Akmyrat Bäşimow: gülkiniň gerçegi.
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR
Döredijilik, sungat adamlarynyň köpüsiniň maşgala ojagyna söhbetdeşlige baramsoň, olaryň öý salgylary ýan depderçämde ýazylgy dur. Arada biriniň telefon belgisini gözläp otyrkam birden wäşi artist Akmyrat Bäşimleň öý salgysyna gözüm düşdi. Ussat artistiň kino hem degişme sahnalarynda döreden keşpleri hakydama geldi. Onuň janlandyran islendik keşbi tebigy ýylgyryş bilen ýatda galyjy. «Aýgytly ädim» kinofilmindäki Pökgi walaň keşbi. «Meniň dostum Meleguş» filmindäki keşbem gülküli keşp.Ýa bolmasa, «Döwranyň başdan geçirenleri» filmini ýatlalyň. Şu filmde has gülküli bir pursat bardyr. Akmyrat aganyň egninde Sary Garryny göterip, onuň egninde-de Durdy Saparowyň dik durup agaçdaky asylgy tüpeňi aljak bolýan pursatlary bada-bat ýadyňa düşýär. Olaryň asyl-asyl bolşup duranyny ýatlanymda, halypa artistiň gülküsi gulagymda ýaňlanýan ýaly. Durdy aganyň:
— Men-ä entek şu ýaşyma çenli beýle gülkini gören däldirin — diýip, jany ýangynly gürleýşi filme gelşik berýär. Akmyrat aga sözsüz keşp döredende-de tomaşaçyny güldürmägä ussat. Onuň kärdeşi Orazdurdy Hojaýew bilen oýnan golsuz arza hakdaky gysgajyk sahnasy bardyr. Şonda Orazdurdy Hojaýew:
— Gijelerine Gružinewiçiň geçisini sagýanlygyňyz barada arza geldi. Siziň olar ýaly iş etmejegiňizi bilýäs. Ýöne onda-da arza, arza bolýar-da — diýip, sorag edilýän Akmyrady bir agyz gürledenok.
— Ýok, biz onam bilýäs. Ynha, derňew esasynda ýaşaýan köçäňizdäki haýwanlaryň sanawynam aldyk — diýip, Oraz aga sanap başlaýar. «On bir pişik barlygy anyklandy» — diýýär welin, Akmyrat aga «On iki» bolmaly — diýýär. Sahnanyň boýdan-başa gülküsi şol «On iki bolmaly» diýen sözde jemlenýär duruberýär. Akmyrat aganyň ussat artistligine, miras galdyran keşplerinden göz ýetirip bolýar.Ýöne onuň dramada oýnamak ussatlygy-da güýçli eken. Ol şol ussatlygyny «Laçyn» atly ýekeje kinoda açyp görkezmäge ýetişdi.
Ýatlamalara berlip oturşyma olaryň öýlerine jaň etdim. Ýakynda onuň gyzy Maýanyň biwagt aradan çykandygyny eşitdim. Merhuma iman baýlygyny diläp, hal-ýagdaý soraşdyk. Tüweleme, Akmyrat aganyň bäş agtygy, alty çowlugy bar eken. Aýaly Lýuba daýzanyňam, ogly Nazaryňam ýagdaýlary gowy eken.
Bir mahal söhbetdeşlik taýýarlamak üçin öýlerine baranymdaky bir pursat ýadyma düşdi. Birinji gezek öýlerine baranymda öýde diňe gelinleri Şasenem bar eken. Ol: — Gaýnatamyň bir ogly, bir gyzy bar. Adamym Nazar elektrik ussasy. Baldyzym Maýa sanepidstansiýada baş hasapçy bolup işleýär. Bäş çagamyz bar. Uly oglum gaýnatamyň at dakylany. Gaýnatam men bu ojaga gelin bolup gelmänkäm ýogalypdyr. Ol barada diňe tomaşaçy hökmünde pikirimi aýdyp biljek. Onuň ussat artistligine hem guwanýan, hem buýsanýan — diýipdi. Kän maglumat alyp bilmämsoň, şol gezek onuň gaýyn öýüne-de barypdym. Şonda Lýuba daýza:
— Öý salgymy gelnim Şasenemden aldyňyzmy? Geň görmeli. «Oglunyň öýüne geldim. Ogly-ha işde eken. Gelnem bilenini aýtdy. Aýalam orsdur-da, näme aýdar öýdýäň? — diýip gidibermänsiňiz. Sylap, hormatlap gelipsiňiz, ýatdan çykarmansyňyz. Men örän şat. Gaty begendim. Akmyrat bilen ýigrimi ýyla golaý ýaşaşdym. Hiç wagt agyryşmadyk. Ol oýunçy, degişgendi. Onuň wäşiligini gyzym Maýaň häsiýetinde görýän. Men onuň bilen hemişe bile tirkeşip ýörmezdim. Käýarym Baba Annanowlara, Artyk Jallyýewlere, hemem Baýram Abdyllaýewlere giderdik. Bir waka ýadyma düşýär.
Akmyrat Ukrainada kino düşýärdi. Menem Orsýetdedim. Ol maňa: «On günüň içinde gel!» diýip telegramma iberdi. Haçan barjagymam aýtman, Ukraina gitdim. Dört sany uly gawun äkitdim. Ýigrimi kilo ýaly agyr goşly baryp düşemsoň, hiç ýeri tapamok. Olam aýdylmansoň öňümden çykmandyr. Ahyry, ondan-mundan sorap-idäp, bolýan ýerlerini tapdym. Ähli artistler kino düşmäge gidipdirler. Ýaşaýan otagyny görkezdiler. Garaşdym. Bir salymdan artistler geldiler. Emma Akmyrat gaty giç geldi. Ol gelende men oňa: «Akmyrat, saňa gawun getirdim» diýip aýtdym. Olam: «Hany?» diýip sorady. Görsem oglanlar eýýäm ählisini iýen ekenler. Onsoň Akmyrat alma, armyt alyp goýan eken. Ol şkafyň üstünde tor haltadaky almadyr armydy görkezip: «Şulary getiren bolaýma» diýip, hezil edip güldi. Ertesi «Aýgytly ädim» kinosy görkezilýär» diýip, ol meni şo ýerdäki teatryň birine äkitdi. Tomaşaçylaň arasynda oturyp, kino gördüm. Kino gutaransoň, olar meniň barlygymy ýatdan çykaryp gidiberipdirler.Ýeke özüm gije azaşdym. Onsoň bular ýatak jaýlaryna baransoňlar, men ýatlaryna düşüpdirin. Gözläp-gözläp, ahyry tapdylar. Şondan soň ýekesem meni gözden salmadylar. Gowuja kösenendirler-dä — diýip gürrüň berdi.
Soň Akmyrat aganyň ogly Nazaryň öýlerine ikinji gezek bardym. Gapydan girdim welin, Şasenem bilen bir erkek kişi haýdap gyşa hyýar ýapyp otyr. Ýüregim jigläp gitdi. Akmyrat Bäşim direlip gelen ýaly, ogly şeýlebir meňzeş eken, haýran galdym. Onuň dyzynyň üstünde omadaklap banka ýapyp oturşy edil «Aýgytly ädim» kinosyndaky Pökgi walaň keşbi-dä. «Ogully ýigit ölmändir» diýleni hakykat —diýip pyşyrdanymam duýmandyryn.
Makalamyň gyzykly bolmagy üçin şonda Akmyrat aganyň kärdeşleriniň gürrüňlerini-de toplapdym. Artist Allaberdi Meläýew:
— Akmyrat bilen sungat ýolunda başlanan tanyşlygymyz, dost, dogan gatnaşygyna ýazdy. 1966-njy ýylda teleýaýlyma işe geldim. Juma Ýazmyradow, Myrat Nyýazow, Gurbannazar Atakgaýew, Akmyrat Bäşimow dagy bilen işleşmeli boldum. Ählisi azy ýaran halypalar bolansoň, birbada howum basyldy. Adama öwrenişmäm kyn. Akmyrat neresse gaty alçakdy. Şonuň üçin tiz öwrenişdik. Şeýdibem, Akmyrat Bäşim bilen tanyşlygymyz başlandy. Bir gün ikimiz radiokomitete işe bardyk. Ulagymyzy goýup, ýöräp ugranymyzdan, bir ýaş ýigit ýanymyza geldi. Ol:
— Şu ulagyň eýesi haýsyňyz? — diýip sorady.
— Biz — diýdik.
— Nirede işleýäňiz? Hany dokumentleriňiz? Ulagyňyzyň tigri «lysyý». Şäherde sürmek gadagandygyny bileňizokmy? — diýip, sorag baryny ýagdyryp başlady. O wagtlaram maşynyň tigriniň gyt wagtlary. Akmyrat neresse:
— Aý, inim! Tigir tapyp berseň aljak. Hany, tigir tapdyrýarmy? Gaýrat et! Iş aralygy, seresabrak süreris — diýip, ýalbarýar welin, gaýta ol:
— Bolanok, agam! Tigir «lysyý» boldumy, ulanmaly däl. Zyňaýmaly — diýip, eňek berenok. Ahyry Akmyrat öz kellesindäkinem, meniň kellämdäki başgabymam çykardy-da:
— Inim! Şu «lysyna» ikimizem haçandan bäri ulanyp ýörüs. Zyňmaly bolsa, ilki ikimizem kelläni zyňmaly bolýas — diýdi.Ýigit güldi-de gidiberdi. Biz-ä oňa ýol gözegçisidir öýtdük. Gezip ýören ýigitleriň biri Akmyrady gürletjek bolup, degişýän bolsa nätjek.
Akmyrat Bäşimiň teatr ugrundan ýörite bilimi bolmasa-da, ol şol ugurdan doly bilim alandyr diýip hasap edýän. Ozaly bilen-ä zehini tebigy berlendi. Üstesine-de, gaty köp okardy. Käwagt artistleriň arasynda teatr sungaty barada çekeleşikli gürrüň giderdi. Şonda Akmyrat goşulman oturardy. Soňam:
— Allaberdi jan! Şu ugurdan okuwy gutarmanyma namys edýän. Pylan zada düşünmedim. Maňa teatryň taryhyndan kitaplary ber. Aktýoryň durmuşyndan pylan kitaby ber! — diýip, haýyş ederdi.
Ol maňa-da dürli ýazyjylaryň kitaplaryndan köp getirip bererdi. Özem yhlasly işlärdi. Ynanylan keşbe hakyna jür, diýseň taýýarlykly gelerdi. Keşbine gabat gelýän improwizasiýa ökdedi. Käbir taýýarlyksyz gelenlere-de, gözüniň gyýtagy bilen düşündirerdi. Käte gije jaň ederdi. Telefonuň üsti bilen sahna oýnardy, ol dramada oýnamagy halardy. Kyrkdan gowrak oýun goýdum. Eýlä-beýlä döredijilik işi bilen giderdik. Baran ýerlerimiziň birinde şeýle adama duşduk. Sähel gürlese «Kak bäşi!» diýip, elini uzadyp dur. Akmyrat eýýäm şony duýupdyr. Ol bir çaganyň gulagyna hyşy-wyşy etdi. Bir görsek, uly kartondan el ýasardyr. Ýüzüne-de «Akmyrat» diýip ýazypdyr. Ýaňky kişi «Kak bäşi!» diýenden, «Şoňa kakaý!» diýip, kartondan ýasalan eli görkezýär. Göwresi daýawdy, özem sport bilenem türgenleşýärdi. Onda dosta, ýoldaşa wepalylyk bardy. Ukrainada «Ölüm ýokdur, oglanlar!» diýen kino düşürilýärdi. Gazak ýigidiniň keşbinde-de Akmyrat oýnaýar. Şonda kino alynýan ýer bir tokaýlygyň içi. Bäş-alty sany eli pyçakly keýpi ýeten gelýär. Bu artistlerem:
— Biz kino düşmäge geldik. Sizem dogan. Bizem dogan — diýip, düşünişjek bolýarlar. Eger-eger, düşüner ýaly dälmiş. Ýaragsyz, üç-dört bolup göni gelene Artyk Jallyýewiň ýeke özem eýgertjek däl,ýöne köplük-dä. Näçe günden soň dolanyp gelenlerinde-de, Akmyradyň gözi göm-gökdi. Sorasak, kameraň sapy degdi — diýip ynandyrdy. Emma Artygyň arka tarapyndan gelen pyçakly bilen göreşip kösenen eken.
Akmyrat köp kinoda oýnady. 1972-nji ýylda iş bilen Horezme gitdik. Baran ýerimizede gaty bir beledem däl. Bir köçeden barýarkam, Akmyradyň «Ak roýal» kinosynda düşen bildirişli suraty asylgy dur. Begenip gelip, buşladym. Akmyradam:
— Çynyňmy? Eger dogry bolsa söýünjiň bar. Ýöne men däldirin. Onuň ýaly kinoda oýnamok. Ýör gideli. Bildiriş nirede bolsa görkez! — diýip äkitdi. O ýere barýas ýok. Bu ýere barýas ýok. Belet bolmamsoň, nirede görenimi tapamok. Ahyry, bir ýerde bar eken. Özbegistanda türkmen aktýorynyň täjik filminde düşen suratyny görmek gaty täsir etdi. Neresse hem begenýär, hemem kinoň ady bilen gyzyklanýar. Şo ýerden Duşenbä kinostudiýa jaň etdi. Kino ilki şertleýin at goýlup, soň ýürege jüňk bolýan at goýulýar-da. Bu kinoňam öň başga ady bar eken. Şeýdip, söýünjisini aldyk. Akmyradyň ýörgünli sözem «Seni satdym» diýerdi. Oýun goýlanda keşp paýlanýar. Şonda «Pylana pylan keşp gabat gelýär» diýip, režissýora pikirini aýdýar. Soňam «Seni satdym» diýer. Barsaň. Hökman bir keşp ynanylandyr.
Akmyradyň iki otagly jaýy bardy. Mydam öýi myhmanlydyr. Darykmaz. Käwagt käbirleri öýüne gelen myhmanynam eltäýerdi. «Mebelleri süýşürsek ýerleşýäs» diýip arkaýyndyr.
Degişme aýtmagy şeýle gowy görerdi. Bir gün gelip:
— Iki degişme bilen, bir gowy degişme çalyşjakmy? — diýýär.
— Hany aýt! «Çalyşarlygy bolsa çalşaýarys» diýsem:
— Bir gorkak bar eken. Aňyrdan ýagyň çozup gelýänini görüp, gara öýüň içine girýär. Daşarda-da çagasy:
— Kaka, kaka! — diýip, kakasyny gözläp, iki ýana ylgap aglaýarmyş. Kakasam daş çyksa-ha, ýagy äkitjek çagasyna-da dözenok. Görgüli öýüň gapysyndan çalaja yşyklap duran. Ahyram:
— Aglaber! Ýagyň bu çozuşyna näçe gün kakaly borun öýdýäň? — diýipdir — diýip, gülýär welin, biz ilki onuň bolşuna gülýärdik. Soň degişmä gülýärdik. Akmyradyň gülküsem bir adama degýärdi. Ýüregi bilen gülende, asfaltda maşyn sürülendäki ses ýaly şyglap duran gülküsi bardy.
Akmyradyň kakasy ýogalandan soň, maşgalalaryna atasy hossar çykýar. Owadan, peşeneli adamdy. Bir gezek myhman gelende menem çagyrdy. Bende sungata düşünýän adam eken. Sazy gaty gowy çalyp bilmesemem, goňşulary Aman Gowşudowyň dutaryny alyp geldim. Şonda ýaşuly ýapbyldakdan üç-dört sany aýdym aýtdy. Akmyrat haýran galdy.
— Aý, how, heniz bir gezek hiňlenenine duşmadym-la. Atam bagşy eken-ä… diýip gülýär.
Akmyradyň ýüregagyry keseli bar eken. Emma şony hiç birimize aýdyp ýörmänsoň, känbir bilmedik. Bir gezek iş ýerimizde ýüregagyrysy tutanda bilip galdyk. Neressäni ýogalan günem irden gördüm. Degşip-gülşüp, kesele ýan berjek ýigit däldi — diýip gürrüň beripdi. Şonda terjimeçi ýazyjy Oraz Akmämmedow:
— Komediýa iki görnüşli bolýar. Bir eseriň gahrymany çylşyrymly ýagdaýa düşýär. Çykgynsyz ýagdaý. Tomaşaçy oýundygyny bilýär, gülýär. Özüň üçin tragediýa. Ikinji görnüş. Hakyky gülküli ýagdaý. Wakaň özi gülküli bolýar. Ýa-da kä adamyň özi, häsiýeti gülkünç bolýar. Göreňde begenýäň. Şähdiň açylýar. Akmyrat Bäşimem şeýle adamlardandy. Kalbynda tebigy güýç bar. Hudaý beren zehindi. Biz üçin ol gaharlananda-da gülkünç bolýardy. «Ýyldyrym» diýen hekaýa ýazdym. Ýyldyrymyň ömri juda az. Ýöne az wagtlyk şöhle salýar. Akmyradam bary-ýogy 42 ýaşady. Emma türkmen sungatynda öz ýagtylygyny goýdy. Döwrüniň gowy adamlaryndandy. Akmyrat sesini çykarman dymyp oturanda-da gülkünçdi. Onuň zanny sadady. Akmyrat keşbi bolşy ýaly janlandyrardy — diýip onuň ylahy zehinine uly baha beripdi.
Ýakynda Akmyrat aganyň aýal dogany Oguljeren Meredowa bilen gürrüňdeş boldum. Ol:
—Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäher hassahanasynyň «Tiz kömek» bölüminde şepagat uýasy bolup işleýärin. Biz üç oglan, üç gyz dogan. Akmyrat iň uly doganymyz bolansoň, oňa «Goçak akka» diýerdik. Akmyrat 1937-nji ýylyň 11-nji awgustynda doglan, 1979-njy ýylyň 2-nji fewralynda-da tarpa-taýyn ýogaldy. Ejem pahyr «Akmyrat öňki Kaka raýonynyň Gowşut obasynda doguldy. Şol wagtlar obada bäbekhana ýokdy. Onsoň obamyzda bäbekhana niýetlenip bir kiçijek jaý guruldy. Jaýyň daşy hek bilen aklanandy. Şol jaýda ilkinji doglan bäbek bolansoň, göbek enesi Oguljemal eje: «Ak jaýda doguldy» diýip Akmyrat adyny dakypdy» diýip gürrüň beripdi. Soň maşgalamyz bolup kakamyň işi bilen bagly Çäçe obasynda ýaşadyk. Men paýtagtymyzda ýaşaýan agalarymyzyň biriniň ogluna durmuşa çykdym. Gaýyn eneme gelneje diýerdik. Akmyrat hepde-de iki gezek öýümize gelerdi. Her gelende gaýynym palaw bişirip garşylardy. Bir gezek gelende oňa: «Goçak akga, indi gitjek ýeriň ýok bolsa, palawyň tüwüsini atybereýinmi?» diýdim. Ol: «Nyşana alan bolsaň atyber» diýdi. Bir gezegem ilkinji perzendimiň bäbek wagty gurbanlykda myhmançylyga geldi. Ýaş gelinler bezenip-beslenip hiňňildige gitdiler. Akmyrat: «Sen näme hiňňildige gideňok? Bäbegiňe gelýänçäň özüm serederin. Annadurdy, bar bile gidiňde hiňňildik uçup geliň!» diýip, ýan ýoldaşym bilen gurbanlyga aýlanyp gelýänçäk sallançak üwräp çagamy saklaşypdy. Agamlar ikinji gatda iki otagly jaýda ýaşaýardylar. Käwagt myhmançylyga barýardym. Bir baramda çagam kiçi bolansoň, ol eýwandan sallançak gurup berdi. Öz-özüm çekinip: «Waheý, öýi daraldaýdy-da» diýsem: «Zyýany ýok, sygyşmasak ýerleşmedigimiz siziň öýüňize gidäýeris» diýdi. Ol şeýlebir degişgendi. Öýümize wäşi adamlaryň köpüsi gelerdiler. Ejem baggoýun bakyp garaşardy. Agam oba bardygy öýümiz märekeden dolardy. Kakamyz ir ýogalansoň, maşgalamyzyň çözülmeli meselesi bolsa, agam çözgüdini derrew tapyp bilýärdi. Körpe bolanym üçin hemişe ulagynyň öňünde oturdardy. «Körpäm, şu ýer ejemiň ýeri, sen otur gapdalymda» diýerdi. Özem şeýlebir myhmansöýerdi. Ol dünýeden gaýdanda 42 ýaşyndady. Biz oňa uly adamdyr öýdüpdiris. Häzir alty dogandan ýeke özüm galdym. 60 ýaşdan geçen bolsagam uly ýaş däl eken. Agam ýogalandan soň oňa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berildi. Şol baýragyň maşgalasyna gowşurylyş dabarasynyň wideo ýazgysy agalarymyň öýünde bolmaly. 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz agam Akmyrat Bäşimowy hatyralap «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at bilen sylaglady. Agamyň çagalary: «Kakamyzyň ýekeje aýal dogany» diýip sylap, Awazada geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasyna meni iberdiler. Şonda ady okalandan baýrak almak üçin sahna tarap ýöräp barýan welin, agamam bezenip-beslenip gapdalymdan ýöräp barýan ýaly boldy. Hormatly Prezidentimize alkyş baryny aýdýarys. Merhum agamy tirsegine galdyrdy» diýip, gürrüň berip oturan Oguljeren gelneje damagy dolup durşuna hormatly Prezidentimize öwran-öwran alkyş sözlerini aýtdy.
Akgül SAPAROWA.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.