Aşyrberdi Kürt diňe satiraçy ýazyjymydy? ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Okyjylar köpçüligi ony satiraçy ýazyjy hökmünde tanaýar. Onuň ady, hakykatdanam, ile dolupdy. Aşyrberdi Kürt. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda metbugat serişdeleriniň soňky sahypalarynda şeýle at ýörgünlidi. Hasam dynç günleri çykýan gazetler şeýledi.

Aşyrberdi Kürtüň özüniň aýtmagyna görä, «Edebiýat we sungatyň» şol wagtky baş redaktory Täşli Gurbanow: (Aşyrberdi aga şol ýyllar şu gazetde işleýärdi. Gazetem hepdede iki gezek — çarşenbe hem ýekşenbe günleri dört sahypa bolup çykýardy) «Ertir ýekşenbe. Hökman satira bolsun! Adamlar degişmeleri okap, dynç alaýmalydyr!» diýip, oňa tabşyryk berýän eken.

Aşyrberdi Kürtden birneme öňrägem, birneme soňragam satira, ýumor ýazýanlar bardy. Dogry, olar hiç haçanam köplük etmändi. Barmak büküp sanaýmalydy. Aşyrberdi Kürtüň galamyndan çykýan gülküli-ýaňsyly hekaýalar beýleki satiraçylaryňkydan düýbünden tapawutlanýardy.

«Barmak büküp sanaýmaly» diýilýän satiraçylar öz hekaýalarynda öýleriniň çygryndan çykyp bilmeýärdi, gönüläp aýdylanda, bir gazygyň daşynda aýlanýardy. Ownuk är-aýal dawasy
pöwhe, nalajedeýin, iki ýüzli kişiler, işýakmaz ýaltalar, gopbamlar, öwünjeňler, könäniň toruna düşen lellimler, täzeçillige çyr-çytyr garşy çykýanlar — olaryň saýlap alýan temalary şundan aňryk gitmeýärdi. Olar gahrymanlaryna-da gelşiksiz at dakyp, daşky sypatlaryna-da her dürli kemçilik goşup, okyjylary gülüşdirjek bolýardylar. Belli bir döwürde bu zatlar başardypdam. Ýöne döwür üýtgeýärdi, adamlaryň aň-düşünjesi-de artýardy. Indi garny eşegiňki ýaly, burny susak ýaly, kellesi gazan ýaly… diýip gahrymanlary häsiýetlendirip, okyjylary güldürmek kyndy.

Aşyrberdi Kürt muňa wagtynda düşünüpdi, özem ilkinjileriň biri bolup düşünipdi. Onuň gülküli hekaýalary günbataryň hem-de gündogaryň edebiýatlarynyň garnuwyndaky şerebeli-şireli, aşgarly-duzly, kinaýaly-ýaňsyly… «tagamy» ýadyňa salýardy.

Satirada pakyrdadyp güldürýän hekaýalaryň möwriti ötüpdi. Çünki pakyrdadyp güldürýän eserleriň many-mazmuny bolgusyz, ähmiýetsiz, warsaky wakalar bolýar ýa-da keýpine şärik gülüşdirmek üçin söz oýnatmak, gödeksi, laç, suwjuk hekaýatlar bolýar. Aşyrberdi Kürt torç edilen ýol-ýoda bilen gitmedi, ol täze ýol arçady, şunlukda-da, türkmen satirasyna başgaça öwüşgin çaýdy. Onuň hekaýalaryna hem ýylgyrýarsyň, hem gynanýarsyň. Gahrymanlaryň düşen ahwalatyna daşyndan duýgudaşlyk bildirýärsiň, olara nebsiň agyrýar, ýüregiň awaýar, aramyzda häzirem her jüre ýeksurunlaryň bardygyna-da janyň agyrýar, gaharyň gelýär.

Satira-ýumordan edilýän talap güýçlenipdi. Aşyrberdi Kürt türkmen dilindäki, rus dilindäki eserleri, täze hem köne edebiýatlary ürç edip okaýardy, şeýdibem aňyny-düşünjesini kämilleşdirýärdi. Onuň ýazýan eserleri-de göz-görtele saýlanýardy. Şonuň üçin-de belli bir döwürde okyjylar onuň her bir çykjak eserine sabyrsyzlyk bilen garaşypdy. Bärde hiç hili ulaldyp görkezme ýok. Şeýle okyjylaryň biri-de hut özümdim.

Aşyrberdi Kürtüň eserleriniň hörpi ýokarydy. Olarda halk köpçüligine rahat işlemäge päsgel berýänleriň, zähmet hakyna kanagat etmän, nebsini şagladýanlaryň garşysyna göreşilýärdi. Şonuň ýaly-da, ynsan ahlagyndaky ýaramaz gylyk-häsiýetler, möwritini ötüren, ile sygmaýan bolgusyz endikler, köpüň gözüne çöp atjak bolýanlar ýazgarylýardy Umuman, ol şeýle nogsanlyklaryň köklerini düýpli seljermäge dyrjaşypdy. Satira bolan şeýle nazaryýet ony özi ýaly beýleki galamdaşlaryndan parhlandyrypdy.

Onuň beýlekilerden ýene bir üýtgeşik tarapy — ol okyjynyň aňyna güýçli täsir etmek üçin ýa-da bolgusyz häsiýetli adamlara aşa ýigrenç döretmek maksady bilen «ýerden aýagyny üzmeýärdi», durmuş hakykatyndan daş düşmeýärdi. Deňeşdirmeleri-de, meňzetmeleri-de ýerlikli ulanmagy başarýardy.
Aşyrberdi Kürt ikimiz satira, ýumor babatda kän pikir alşypdyk, jedele-de, çekişmelere-de girişipdik. Ýönekeý okyjylaryň käbiri ýumor bilen satirany biri-birine ýakyn goýýar. Ýöne, elbetde, ikisiniň arasynda tapawut bar. Ýumora içi güjüksiz, mylaýym gülki mahsus. Ol bir zada bolan ýamanlyksyz garaýyş, wäşilik bilen aýdylýan gülküli söz. Satira, tersine, durmuşdaky kemçilikleri, adam häsiýetindäki, jemgyýetdäki nogsanlyklary ýumruk ýassygyna öwürýär, şeýle ýagdaýlaryň garşysyna barlyşyksyz göreşýär.

Beýik rus ýazyjysy Nikolaý Wasilýewiç Gogol: «Kämahallar şeýle bir ýagdaýlar bolýar, nämäniň ýaramazlygyny görkezmän, adamlary gözellige tarap ugrukdyrmak bolmaýar» diýýär.

Özara gürrüňçilik mahalynda şu hem-de şulara meňzeş mysallary getirip durşuma Aşyrberdi Kürte şeýle diýdim: «Şu wagt ady takyk ýadyma düşenok. Öz-ä belli ýazyjylaryň biridi. Ýöne onuň satira-ýumora degişme äheňindäki berýän bahasy welin hiç hakydamdan öçenok. Ol, ine, şeýleräk: «Ýumor ýykylanyň üstünden gülýä, satira ýykylany iteniň üstünden gülýä». Aşyrberdi aga, niçik? Onuň aýdýanlaryna göwnüňiz ýetýämi?».
Halypa muňa myssa ýylgyrdy. Ikirjiňlenibrägem şeýle diýdi:

Her kim özüçe mamla. Elbetde, satira bilen ýumoryň tapawudynyň bardygy köre hasa. Walla, ýöne özüm-ä satira bilen ýumor ikisi bir garny ýaryp çykan ekizler hasaplaýan. Olaň dogabitdi bagyrlary badaşandyr. Şol sebäpdenem bulary biri-birinden aýyrmak bolmaz. Çary jan, sen ýaňy Gogoldan bir mysal getirdiň. Nähili täsin ýazyjy. Eserlerem nusgalyk, dogrusy, ömürlik. Gogoly ýatlaňsoň, meňňem bürgütler bilen bagly bir waka ýadyma düşdi. Allajanlarym, ikimiziň gürrüňimize bap gelermi-gelmezmi, biljek däl, ýöne gyzykly, diňläniňe degýä. Bize mälim bolşuna görä, wagty gelende ene bürgüt galapyn iki ýumurtga basýa. Ýöne käbir ýyllarda, olaň bize näbelli içki kanunlaryna görä, şol ýumurtgalaň birini basýa-da, beýlekisini höwürtgäň bir çetinde goýaýýa. Şol çetdäki ýumurtga gyşyň aňzagyna-da, tomsuň jöwzasyna-da çydaýa. Indiki ýyl bürgüt ony basyp oturýa. Ana, şol ýumurtgadan çykan bürgüdem soň beýleki bürgütlere diýenini etdirýä, bürgütleň serdary bolup ýetişýä. Bürgüt tohumy şoň diýeninden çykmaýa. Men Gogol ýaly ýazyjylary-da şeýle bürgütlere meňzedesim gelýä. Tebigatam ägirtleri — goý, ol bürgüt bolsun, goý, ynsan bolsun, parhy ýok, seýrek dünýä inderýä. Şeýleräk bolmalydyram, belki. Ýogsa, dünýäňem gyzygy, mazasy boljak däldir-dä?!

Aşyrberdi Kürt şulara meňzeş geň-enaýy wakalary-da köp bilýärdi. Okyjylar ony, esasan, satiraçy ýazyjy hökmünde tanaýardy. Ýöne bu adamyny tebigatdaky, ylymdaky, bilimdäki, medisinadaky… zatlara çenli gyzyklandyrýardy. Onuň «ýumruk ýaly» kellesine sygmaýan zat ýokdy.

Size aýdyp oturan gürrüňçiligimiz bir müň dokuz ýüz togsan birinji ýylyň başlarynda bolup geçipdi. Söhbetdeşligimiziň edil öňüsyrasy diýen ýaly, onuň «Biler bolsaňyz…» atly ýygyndysy çykypdy. Munuň nähili kitapçadygyna okyjylaryň azda-kände aň ýetirmegi üçin onuň gysgajyk annotasiýasyna — ýygyndynyň mazmunynyň düşündirişine salgylanasym gelýär: «Bu kitapçanyň awtory belli satiraçy Aşyrberdi Kürt. Ol ýumoristik, satiriki hekaýalar bilen birlikde jemgyýete, tebigata, dürli hadysalara degişli täsin zatlary-da ýazýar. Awtor şu kitapçasynda dürli-dürli we gapma-garşy zatlar hem-de wakalar barada gürrüň bermegi maksat edinipdir. Eýsem, siz ýolbarslaryň, gaplaňlaryň, krokodilleriň durmuşyndan örän köp täsin zatlary bilip bilersiňiz. Kaspi deňziniň kartasyny ilkinji bolup çeken adamyň kimdigini bilmegem gyzykly bolsa gerek. Galyňyň taryhyna degişli maglumatlary okasaňyzam, ýaraman durmasa gerek».

Şulardan mälim bolşy ýaly, kitapçanyň tematiki örüsi giň. Onda «Elizi we türkmen çopany», «Baýguşy aklamak gerek», «Keseklemek dessury», «Mongol», «Aldar köse», «Keteni», «Babaly»… ýaly maglumatlara, düşündirişlere, çaklamalara baý çaklaňrak ýazgylar ýerleşdirilipdir. Elbetde, bulara seljerme bermek üçin gaty köp çeşmeleri dörüp çykmaly, her dürli ylmy, taryhy maglumatlary tapmaly. Bulary bir beýnide jemlemek dilde aňsat. Aşyrberdi Kürt ýadamany-ýaltanmany bilmeýän, kitap köküni ýatman-turman okaýan, her ugurdan aň-düşünjeli, bilimli adamlar bilen yzygiderli hemsöhbet bolýan kişileriň hilindendi. Biz, näme üçindir, onuň diňe satiraçydygyny ýatlap oňýarys, beýleki ugurlarda-da ymgyr iş bitirendigini welin, känbir agzabam oturmaýarys. Şondan ötri ýazyjynyň döredijiligi hertaraplaýyn öwrenilmegine degişlidir.
Aram-aram «Biler bolsaňyzyň…» sahypalaryny agdaryşdyrýaryn, her sapar gaýtalap okanymda-da olardan üýtgeşik, täze, başgaça many alýaryn. Sözümi delillendirmek üçin ýekeje mysala ýüzlenmegem ýeterlik:

«Şatyr

Şu söz asyl manysyny ýitirip, häzirki zaman türkmen dilinde aktiw ulanylmakdan galyp, könelişen sözleriň arhiwinde mazaly orun tutupdyr diýsek, ýalňyşmasak gerek. Ýöne ol häzir biziň dilimizde şallak diýen söz bilen tirkeş ulanylyp («şatyr-şallak»), aýakýalaňaç, başy açyk, elem-tas, wer-ebtat bolup gelmek manysyny berýär. Aslyýetinde munuň özi arap sözi bolup, hyzmatkär diýmekdir. Patyşa, wezir-wekiller we umuman köşk emeldarlary köşkden çykyp, bir ýere ugranlarynda, olaryň öňlerine düşüp, ýol ugrunda päsgelçilik bolmazlygyny üpjün edýän eli gamçyly hyzmatkärlere — ýortawullara şatyr diýer ekenler. (L. Z. Budagow «Türk-tatar dilleriniň deňeşdirme sözlügi», birinji tom, Sankt-Peterburg, 1869, 660 sah.). Ozallar şu sözüň şeýle manyda ulanylandygyny M. A. Gaffarow hem özüniň «Pars-rus sözlügi» diýen işinde belläp geçipdir (ikinji tom, Moskwa, 1976, 488 sah.).
Umuman, okyjylar «şatyr» sözüne «Görogly» dessanynda-da duşandyr. Ol Azadyda-da şeýle setirlerde gabat gelýär: «Hem ýigitleri şatyr-çust gezer».

Aşyrberdi Kürtüň «şatyr» sözüniň köküni yzarlaýşyna ýöne ýere ünsüňizi çekmedik. Görýäňizmi, nähili kitaplara ýüzlenipdir? Dogrysy, onuň salgylanýan neşirleri käbir kitaphanalardanam tapdyrmaz! Halypa kitabyň gadyryny bilýän kişidi. Kitaby-da köpdi. Moskwada ýaşaýarka hem-de işleýärkä öý kitaphanasynyň üstüni seýrek duşýan kitaplaryň hasabyna baýlaşdyrypdy. Hatda belli türkmen ýazyjylaryna çenli kitap zerurlygy ýüze çykanda oňa ýüzlenýärdiler. Käbir kitap muşdaklary-ha şol del kitaplara ummasyz pulam hödürläpdi. Kitaby janyndan eý görýän adam üçin pul, baýlyk hiç zady aňladanokdy. Ol şuňa meňzeş ýagdaý ýüze çykanda häsiýetine mahsus degişme bilen: «Kitabyma süri-süri düýe, süri-süri pil hödürleseňizem, satylmajagy çyndyr!» diýerdi.

Gaýtadan «şatyr» sözüne dolanyp geleliň. Şondan ýene bir bölejigi okalyň:

«Ýöne bizi şu söz bilen baglanyşykly
başga bir zat has gyzyklandyrýar. Şindi görseň, armany-ýadamany bilmeýän, baş galdyrman, gaty yhlas bilen işleýän adama şatyr ýaly diýýändirler. Zähmetde armazak, irmezek adama näme üçin şeý diýýärlerkä? Şu sowal bilen gyzyklanyp, taryhçylara, etnografiýaçylara, dürli ýazuw çeşmelerine ýüz tutduk weli, şeýle bir täsin zadyň üstünden bardyk…».

Aşyrberdi Kürt ýeke sözüň aňyrsyna ýetmek üçin alym ýaly hereket edýär. Birgiden çeşmeleri dörüp çykýar, ylymly-bilimli adamlara sala salýar. Netijede juda gyzykly maglumatlar ýüze çykýar. Onuň «Şatyr» sözüni yzarlaýşy kitapçada bary-ýogy iki sahypany eýeleýär. Gysgajykdan maňyzly. «Şatyr» sözi bilen baglanyşykly getirilýän beýleki deliller, çaklamalar hasam haýran galdyrýar. Bärde olary gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Iň gowusy, «Biler bolsaňyzy…» okap çykyň.
Gürrüňi edilýän döwürde (1991-nji ýyl) Aşyrberdi Kürtüň «Biler bolsaňyzdan…» başga ýene dört kitaby bardy. «Saňa — ýalan, maňa — çyn», «Bir köpük», «Üç şert», «Gaharlanmak gadagan» — bularyň barysy-da satiriki hem-de ýumoristiki hekaýalaryň jemidi. Men şonda ondan: «Bu günler näme döredýäň, etseň-goýsamlaň barmy?» diýip soranymda, ol şeýle jogap beripdi:

Basym «Türkmenistan» neşirýatynda on sekiz çap listlik kitabym çykmaly. Mundan başga-da dört sany ýygyndylyk işlem taýýar. Diňe maşynkadan geçirip, neşirýatlara tabşyraýmaly: ýumoreskalar ýygyndysy, «Sözleriň taryhyndan», «Iň täsin zatlar» diýen ýygyndylar, çagalar üçin ertekiler hem-de hekaýalar. Şulaň barysy-da ozal gazet-žurnallarda çykan zatlar…».

Doly kepil geçip biljek däl. Ýöne şu ýygyndylaryny, megerem, çapa taýýarlap ýetişen däldir. Sözbaşylaryndan çen tutsaň, gyzykly ýygyndylar. Umuman, Aşyrberdi Kürtüň döredijiligini öwrenýänler üçin oýlanara esas bar.

Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarydy. Şol döwürde çagalar neşiri bolan «Mydam taýýar» gazeti iki dilde — hem türkmen, hem rus dillerinde çykyp başlady. Has dogrusy, rusçasy
türkmençesiniň terjime edilen görnüşiniň nusgasydy. Gazet bilen menem aragatnaşyk saklaýardym. Azyndan bäş-alty hekaýam dagy çykandyr.

Hekaýalarymy özüm rusça geçirýärdim. Biz oňa «подстрочный перевод» ýa-da «дословный перевод» — «sözme-söz terjime» diýýärdik. Şol «sözme-söz terjime-de» soňra çeper terjimä geçirilýärdi. Ýöne şol terjimelerime, näme üçindir, üýtgeşik düzedişler girizilip durulmaýardy. Belki, çeper terjime edýänler ejizräk gelendir, belki-de, başga sebäpleri bardyr, onçasy belli däl. Biziň «men diýen» döwürlerimizdi. Rus dilini ürç edip öwrenýärdik. «Sözme-söz» diýilýän terjimä-de çynymyz bilen ýapyşýardyk. Erjellik, hyjuw, joşgun, yhlas… aňry ýany bilen ýeterlikdi. Bir işiň başyna barsak, goparman aýrylmazdyk.

Ynha, gürrüňi edilýän günleriň bir gününde Aşyrberdi Kürt ýanyma gelip, şeýle diýip sorady:

Çary, «Mydam taýýardaky» hekaýalaň orsçasyny kim «подстрочник» (sözme-söz terjime) edýä?

Özüm edýän… — diýip, men onuň nämä kakdyrýanyna aň salyp bilmän jogap berdim.

Oňarýaň. Aslynda, başarsaň, iki dilde-de ýazjak bolmaly. Her gülüň öz ysy bolşy ýaly, her diliňem öz
ýakymy, öz lezzeti bar. Ors dilli okyjylaň örüsi-hä hasam giň. Wagt tap-da, ähli hekaýalaňňy «подстрочник» edip goý. Wagty gelende özbaşdak ýygyndy görnüşinde çykararsyň. Ynha, menem «Saňa — ýalan, maňa — çyn…» kitabymy «подстрочник» edip goýdum. Saňa-da şony maslahat berýän…

Halypanyň aýdýanlarynyň jany bardy. Başaryp bilseň — oňa ýetesi zat ýok. Elbetde, iki dilde ýazmak üçin taýýarlyk gerek. Rusça şagladyp eser yzyna eser güzledip oturmaga birbada ýaýdandym, ol maňa juda garaňky göründi. Ýöne çagalar üçin ýazan hekaýalarymy «подстрочник» görnüşinde rusça geçirmekde tejribäm bolansoň, halypanyň maslahatyna eýerip, ulular üçin ýazan hekaýalarymy-da «подстрочный перевод» diýilýän görnüşe geçirmäge synanyşyp başladym.

Gyzykly, özüne imrindiriji, «neşeli» pişedi. Käbir ýerlerde birhili «подстрочный перевод»-yň çygryndan çykylyp, täzeräk pikirler, öwrümler, aýlawlar goşulýan ýerleri-de bardy. Şeýlelikde, terjimelerimiň sany ona dagy golaýlaberdi. Şolaryň üçüsi soňra «Aşhabad» žurnalynda, ikisi-de Başgyrdystanyň «Henek» žurnalynda çykdy. Ýazyjy, şol neşiriň şol wagtky baş redaktory Marsel Selimow ony rusça nusgasyndan başgyrt diline geçirdi. Ýöne ýyndamlygym «samanhana» çenli boldy. Täze pişäm uzaga gitmedi. Onuň sebäbine häzirem düşünip bilemok. Ökünmesine welin, dogrusy, ökünýärin.

Şu gürrüňleri dile getirmegimiň özüne ýetik sebäpleri bar. Aşyrberdi Kürtüň «Saňa — ýalan, maňa — çyn» atly kitabynyň sözbaşysyna muwapyk täsin bir pursady ýatlasym gelýär. Häzir size gürrüň berýän wakamyň üstünden tas kyrk ýyla basalykly wagt geçipdir. Ynanmarsyňyz! Ýöne maňa Aşyrberdi Kürtüň «подстрочник edip goýdum» diýen golýazmasy düşäýmezmi! Ony maňa halypanyň uýasy Akgül Saparowa: «Gyzyklanyp görseňiz…» diýip wagtlaýynça berdi. Golýazmalar ýörüte çaphanada sahaplanypdyr. Içine-de hekaýalaryň rusça hem türkmençe nusgalarynyň maşynkadan çykarylan sahypalary, şonuň ýaly-da, «Saňa — ýalan, maňa — çyn…» kitaby çatylypdyr. Juda tertipli saklanypdyr. Şu gün sahaplanan ýaly. Ýüzünde-de «Kurt Aşyr Berdy. Перевод на русский, юморески» diýen ýazgy bar. Ady, familiýasy galam bilen belgilenipdir. Wagtyň geçmegi bilen öçügsilenipdir. Ýöne içindäki golýazmalar welin ýerbe-ýer. Halypanyň tertipliligine haýran galaýmaly!
Beter haýran galaýmalysy — başga zat! Olam Aşyrberdi Kürtüň «подстрочник» leriniň juda ýokary derejede ýerine ýetirilmegi. Munuň özi onuň iki dilden-de başynyň çykýandygyndan habar berýär.

Iki dilde-de deň derejede ýazmagy gaty az adam başarýar. Munuň üçin Biribardan halatly bolmaly. Ýöne eserlerini «подстрочник» — sözme-söz terjime etmegem öňýetene eýgerdenok. Aşyrberdi Kürtem hekaýalaryny sözme-söz rusça geçiripdir. Olary okap gördüm. Elbetde, hekaýalary çeper dile geçirmeli. Häzirki görnüşinde hekaýalaryň entek ýurgumy ýetenok. Ýöne ýazyjynyň özi öz eserlerini «подстрочный» terjime edeninde, olary soňra çeper dile geçirmek kän ýeňil düşýär. Sebäbi ýazyjy öz eserine belet. Sözme-söz terjime eden mahaly aňsat-aňsat gödek ýoýulmalara, düýpli säwliklere ýol bermeýär.

«Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn» diýlişi ýaly, geliň, Aşyrberdi Kürtüň «подстрочник» eden hekaýalaryndan biriniň bir abzasyna ýüzlenip göreliň:

«В недавнем прошлом по туристической путевке я совершил путешествие в велаят
Хуснабат. Как толькo ступил на чуҗую землю я сказал: «Я хочу увидеть самые удивительные вещи». Мне указали целый ряд вещей, среди них не было ничего что могло бы удивить меня. Поскольку меня не устраивала программа, составленная специально для туристов, я подобно собаке Кербалы, предпочел бродить в чуҗом краю в одиночестве. С этой целью на другой же день с утра пораньше я пустился в путь. Город широкий, как душа ангела. Вокруг высокие, грозные здания, чинары, подпирающие небо, сады, огороды, испытавшие на себе взгляд царевичей. Такие вещи и на нашей родине есть. Медленно шагая, я остановился у ильма, в тени которого моҗно скакать на лошади. В его тени располоҗилась чайхана. Эх, разве туркмен моҗет пройти мимо зеленого чая! Подошел и присел с краю сидевших людей…».

Ine, Aşyrberdi aganyň öz hekaýasynyň rus diline sözme-söz geçirilen nusgasyndan bir bölek. Elbetde, muny asyl nusgasy bilen deňeşdirer ýaly däldir. Türkmençesi aýdym ýaly ýaňlanýar. Bu «sözme-söz» terjime. Ýagny çeper terjimä geçirilmeli görnüşi. «Sözme-söz terjime» geçirilmeli görnüşi. «Sözme-söz terjime» diýip zol-zol ýanjap durmagymyň öz sebäpleri bar. Menden: «Sözme-söz terjime» diýilýän nähili bolmaly?» diýip ýygy-ýygydan soraýarlar. Muny bir sözlemde, umuman, dil bilen düşündirmek kyn. Şonuň üçinem olara: «Sözme-sözräk terjime şeýleräk görnüşde bolmaly!» diýesim gelýär.

Edil şu pille sere ýene bir pikir geldi. Umuman, bizde rus dilinden türkmençä kän terjime edilýär. Gynansak-da, käbir halatlarda, olar çeper terjime däl-de, sözme-söz terjimä ogşaýar. Şeýle ýagdaý beýleki dillerden terjime edileninde-de duş gelýär. Şulary welin biz hökman aýyl-saýyl edäýmelidiris, ýagny çäji harpykdan saýlamalydyrys.

Şu ýerde Aşyrberdi Kürtüň sözme-söz terjimesiniň asyl nusgasyny mysal getirsek, onda, meniň pikirimçe, asyl nusga näme, «подстрочник» näme, göz-görtele saýgartsa gerek:

«Baýak turistik putýowka bilen Husnabat welaýatyna sapar etdim. Ýat ülkä baranymdan: «Iň täsin zatlary göresim gelýär» diýdim. Birgiden zatlaryň salgyny berdiler, emma şolaryň içinde meni: «Bäh!» diýdirip biljegi ýok eken. Turistler üçin ýörite düzülen gezelenç programmasyndan göwnüm suw içmänsoň, Kerbelanyň iti ýaly,ýat ilde ýekelikde ykmagy kem görmedim. Şu maksat bilenem baran günümiziň ertesi irden ýola düşdüm. Belent-belent, haýbatly ymaratlar, başy asmana dalaş edýän çynarlar, bag-bakjalar degre-daşyňda. Bu zeýilli zatlar biziň ilde hem bar. Asuda ädimläp barşyma, saýasynda at çapdyraýmaly bir güjümiň ýanynda aýak çekdim. Onuň saýasy çaýhana eken. Heý, türkmenem bir gök çaýyň üstünden ätläp geçip bilermi! Barypjyk märekäniň bir çetinde oturyberendirin…».

Şu ýerde käbir ýazyjylaryň, belki-de, käbir okyjylaryňam: «Aşyrberdi Kürtüň tutuş kitabyny «подстрочный» terjime etmäge gideren wagtyna derek, gaýtam täze bir hekaýalar ýygyndysyny ýazan bolsa, gowy bordy!» diýmekleri-de mümkin. Her kimiň garaýşy bolýar, her kimem özüniňkini mamla saýýar. Bärde Aşyrberdi Kürtem özüçe mamla. Onuň dyzmaç häsiýetine belet. Kellesine bir pikir urdugy bes. Ony soňuna çenli alyp gitmese, aňsat-aňsat, ynjalmaz.
Häzirki döwrüň nazaryýetinden oýlananyňda, Aşyrberdi Kürtüň öz kitabyny sözme-söz terjime etmeginiň käbir sebäpleri-de bardy. Gös-göni türkmençeden beýleki dillere çeper derejede geçirip bilýän terjimeçiler tas ýok diýerlikdi. Dogrysy, sözme-sözi başarýanlaram seýrekdi. Şolaryň arasynda iň ökde diýilýänleri-de çig-çarsylykdan, gömelteýlikden halas däldi.

Bir mysal getireýin. Türkmen dilinde arassa gürleýän Eduard Sklýar diýilýän žurnalist bardy. Ýetginjek mahaly Tejende çolukçylygam edipdi. Ol goşgam goşardy. Bir söz bilen aýdanyňda, şahyrdam. Şeýle bolansoň, türkmen şahyrlarynyň şygyrlaryny sözme-sözem rusça geçirerdi. Soňra şol sözme-söz goşgulary belli rus terjimeçileri öz dillerinde gürlederdi, ýagny çeper terjime derejesine ýetirerdi. Ýöne Sklýaryňam gödek säwlikleri goýberýän halatlary-da duş gelýärdi. Ýadyma düşýär: şahyr Orazmyrat Gurdow Sklýaryň sözme-söz terjimelerini okap: «Walla, büý-ä meň «otly köýnek» diýenimi «поезд»-e öwräýipdir!» diýip, başyny ýaýkap zeýrenipdi.
Ine, belki, şonuň üçindir, bizem, Aşyrberdi Kürtem öz eserlerimizi özümiziň sözme-söz geçirenimizi kem gören däldiris.

Aslynda sözme-söz terjime, megerem, nalaçlygyň netijisende emele gelen döredijiligiň bir görnüşi bolsa gerek. Ýöne belli bir döwürde şulam zerurlykdy. Emma, gynansak-da, sözme-söz terjime mahaly dilimiziň şirinligi, süýjüligi, özboluşly aýratynlygy, milli ruhy, köplenç halatda, körsowatlylygyň netijesinde ýoýlupdy.

Göwnüme bolmasa, häzir «подстрочный перевод» diýilýän ýiteňkirläberdi. Munam döwrüň özi ýuwaş-ýuwaş aramyzdan gysyp aýryp barýar öýdýän. Çünki indi gös-göni asyl nusgadan terjime edilmäge çemeleşilip başlandy. Munuň özi, gutlanylmaly hadysadyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli halklaryň dillerini düýpli öwrenmäge aýratyn üns berlip başlandy. Ýörite diller institutymyzam bar. Netijede iňlis, türk, fransuz, nemes, hytaý… dillerinden gös-göni terjime edýänleriň sany artyp başlady. Munuň üçin uzak gidip oturmagyň hajaty ýok. Diňe «Dünýä edebiýatyny» okamagam ýeterlik.

Eger Aşyrberdi Kürt aramyzda başy dik gezip ýörenliginde, gürrüňsiz, bu zatlara guwanardy.
Hökmany suratda-da: «Ahow, indi biziň dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň ýüz tomlugyny asyl nusgasyndan terjime edip, okyjylara ýaýratmaga-da güýjümiz ýetjek!» diýerdi. Şu babatda biz bilen çekişerdem, bekişerdem. Belki, öz häsiýetine kybap: «Sözme-söz terjimäň ýüzüne köz degsin! Ondan arany açmaga çen boldy…» diýerdi.

Aslynda «sözme-söz terjime-de» belli bir döwürde döredijiligiň bir görnüşidi. Muny hiç bir weçden inkär etmeli däldir. Aşyrberdi Kürtem bu žanrda güýjüni synapdy. Ony döredijiligiň ähli ugurlary gyzyklandyrýardy. Zehin pyýalasy gününe goýmansoňam, rusçadan türkmençä-de, türkmençeden rusça-da terjime edýärdi. Halk tebipçiligi, medisina, filosofiýa, dil bilimi… bilen-de gyzyklanýardy. Onuň hamyrmaýasy başgaçady.

Terjimäniňem görnüşleri kän. Syýasy terjime, çeper terjime, her dürli mazmundaky terjime… Şu terjimeleriňem aýry-aýry terjimeçileri bardy. Syýasy terjimeçiler çeper terjimä kän ýanaşybermeýärdi, çeper eserleriň terjimeçileri-de syýasy terjimelerden çetde duranlaryny kem görenokdylar. Gepiň küle ýeri, her ugruň öz terjimeçisi bardy. Aşyrberdi Kürt üçin welin, bularyň hiç biriniňem parhy ýokdy. Ol syýasy terjimelere-de, çeper terjimelere-de, umuman, her dürli terjimelere-de emgenmezden baş goşupdy. Şeýlelikde, terjimäniň ähli ugrunda-da uly yz goýdy. Onuň başga-da bir üýtgeşik tarapy bardy. Terjimäniň asyl nusgasyny içinden okap, daşyndanam türkmençesini aýdyp bilýän az sanly terjimeçileriň biridi. Özüm-ä şony hiç haçan başarmandym, sebäbi bulam özbaşdak zehini talap edýän bir sungatdy.

Ol Moskwada — SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynda terjimeçi bolup işlän ýyllary, esasan, syýasat bilen baglanyşykly makalalary terjime edipdi. Soňra köp ýyllaryň dowamynda gazetlerde terjimeçi boldy. Şonda dürli temadaky makalalary türkmençä geçirmek bilen birlikde metbugat sahypalarynda dowamly giden göwrümli dokumental eserleri-de terjime edipdi. Şolaryň arasynda Wasiliý Peskowyň «Taýganyň girdabynda» atly eseriniň terjimesi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Dogrudanam, il-günden, jemgyýetden üzňe taýganyň kyn şertlerinde güzeran gören maşgalanyň başdangeçirmeleri haýran galarlykdy. Okyjylar şonda «Ýaş kommunistiň» (häzirki «Watan» gazeti) her sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdy.
Aşyrberdi Kürt bir döwürde Ýaş tomaşaçylar teatrynda edebi seljeriji bolup işledi. Şu ýerde-de ol medeni ojagyň «ody bilen girip, küli bilen çykdy». Italýan dramaturgy Karlo Gossiniň «Gara garga» pýesasyny, «Bagtly gedaýlar» tragikomediýasyny, rus dramaturgy Denis Fonwiziniň «Ulalyp-oňalmadyk» komediýasyny, rus dramaturgy Walentina Lýubimowanyň «Garjagaz» pýesasyny, ukraýin dramaturgy Aleksandr Korneýçugyň «Kalina jeňňeli» komediýasyny türkmençe gürletdi. «Gadymy hindi aforizmleri» atly täsin kitaby-da terjime etdi. Elbetde, ol Bäşim Ataýew, Annaly Berdiýew, Daňatar Berdiýew ýaly küt-küt kitaplary türkmençä geçirmedi. Näme üçindir, neşirýatyň ýolbaşçylary onuň bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklamandyr. Belki-de, halypanyň öz işleri agdyklyk edensoň, şeýle uly terjimelere döwtalap bolan däldir. Nähili bolanlygynda-da onuň türkmen terjime sungatyna goşan goşandy belläp geçerliklidir. Bärde diňe onuň terjimeleriniň ýadyma düşenini dile getirdim. Aşyrberdi aganyň terjimeleri başga-da köp bolmaly.
Aşyrberdi Kürt Magtymgulynyň şygyrlaryny-da ürç edip öwrenýärdi, alymlar, şahyryň döredijiligini derňeýänler bilenem kän pikir alşardy. Megerem, geçen asyryň segseninji ýyllary bolsa gerek. Aşyrberdi Kürt magtymgulyşynas Turan Nuralyýew bilen söhbetdeşlik gurady. Şol gürrüňçilik «Ýaş kommunist» gazetiniň tutuş üçünji sahypasyny eýeledi. Söhbetdeşlik ýönekeý okyjylaryň arasynda-da, ylym dünýäsinde-de gowur döretdi. Elbetde, müň bir sowally Magtymgula ýanaşmak üçin her taraply sowatly adam bolmalydy.

Ynha, şol söhbetdeşlikde magtymgulyşynas Turan Nuralyýew Pyragynyň şygyrlarynyň «düýbüni deşmek» üçin bary-ýogy bir käre pata alýan bäş ýyllyk talyp bolmaly däl-de, munuň üçin dürli ylymlary öwrenýän baky talyp bolmalydygyny öňe sürüp, şeýle diýýär: «Özümiz-ä, dogrusy, şahyryň: «Düşünip bolanok!» diýdiren (tapmaçalaryndan beýleki) tilsimlerini Pyragynyň 300 töweregi eserine salgylanmak bilen açan ýordumlarymyzdan öňürti dinleriň, edebiýatyň, filosofiýanyň, dürli sungatlaryň, älemşynaslygyň, Gündogar we Günbatar taryhynyň (istoriografiýa) taryhlary ýaly ençe ylymlaryň geçmişini öwrenmeli bolduk. Edebiýat teoriýasy bilen tanşyp, şygyr düzmegimizi başarmagymyz hem Magtymguly halypanyň özüne goýan öwrümlerine düşünmäge uly kömek berdi. Pyragynyň şygyrlaryndaky amanat sözleri terjime etmek üçin bolsa, dürli gollanmalardan hemaýat tapdyk…».

Şu setirleri mysal getirmek arkaly Aşyrberdi Kürtüň okumyşlygynyň-da Turan Nuralyýewiňkiden kem däldigini nygtasym gelýär. Sebäbi köpimiz Magtymgulynyň goşgularyna ýüzleý düşünýäris. Hakykatdanam, Pyragydan many saçmak üçin köp ylymlardan habarly bolmaly. Magtymguly barada jedele girişmek bilen, Turan Nuralyýewe her dürli soraglar berip, ony «gyjyklamak» üçin, dogrudanam, uçursyz sowatly bolmaly. Onuň Turan Nuralyýewe: «Magtymgulynyň «Tilim guş dilidir!» diýen jümlesine siziňçe nähili düşünmeli?» diýip sowal bermegi-de Aşyrberdi Kürtüň bilim gorunyň aňyrdandygyndan habar berýär.

Aslynda belli bir temadan pikir alyşmak üçin şol ugurdan düşünjäň söhbetdeşiňkiden artyk bolmasa, kem bolmaly däl. Ýogsa, söhbetdeşlik suw gysymlan ýaly çykar. Aşyrberdi Kürt «guş diline» nähili düşünýäňiz diýip tötänden soranok. Ol sowal berýän kişisini «pitikläp» görýär, onuň agramyny mizana salýar, ondan şu babatda üýtgeşik, täzeçe düşündirişe garaşýar. «Guş diline» — ylymda «ezoterika» diýilýär. Grek sözi. Bu bir gizlin, ýaşyryn diýmek, diňe dini dessurlardan, mistiki — syrly taglymatlardan habarly, doga-jady tilsimlerinden baş çykarýanlar üçin niýetlenen diýen manyny aňladýar. Munuň nämedigine biz düşünip otyrys. Onsoň, Aşyrberdi Kürt ýaly okumuş adamlaryň bilip-aňyrsyna geçip, şu sowaly orta oklaýany, elbetde, tötänden däldir.

Aşyrberdi Kürt Turan Nuralyýew bilen bir gezek söhbetdeş bolan bolsa, men Aşyrberdi aga bilen üç gezek söhbetdeşlik gurnadym. Şolaryň biri-de halk medisinasy, tebipçilik baradady. Ol göwrümli gürrüňdeşlik boldy. Gazetiň bir sahypasyny süre-sümek doldurdy. Söhbetdeşlik köpçülige ýarady. Aşyrberdi Kürte-de, redaksiýa-da köp sanly minnetdarlykly jaňlar geldi. Döredijilik işgärleriniňem, ýönekeý okyjylaryňam diline düşdi. Hatda meşhur kompozitor Çary Nurymow saglygy bilen baglanyşykly Aşyrberdi Kürti idäp, redaksiýa gelipdi. Olaryň arasynda ikiçäk gürrüňiň bolany çyn. Ýöne men şol wagt onuň magadyna ýetmelidir öýdüp oýuma-da getirmändirin.
Halk lukmançylygy, umuman, medisina baradaky söhbetdeşligimiziň çykanyna, geçse, on-on bäş gün geçendir. Aşyrberdi halypa üçünji gata — meniň iş otagyma geldi. Uludan demini alybam: «Çary jan, işigaýdançylyk, sen muny eşiden dälsiň! — diýip, boş oturgyçlaryň birine çökdi. — Ýadyňa düşýämi, ikimiziň söhbetdeşligimiz. Şonda tebipçilik ugrundan käbir bellikler aýdypdym. Indi agzy ýelliräkleň biri: «Beýle-beýle zatlardan başy çykýan bolsa, öňürti öz aýagyny oňarmaly eken-dä…» diýýä. O zeýilli gyşyk gürrüňlere kän gulak gabartmalam däldir welin, gyjalatyň aşagynda-da galasyň gelenok. Tebipçilikden başymyň çykýanyny subut etmel-ä men. Dyzçanagymyň ýokarsyna sary suw ýygnanýa. Guragyry däl, emma şoň bilen kowumdaş öýdýän. Ony, ynha, şeýdip bejermeli!».

Ol elime bir tagta kagyz tutdurybam, şeýle diýdi:

Emini ýörite ýazdym. Okap gör…
Men ýazgyly kagyzy elime aldym. Iri harplar bilen owadan edilip ýazylypdyr.

«1. Bir goşawuç tüwini süýtde gaýnadyp, bişer-bişer bolanda bes etmeli. Şu süýtli ýarmany öter-ötmez edip, dyza ýapmaly, mazaly suwamaly. Ýel çalmaz ýaly, dyzyň daşyna kleýonka oramaly (ýuka sellofan orasaň, hasam gowy). Aýagyňy ýyly saklamaly, birki sagatdan aýyrmaly. Gün içinde 2-3 gezek ýapsaň ýeterlik. 3 günläp şeýdeniňden soň, dyzçanakdan aşagrakda bir ýerde suwuk zat buldurar çykar durar. Şol ýerik üzüm ýapragyny ýapaýsaň, basym sorup alar. 2. Ter narpyz ýapraklaryny (ýa gury narpyzy ölläp) dyzyňa gat-gat edip ýapmaly. Iki gün şeýdip ýapanyňdan soň (her gün iki gezek täzelemeli), edil süýtli ýarmadan soňky ýaly ýagdaý emele geler, şol emi (üzüm ýapragy bilen sordurmak) gaýtalamaly. 3. Zemzeniň içgoşuny zyňmaly-da (zyňmasaňam bolar), läşini üç-dört bölüp, gazana salyp gaýnatmaly. Akyp bişer welin, çolpy bilen etini alyp, zyňyp goýbermeli. Çorbasyna 1 kilo bugdaý atyp gaýnadybermeli. Çorbany soran bugdaýy bir günläp aç saklanan towuga bermeli. Towuk janawar horandyr, barysyny iýer. Bir gün geçensoň, şo towugy gaýnadyp iýäýseň, dyzyňdaky çiş çekiläýer».

Em salgyny okap, başymy galdyrdym. Muňa ullakan ähmiýet bermedim. O ýyllar «men» diýen wagtymyz. Agyry-ynjynyň nämediginem bilemzok. Hiç zat piňimize-de däl. Ine, menem dyzymdaky çişi käwagtlar aýyrýan. Ýöne damagyňa bek bolmaly. Agzyňy oňa-muňa, ajy suwa urdugyň derdiň ýene gozgaýa — diýip, ol öz ýagdaýyny düşündirdi.
Halk medisinasy bilen içgin gyzyklanmak isleseň, ot-çöplerden baş çykarmaly, haýwanlaryň, guşlaryň, mör-möjejikleriň durmuşyna belet bolmaly. Abu Aly ibn Sinanyň tomlaryny, gadymy hindileriň Anerwedosyny okamaly, gündogar, hytaý, tibet medisinasyndan habarly bolmaly.

Aşyrberdi Kürt şu ugurlardan köp okapdy. Umuman, onuň gürrüňlerini diňlemegem gyzyklydy. Adatça, döredijilik işgärleri edebiýatyň, sungatyň jedelini edýändir, Aşyrberdi halypa welin, tüweleme, halk medisinasynyňam «içine girip çykan ýalydy».

Tibetde lamalar gadym zamanlardan bäri tebipçiligiň syrlaryny saklap gelipdirler. Olar syrkawlaň damaryny barlap, üç ýüz keseli anyklap bilýän ekenler. Onsoňam, her bir lukman müneçjim hem hiromant (adamynyň eliniň aýasyna seredip, onuň täleýini garap bilýän) bolmalydyr diýip, baryp-ha, Awisenna bilen Gippokratam aýdyp geçipdir…
Men şonda Aşyrberdi Kürtüň gürrüňini morta bölenimem duýmandyryn: Agam, ýokary okuw jaýlarynyň biriniň mugalymy Filosofiýadan sapak berýä. Ol, ynha, «medisina» sözi «metod Ibn Sina»-dan gaýdýa diýýä. Şuňa sen nähili garaýaň? Ýa bu bir toslamamyka?
Halypa biraz dymdy. Çaky sowalym geň göründi öýdýän. Birbada jogap tapmady. Ahyry dillendi:

Çary jan, edil şu wagt şu soragyňy tassyklabam biljek däl, retem edip biljek däl. Belki, mugallymyň aýdýanlarynyň jany bardyr. Awisennaň ady rowaýata ýugrulandyr, onuň dünýä ylmynyň genji-hazynasyna goýan mirasy-da ummasyzdyr. Näme diýsene, gel, ikimiz bir iş edeli: sen-ä «medisina» sözüniň gelip çykyşyny öz çeşmeleňden anyklamaga synanyş, menem şony öz çeşmelemden agtaraýyn. Soň gulakdaş bolaýarys…
Şondan soň birnäçe çeşmelere salgylandym. Ýöne «ýitigimi» tapyp bilmedim. Köp kitapda «medisina» sözüne bütünleý başgaça düşündiriş berilýärdi. Şunuň bilenem gözlegiň soňuna nokat goýmaly boldy. Aşyrberdi aga-da ýa-ha şu sözüň magadyna ýetip bilmedi, ýa-da unutdy. Garaz, menem owarrama saldym.

Ýöne şunam aýdaýyn: «medisina» sözüniň gelip çykyşy baradaky pikir aram-aram beýniniň öýjüklerinde gizlenip ýatan ýerinden zompa çykýardy-da, meni halys başagaý edýärdi. Şunlukda, bu wakanyň üstünden otuz ýyl geçdi. Bir günem «medisina» sözi busurylyp ýatan ýerinden ýene atylyp çykyp, halys günüme goýmady.

Gürrüňimiň esasy ugurdan biraz çepe sowulmagy mümkin. Ýöne, barybir, onuňam azda-kände Aşyrberdi Kürte dahylly ýeri bar. Çünki olam üýtgeşik söz eşitdigi, derrew onuň «terjimehalyny» öwrenmäge girişerdi. Belki, şol «dert» maňa-da şondan «ýokaşandyr».

Gepiň küle ýeri, «medisina» sözüniň ugruna çynym bilen çykmagyň kül-külüne düşdüm, onuň bilen bagly «meseläni» bir ýana syrmagyň kararyna geldim. «Ýogsa, bu söz galan ömrüme-de beýnimi dörjeläp, ýatara-turara goýmaz» diýip oýlanybam, internet ulgamyna ýüz tutdum. Internet bir taň zat. Öz ýitiglerimi köplenç internet ulgamyndan tapýardym. Şu saparam tamam uludy. Hernä garaşyşym ýalam çykdy. «Medisina» sözi, Awisennanyň ömür ýoly barada gyzyklydan täsin maglumatlaryň üstünden bardym. «Dile geldi — bile geldi» diýlenini edip, şol maglumatlaryň käbirine siziňem ünsüňizi çekesim geldi. Ibn Sina (Abu Aly Huseýn Ibn Abdallah Ibn Sina) adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik yz goýan şahsyýetleriň biridir. Ol wraç, filosof, matematik, şahyr, beýik alym hökmünde tanalýar. Ol ylmyň 29 ugrunda iş bitirendir. Onuň ömrü durşy bilen basyrylgy syrdyr, onuň görmedik güni galan däldir. Özüňiz oýlanyp görüň: ol barjamly kişi eken, wagtyň geçmegi bilen bar baýlygyny gidiripdir, wezirlige-de bellenilipdir, soňra hatda zyndana-da düşüpdir.

Buharada dünýä inen Ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kada-kanunlary» atly taglymaty bilen dünýä bellidir. Onuň bu işleri tä XVII asyra çenli Gündogarda-da, şonuň ýaly-da, Günbatarda-da medisina boýunça baş gollanma bolup hyzmat edipdir. Onuň ölümi bilen baglanyşykly-da täsin rowaýat bar. Aslynda onuň durmuşy ertekä çalymdaş. Bular uzak hem-de aýratyn gürrüň. Häzirlikçe bolsa, «ýitigimizi» — «metod Sina»-ny, «medisina» sözüni derňäliň. Internet çeşmesinde bu barada şeýle düşündiriş berilýär: «Medisina» termini (adalgasy) latynlaşdyrylan «madad Sinadan» gelip çykandyr. Ol terjime edilende «metod Sina» diýmegi aňladýar…». Indi «madad» («meded») sözüniň manysyny tirmäge synanyşalyň. Şunlukda, «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügini» açýarys. Onda bu söze şeýle düşündiriş berilýär: «Medet (a. meded) — kömek, ýardam». Eger türkmençeleşdirip aýtsak, munuň özi, «medet Sina» bolýar, ýagny, «medet Sinadan», «Sinadan medet»… Diýmek, filosofiýadan ders berýän mugallymyň otuz ýyl mundan ozalky aýdan sözleri dürs bolup çykýar-da! Gör, «medisina» sözüniň «köki» nirelerde ornaşyp ýör?! Wah, şu wagt halypamyz Aşyrberdi Kürt aramyzda gezip ýören bolsady, onda şol gözläp ýören ýitigimizi tapandygymy buşlap, oňa hezil edip gürrüň bererdim. Täsin sözleriň syry açylanda Aşyrberdi Kürt gyzylly hum garban dek bolýardy.

Halypa zehinli adamlara sarpa goýardy, olaryň köpüsine «özümiň halypalarym» diýerdi, şol halypa diýilýänlerem ony halypa saýardy. Ýöne onuň gyr jyny körzehinlerdi. Saý-sebäp bilen ýalňyşyp, döredijilige çörňeşen ümbilmezler hem ýak-ýarym gabat gelýärdi. Şolar ýalylara kärdeşleri: «Oňa çölde goýun bakdyrmaly!» diýende, Aşyrberdi Kürt ör-gökden gelip: «Ýog-a gardaş! Heýem, oňa çopan taýagyny ynanyp bormy? Dowarlary haram öldür!» diýip çyny bilen janygardy. Ol «Degse — bäş,degmese — ýgrimi bäş» diýip hekaýa ýazmaga dyrjaşýanyň ýüzüne-de: «Hekaýa seň pişäň däl. Munyň çeper eser däl-de, «головная боль!» («kellagyry») diýmegi-de başarýardy.

«Adam özün bilmez ham-hyýal bolar» diýlişi ýaly, ýersiz-ýere öwünmegi, bolgusyz jedelleşmegi, eňekleşmegi halaýanlaram gabat gelýär. Bir sapar gazet ugrundan halys çöňňerägiň biri: «Meňem ýokary bilimim bar, diplomym bar…» diýip özüni mazamlap başlanda Aşyrberdi Kürtüň oňa gaty gahary geldi. Hatda: «Seni ýokary okuw jaýynda täzeden okar ýaly ederin!» diýip hemle-de urdy. Käbir ýagdaýlarda adamlary ýerli-ýerinde goýmak üçin şeýtmeseň, olar halys başa çykyp barýardy.

Aşyrberdi aganyň ýene bir häsiýeti ýadyma düşýär. Ol tagam bişirmäge-de ökdedi, eli süýjüdi. Halk medisinasyndan gowy başy çykansoň, nämeleri azrak iýmelidigini naharlary nähiliräk bişirmelidigine çenli bilýärdi. Iň gowy görýän höregi-de türkmeniň dogramasydy.

Bir müň dokuz ýüz ýetmiş birinji ýyl bolsun gerek, «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasy häzirki döwlet sirkiniň töweregindedi. Aşyrberdi Kürtem şol wagtlar şo jelagaýlarda — mebel dükanynyň ýanynda ýaşaýardy.

Ýazyjy, terjimeçi Meret Haladow gazetiň jogapkär sekretarydy, menem onuň orunbasarydym. Günorta çaýa çykylýan wagt bolupdy. Meret aganyň ýakyn garyndaşy sadaka berýärdi. Öýlerem redaksiýadan beýle bir uzakda däldi. Meret aga menem sadaka ündedi. Ikimiz ýola çykdyk. Şonda Aşyrberdi Kürtem pete-pet gabat geläýdi. Meret aga onam sadaka çagyrdy. Aşyrberdi aga biraz ýaýdanjyrady-da: «Ýogsa-da, näme bişirýäler?» diýip sorady. Meret aga-da: «Dograma» diýip gysgaça jogap berdi. «Onda galyp bolmaz…» diýibem, ol biziň yzymyza düşdi.

Sadaka ýerine bardyk. Öňümize ulurak tabaga goýup, ýanynyň üç çemçesi bilen dograma goýdular. O döwür sadakalarda köplenç üýşülip iýlerdi. Özbaşyna tagam çekmek birneme soňrak çykdy. Garaz, iýip otyrys. Birdenem Aşyrberdi Kürt ýüzümize seredip: «Duzy gyltyzrak. Şeýle gerek?» diýip sorady. Biz çalarak baş atdyk. Şundan soň ol öý eýesine şeýle diýdi: «Agam, dogramaň çorbasyndan kiçijik jama guýup, duzam gapdaly bilen bile getirsinler-le!» diýip haýyş etdi.

Duz iriräkdi. Aşyrberdi aga çorba duz guýup, ony çemçe bilen usully bulamaga durdy. Edil aşpeziň bar-da! Hem çakgan, hem usully hereket edýärdi. Ahyry boldum edip, çorbany dograma eňterip, ýene bulady. Soňam dadyp gördü-de: «Beh, duz-a laýyk düşüpdir. Bismilla! Onda alybereliň…» diýdi…

Şol döwür onuň basan ýerinden ot çykýardy. Pyýada ýörän mahaly käbir kişiler onuň yzyndan ýorgalamaly bolýardy… Ýöne nätjek?! Wagtam hökümüni ýöredýär. Gojalanyňy boýun alasyň gelmese-de, onuň özi «boýnuňa münýär». Aşyrberdi Kürtem ömrüniň paýawynda ebgarlydy. Ýöremesi kynaldy. Gujur-gaýratdan, dogumdan ýaňa dolup-daşan adamy häzir ejiz ýagdaýda görmek ýokuş degýärdi. Onuň mylaýymdan ýakymly sesi-de pessaýlapdy. Şol döwür «Watan» gazetinde bölüm müdüridim. Biz üçünji gatdadyk. Ikinji gatda-da «Nesil» gazeti ýerleşýärdi. «Nesiliň» işgäri, žurnalist, terjimeçi Orazmyrat Myradow jaň edip, Aşyrberdi aganyň ýanlaryna gelendigimi, menem göresiniň gelýändigini, ýöne ýokaryk galmaga ýagdaýynyň ýokdugyny (üç gatdan ybarat redaksiýalaryň köne edarasynda lift göz öňünde tutulmandy) aýtdy.

Ýüregim jigläp gitdi. Derrew aşak düşdüm. Ol zynatly hasasyny gysymlap, kürsüde otyrdy.Tüweleme, halypanyň sylagy ýetikdi. Töweregi ýaşlardan doludy. Salamlaşdyk, hal-ahwal soraşdyk.

Çary jan, menden öýkelemegin! — diýip, ol göýä, içime girip-çykan ýaly gürledi. (Hakykatdanam, ondan gatyrganyp ýördüm. Men Aşyrberdi aga: «Satiraçy ýazyjylar bilen söhbetdeşlikler tapgyryny gurnajak. Başyny senden başlajak!» diýip, oňa sowallarymy ýazyp beripdim. Jogaplary gijikdiripdi. Üç-dört sapar gara berse-de, ýanyma boş gelipdi. Anyk bir zadynam pyşgyranokdy, menem nekirtläp duramokdym. Elbetde, gowy görýän adamyň haýyşyňy gijikdirse, känbir ýakyp baranokdy. Halypanyň diňe saglyk ýagdaýy bilen bagly gijikdirýänine soň düşünip galdym). — Hassahanada ýatdym. Indi bäri bakyşdym. Menem beýläk äkitjek bolup, baý, dyzadylar-a! Ýöne başarmadylar.
Haly teň bolsa-da, Aşyrberdi Kürtüň şol Aşyrberdi Kürtlügidi. Ajal bilen aldym-berdimli hala düşen ýagdaýynda-da degişmäge ýol tapýardy. Ýöne sözünde tapyldy. Sowallaryma jogaplary getirdi. Çaklaňrak sowal-jogap gazet sahypasyna-da mündi.Aşyrberdi Kürt hiç haçan derejä, ada kowalaşan adam däldi. Eger ol özüniň käbir häsiýetlerini jylawlanlygynda basgançakma-basgançak göterilip bilerdi. Ýöne ol döredijiligi saýlap aldy. Ony tanaýanlar häzire çenli «Aşyrberdi Kürt filosof derejesine ýeten kişidir!» diýip hiç bir gypynçsyz aýdýarlar. Halypada weliligem bardy. Oňa: «Maglumatlaryňy getir. Seni Ýazyjylar birleşigine agzalyga çekeli. Birnäçe kitabyň çykdy ahyry. Özüňçe ýoklar birleşige agza bolup gitdi…» diýenlerinde, ol adaty wäşiligi bilen: «Bolubersinler. Barybir, ýadygärligi şolara däl-de, maňa dikerler!» diýip jogap beripdi.

Muny degşip aýdypdyrmy ýa-da perişdeler agzyna salyp goýberipdirmi, onçasyny biljek däl. Hawa, oňa ýadygärlik oturdylany hakykat. Paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde onuň ýadygärligi howalanyp dur.

Şeýle hormat çem gelene rowa görülmeýär. Munuň özi onuň döredijiligine hökümetimiziň, okyjylar köpçüliginiň hormat-sylagyndan bir nyşandyr. Ol türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyna baý miras goýup gitdi. Şeýle adamlar hiç haçan unudylmaýar, olar halkyň hakydasynda müdimilik galýar.
***

Maňa: «Aşyrberdi Kürt dili şerebeli-gorabaly, ýerlikli degişmäni halaýar, märekäni tutuş günläp gyzykly gürrüňe güýmäp bilýän kişi. Hany, onuň ýomaklary? Aşyrberdi Kürt hakynda ýatlanylan wagty onuň şortalaryny okyjylara hödürlemeseň, çöreksiz çorba iýen ýaly bolmazmy?» diýip, biraz igenilmegi-de mümkin. Şeýle diýjekler mamla-da bolup çukar. Olary dilgir edip bilmeris. Şondan ötri Aşyrberdi Kürt bilen baglanyşykly käbir degişmeleri siziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik.

TEJENE GITJEK BOLSAŇ…

Aşyrberdi Kürtüň «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan») gazetinde terjimeçi bolup işleýän döwürleridi. Žurnalist Ýazly Ataýewem şol ýerde bölüm müdiridi.

Günlerde bir gün Ýazly «Žiguli» ulagyny edindi. Muňa begenjini içine sygdyrmadyk žurnalist öňünden çykanyň ýanynda: «Nesip bolsa, ertir oba — Tejene gitjek, täze ulagymy buşlap geljek…» diýýärdi. Gezek Aşyrberdi Kürte-de ýetipdi. Şonda ol ýüzüniň ugruna Ýazla şeýle maslahat beripdi:

Inim, Tejene gitjek bolsaň, maşynyňam gawundan doldurup äkideweri!
Tejeniň gawunyň mekanydygyny okyjylara düşündirip oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek.

BELKI, GELMEZ!

Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarydy. Redaksiýada onçakly halanyp barmaýan žurnalistiň biri daşary ýurda gezelenje gidermen bolupdyr. Ol ýyllar syýahata gitjek adamyň meselesi ilki redaksiýanyň umumy ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylýardy. Oňa kepil geçesi gelýän azdy. Ahyry Aşyrberdi Kürt durup bilmän, diliniň hezilini görüpdir:

Adamlar, geliň, şuňa kepil geçeliň. Belki, yzyna gelmez, şo ýerde galar!
Muňa oturanlaryň barysy pakyrda beräýipdir. Şunlukda, mesele-de öz-özünden çözülipdir.

ÝITIGIŇ GÖZLEGINDE

Ýigit mahaly žurnalist Narmuhammediň saçy telpek ýaly ösgündi hem-de guzujygyň tüýi deýin buýra-buýrady.

Günlerde bir günem Aşyrberdi Kürt onuň saçyndan gözüni aýyrman duranmyş. Daşyndan, muny synlap duran gazetçileriň biri oňa sowal oklapdyr: Aşyrberdi aga, eýgilikmi? Narmuhammediň saçyndan gözüňi aýraňok-la?
Sekiz ýyl mundan ozal daragym ýitipdi welin, şol Narmuhammediň saçynyň arasynda çolaşyp galan bolaýmasyn diýip gözleýän!
BU DÜNÝÄŇ ADAMSY DÄLDIR!

Aýaldan çekinmek, aýala buýurmak, aýalguly… ýaly gürrüňler ýetjek derejesine ýeten mahaly içerik Aşyrberdi Kürt giripdir.

Aşyrberdi aga, aýalyndan gorkmaýanlar bar diýýäler welin, şol çynmyka? — diýip, işdeş ýoldaşlary ondan sorapdyr.
«Aýalymdan gorkamok!» diýýän bar bolsa, şony mazalyja barlaň. Ol bu dünýäň adamsy däldir. Başga planetadan azaşyp düşeniň biridir!
BASYMRAK YZLARYNA GELEWERSIN!

Gazetiň ýörite habarçysy wagyz-nesihatçylaryň, sungat işgärleriniň hataryna goşulyp, demir ýol ulagy bilen etrapma-etrap, obama-oba ýola düşüpdir. Ol her kiçijik oba barlyşy barada çişirip-çişirip, makala yzyna makala gönderipdir. Hatda hödür-kereme, tagamyň ýuwan-şordugyna, ýagny hiç hili gerekmejek zatlara çenli içgysgynç,guraksy, ýüregedüşdi ýazgylary ýagdyrypdyr.

Beýle samahyllamalary okap, taraşlamakdan iren Aşyrberdi Kürt şeýle diýipdir:

Sapara gidenler bahymrak yzyna — Aşgabada gelewersinler! Ýogsa, bu adam redaksiýaň işgärleriniň barysyny saňsar etjek!
SESI-HÄ GELÝÄR!

Žurnalist Narmuhammediň sesi öte zarplydy. Sähel gatyrak gürledigi gulaklaryňy şaňladýardy.

Günlerde bir gün redaksiýanyň işgärleri ozalky Metbugat öýüniň ikinji gatynda çaý içip otyrdylar. Birdenem niredendir bir ýerden Narmuhammediň sesi eşidilipdir.

Aşyrberdi Kürt biraz diňşirgenip-de, şeýle diipdir.

Adamlar, Narmuhammet ýarmarka (şol wagtlar gepleşik dilinde «ýarmarka» diýilýän bazar Metbugat öýünden bäş minutluk ýoldy) ýetipdir. Sesi-hä gelýä, aňyrsy on minutdan işe-de geler!
TERJIMEHALDAN PARÇALAR

Aşyrberdi Kürt 1930-njy ýylyň 15-nji dekabyrynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Bamy obasynda dogulýar. Kakasy demir ýolunda işläp, ejesi ir dünýäden gaýdýar. Ol Bamy obasynyň köne demir ýol mekdebinde otra bilim alýar. Aşgabadyň mugallymçylyk institutyny gutarýar. Moskwada aspirantura okuwa gidýär. Şol ýerde teatr institutynda mugallymçylyk edýär. «Izwestiýa» gazetiniň habarçysy bolup işleýär. Şonuň ýaly-da, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynda terjimeçi bolup işleýär.

1960-njy ýyllarda Aşgabada dolanyp gelýär. «Sowet Türkmenistany (häzirki «Türkmenistan»)», «Edebiýat we sungat», «Ýaş kommunist» (hazirki «Watan»), «Nesil» gazetleriniň redaksiýalarynda işleýär. «Naýza» satiriki kinožurnalynda baş redaktor bolýar. Ýaş Tomaşaçylar teatrynda edebi seljeriji bolup işleýär.

«Bir köpük», «Saňa — ýalan, maňa — çyn», «Üç şert», «Gaharlanmak gadagan», «Biler bolsaňyz…» ýaly kitaplaryň awtory.

Aşyrberdi Kürt 1997-nji ýylyň 22-nji awgustynda aradan çykdy.

Çary GELDIMYRADOW, ýazyjy.
0 лайков 97 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.