagyň gapdalyna
tämiz düşek atyň-da, gyzam şol ýere eltiň.
Hemme zat aýdylyşy ýaly bolandan soň, ussa gyzy düşegiň üstünde
ýüzin ýatyrdy. Oňurgasynyň üýtgän ýerine hamyrdan «ýürek» etdi.
Içine-de gyrmaladybraga-da garaýag guýdy. Ojakdaky gülberişip duran
çog-gyzyl közleriň birini ätişgir bilen jüpläp alaga-da, garaýagyň bir
barmak ýalyrak ýokarsynda saklap durdy. Köz köräberse ony zyňdy-dabaşgasyny aldy. Hä diýmänem ýüregiň içindäki garaýag «bygyr-bygyr»
gaýnap başlady. (Tenine ötmeýän bor-a çemeli, gyz tisginmedem.) Zolzolam egilip gyzyň agzyny ysgady. Gyzyň agzyndan garaýagyň ysy gelip
ugrandanam:
— Boldy! — diýip gygyrdy. Gyzyň bilindäki «ýüregi» aýyrdy.
Köýnegini çekişdirdi. — Tur, gyzym! Bar, özüňem emiň-ýomuň şu
bolsun!..
Ata-enäniň şol wagtky begenjini heý, ýazyp beýan edip bolarmy?
Esenmyrat aga şol gün toý etdi. Oba bagşylaryny ýygnap aýdym aýtdyrdy,
Ussa serpaý ýapdy. Telim wagt bäri ýorgan-düşekli ýatan gyzynyň baýdak
ýaly parlap, deň-duşlary bilen iki-ýana daz ýasaýandygyny görende bolsa
begenjine gözlerine ýaş aýlady.
— Bendäm-bendäme sebäp diýenleri-dä. Ömrüň uzak bolsun, ussa
— diýip, öwran-öwran Ýalkap ussanyň dyzyny penjeledi.
...Şol gyzy soň Esenmyrat aganyň ähli çagalaryndanam daýaw
bolup ýetişdi. Durmuşa çykdy. Üç-dört çaganyň enesi boldy. Ol häzirem
tut ýaly sagat.
1990 ý.
Awtory:Juma Hudayguly.
3 лайков 148 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
15 апр 2022, 18:55
Mbaxxx