Meniň myhmanlarym

Aristotel, Sokrat, Platon bilen
Söhbetdeş men, soraýarlar halymy.
Magtymguly, Döwletmämmet Azady,
Mahal-mahal gurşap durlar ýanymy.

Kerim Gurbannepes, Gara Seýitli...
Bularsyz meň öýüm bolmazmy gurak?
Gurbannazar gelip-gidýär kämahal,
Gülüp diýýär: - Ukudan-a bol yrak!

Ýalňyzlyk ne derkar? Şowhun-şagalaň,
Myhmansyz bolamok, Hudaýa şükür!
Bir gün Halyl, bir gün Italmaz gelýär,
Wagt ýok gam hakda etmäge pikir.

Meniň myhmanlarym ýöne myhman däl,
Köp çeken durmuşyň muşakgatlaryn.
Pähim-paýhas, dana, parasat bilen,
Bezäp otyr çuňňur taryh gatlaryn.

Olar çyn dost, çyn halypa, çyn ýoldaş,
Kä dost ýaly taşlap gaçyp gitmeýär.
Maýak olar okeanda, deňizde,
Şöhlesi gözüňden öçüp ýitmeýär.

Bir gün Berdi aga bir gün Nowaýy,
Omar Haýýam, Attar, Kemine, Geýne...
Syr alyp, syr berýän ählisi bilen,
Aramyzda ýok hiç hili kine.

Çary Aşyr bilen, Mämmet Seýidiň,
Okap beren goşgusyna diň salyp,
Dünýä hakda oýa batdym ýene-de,
Öz-özümi diňledim men geň galyp.

Myhmansyz günüm ýok, Hudaýa şükür,
Gerodot, Beýhaky... arzyly myhman.
Ynsanyň söýgüden irmeýşiň ýaly,
Men bu eziz myhmanlardan irmeýän...

Allaýar ÇÜRIÝEW
2 лайков 78 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
NEMOO
08 май 2022, 23:26
super