Aglamagyma rugsat ediñ!
Deñizleriñ,derýalaryñ suwunyñ hanasyna sygman joşan pursatlaryny görüpmidiñiz?!
Şol pursatlarda deñize,derýa "Joşma!"diýýärmisiñiz?!
Ýok!
Beýle bolsa maña näme üçin "Aglama!"diýýärsiñiz?! Ýüregimdäki ýaramaz duýgularym öz hanasyna syganok.Men olary eýdip-beýdip daşyna çykarmaly ahyry.Siz olaryñ hemmesini hiç zat bolmadyk ýaly ýüregimde göterip ýörmegimi isleýärsiñizmi?
Men häzir bagtsyz! Eý,dünýä,eşit,eý adamlar eşidiñ:Men bagtsyz!
Özümiñ bagtsyzdygymy edil adymy,ýaşymy bilişim ýaly anyk bilýärin.Ýöne bu bagtsyzlygy ýüregim göterenok,düşünýäñizmi?
Bagtsyzlygymyñ berýän ýaramaz duýgularyny aglap ýüregimden çykarýaryn.Ýa meniñ durmuşymdaky köp meseläni çözmäge hukugymyñ ýok bolşy ýaly muña-da hukugym ýokmy?
Ýa bularyñ ählisini ýüregimde saklap öñküdenem uly dag döredeýinmi?
Belki,diýersiñiz:"Bize içiñi dök,derdiniş"
Adamlara içimi dökmegi taşlalym bäri esli wagt bolan bolsa gerek."Näme üçin taşladyñ?" diýýäñizmi?!
Çünki,haçan-da size durmuşym hakda gürrüñ bersem ýa-ha maslahat berip,nesihat bermek bilen bolýarsyñyz ýa-da ýalñyşlarymy tankytlamak bilen.
Maña welin bularyñ ikisem zerur däl.Diñe ýeke zat zerur:Maña düşünmegiñiz.
Käte hiç tanamadyk nätanyş belgime jañ edip,ähli duýgularymy aýdyp beresim gelýär.Soñam hem-ä oña özümi tanatman,hemem onuñ kimdigini tanaman öçüresim gelýär telefony.Ýa-da öñler talyp döwürlerimde edişim ýaly ýolda münen awtoulagymyñ sürüjisine durmuşymdaky ähli näsazlyklary gürrüñ berenimden soñ hatda adymy-da aýtman,ýol hakyny töläp düşesim gelýär ulagdan.
Emma bularam başaryp bilemok.Elimden ýeke gelýän zat aglamak.Diñe gözlerime,gözlerimden akýan ýaşlaryma erkim ýetýär.
Diýmäñ:"Kelläñi agyrtma!" .Meniñ asyl aglamasam kelläm agyrýar.Gözýaşlarymy goýdurmak bilen maña ýagşylyk etmeýärsiñiz,tersine,bilip ýa-da bilmezden ýamanlyk edýärsiñiz.
Ýalbarýan,gözýaşlarymy almañ elimden!
Aglamagyma rugsat ediñ!
@ Mümkin

20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.