Türkmene ýaran ogul / Söhbet

TÜRKMENE ÝARAN OGUL / Söhbet

Tirkiş Jumageldi, ýazyjy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty.

Kakajan Muhammetberdiýew, taryh ylymlarynyň doktory, professor. Türkmenistanyň taryhyndan birnäçe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň awtory.


ALTY GÜNÜÑ EDERMENLIGI

Siziň okajak söhbetiňiz Kakajan Muhammetberdiýewiň ömrüniň soňky bir aýynyň dowamynda ýazyldy. Magnit lentadaky ýazgy alty sagatdan gowrak wagt dowam edýär. Kakajan aga söhbedi on sagada ýetirmegi maksat edipdi, emma agyr dert bu hyýaly başa bardyrmady.
Okumyş adamdy diýen häsiýetlendirme taryh ylymlarynyň doktory Kakajan Muhammetberdiýew üçin bärden gaýdýar. Ol pikirlenip bilýän adamdy. Pikirlenmegi endik edinenler hemişe erkinlige ymtylýarlar, erkinlik bolsa tutanýerliligi, göreşi talap edýär. Göreş pidasyz bolmaýar. Men Kakajan agany şahsy erkinlige ýetmegiň hupbatly ýolunda pida hasap edýärin. Käbir adamyň gulagyna bu sözleriň mahabatlandyrma bolup eşidiläýmegi-de ähtimaldyr, emma Kakajan agany ýakyndan tanaýanlar meniň bilen ylalaşarlar. Belki, hödürlenýän söhbedi okanlaryň arasynda-da ylalaşjaklar az bolmaz.
Adamy tanamak üçin onuň gepini, sözüni diňlemeli, diňlemek ýeterlik däl, her jümläniň süňňünden çykýan manyny, äheňi seljermeli. Diňe şol ýagdaýda sözüň çyndygyna ýa-da galpdygyna göz ýetirip bolar.
Kakajan aganyň halys ýürekden gürländigine şübhe edemok. Adam sanlyja günden ýagty ýalançydan gitjegini bilip durka, agyr derdiň bimöçber agyrysyna çydap, halys gowşan bedendäki ähli güýji jemläp, kalbyna çöken pikirlerini aýtmaga höwes tapan bolsa, muňa adaty bir ýagdaý diýip bolmaz.
Men gündeligime ýazan setirlerimi okaýaryn.

16-njy dekabr, 1999-njy ýyl: “Şu gün Kakajan aga bilen taryhy temadan diktofonly söhbediň birinji saparyny ýazdyk. Esasy gürrüň Gaýgysyz Atabaýewiň işi, türkmen halkynyň öňündäki hyzmaty hakynda gitdi. Gürrüň sagat ýarym dowam eden hem bolsa, aýdylmaly, diýilmeli pikirleriň üçden birini-de beýan etmäge ýetişmedik. Marydan gelenimden soň gyssagly dowam etmeli, sebäbi Kakajan aganyň taby günsaýyn agyrlaşýar, özi-de boýun aldy. Derdi ýaman. “Maryda eglenmejek bol, başlan işimizi gutarjak bolaly, ikimiziň söhbedimiz uzagrak bolar” diýdi. Men Kakajan aganyň aýdanyna kemsiz düşünýärin”.
Maryda bary-ýogy üç gün boldum. Giden günümiň ertesi Kakajan aga öýmüze til edip: “Eger Tirkiş habarlaşaýsa, aýdaweriň, çaltrak dolanjak bolsun” diýipdir.

21-nji dekabr: “Kakajan aganyň ýanyna gitdim. Söhbedi dowam etdirip bilmedik. Ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Şonda-da umytda, belki, erte-birigün dowam etdireris”.
23-nji dekabr: “Irden Kakajan aganyň gyzy bilen giýewisi öýe jaň edip, ýaşulynyň ýagdaýynyň has peselendigini, meniň çaltrak gelmegimi haýyş edendigini aýtdylar. Barsam, ýerinden galyp bilmän ýatan ekeni, öten gije tas gidipdim diýdi, huşuny ýitirip barýan pursatynda aňyna gelen sözleri aýtdy: “Atabaýewli söhbedi gutaryp biljek däl-ow! diýdim” diýdi. Söhbediň dowamyny ýazmakçy bolduk. Ýigrimi minutdan uzaga gurbaty ýetmedi. Näler gürrüň berjek, ganym dert ýol berenok. Goýbolsun etdik. Gan goýberjekler”.

26-njy dekabr: “Kakajan aga Gaýgysyz Atabaýewli söhbediň dowamyna güýç tapdy. “Tirkişi derrew tapyň-da getiriň” diýipdir. Myhmançylykdakam alyp gitdiler. Ýene segsen minut gürrüňi diktofona ýazdyk. Manyly gürrüň boldy. Enşalla, möwriti geler, onuň aýdanlaryny halka ýetireris. Häzir-ä Atabaýew hakynda položitel söz, pikir aýtdyranoklar”.

28-nji dekabr: “Kakajan aga bilen söhbedi dowam etdirdik. Ýeňil, hyjuwly gürledi. Öýe gelip, ýazgyny diňledim, sesin¬den agyr syrkaw diýer ýaly däl. Söhbedimiziň esasy temasy: çyn taryhy kimler ýazyp biler?”.

30-njy dekabr: “Kakajan aga bilen söhbedi dowam etdirdik”.

2-nji ýanwar, 2000-nji ýyl: “Annadurdy Almämmedow bilen Kakajan aganyň ýanyna gitdik. Gije ýagdaýy gowy bolmandyr, biz baramyzda ganymatlaşan ekeni. Söhbedi dowam etdirmäge höwesli boldy. Kyrk bäş minut gürleşdik. Ýazanymyz dört kassetadan gowrak”.

16-njy ýanwar: “Ýagdaýy juda peselipdir, ýanyna adam goýberenok ekeniler, ýöne Tirkiş bilen Annadurdy gelse, goýberiň diýipdir. Oturdyk. Bizi ýarym sagat ýanynda saklady, güýç tapdy, gürrüň berdi. Rektorlykdan boşadylyp, partiýadan çykarylyp, maşgalasyny köçä zyňyşlaryny, soňam iş tapan ýerinden kowduryşlaryny, doktorlyk ylmy derejesinden mahrum etmek üçin Moskwa ýörite ýoldanan Bibi Pälwanowanyň Kakajan aga hemaýat berjek bolýanlara Merkezi Komitetiň adyndan haýbat atyşyny jikme-jik aýdyp berdi. Belki, 75 ýyl ömrüniň menzillerini göz öňüne getirip ýatyrka, ýokarky pursata ýetende biz barandyrys, bizi görüp, iç gepletmesini sesli dowam edendir?”.

19-njy ýanwar: “Şu gün sagat on birde Kakajan agany iň soňky ýoluna ugratdyk. Ol düýn ir sagat 6.30-da jan berdi. Kakajan aganyň gitmegi bilen men iň soňky söhbetdeşimi ýitirdim. Indi pikirini töwerekleýin düşündirip biljek adam galmady. Asyl, pikir edip bilýän adam galmady!”.

Kakajan aga bilen bu söhbedi agyr derdiň halys basmarlan pursatyndan öňräk ýazyp bolmadymyka diýjeklerem tapylar. Men Atabaýew hakynda onda materiallaryň, pikirleriň bardygyny nazarda tutup, ýedi ýyl ozal onuň kitap ýazmagyny, onda-da başga garaýyşlaryň täsirine gitmän, ideologiýanyň çäginden çykyp, öz ynanjyna maýyl bolup ýazmagyny haýyş edipdim, ýalbarypdym.
Taryh ylmynda obýektiw hem subýektiw faktorlar bolýar. Hakykatda bolup geçen fakt obýektiw, ony üýtgetjek gümanyň ýok, emma şol fakta düşündiriş berlende subýektiwlik döreýär. Taryh ylmynyň ähli nogsanlary şu ýerden döreýär. Eger faktlary düşündirýän subýekt, has dogrusy, taryhçy adalata gulluk edýän bolsa, onuň ýazgysyna hormat goýsa bolar. Men Kakajan aganyň Atabaýew barada hormata mynasyp ylmy iş ýazjakdygyna ynam edenim üçin ýalbarypdym. Gynansagam, şol iş ýazylmady. Üns bilen okan adam, belki, onuň sebäbini söhbetdeşlikdäki äheňlerden duýsa gerek.
Geçen ýylyň ýazynda, Gaýgysyz Atabaýewiň görkezen hyzmaty hem taryha degişli beýleki meseleler bilen bagly, diktofonly söhbeti teklip edemde Kakajan aga höwesli ýaly göründi. “Seniň bilen manyly, gyzykly bir gürrüň etjegimize ynanyp barýan men-ä!” diýse-de, bir iňkisiniň bolandygyny duýanym üçin, özi dil ýarmasa, gaýdyp ýatladyp durmaýyn diýdim. Ölümine bir aý galanda şol teklibe gaýdyp gelmegi, juda gyssanmagy sagaljagyna, ýaşajagyna, işlejegine umydy gutaran bolmaly diýen pikir döredipdi.
Soňra Atabaýew hakyndaky söhbedi paýawlanymyzda, pellehana ýetip, agyr ýüki gerdeninden agdaran ýolagçynyň kanagaty bilen uludan demini aldy, argyn gabaklaryny ýumup, esli salym gymyldysyz ýatdy, birdenem tisginen ýaly, gözlerini açdy: “Kynam-a boldy welin, ýöne ikimiz gowy iş bitirdik” diýdi.
Men bitiren işimizden göwnühoş bolup gaýtdym, Kakajan aga bolsa çekip-çydardan agyr derdi bilen ikiçäk galdy.
Alty güne çeken ýazgyda Kakajan aganyň görkezen çydamyny, gaýratyny, höwesini diňe edermenlik diýen söz bilen häsiýetlendirse bolar.

1. Atabaýew. Batyrow. Kerbabaýew

Tirkiş Jumageldiýew: Men siz bilen Gaýgysyz Atabaýew hakynda gürrüň etmekçi bolýan. Men Atabaýew hakyndaky materiallary, duş gelen dokumentleri okap, pikir edip görýän, hemem Atabaýew diýlen adamyň fenomeni nämeden ybarat diýen sowaly berýän. Ol öz döwrüniň ylymly, bilimli adamy, rewolýusiýanyň ideýalaryna-da, onuň gumanistik ugurlaryna-da ýüregi bilen ynanan adam. Türkmeniňem nähilidigini gowy bilipdir, dagynyk halk, döwleti bolmadyk halk. Indi rewolýusiýanyň taglymatlaryna ynanyp, türkmeni nähilem bolsa, galdyrmak, döwletli etmek üçin lükgeligi bilen özüni şu ideýa beren adam. Dogry, bu işiň nähili ugruganyny, nähili sütemlere döz gelmeli bolnanyny-da bilýäris, ýöne şol döwürde birgiden örän müşgil işleri amala aşyrmagy başaran adam, onsoňam maksadyna ýetmekden ötri, onuň elinde häkimlik ryçaglary bolupdyr. Orta Aziýada Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy bolup işlemegi oňa uly mümkinçilikleri berýär. Ol maksadyny nähili durmuşa geçiripdir, gürrüň şu hakda. Siz iňňän köp taryhy dokumentleri okadyňyz, bize ol gizlin dokumentleri okamak miýesser etmedi. Umuman, Atabaýewiň eden işleri barada siz nämeler aýdyp biljek?

Kakajan Muhammetberdiýew: Öňi bilen-ä bir belli zady aýtmak gerek, taryh diýilýän zat näme, taryhy taryh edýän zat näme, taryhyň ähmiýeti näme, taryhy taryh edýän kim? Şu nukdaýnazardan garasaň, entek meseläni çuňlaşdyrman, entek deňeşdirmän, giriş hökmünde bir zat aýdaýyn. Atabaýew beýik şahsyýet, Atabaýew bilen deň goýar ýaly, Atabaýewiň möçberinde türkmeniň belent adamy diýdirjek, ulaldyp aýtmaýyn welin, Atabaýewe deňär ýalymyz soňky ýüz ýyllyklaryň dowamynda bolmady. Men şuny öz şahsy garaýşym boýunça-da, taryhçy hökmünde-de aýdýan. Ata¬baýew çensiz-çaksyz belent adam. Sen ýaňy dogry aýtdyň, Atabaýew öz döwrüniň hem ylymly, hem bilimli adamy bolan, gylyk-häsiýeti taýdanam tapawutlanan adam. Uşak zatlara üns bermän, iri zatlara üns berip, özüni hemişe öz belent derejesinde saklamagy başaran adam, özüne hormat goýduran adam. Bular maňa çenlem belli zatlar. Bir sebäp bilen Atabaýewi öwrenmek meniň paýyma düşdi, meniň bagtyma düşdi. Beýleki taryhçylara garanyňda meniň mümkinçiligim has uly boldy.
1953-nji ýylda Stalin aradan çykdy, onsoň Beriýanyň döwri başlandy. Beriýanyň kim ekendigine ullakan baha berjek bolup duramok, ol entek taryhda öwrenilmedik şahsyýet. Ol bir hili sebäpler bilen arhiwleri açdy, hemem öňki tussag edilen müňlerçe, millionlarça adamy boşadyp başlady. Arhiwleri açan döwründe menem bir sebäp bilen, Partiýanyň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky Marksizm-Leninizm institutynyň Türkmenistan filialynyň ylmy işgäri bolanym üçin Atabaýewe degişli materaillar bilen tanyşmak türkmen taryhçylarynyň, arhiwçileriniň içinde däl, belki, türkmen tohumyndaky adamlaryň içinde ilkinji gezek meniň paýyma düşdi.
Gürrüňini edýän ýyllarym 1954-56-njy we soňky ýyllar. 1963-nji ýylda SREDAZBÝURO diýen gurama döredildi. Şol guramanyň karary boýunça-da Orta Aziýa kompartiýalarynyň taryhyny ýazmak maksady bilen, her respublikadan iki-üç adam almak bilen, resmi komissiýa döredildi. Türkmenistandan wekil bolup Şamyrat Täşliýew, Aleksandr Roslýakow, Kakajan Muhammetberdiýew şol komissiýa goşuldy.
Şundan soň bizi Daşkende, Almata, Duşenbä, Moskwa iki-üç aýlyk çagyryp, ýörite şol kitaby ýazdyrdylar. Meniň bu gürrüňi aýtmakdan maksadym, men şol mahal bir sebäp bilen ýapyk arhiwlere ýene, ikinji gezek goýberildim, şeýdip mümkinçiligim has giň boldy duruberdi. Soňky gezek goýberenlerinde eliňe galam almak, depder almak gadagandy, ugrukmak, ýalňyşmazlyk üçin tanyşmalydy. Moskwada, Staraýa ploşad diýilýän ýerdäki partiýa arhiwiniň ýapygyndan ýapygyna goýberdiler. Bu meseläniň obýektiw tarapy, subýektiw tarapdanam her kimiň öz bolşy, öz häsiýeti bolýar. Men Atabaýewi şahsyýet hökmünde başdan saýlap aldym, dogrymy aýtsam, ýürekden söýdüm, ”ynha taryh!” diýdim. Atabaýewden uly taryh, belki ýokdur diýdim. Atabaýew bilen deň goýup boljak şahsyýet türkmende soňky ýüz ýyllyklarda boldumyka asyl?! Asyl türkmene türkmen diýlenden soň, Atabaýewe golaýlaşyp biljek şahs boldumyka diýen pikirlerem kelläme gelýärdi. Şol hakda köp oýlandym, pikir öwürdim. Şol mahal öz öňümde maksat goýdum: eger janym sag bolsa, mümkinçiligim bolsa, Atabaýew hakynda ýörite kitap ýazaryn diýdim.
Ilki bilen Atabaýew hakynda çeper edebiýatda biziň ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew roman-hronika ýazdy. Berdi Kerbabaýew bu eserini ýazanda meniň bilen maslahatlaşmady, onuň menden habary ýokdy. Menem Atabaýew hakynda bir zatlar bilýän diýmedim, eser ýazýandygyny eşitdim, şonda-da oňa zat diýmedim. Azajyk öňe gidip aýdaýyn. Berdi Myradowiçiň romayny okap, häk, Atabaýew öz derejesine galmandyr, bu ýerde Atabaýew meň diýýän Atabaýewim däl diýipdim.

T.J. Sözüňiz agzyňyzda, Berdi aga ýarym hakykaty ýazdy-da. Şol mahalyň rugsat derejesine eýerip ýazdy. Rugsadyň çägi bardy, şunuň ýaly etmeli, şundan aňryk geçmeli däl diýilýärdi. Ýogsa, Atabaýew hakynda birgiden fakty onuň özem bilýändir, sebäbi Atabaýew işlän döwründe ýigrimi-otuz ýaşlaryndaky kämil adamdy. Wakalaryň içinde bolupdy, öz gözi bilen görüpdi. Şonda-da ol ideologiýanyň ülňüsinden çykman, ýarym hakykaty ýazdy. Şol roman ýarym hakykat.

K.M. Eger romana ýarym hakykat diýsek,belki, ýalňyşmarys. Men bir hakykata düşünýärdim: Atabaýew hakynda çyndan ýazmagyň sowet ideologiýasy dowam edýärkä, ýazaýyn diýip näçe hyýal etseňem, başa barmajagyndan habarym bardy. Ol hakynda diýmeli sözi diýdirjek däldiler, oňa aslyşjak adamlar kändi. Mysal üçin, bir taryhçymyz bardy, oňa Aleksandr Roslýakow diýerdiler, dogrusyny aýtsak, ol Türkmenistanda taryh ylmynyň eýesidi. Respublikada hökmürowanlyk edýän ikinji sekretarlar bolsa, şolaryň dikmesi, taryhçylaryň depesinden inderilen bela-beter – Roslýakowdy. Eli çeperdi, oturyp işläp bilýärdi, diýseň çalt ýazardy, geplemäge-de ökdedi. Ol ulanmaga-da ökdedi, ulandyrmaga-da ökdedi. Meselem, ol nadan türkmen taryhçysyny tapyp, şondan alym taryhçy diýilýänini ýasap, azda-kände oýlanyp bilýän taryhçylaryň üstünden bela indermeklikde ulanmaga ökdedi.

T.J. Ideologiýanyň çyn nökeri-dä!

K.M. Ulanýan adamyna at-da alyp bererdi, ylymlaryň kandidatam ederdi, zerur bolsa, doktoram ederdi. Başarýardy. Şeýdip ýören adamlaryň ýazmaklarynda, mysal üçin, “Sredazbýuro” diýen göwrümli kitap çykarylypdy. Şu kitapda ýok ýerden bahana tapylyp, Atabaýewi milletçilikde aýyplap, akyly kemlikde aýyplap ýazylan sözlemler bar. Men şonda hyrçymy dişläp, gaharyma: “Haramzadalar!” diýenimi özümem duýman galypdyryn. Atabaýew hakynda nädip ýazyp bolar, men nädip ýazaryn diýen sowal kän oýlandyrýardy. Ýazjakdygyma ynanýardym, diri bolsam ýazaryn, bolmasa, stol üçin, özüm üçin ýazaryn diýip gezdim. Atabaýew hakynda ýazmasam, meniň taryhçy hökmünde özüme pylankes diýmäge hukugymam bolmaz diýerdim.
Berdi Kerbabaýewiň Atabaýew hakynda ýazan kitabynyň dogry ýerem kän. Ony gözi bilen görüpdir, gepleşipdir. Käbir zatlar üns berdirýär, käbir ýerini okanyňda: bäh, munuň oňatlygyny! diýeniňi duýman galýarsyň, ýöne kitaby ýapanyňdan soň Atabaýew ýok. Şol Atabaýew ýok!

T.J. Şahsyýet hökmünde ýok.

K.M. Onsoň men muny Şaja Batyrowa gürrüň berdim. Batyrow bilen biraz bile bolmaklyk miýesser edipdi. Men bu hakda-da gürrüň beräýeýin. 1959-njy ýylda kandidatlyk dissertasiýasyny goramak üçin Moskwa bardym. Barsam, Gaýyp Nepesow üstümden maşynkada 27 sahypa arza ýazypdyr. Äý, meni diýseň ýok edip, ýere gömüp, basmaly, atmaly diýen äheňde ýazypdyr pakyr. “Alynyň aryny Ahmetden almak” ýaly bir zat edipdir, ýogsa, onuň ar almalylary başga adamlar, emma meniň üstümden düşüp, meni garalapdyr-a! Onsoň öňki dissertasiýa goramaly diýlip gazetde çap edilen bildirişi öz puluma diýen ýaly üýtgetdirip, ýagny 27-nji martdan 6-njy oktýabra geçirdim. Şonda men Şaja Batyrow bilen Türkmenistanyň wekilhanasynyň jaýynyň ikinji gatynda, hökümet otaglary diýip at berlen ganatynda duşuşdym. Uly otagda Batyrow, kiçi otagda-da men bolýardym. Meniň ol ganata düşmegimiň sebäbi meniň kandidatlyk goraýanym üçin däldi. Men şol mahal Aşgabat oblast partiýa komitetiniň bölüm müdiridim. Partiýa işgäri hökmünde menem “pylankes” diýen adam bolanym üçin şol ýerden maňa otag beripdiler.
Şaja Batyrowyň ol ýere barandygynyň sebäbi, ony Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň prezidentligine taýýarlapdylar. Ony bu wezipä Moskwa tassyklamalydy. Moskwa-da tassyk edenok, sebäbi aýagyndan kän arza düşüpdir. Arza diýeniňem näme, türkmeniň taryhynda örän giň ýaýran, moda öwrülen zatdy. Sowet döwründäki ýetmiş ýylda türkmene bir zat zyýan ýetiren bolsa, şol golsuz hat diýen beladyr. Ony ýörite ýazdyrardylar, ýörite gurardylar. Şaja Batyrowyň üstündenem uly papka arza ýatyr. Ol bir gün gaharlanyp geldi. “Bu gün-ä keýpiňiz ýok, Şaja Batyrowiç” diýdim welin, “Ä-äý – diýdi-de içini çekdi. – Äý, inim, keýp bolarmy! – diýdi, keýp bolarmy! – diýip, iki öwre gaýtalady. – Şol ýatan papkany görýärmiň, bar, okap gör” diýdi. Baryp, papka seretsem, gollu-golsuz onuň üstünden ýazylmadyk zat ýok. Nämemiş, Şaja Batyrow alym dälmiş, ylmy kitaby ýok, şeýle ýagdaýda ol nähili Ylymlar Akademiýasyna prezident boljakmyş, ony prezident etmeklik gaty uly ýalňyşlyk bolar... garaz, şeýle zatlar, töhmetler ýazylypdyr. Seretdim, üns berip okajagam bolmadym, bu zatlar maňa düşnüklidi, beletdi, sebäbi öz üstümdenem Gaýyp aganyň arzasy ýatyrdy. Şol arza jogap ýazdym, nesip bolsa, men ony saňa okamaga bererin. Göwnüme bolmasa, şol jogap hatym ýazan işlerimiň arasynda iň görnüklisi ýaly bolup dur.
Şol jogaby Batyrowyň eline berdim, okady-da dymyp oturdy, geplemedi, asyl geplänok, bolupdyram, bolmandyram diýenok, gowy ýazypsyň, erbet ýazypsyňam diýenok, ýöne, hä-ä, ýene: hä-ä, hä diýdi-de: ber şu durşuna diýdi, şü-dä diýdi, hawa, şü-dä! diýdi. Gaýypdan närazy ekeni, ýöne içki duýgusyny açyk aýtmagy uslyp bilmese-de, duýar ýaly etdi. Seni ýazmalymy? Sen däl-ä oň duşmany!” diýip, meni köşeşdirdi. Meniň hatymyň äheňini duýupdyr, muny gowy edipsiň diýdi.
Şaja Batyrowyň hemişe agzyna alýan sözümi, dälmi, bilemok, maňa oglum diýen sözi aýtdy. “Oglu-um! diýdi, äheňiň oňat diýdi, şu durşuna, üýtgetme-de ber diýdi, hiç kime-de görkezme diýdi. Bolýar diýdim-de menem şo durşuna haty bermeli ýerine berdim. Meniň aýtjak bolýan zadym, şonda Kerbabaýewiň romany hakynda gürrüň açyldy. Men gönümel sorag beräýdim. Roman hakynda soradym-da: “Şaja Batyrowiç, siziň Gaýgysyz Atabaýewe garaýşyňyz nähili, gaty görmeseňiz şony bilesim gelýär, Atabaýew hakyndaky mesele meni gaty gyzyklandyrýar, arhiwlere barsamam, asyl şu mesele meni erkime goýanok” diýdim. Şonda onuň özi agzaýdy: “Sen Berdi aganyň romanyny okansyň-a?” diýdi. Hawa, okadym diýdim, göwnüňize bir zat getirmeseňiz aýdaýyn, men ony halamadym diýdim. Diliniň çeperligine sözüm ýok diýdim, Atabaýewi gözi bilen gören, tanan adam diýdim, ýöne romanda şahsyýet ýok diýdim, belent Ata¬baýewden nam-nyşan ýok diýdim. “Gaty gideňokmy? – diýdi – gaty aýdaňokmy?” diýdi. Ýok diýdim. “Seniň materialyň barmy?” diýdi. Şaja Batyrow bilenok ekeni. “Hawa, mende heniz hiç kimiň görmedik materiallary bar” diýdim, soňra gürrüň berdim. Diňledi-de: “O-how! – diýdi. – Men seni Berdi Myra¬dowiç bilen duşuraýyn, sen şuny oňa-da gürrüň ber” diýdi. Soň diýeninem etdi. Prezidentkä bir gün yzyna tirkäp, Berdi aganyň öýüne eltdi. Barsak, Berdi aganyň ýanynda Abdy An-nalyýew oturan ekeni, Ministrler Sowetiniň başlygam bolupdy. Berdi aganyň Baýramalyda ýaşaýan inisi Han aga bardy. Ogly Baky bardy. Gapdalymyzda aýalam görünýärdi, türk milletinden, adyna näme diýerdiler şoň?..

T.J. Meýrem Ezizowna.

K.M. Hawa, Meýrem apa. Ikiýana ýöräp, hüňürdäp ýör, stoluň başynda idili oturanogam. Oturýa-da, ýene turup gidýär, üns bermäň diýýä. Men şonda azda-kände gürrüň berdim welin, Berdi aga: “Ikimiz soň ýörite duşuşaly” diýdi. Soň duşuşdyk. Öýüne çagyrdy. Maşynkasynyň başyna geçip oturdy. Birden ýazmasyny togtatdy-da: “Kakajan, – diýdi. – Goýaly, goýaly muny” diýdi. Men näme üçin diýenine bir bada düşünmän galdym. “Muny seň özüň ýaz, muny sen ýaz diýdi. – Men muňa gaýdyp el urmaýyn, men etjegimi edip¬dirin, meniňki şu durşuna dursun, şu durşuna gitsin” diýdi.

T.J. Tüýs aýdaýjak zady-da!

K.M. Şu hakyky bolan waka. Ýogsa, meni diňläp, şyk-şyk maşynkasyny urup otyrdy, birden tapba goýdy-da: “Goýaly muny, sen ýaz, diňe sen ýaz muny, özem maňa gürrüň berşiň ýaly edip ýaz” diýdi. Bu diňe Berdi aga ikimiziň aramyzda bolan gürrüň. Soňra doktorlyk dissertasiýama ulaşyp gitdim. Moskwada, Daşkentde çykmaly kitaplary ýazýan topara girizdiler. 60-njy ýyllar uly-uly monografiýalar çykdy, şolara türkmen tarapyndan gatnaşmak maňa miýesser etdi. Dogrymy aýtsam, Gaýgysyz Atabaýewe dolanmaga mümkinçiligim bolman gitdi oturdy, gitdi oturdy. Gel-gel, ýetmişinji ýyllara ýetildi, biziň çykaran uly kitaplarymyzy hökümet sylaglaryna hödürlediler, hatda Lenin baýragyna-da hödürlendi. Şeýlelik bilen Atabaýew galyp gidip otyr. Ýetmişinji ýyldy öýdýän... Berdi Kerbabaýew dagy Çärjewe bardylar, senem-ä bardyň, haýsy ýyldy şol?

T.J. Ýetmişinji ýylmydy?.. Takyk bilemok.

K.M. Ýetmişdi şol. Şonda: “Ýörite geldim şu ýerik, görýän welin, sen şony ýazjak däl, çekip gidip otyrsyň” diýdi. Ýazyjy¬lar plenum geçiripdiler, göçme plenum diýipdiňiz.

T.J. Hawa, “Oba hojalyk temasynyň çeper edebiýatda beýan edilişi” diýen meseleden ýörite plenum geçirilipdi.

K.M. Men şonda Berdi aga dagyny öýe çagyrypdym. Saçak başynda otyrkak Berdi aga: Kakajan bizi şu ýere getirendir diýdi, ýöne Kakajana bir zat tabşyrypdym welin, biýem şol çekip gidip otyr diýdi, şeýdip, meni tankytlabam goýberdi. Ýetmişinji ýyllaram meniň başymdan bela indi, Atabaýewli mesele galdy gitdi.

2. Başy gowgaly Gaýgysyz

K.M. Atabaýew kim? Gürrüň şu hakda bolmaly dälmi?

T.J. Men Atabaýewiň kimdigi bilen bagly öňinçä bir zat aýdaýyn, ýaşuly. Atabaýewiň kakasy Täç serdar biziň obamyzdan, körsagyrlardan. Adamyň aslyny bilmeli, abraýly adamlar köplenç döwletli ýerden çykýarlar diýilýär. Bir adam hakynda soralanda: “Döwletli ýerden çykanmydyr?” diýýärler. Gaýgysyzyň asly serdar maşgalasyndan. Täç serdar Gowşut han bilen bile söweşen adam.

K.M. Türkmende bir däp bar. Däbimize gaýdyp gelmeli diýýäs-de, gelşimiziň ugry ýok. Mysal üçin, bir ýigit märeke ýerine salawmaleýkim diýip geler welin, oturan ýaşulularyň biri: ”ýigit, gel, otur, nireden bolarsyň, kimlerden bolarsyň?” diýer. Ýigidem aýdar: ”pylan obadan, pylanylardan diýer welin”, ”hä-ä, döwletli ýerden ekeniň, geçiber bärik, seniň ornuň şu ýerdir” diýip, eýýäm onuň ornuny obasy, asly, terbiýesi bilen kesgitläp goýberer. Gaýgysyzam görüm-göreldäni gören bolmaly-da. Görüm görmedik, göreldäni görmedik adam soň ile görüm görkezip bilmeýär, öwredibem bilmeýär. Görüm-görelde diýeniň belent zat bolmaly.

T.J. Tiresiniň, maşgalasynyň, döwletliligiň jogapkärçiligi onuň üstüne düşýär.

K.M. Şony duýup durmaly-da. Atabaýewiň bagtyna ol “Russko-tuzemnaýa” diýen mekdepde okaýar, ýoldaşlary duşýar. Muhammetguly Atabaýew bir mysal, nohurly ýigit, çensiz akylly adam bolan. Türkmende “dogan okaşmak” diýen däp bar. Gaýgysyz Muhammetgulynyň familiýasyny alypdyr diýen gürrüňem bar. Türkmeniň häsiýetinde dost diýeniň, meniň düşünişimçe, dogan-garyndaşdanam belent bolmaly. Dost bolmak üçinem akylyň, paýhasyň, gylygyň, garaz, köp zadyň meňzeş bolmaly. Duýgudaş bolmaly, aýrylmaz bolmaly, şony häli-şindi göresiň gelmeli, maslahatlaşasyň gelmeli, şeýle dälmi?.. Şeýle adamam duşupdyr oňa.
Soň Daşkentde okapdyr. Ol mahal okuwlaram okuwdy! Şol berilýän bilim-terbiýäni alan adam, gowy ýoldaşlara duşan adam. On ýedinji ýyldan soň, 18-20-nji ýyllarda Ata-baýewiň haýsy wezipelerde işländigi barada ylmy kitaplarda kän ýazyldy, ýöne bir zat ýazylman gidip otyr: Atabaýewiň kimdigi. Atabaýew diýen familiýa ol kitapdan bu kitaba, ol sahypadan bu sahypa geçip gidip otyr, Atabaýew kim diýen sowala jogap ýok.

T.J. Şu günem şol sowala jogap ýok.

K.M. Gynansagam, ýok, şu günem ýok, arman edýäris, ýok. Ol goýlup ýörlen oýunlar zatlar, meň çekinýän zadym ýok, nälet şonuň awtorlaryna! Oýnaýanlara-da nälet! Utançsyzlyk, bihaýalyk! Taryh diýilýän zadyň bir aýratynlygy bar: taryha girip bolýar, emma taryhdan çykyp bolmaýar. Şony ýazan awtor ölýänçä gara adam şol, ölende-de, hiç mahal aklap bolmaýar, bolmaz!

T.J. Türkmen Döwlet Akademiki Drama Teatrynda goýlan oýun, “Gala”.

K.M. Şol oýny goýana, şony ýazan awtora ömürlik nälet! Olaryň familiýasyny aýtjak däl, onuň geregem ýok. Men ýürekden aýdýan, gynanýan, ýüregim awaýar, ýöne elimden gelýän zat ýok.

T.J. Ýaşuly, ony ýazan adamyňam, oýny goýanlaryňam taryha öz garaýyşlary ýok. Şonuň üçinem olar perwaýsyz, näme et diýilse, şony edýärler. Siz dogry aýtdyňyz, umuman, Atabaýewi iki gezek öldürdiler. Birinji gezek otuz sekizinji ýylda öldürip, taryhdan adyny öçürjek boldular, üstüne atanak çekeris öýtdüler, bir bada başartdam. Biz oglankak kämahal adyny agzardylar. Şol mahal obamyzda onuň aýal doganam ýaşap ýören ekeni-le! Ýöne Atabaýew hakynda müň ýyl mundan ozal bolan adam ýaly äheňde gürrüň bererdiler. Ol serhetde atylypdyr, bir wagon gyzyly alyp, Eýrana geçirjek bolanda öldürilipdir diýerdiler. Soň Hruşýowyň döwründe geçmişiň faktlary ýarym-ýal¬ta açyldy. Berdi aga daga rugsat berlişi ýaly, ýarym hakykat ölçeginde.
Indi biz döwlet garaşsyzlygyny aldyk diýdik. Sowet Soýuzynyň düzüminde bolanam bolsak, ençeme asyrdan soň Türkmenistanyň özbaşyna respublika bolmagynda Atabaýewiň hyzmaty aýratyn. Indi onuň taryhy hyzmaty hakyky manysynda belleniler öýtdük. Emma bizi ozalky ýarym hakykatdanam dyndardylar oturyberdiler. Şeýdibem, ony ikinji gezek öldürdiler. Otuz ýedinji ýyldaky ýaly. Ol hakda halkyň kalbynda galan hakyda zarba urdular. Aşgabatdaky ýeke-täk ýadygärligini-de aýryp zyňdylar. Ýene adyny öçürdiler. Indem ýaňky adyny agzan oýnumyzda görkezilişi ýaly, Atabaýew ganhor bolupdyr, adamlary atypdyr, horlapdyr... şulardan başga zat eşidemzok. Siz Atabaýewi öwrenen adam. Biz türkmeniň döwletini döretmegiň ýoly barada gürrüň etdik, elbetde, SSSR-iň çäginde. Şonda aýgytly rol oýnan Atabaýew diýdik. Men sizden şu meselede Atabaýewiň aýratyn hyzmaty barada eşitmekçi bolýaryn.

K.M. Millet, döwlet diýen bir kesgitleme bar. Men soňky ýyllarda ”türkmende millet öň döräpmi ýa-da döwlet?” diýen meselede çykyş hem etdim.Ynanyň, adamlar, döwlet milletden öň döreýär diýdim. Döwletiň bolmasa, millet bolup bolmaýar. Marksizmde başgaça aýdylýar. Daşkentde, uniwersitetiň taryh bölüminde okanymda meniň diplom işimiň temasy-da türkmen milletiniň emele gelşi. Bir sebäp bilen türkmeniň milleti barada gürrüň açylanda, ilki bilen şol hakda biri ýazan bolsa, megerem, şol meniň paýyma düşdi, şuňa özümem kaýyl galýan. Soň men bu temany kandidatlyk işi üçin almadym. Muňa sebäp bolan zadam, Şaja Batyrow diýen belent adam millet hakynda ylmy iş ýazýarmyş diýip eşidenimden soň bu temany gapdala goýdum. Diplom işimi 1951-nji ýylda gorapdym, gowy diýip baha beripdiler, çap edipdiler. Gaýdyp elime almandym, Şaja Batyrowa hormatym üçin. Şoňa aslyşýar diýmesinler diýen ätiýaç bilen. Meniň bu gürrüňi açmakdan maksadym, şol Atabaýew, Gaýgysyz Serdarowiç, käýerde oňa Konstantin Sergeýewiçem diýilýär, Atabaýew diýilýän adam bir zada gowy düşünipdir, çensiz gowy düşünipdir. Öňi bilen ol türkmene berlipdir, öz halkyna berlipdir. Onsoňam, “berlipdir” diýen sözüň manysy şeýle: bermäge zadyň bolmaly. Atabaýewde halkyna bermäge zat bar. Ol Atabaýew! Çensiz belent adam!
Meniň Atabaýew bilen ilkinji duşuşan ýerim, dokumentler arkaly duşan ýerim, şeýle boldy. 1920-nji ýylda şu hökümete tüýs berlen Goçmämmet han diýen belent adamyny bir jaýdan beýleki jaýa geçende, haýynlyk bilen pyçaklap öldürýärler, 15-nji sentýabrda. Şu zerarly hökümet komissiýasy döredilýär. Moskwada hökümetiň ýanynda Türkkomissiýa diýen bölüm bardy, bäş-alty adamdan ybarat. Şonuň başlygyna-da Geliawa diýerdiler. Rudzutak, Kuýbyşew, Frunze, Kaganowiç dagam bar. Şol bölümiň düzen komissiýasy üç adamdan ybaratdy, üçüň biri-de Gaýgysyz Atabaýewdi. Goçmämmet baradaky ahwalaty barlamalylaryň biri Atabaýew! Şuny okamda tolgunanymy duýman galdym, şu ýerde Atabaýewiň adynyň tutulýandygy üçin! Adalatly çözüler diýip, içki duýgym bilen garaşdym. Dogrudanam, adalatly çözlüpdir, günäkärler ýazgarylypdyr. Goçmämmet aklandy.

T.J. Goçmämmet kim ol?

K.M. Häzir aýdaýyn. Goçmämmediň tarapdarlaram aklandy. Şolaryň aklanmagynda Atabaýewiň hyzmaty uly bol¬maly. Goçmämmet kim? Oňa Goçmämmet han diýilýär. Kitaplarda Goçmämmet Sopyýew diýip hem ýazylýar. Bu meniň ýalňyşym. Dokument ýygnap ýörkäm, onuň familiýasyna duş gelmedim-de, menem tejribesizlik edip, bir dokumentde ony Goçmämmet Sopyýew diýip ýazyp goýberdim, soň Sopyýew bolup gidiberdi, yzyna almak maňa başartmady. Menden göçürdiler ýördüler. Goçmämmet han diýen adam 1920-nji ýylda Hywa hanlygynyň agdarylmagynda esasy rol oýnan adam. Hywa hanyny agdarmak üçin öňi bilen türkmeniň beýleki bir serdaryny syndyrmalydy, ýagny Jüneýit hany syndyrmalydy. Goçmämmet şonuň bilen jetleşen adam, olar bir-birine garşy göreşen. Munam bolşewikler ökdelik bilen ulandylar. Ikisiniň agzyny alardyp, biri-birine duşman edip, iki goçy çaknyşdyryp, maňlaýyny ýaryp, gan akdyryp, maýyp edip, Jüneýit han-a tagtdan düşürip, Goçmämmedem pyçaklap öldürdiler. Şeýdip, ikisindenem dyndylar. Bu ýerde gep – türkmenleriň serdarlaryndan dynmak, türkmeni ýok etmek.
Men Goçmämmedi Atabaýew bilen baglajak bolýan. Eger Atabaýew şol komissiýanyň agzasy bolmadyk bolsady, Goçmämmet aklanmazdy.
1922-nji ýylyň ýazynda Fergana jülgesinde basmaçylyk hereketi ýokary galýar. Käbir maglumatlara görä, 20-30 müň adam baş göterýär. Şu günki günüň kartasyna garap aýtsak, Fergana diýilýän jülge Andyjan, Namangan, Fergana oblastlary, Özbegistanyň özeni, Täjigistanyň Leninabat oblasty, Gyrgyzystanyň Oş oblasty. Milletleriň üýşen ýeri, ilatyň örän gür oturan ýeri. Bir ýany Hytaý, beýlesi Owganystan, şeýle bir wajyp, möhüm ýer. Ine, şu ýerde basmaçylyk hereketi ýatyrylmasa, dogrudanam, sowet hökümetine howp abandy. Basmaçylyk bilen Orta Aziýada sowet häkimliginiň ýok edilmegine mümkinçilik döräpdi. Şu ýerde Moskwa mekirlik bilen hereket edýär. Kimiň üsti bilen bu hereketi ýok etmeli? Şol mahal Rudzutak, Gusew, Broýda diýen milli meseleden habarly adamlar yzly-yzyna gelip gidýär, şolaryň biriniň resmi beren bahasyna görä, şu işe ýolbaşçylyk edip biljek bir adam bar diýilýär. Bu ahwalaty şol adama ynanmasak, başartmaz. Ol adam hem-ä ýerli milletden, hemem hakykat ýüzünde bolşewikler partiýasyna berlen adam, hem başarjaň, hemme tarapdan ukyply diýilip, Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýewiň ady tutulýar. Atabaýewe hukuk hem harby taýdan çäksiz ygtyýarlyk berlip, Fergana iberilýär, basmaçylyk hereketini ýatyrmaly diýilýär. Atabaýewiň saýlanyp alynmagynyň ýene bir amatly ýeri, ol jülgede ýaşaýan halklaryň hiç birine degişli däl, hemmä ortalyk boljak. Şol bir wagtda-da gaty bir kesekem däl, Orta Aziýanyň wekili.
Atabaýew şeýle bir başarjaňlyk görkezýär, özüni uly bir döwlet işgäri, uly harby işgär hökmünde görkezmegi başarýar. Garşylygy ýatyrýar. Şol mahal Atabaýewiň üstünden arza ýazýarlar. Türküstan harby okrugynyň ýolbaşçylary Atabaýew biziň ähli hukugymyzy elimizden aldy, özem baryp ýatan diktator diýip ýazypdyrlar. ”Sredazbýuro” bu meselä garaýar, dört güne çeken mejlisde şol meseläniň dawasy gidýär. Ahyrda-da özüne tabşyrylan möhüm meseläni, harby operasiýany üstünlik bilen ýerine ýetireni üçin Atabaýewe sagbolsun aýdýarlar. Atabaýew şeýdip, hasam at alýar. Şol doklad soň ýazyjy Paporowyň 1991-nji ýylda “Ýunost” žurnalynyň birinji sanynda çykardan makalasynyň esasy bolupdy. Men ol dokumenti 1954-nji ýylda görüpdim, emma maňa çap etmek gada¬gandy. Gel-gel, Paporow bizden öňürdip çap etdirdi, şonuň üçinem ol sag bolsun!
Şu ýerde Atabaýewiň özüne artygrak ynanyp, bir töwekgel iş edendigini-de belläp geçmeli. Ol basmaçylyk hereketine baş bolanlaryň arasyndan üç-dört adamy boşadyp goýberýär, özi goýberýär, özem ýagşy niýet bilen edýär. Olar öňki gaçyp gidenleri aňyrdan getirerler diýip edýär, olaram gelmeýärler. Bu fakt Atabaýewiň duşmanlary üçin tapylgysyz delil, maglumat bolýar. Olar gaýtadan Atabaýewiň aýagyndan arza ýazýarlar. Indi olarda uly tutaryk bar. Şeýdip, Atabaýew gidip barýar. Öňi bilen Atabaýewi örän tiz Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyndan boşadýarlar. Partiýa agzalyk meselesi goýulýar. Ony bu sapar ýok etmek hyýalyna düşüleni aýdyň. Şol wagt milli mesele bilen meşgullanýan adamlar bardy, Moskwada. Men entek hakykysynyň kim bolandygyny takyklap bilemok, göwnüme bolmasa, şu pajygaly pursatda Atabaýewi goldan, belki, Ordžonikidze bolandyr? Ol örän ynanylýan adam. Ol ýerde Rudzutak diýenem bir pähimli adam bardy, Ýan Ernestowiç Rudzutak diýerdiler, milleti latyş bolmaly, soň olam otuz ýedide atyldy. RKBP-niň Orta Aziýa býurosynyň başlygynyň wezipesinde Gusewdi, yz ýanyndanam Rudzutak bolupdy. Meniň aýtjak bolýanym, Ordžonikidze, Rudzutak, Broýda dagynyň biri, belki-de, üçüsem biledir, Atabaýewi Moskwa çagyrdýarlar, duşmanlarynyň eline berenoklar, halas edýärler. Atabaýewi partiýanyň agzalygyndan öçürtmän alyp galýarlar.

Tirkiş Jumageldiýew we Kakajan Muhammetberdiýew

Çeşme: kitapçy.com
3 лайков 302 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 30 апр 2022, 12:06
Öňki mowzugy pozup täzeden açdym, ýene açmasa özüňiz düşüniň we okasyňyz gelse kitapçy saýtynda okap bilersiňiz.
Chelsea
30 апр 2022, 12:43
Su Tirkis Jumageldiyew kakasynyn oyi we doganlarynyn oyleri (masgalasy) menin kocamde yasayar. Hazirki wagtda Tirkis aga Asgabatda yasayar. Tirkis agan inilerinin birinin ogly klasdasym, hazir olam turkiyede okayar.
Hiayress
Автор 30 апр 2022, 13:07
Chelsea,
Tirkiş aganyň kitaplaryndan tapyp bolmzmy onda?!
Bentner
30 апр 2022, 13:17
Türkmenistanyň garaşsyzlygy döwründe
Tirkiş Jumageldi aşakdaky eserleri ýazdy:
1. Milli Oýun. Bölüm 1. (HaunoHanbHaa urpa)
Roman (1996)
2. Omur Zaýa (Moa BeHepa)- Hekaýa (2002)
3. Gorki belasy - Roman (2005). Rus diline terjime
edildi we "Apyx6a HapogoB"-da "OHeprua
CTpaxa." ady bilen neşir edildi.
4. Yyten ýurt (Mcye3HyBLIaA CTpaHa) - Roman
(2008)
5. Milli oýun. Bölüm 2- Roman (2011)
6. Tyaze Kharabalar (HoBble pyMHbl)- Roman
(2015)
Hiayress
Автор 30 апр 2022, 13:20
Bendtner,
Tapalyda!
Senyorita
30 апр 2022, 15:11
Tirkiş Jumageldiýew 1979-njy ýylda çap edilen"Janserek" romanynyň awtorymy?!Mende-hä şu kitaby bar.
Hiayress
Автор 30 апр 2022, 15:40
Senyorita,
Hawa. Ol kitap mende-de bar. Ýoklaryny tapsam gowy boljak.))
NEMOO
30 апр 2022, 21:49
Mertler hic vagt yatdan cykmaz?
Pegas
30 апр 2022, 22:53
Kakamyrat Ataýew bilen gowy gatnaşýar ýaşuly. Kömek edip bilerdi. Kakamyrat aga seni hem tanaýar gaýybana.
Şamuhammet
03 май 2022, 23:51
@Pegas, bizem garrasak bilen-eşidenimiz hakda şolar ýaly gürrüňini etdirmäge adam barmyka?
Şamuhammet
03 май 2022, 23:52
Hiayress,

Kitapçyda Ol makalany pozup aýyrdy admin...