"Aýt, döwürde günä barmy?!"

Pula ýüzýär wyždan sa:ly
Tiz baýamak ynsan bary
Ynsaby ýuwudan bizdik
Aýt, döwürde günä barmy

Bugün Gurban, erte Çary
Bugün Gyzyl, erte Sary
Söýgüni guradan bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Nirä barýar edep ha:ly
On sözüňem sögünç ýary
Edebi unudan bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Gussa çümdi ýaşlaň aňy
"Tüssä" çümdi ýaşlaň aňy
Bolany döreden bizdik,
Aýt, döwürde günä barmy?!

Bilinmez hiç ýüzde a:ly
Kalpda şeýtan, dilde kary
Ýalany ýöreden bizdik
Aýt, döwürde günä barmy?!

Nirä barar bulaň çägi?
Düzetmegiň ýokmy täri?
Döwüri özgerden bizdik
(Düzetjegem biz bolmaly!)
Aýt, döwürde günä barmy?!


Ylham GURBANALYÝEW
3 лайков 136 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
23 апр 2022, 08:49
Okap bolanok. Obyçnyý şirfde žirnostyny aýyryp goýsana.
Ahally
Автор 23 апр 2022, 08:55
Hiayress,
düzedildi obaly
Pegas
23 апр 2022, 12:54
Döwürde günä kän.
Ahally
Автор 23 апр 2022, 13:58
Pegas,
döwüri döwür etjegem-ä adamdyr.
Pegas
23 апр 2022, 14:42
Ahally_24
Pegas,
döwüri döwür etjegem-ä adamdyr.

Hawa, döwri döwür edýän käbir adamlar bar. Ýöne şol özi gatnaşmazdan ýasalan döwri nälaç ýaşaýan adamlar has kän.
Ahally
Автор 23 апр 2022, 16:31
Pegas,
ol-a.dogry.