Telefon kitapçadaky ýazgylar

TELEFON KITAPÇADAKY ÝAZGYLAR

Aýallar ony çakdan aşa söýerdiler. Ol şo söýgülerden ölüp gutuldy.
* * *
Gaty gowy adamdy, pahyry jaylamaga adam tapylmady.
* * *
Kimi görse akyl berýär. Aklyň bit bazarynda-da bir köpüge alynmaýanyna üşügi ýetmeýär.
* * *
Biçäre bäş-alty gezek öýlenip, soňunda-da aýalsyz galdy.
* * *
“Adamy gaty içgin tanajak bolma. Badykeş bolarsyň” diýdi.
* * *
Gaty akylly adam: aýagyň ýöremek üçin berlenini gaty gowy bilýär. Mydama ýöräp ýörendir.
* * *
Eline pul düşdügi salamyny üýtgedýär. Özge wagt sypaýy bir kişi.
* * *
Ol kitap magazine girip: ”Çigit dolap satar ýaly arzan kitap barmy?” diýse satyjy: ”Wah daýza, şu kitaplaryň köpüsine çigit dolaýmaly weli, arzan däl-dä” diýipdir.
* * *
“Oglumyň ýanynyň ody bar, gyzymyň ýanynyň ýady bar” diýip ýalňyz ýaşady.
* * *
Gaty ýatkeş. Tutuş kitaplary ýatdan bilýär, emma alan karzyny unudaýýar.
* * *
Ol myhmançylykda Görogly ýaly, öýünde görde ýaly.
* * *
Yşk- körlük diýleni-dä. Ol dünyäniň iň gözel gyzy bilen söýüşýärdi. Owadan däl diýip sowaşdy.
* * *
Içiňdäki ýagşy-ýaman niýetiň özüňde ýüze çykmasa-da, nesliňde ýüze çykýar.
* * *
Onuň öwünäýşini diýsene! “Altmyş manadym bar, hemmesem ýüzlük” diýýär. “Güjügimem şekelady iýmän goýýar” diýýär.
* * *
Ol bir tüýslidi. “Towşana gaç diýýän, taza kow diýýän” diýerdi.
* * *
“Wah, meni satanlaryna gynanamok, arzan satýalar şo bolmaýa” diýerdi.
* * *
Oňa jaň etseň dünýäň giňäp gidýär. “Ölümden özgesiniň alajy bar” diýýär.
* * *
Aýdýan sözi bilen edýän işiniň arasynda dag ýatyr.
* * *
Ol gündizine sadyk musulman. Gijesine goňşusynyň sygyryny ogryn sagýar. Hudaý gije uklaýandyr öýdýärmikä?
* * *
Maýmynyň adam bolanyny görmedim, ýöne adamyň maýmyna öwrülenini köp gördüm.
* * *
Biri mugallymynyň otag doly kitaplaryny görüp, bir aýlyk, bir hepdelik okamaga dilese-de bermändir. Ahyrda bir günlük diläpdir. Mugallym: “Oglum, şu kitaplaryň ählisi bir günlük dilenip alnan kitaplar” diýipdir.
* * *
Mugallym: “Diňe wagşylar et iýýär” diýipdir weli, bir okuwçy: “Adam wagşylara degişlimi?” diýipdir.
* * *
Akmak däliräp ýitirýän zady ýok, akylly dälirese ýaman.
* * *
Ýüz sany nol bolaňdan bir birlik bol.
* * *
Ol şeýle bir ugurtapyjy. Gurt görse aga diýýä, aýy görse daýy diýýä, içýanyň penjesinde uklap, ýylanyň kölegesinde gezip bilýär.
* * *
Ol güýçli alymdy. Ölmezinden öň ähli ýazanlaryny ýakaýdy. Oňa däliredi diýenlerem, aklyna aýlandy diýenlerem boldy.
* * *
“Kowalap barýanymdan başga dokuz towşan ursam, on bolýar” diýmäni söýerdi.
* * *
Bir maşgaladan yzly-yzyna iki kişi ölüpdir weli, öýüň ýaşulysy: “Ezraýyl biz bilen öwrenişäýdi öýdýän. O wenezzyna bu öýden çykasy gelenok” diýdi.
* * *
“Para bilen sowgat şeýle bir garyşdy weli, ähli para sowgada öwrüldi duruberdi” diýýär. Onsoň “sowgat” almajak ýok, diňe az görýän, çekinýän bar” diýýär.
* * *
Hiç kime göwni ýetmezdi. Ezraýyla-da “Eşigiň gara” diýenmiş.
* * *
Adalatly bolýançaň güýçli bol.
* * *
Adamzat ösdügiçe wagşylyk azalar öýdýändirler. Muhammet pygamberiň dişini döwdüler, Mansur Hallajy parça-parça bölekläp, odun ýaly ýakdylar, Jelaleddin Rumyny mazara alyp barýarkalar tabydyny omurdylar, Nesimini dabanyndan soýdular, Magtymgulynyň kitaplaryny ýakdylar… Soňuny özüň sanaber.
* * *
Fuzulynyň: “Mende Mejnundan zyýada güýçli yşgyň bady bar, Hakyky aşyk menem, Mejnunyň diňe ady bar” diýenini okap, Mejnun öýkelänmiş.
* * *
Akylly görünmesi başyna bela boldy. Oňa göriplik baryny etdiler.
* * *
“Salam berdik, para däl diýip almady.”
* * *
Iller köp gepläp özüni ýigrendirse, ol içýakgyç dymyp ýigrendirdi.
* * *
“Sesim ýyldyza ýeten aýdymçydym, arman, kerler diňleýjim boldy.” diýip ah çekdi.
* * *
Damjalar sabyrlylygy üçin daşlary deşýär.
* * *
Biz garradyk weli, dünýä owadan gelinden dolaýdy.


Oraz ÝAGMYR
8 лайков 227 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
11 май 2022, 11:17
Biz garradyk weli, dünýä owadan gelinden dolaýdy.

Не говори... :D
Hiayress
Автор 11 май 2022, 11:32
Pegas,
Öň şuňa çalymdaş bir sözi 17-18 ýaşlarymdakam bir ýaşuly (ýaşuly diýip elliden ýaňy saýlanan) aýdypdy. "Siz Jennetde ýaşaýaňyz, daş-töweregiňiz hüýr-peri. Men seň deregiňe bolan bolsam günde biri bilen söýüşerdim" diýip. Ol-a meň deregemi bolmady, menem oň diýenini tutmadym. Sebäp ynamdar adam däldi. :D
Hiayress
Автор 11 май 2022, 11:33
"“Adamy gaty içgin tanajak bolma. Badykeş bolarsyň” diýdi."

Badykeş näme bolýarka?! Höwesiň gaçar, badyň sowular diýen ýaly manydamyka?!
Pegas
11 май 2022, 11:34
Hiayress
Pegas,
Öň şuňa çalymdaş bir sözi 17-18 ýaşlarymdakam bir ýaşuly (ýaşuly diýip elliden ýaňy saýlanan) aýdypdy. "Siz Jennetde ýaşaýaňyz, daş-töweregiňiz hüýr-peri. Men seň deregiňe bolan bolsam günde biri bilen söýüşerdim" diýip. Ol-a meň deregemi bolmady, menem oň diýenini tutmadym. Sebäp ynamdar adam däldi. :D

Menem şeýle şu günler. Ýaşlara maslahat berýän. :D
Hiayress
Автор 11 май 2022, 11:35
Pegas,
Meňki ýaly öwüdiňi almazlar diýip umyt etýän. :D
Hiayress
Автор 11 май 2022, 11:37
Ýogsa Islenende badyhowa mowzuklar köpelýär. :)
Nurmuhammet
11 май 2022, 12:59
“Adamy gaty içgin tanajak bolma. Badykeş bolarsyň” diýdi.
* * *
su soz bilen ylalasyaryn.hakyky.
????_????
11 май 2022, 13:00
Ol kitap magazine girip: ”Çigit dolap satar ýaly arzan kitap barmy?” diýse satyjy: ”Wah daýza, şu kitaplaryň köpüsine çigit dolaýmaly weli, arzan däl-dä” diýipdir.

Şula gowy eken
Soho
11 май 2022, 14:11
gaty gowy...
Massimus
11 май 2022, 14:32
Gowy ýazylan, sag boluň