Ýatlagyn meni! (awtor: Sabyr Ýegelekow #SaDMaN)

Düşdi aramyza ençeme ýollar,
Ýekelikde galsaň ýatlagyn meni!
Söýgä aralaşdy ençeme gollar,
Ýüregiň gysanda ýatlagyn meni!

Gelerdiň sen aşygyňy ýandyryp,
Garaşdyryp günuzyn,ýola bakdyryp,
Örüm saçlaryňa güller dakdyryp,
Aýralyk gününde ýatlagyn meni!

Ganat baglap asmanlarda uçardyk,
Söýgi ýodasyndan bile geçerdik,
Yşk şerabyn meý-mes bolup içerdik,
Bagtly günler içre ýatlagyn meni!

Şeýle bir gün geldi, aýryldym senden,
Söýüpdim men seni jan bilen tenden,
Senem indi gaty görmegin menden,
Hak aşyk keşbinde ýatlagyn meni!


Awtor: Sabyr Ýegelekow (#SaDMaN)
5 лайков 172 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
SaDMaN
Автор 10 май 2022, 22:30
goşgy barada pikriňizi teswirde galdyrsaňyz hoşal bolardym goshgy
Maksat
10 май 2022, 22:57
Birine niýetlenip ýazdyňyzmy?!
Удачливая
10 май 2022, 23:01
Tuweleme galamyñ ýiti bolsun!
????_????
10 май 2022, 23:09
Gelerdiň sen aşygyňy ýandyryp, 11 bogun
Garaşdyryp günuzyn,ýola bakdyryp, 12 bogun

goşgy gowy ýöne şu ýeri düzedilse gowy boljak
SaDMaN
Автор 10 май 2022, 23:12
Keaip_begcon,
ýok eýesiz goşgy))
SaDMaN
Автор 10 май 2022, 23:13
Удачливая,
sag bol aýdanyň gelsin
SaDMaN
Автор 10 май 2022, 23:14
????_????,
men aslynda şahyr däl ,diňeje gyzyklanma hobby hökmünde ýazýan käte ..Bolýa göz öňünde tutaryn
SaDMaN
Автор 10 май 2022, 23:14
????_????,
tankyt ýok ýerinde ösüş bolmaz ,bellik üçin sag bol
????_????
10 май 2022, 23:16
SaDMaN,
gaty göze ilýä okasaň
????_????
10 май 2022, 23:26
şahyr bolmasaňam tüweleme gowy ýazypsyň
Aýnur
11 май 2022, 00:25
?? Gowy ýazylypdyr
Mümkin
11 май 2022, 02:34
SaDMaN,
Salam! Goşga täze başlanlar adatça şu nusgawy forma tutdurýarlar.Ýöne muny maslahat beremok.Sebäbi,bu formada aýtjak pikriñi dar galyba sygdyrmaly bolýar.Şonuñ üçinem degerli pikir ýa duýgy beýan edip bolanok.Edil şu goşguda görşümiz ýaly.
Başarsañyz ,A,B,Ç,B (boşaşa) kapyýada ýazyp görüñ ilkinji şygyrlaryñyzy.
#динара.
11 май 2022, 07:04
Молодцы друг,удачи:))