“MEN GOŞGY ÝAZJAKDYM...”

Men goşgy ýazjakdym, setirlerine
Yhlasymy, ykbalymy siňdirip,
Şeri, şowsuzlygy, betbagtlygy
Haýra, üstünlige, bagta ýeňdirip.

Ol goşgy boljakdy ejem-kakamyň
Otuz ýyllyk arzuwynyň hasyly,
Kä meýlimiň goşandyny ýetirip,
Bökdejekdi meýillermiň käsini.

Men goşgy ýazjakdym, hökman ýazjakdym,
Kapyýasyna, formasyna buýsanyp,
Goşgulaň sanyna goşulyp, oňam
Kemsiz ýaşap ýörmesine buýsanyp.

Ýöne ýazylmady.
Sözlerem doňdy...
(Olar ýöne ýere doňarmydylar!)
Bir owadan goşgy ýazjakdym, emma
Düýrmekleri bilen garşy boldular,
Ah, oňarmadylar, oňarmadylar...

08.05.2022ý.


Sapa HOMMADOW
3 лайков 169 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
08 май 2022, 19:29
Ugrunda bar. Berekella! Dowam et, dowam et! Belki bir gün ýüregiňdäki goşguny ak kagyza geçirersiň.
Chelsea
09 май 2022, 07:59
Seniň ýazýanlaryň goşgy dälde boşgy shlyapa
Hiayress
09 май 2022, 10:49
Chelsea,
Iki sözüň başyny çatyp bilmän senem ile at dakyp öljek.
Удачливая
09 май 2022, 15:05
Gaty gowy goşgy dowam et! ?????
Удачливая
09 май 2022, 15:05
Hiayress,
Şolar ýalylar ile at dakýarda , na samom dele?????