Alym hem gämiçi hakynda hekaýat
ALYM HEM GÄMIÇI HAKYNDA HEKAÝAT
Öň bir alym gämä münen badyna,
Şeý diýipdir ony sürýän adama:
«Meniň sowalyma jogap ber basym,
Ylym diýlen zatdan habardarmysyň?»
Gämiçi aýdypdyr: «Kitap okamok,
Seň diýýän ylmyňdan bilýän zadym ýok».
Alym şeýle diýen: «Bu bolşuň erbet,
Onda ömrüň ýaryn köýdi hasap et».
... Olar alys syýahata ugranda,
Birden güýçli gaý turupdyr ummanda.
Gämiçi sorapdyr: «Jogap ber basym,
Ýüzmek diýlen zatdan habardarmysyň?»
«Men diňe ylyma berilen bende...»
«Ömrüň baryn köýdi hasap et onda...»
Deňziň holtumyna düşeňde elin,
Ylymly bolmagam gerekdir welin,
Ýüzmegi başarmak has zerur ondan,
Ine, şu barada oýlanyň çyndan.
Jelaleddin RUMY
Öň bir alym gämä münen badyna,
Şeý diýipdir ony sürýän adama:
«Meniň sowalyma jogap ber basym,
Ylym diýlen zatdan habardarmysyň?»
Gämiçi aýdypdyr: «Kitap okamok,
Seň diýýän ylmyňdan bilýän zadym ýok».
Alym şeýle diýen: «Bu bolşuň erbet,
Onda ömrüň ýaryn köýdi hasap et».
... Olar alys syýahata ugranda,
Birden güýçli gaý turupdyr ummanda.
Gämiçi sorapdyr: «Jogap ber basym,
Ýüzmek diýlen zatdan habardarmysyň?»
«Men diňe ylyma berilen bende...»
«Ömrüň baryn köýdi hasap et onda...»
Deňziň holtumyna düşeňde elin,
Ylymly bolmagam gerekdir welin,
Ýüzmegi başarmak has zerur ondan,
Ine, şu barada oýlanyň çyndan.
Jelaleddin RUMY
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.