Baky bergidar adam (Nowella)
Uruş ýyllarynyň enelerine bagyşlaýaryn
Oba barmanyma kän ýyl boldy.Her gezek gitjek bolamda bir iş çykýar duruberýär.Bu gün welin zähmet rugsadyny alanymdan, ýüregime daş baglap,ýola şaýlandym.
-Obada näme işiň bar,il ýaly kurort diý, beýleki diý,dynç almaga git-de,saglygyňa seretdir - diýip,ejem kes-kelläm garşy çykdy.
-Wah,kurorta gitmese,öýde-de iş gyt däl.Iki ýyl bäri jaýymyzam remont edenok,özüne-de gurluşykçy diýjeksiň - diýip,aýalymam hüňürdedi.
-Aý,seňki näm-aý,sen bir gapylsana?!- diýip,gaharyma onuň ýüzüni aldym.
- Neneň diliň barýa oňa şu ýagdaýda gygyrmaga - diýip,ejem al petimden aldy.
Aýalym göwrelidi,ejem şony göz öňünde tutýardy.
- Sen asyl ony şu ýagdaýda nädip taşlap gitjek?Beýle doňýürek bolmazlar-a,basym oň yzyndanam gatnamaly bolar.Biz-ä iki sany ölen garry,özümizi zordan oňarýas, kakaňa seretmäge-de bir adam gerek.
Aýalym şumjaryp:
-Aý,ol diňe özüni bilýär - diýip goňşy otaga çykyp gitdi.
Kakam ony görüp:
- Bu gohyňyz näme?- diýip,ýanymyza geldi.
- Aý,şulardyr-da,oba gidip geläýeýin diýdim welin,ör-gökden gelşip...
- Gitse-gitsin-dä,näme birki gün bolar gaýdar-da- diýip,kakam tarapymy çaldy. - Indi ýigrimi iki ýyldyr oba barmanymyza, halys yzyňy gömäýmeli däl-ä.
-Wah,nätsin,maňa hiç-le.Ýöne gelni göwnänok - diýip,ejem hüňürdedi.
- Oňa-da sapak berýän sen,ýogsam ol sesinem çykarjak däl...
Ylalaşyga gelnen ýaly,ara dymyşlyk aralaşdy.Emma oba gitjek diýsem,ejemiň dowla düşüberýändigi ýadyma düşdi-de, gaharyma öçüp barýan oda nepýag guýan ýaly etdim.
- Meni näme üçin goýbermejek bolýanyňyzy bilýän.Siz Dürjemal gelnejemi ýigrenýäňiz.Ol görgüliň näme etmişi barmyş beýle?Her edip - hesip edip,şonuň ýanyna goýbermejek bolýaňyz.
Men bu sözleri aýtjak bolup,aýdyp bilmän ýördüm.Häzir bolsa böwedi böwsülen bent ýaly,nädip ýarylanymy hem bilmedim. Ejemiň ýüzi üýtgäp gitdi,aýak üstünde durup bilmän,iki elinem maňlaýyna diredi-de,özüni lampa ýere goýberdi.Kakam bir oňa,bir maňa seretdi-de,ýüzüni kese sowdy. Men olaryň hä diýmän al petimden aljaklaryny aňýardym.Emma şonda-da gaharyma saklanyp bilmän gepleýärdim.
- Uruş ýyllaryndaky açlykda,gelnejem az-owlak iýer ýaly zat diläp gelende hem bermändiňiz.Ýogsam,şol wagt bizde unam bardy,nanam.
- Oňa un beren bolsam,onda özümiz gedaý gezmeli borduk-da - diýip,ejem özüni aklajak boldy.
- Ýalan! - diýip,men kesgitli gepläp başladym. - Sebäbi 1943-nji ýylda kakam ýaraly bolup,uruşdan gaýdyp gelipdi.MTS-de traktorçy bolup işleýärdi.Ol häli-şindi öýe iýer ýaly azyk getirip durdy. Gelnejemleň kendiriklerinde bolsa,iň bärkisi bulamak eder ýaly bir çümmüjek unam galmandy.Dul doly çül-çaga,işleýänem bir özüdi.Kolhoz bolsa çöküpdi,diňe işe çykana günortanlar ölmez-ödülik ýarma berýärdiler.Häli-şindi öýlerine baryp ýöremsoň,men olara beletdim.Ýaz guraksy gelensoň,görgüliler käwagt iýmäge selme-de tapanokdylar.
- Hany,bes et! - diýip,kakam azgyryldy.
Men gaharyma bäs gelip bilmän barha möwç aldym:
- Käwagt o görgülilere dözmän,bir döwüm nan eltip berýärdim.Soň siz olary şondanam kesipdiňiz.Ejem:"Ogluň olara özüni oýnadyp ýör,öýüň bar zadyny daşap gutardy" diýip ýamanlanda,kakam maňa şarpygam çalypdy.Siz meni çagadyr öýdýärdiňiz,hawa,men çagadym.Emma bar zada düşünýärdim.O zatlar şu günki ýaly ýadymda.
- Ýok,bu meň ölümimi isleýändir - diýip, ejem şumjaryp,gyňajy bilen gözüni süpürişdirdi.
- Ýöne,näme üçindir,şu wagta çenli düşünip bilemok - diýip,ýene ejeme seredip gepledim.-Ilk-ä siz olara bir gysym unam rowa görmändiňiz,soň bir hepde geçip-geçmänkä-de skladçy daýymdan bir halta bugdaý karz alyp,Dürjemal gelnejeme berjek bolduňyz.Sizi şeýtmäge näne mejbur edipdi?..Ýene meni bir haýran galdyrýan zat,ol-da bolsa ol görgüliniň aç öljek bolup otursa-da,ol bugdaýdan ýüz dönderenligi. Bu syr meni hiç günüme goýanok,ýatsam-tursam beýnimi çokalap dur...
Men aýtjak sözlerimiň köpüsini aýdyp gutaramsoň dymdym.Emma Dürjemal gelnejemleriň öýlerine gitjegim welin çyndy. Sebäbi öýdäkileriň näçe goýbermejek boldugyça,meniň şonça-da olara gidesim gelýärdi.
Ne ejemden,ne kakamdan ses çykýardy. Men aýtjak zadymyň köpüsini daşyma çykaramsoň,ýeli giden top ýaly,kem-kemden köşeşip başladym.Olaryň dymyp oturmaklary welin içimi byjykladyp,bagrymy paralaýardy.
-Näme,sen oba şony bilmäge gitmekçimidiň?- diýip,kakam birhaýukdan soň,ýüzüme-de seretmän habar gatdy.
-Ýok,oň üçin-ä däl.Gelnejem görgüliň haly teň,jany sal üstünde,demini sanap ýatyr diýdiler.Sorap gaýdaýjakdym.
- Kim diýdi?
- Düýn Kössegiň ogly Ilaman diýdi.
- Ol haýsy Kössekkän?
- Hol ileri ýanymyzda oturýadylar-a uzyn boýly...
- Kössek keliñ oglumyka?
- Hawa.
- Olar ol obadan göçüpdiler ahyryn.Ol nireden bilýärmiş?
- Geçen hepdede oba baryp gaýdypdyr.
Kakam häzir kimiň tarapyny tutjagyny-da bilmän,ikarada janserekdi.Ol pikir ummanynda akyl gämisini batyryp,gidere ugur tapman,girdaplaryň arasynda heläk bolup barýan adama çalym edýärdi.Biz bolsak onuň ýagşydan-ýamandan bir söz aýdaryna garaşýardyk.Emma tamamyz çykmady,ol hiç birimiziň ýüzümize-de seretmän,ep-esli wagt aňyrsyna bakyp, düňderilip oturdy-da,çilimini otlandy.
Bugdaýly wakadan soň,Dürjemal gelnejemler bilen aragatnaşygymyzyň kesileni,biziňem tiz wagtdan şähere göçüp gaýdanymyz ýadyma düşüp,oýa çümdüm.
- Näme,indi ol ejeň-kakaňdanam,öz mähriban çagalaňdanam eziz boldumy? -diýip,ejem ters soragy orta atyp,dymyşlygy bozdy.Soň özüni aklajak bolýan ýaly, gürrüňe basalyk berip gepledi:
- Eltim meni äsgermeýän ýaly,näme iş etse,sala salman,göwnüne gelenini edip goýbärdi.Ynha,ol gaýyn enem pahyryň elinje dokan halysynam soraşman,zat etmän galla çalşypdy.Dogry,o zatlar oñ özüne berlen zatlardy,biziň rysgalymyz eýýäm aýrady,onda-da...
- Elbetde,iýere zatlary bolmasa satar-da olar näme aç ölmelimi?
- Ol gaýyn enem pahyryň egmesinem, sümsülesinem,bukawynam "Pront üçin!" diýip tabşyrdy,galamasyndan,bileziginem goýmandyr.Ýogsam şol dagy sap kümüşdendi.Beýle bilezigi gündiziň güni eliň çyraly aýlansaňam,dünýä bazaryndan tapaýmarsyň indi...
-Tabşyrypdyr,oňarypdyr,biz o döwürde ondanam eziz zatlarymyzy Watan üçin gurban edipdik,zadyň näme?
- Eltime men beletdirin,ol zadynyň eýesi däldi,bar zady illere ýal boldy.Ahyrsoňam özi horlandy.Karz-kowala dagadan zadynyňam hetdi-hasaby ýokdur,köpüsi köýüp gitdi.
- Ogra mal kän.Wyždansyz adamlaň barlygy üçin,ol günäkär däl.
Kakam hyrçyny dişläp,başyny ýaýkap dymdy,gözi nemlendi.Bize duýdurmazlyk üçin,penjiräniň öňüne baryp,daşaryk syn eden kişi boldy.
-Ol bizi "Gapymdan geläýmäň" diýip kowupdy...Onsoň obadan göçmäge mejbur bolupdyk...Hemmesine Dürjemalyň özi günäkär.
- O näme üçin günäkärmiş?Belki,oň sebäbi bardyr?!- diýip,gaharyma ejemiň gepini gap bilinden şarpa böldüm. -Ol görgüliň çagalaryna seredişi ýal-a hiç bir ene-de seredip bilmez.
- Näme üçin ýene oň tarapyny çalýaň?
- Eje,hakykat diýenem bir zat bolmaly ahyry.Dogrymy aýtsam,ol menem oňat görýärdi,barsam,nirede oturtjagyny bilmezdi.Baglarynda ýetişen,ilkinji bişen miwänem öňi bilen maňa dadyrýardy.Ýok, onuň ýaly mähirli ene az-azdyr.
Ejemiň soňky sözümi has-da göwnüne alanyny duýdum.
-Beýle göresiň gelip,ýüregiň ýarylyp barýan bolsa,bar,git onda.
- Giderin.
-Belki,o taýda ömürlik galarsyňam?
-Galarynam gerek bolsa.
-Sen ejeň-kakaň bilen beýl-ä gürleşmeli däl welin,ýeke balamyz bolansoň läliksiretdik-dä - diýip,ejem dymdy.Kakam penjireden daşaryk seredip duran ýerinden ýalta bärsine bakdy-da,azm urdy:
-Bes ediň!Ýagşam bir gep tapdyňyz-a.
Ejem ýüregini tutdy-da,iki büküldi.
Men oňa näme bolanyna düşünmän, doňup galdym.Aýalym ylgap gelip:
-Edeniň bar bolsun!Bu görgülide näme kastyň bardy?- diýip,maňa tarap çala nazar aýlap,gaşyny çytyp hüňürdedi.Soňra ejemi garsa gujaklap,mylaýym gepledi. -Hany,enesi,maňa ýapyş,ýuwaşjadan emaý bilenjik ýöräber.
Ejem ysgynsyz ellerini titredip,oňa bir zatlar yşarat etdi.Ol oňa düşüş bolmaga çemeli.
- Bolýa,bor,häzirjik düşegiňe eltipjik ýatyraýaryn,enesi - diýip,pyşyrdap jogap berdi.
Ejem hyklap,gelnine ýapyşyp,zordan ýöräp ugrady.Onuň ýüzünden aldym-berdime salyp heläkläp barýan ýürek yzasyny aňmak bolýardy.Bar zat birden garaşylmadyk ýagdaýda bulaşdy duruberdi.Men beýle bolaýar öýdüp, oýuma-da getirmändim.Aýalym ylgap diýen ýaly goňşy otagdan derman alyp geldi.Ol ýokary bilimli lukman bolansoň,öýde gerekli dermanlar elmydama diýen ýaly tapylyp durýardy.Aýalym ejemiň otagyna girip barýarka,eli bilen entek bärik giräýmäň diýen yşarat etdi.Kakam ynjalykdan gaçyp,gapynyň agzynda zowzuldap,iki ýana gezmeläp başlady.Wagt haýal geçýärdi,bir salymdan soň,aýalym oňa indi giräý diýen duýduryş bilen elini salgady.Goý,ikisi arkaýyn gürleşsin diýen niýet bilen,ol meniň ýanyma geldi.Men oňa:
- Ejemiň ýagdaýy nähili? - diýip,derrew sorag berdim.
- Ulalyp-oňalman geçen - diýip,aýalym ýuwaşja pyşyrdady-da,gar ýaly posalajyk ýumrujagy bilen maňlaýyma çalaja patladyp goýberdi.Onuň gülüp duran gözlerinden hem-de hereketinden ejemiň ýagdaýynyň ýagşylaşandygyny aňyp,janym aram tapdy.Birhaýukdan kakam ýanyma gelip:
- Seni ejeň çagyrýar - diýip,alyp gitdi.
Dowamy bar.
Hojageldi Nurmyradow.
Sowet edebiýaty žurnaly,1989 ýyl.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.