Beki Seÿtäkow "Deryada" (2)
II
Ýagdaý bütinleý üýtgeşdi: derýada ýuwaşja, salkyn şemal öwüsýärdi, motorly gaýyk çalt gidýärdi, bu çaltlykdan ýaňkyja şemal güýjeýärdi. Keýpimiz kökeldi. Adam begenende diline bat berýär, göterimli sözler tapýar. Emma biziňki tersine bolup çykdy: biz bu ýagdaýa şeýle bir begendik weli, sözlemäge söz tapman, biri-birimiziň ýüzümize seredip ýöne: “weýt-weýt” diýip otyrys.
Jeýhunyň eredilen altyna meňzeş mele suwy bütin gözýetimi tutup, çalaja tolkunyp ýatyr. Ilerimizden gamyşlyk kenar görünýär. Gündogar bilen günbatardan hiç zat görnenok. Derýanyň bu iki tarapy gözýetimde asman bilen birigýär.
Suwuň ýüzi poluň üsti ýaly tekiz, ýuwaşja şemal ony emaý bilen sypalaýar, şunuň netijesinde bolsa kiçijik örküçler emele gelýär. Biziň gaýygymyz örküçjikleri ýaryp geçmek bilen olaryň müňüniň, millionynyň başyny bozýar, güýçli tolkunlar emele getirýär. Suw guşlary uzyn ganatlaryny oýnadyp aşak inýärler, gyzyl injikleri bilen kiçijik tolkunlar emele getirip, ýene-de uçup gidýärler. Çuň ýerlerde suw gaýnap duran ýaly bolup görünýär. Diňe şu zatlar bolmasa, derýa günüň şu wagtynda gaty parahat görünýär. Garagumuň tekiz, çägelik ýerlerini ýadyňa salýar.
Ahally Mämmetdurdy her goşgusynda diýen ýaly Amyderýanyň waspyny etse-de, “janly” derýany birinji gezek görýärdi. Onuň owadan gara gözleri giňden açylyp, töwerege galawutly seredýärdi, bu gadymy suw dünýäsiniň ähli syrynyň bütin gözelliginiň, onuň ajysynyň-süýjüsiniň bir bada aňyrsyna ýetmek isleýän ýalydy. Derýanyň beýik, haýbatly görnüşi onuň sussuny basdy. Häzir onuň dilinden gözi kän “gepleýärdi”. Onuň bar ünsi, ähli bolşy derýa berlipdi.
Jeýhunyň gamyşly, jeňňelli kenarlarynda önüp-ösen Annaberdi özüniň “dogduk depesine” gelipdi. Ol ör turup, döşüni şemala tutup, gündogara, Kerki taraplaryna äňedýärdi, özüniň “dogduk depesini” agtarýardy.
— Eger gözýetim sähel aňyrrak süýşse, şu ýerde men size ýaşkam suwa düşen ýerlerimi görkezerdim — diýip, şahyr hyýallanýardy.
— Aý, ýog-a? — diýip, Mämmetdurdy gözlerini giňden açyp, haýran galyjylyk bilen oňa seredýär. — Oglan ahyry, heý, muňa-da düşüp bolarmy? Ýalaňaçlanyp bu derýa özüňi oklamak – öz janyňa kast etmek bilen deň ahyry!..
Bu wagt geň bir zat ýüze çykdy: biziň gämide bardygymyza, ýokdugymyza çigit ýalyjak ähmiýet bermän gelýän gämiçi, Mämmetdurdy soňky sözüni aýdyp gutaryp-gutarmanka, birden yzyna öwrüldi, Mämmetdurdynyň ýüzüne ullakan ala gözlerini öňküden-de giňeldip, gahar gatyşykly bir görnüşde seretdi. Onuň bu garaýşyny menden başga hiç kim görmedi. Bu garaýyşdan meniň inim tikenekläp gitdi…
— Ýeri, sen beri suw hakynda geplemesene — diýip, mundan habarsyz Annaberdi Mämmetdurda gülüp seretdi: — Seniň öňünde bir kerseni suwdan dolduryp goýup: “gozganman otur, bolmasa gark bolarsyň” diýsem, gorkyňa on günläp oturyşyňy-da bozmarsyň… Sen suw bilýärmiň, näme?!
— Päheý, sen-ä oňaraýdyňaýt. Ynha, Garagum kanalynyň ikinji nobaty gutarsyn bakaly, men seniň bu sözüňe onsoň jogap bererin…
— Ol başga mesele!
Şeýle-de bolsa gürrüň alyşmaýardy. Her kim bu ajaýyp görnüşden köpräk täsir almak üçin öz pikiri, hyýaly bilen başyna gaýdy. Munuň üstesine-de, gämiçi meni uly aladanyň aşagynda goýdy. Men bar ünsümi oňa bermeli boldum. Meniň başga zat bilen işim bolmady.
Gämiçiniň ady Rozydy. Uzyn boýly, hor, elleriniň, boýnunyň damarlary çykyşyp duran bu adamyň ýaşy altmyş bilen altmyş bäşiň arasyndady. Eliniň, ýüzüniň hamy kömürçiniňki ýaly gap-garady. Ullakan, ala gözleri ýitidi, olaryň agy gar ýaly akdy, garasy garamyk ýalydy. Sakgalda, murtda, saçda agaran ýekeje-de gyl ýokdy. Emma ýagyrnysy hökgüdi. Inçe ýüzündäki giň maňlaýy agyrlyk edýän ýaly, Rozy mydama başyny aşak salyp oturýardy. Süňklek uzyn elleri, göwnüme bolmasa, uzadan ýerine ýetäýjek ýalydy. Bu adam meniň gözüme başga dünýäniň adamy ýaly bolup görnüp başlady.
Bu gaty geň adamdy. Gaýyga mündi-de, sürüberdi. “Hemmäňiz mündüňizmi?” diýbem soramady. Ugraly bäri biziň bilen bir gezek hem gürleşmedi. Bu boluş meniň keýpimi gaçyryp başlady.
III
Beýdip gitmek mümkin däldi. Bizden utanýar, gorkýar diýsek, biz onuň naçalnigi-de däl, ondan uly-da däl. Ol derýada zähmet çekýär, biz bolsak edebiýat meýdanynyň zähmetkeşleri. Diýmek, iki tarap hem des-deňdi. Rozy muny bilýärdi. Naçalnigiň biziň kimdigimizi oňa düşündirip goýbereni ikuçly däldi. Üçimizden birimiz onuň göwnüni galdyrandyrys diýsek—muňa-da esas ýokdy: görşüňiz ýaly Rozynyň göwnüni galdyrmaga ýa-da göwnüni açmaga biziň elimiz degenokdy, biziň bar ünsümiz derýadady. Biz Rozy bilen diňe salamlaşdyk. Aramyzda başga hiç hili gürrüň bolmady.
Hawa, beýdip gitmek mümkin däldi. Şatlyk umumy bolsa, şatlyk bolýar. Bir ýerde oturan dört adamyň üçüsiniň gülüp, birisiniň gaşyny çytyp oturmagy akyla sygjak zat däldi. Durmuşda beýle zat bolmaýar.
Men çemini tapyp, Rozyny gürrüňe goşmagyň, onuň biziň şatlygymyza goşulmagynyň ugruna çykdym.
Ol bize arkasyny öwrüp oturýardy. Onuň häzirki iş ýagdaýy şeýledi. Göwnüme bolmasa, Rozy barha hökgerip, kellesi aşak sallanýan ýalydy. Men içimden: “ol şu wagt köwüşleriniň burnuna seredýändir” diýip çak etdim. Ol bir bolşuny üýtgetmän, aşak bakyp otyr. Onuň boýny, bili agyrmaýarmyka? Ýa-da köp ýylyň endigi bilen ol bütinleý öwrenişäýdimikä?
Meniň sortduryp oturyşyma içi gysan şahyrlar bir-birine golaýlaşyp oturdylar-da, öz kärlerine başladylar. Olar mesnewi düzmäge, aýdyşyga girişdiler. Ilki biri bir setir aýdýar, ikinjisi onuň yzyna ýetirýär. Käwagt kapyýa dawasy çykýar. Annaberdi sesli kapyýa bilen jogap berip, gezegini sowmakçy bolsa, Mämmetdurdy derrew dawalaşyp başlaýar:
— Heý, “gardan” bilen “bärde” hem kapyýalaşarmy? Hökman “gardan” — “bärden” bolmaly…
Soňra maňa ýüzlenýärler. Meniň bolsa bar ünsüm Rozyda, şonuň üçin-de, näme diýenimi-de bilmän, olara:
— Hudaýa şükür, prozanyň kapyýa bilen işi ýok. Kapyýa prozanyň iň ýigrenýän zady — diýip jogap berýärin.
Olaryň ikisi-de:
— Ýoldaşyň prozaçy bolmasyn — diýip, arydan goranýan ýaly ellerini silteýärler-de, ýene-de dawalaryna başlaýarlar.
Men bolsam Rozynyň hökgerip duran ýagyrnysyndan guş çykyp, ümdüzüne uçaýjak ýaly, ondan gözümi aýyrman seredip otyryn.
Ine, ol hereket etdi!
Onuň gury süňklek göwresi çalaja gymyldady, kellesini sag tarapyna öwürdi. Emma geň zat: ol beýleki adamlar ýaly arassa, salkyn howany içine çekip, owadan gözlerini giňden açyp, gözýetime seretmedi-de, gaýtam, nazaryny ýene-de suwa dogrulady. Kenara-da gözlemedi, hiç ýere-de! Ol gaýygyň edil alkymyndaky çogup duran ýerden gözüni aýyrman, göýä ol tolkunyň aşagyndan biriniň çykmagyna garaşýan ýaly bütin ünsüni şo ýere berdi. Gaýyk ol ýeriň duşundan bireýýäm geçip gidenem bolsa, Rozy eli bilen ruly towlap, nazaryny ýaňky ýerden aýyrmaýardy. Onuň boýny agyryp gitdi, emma ol muňa ähmiýet bermedi.
Men indi onuň ýüzüne, gözüne siňe syn etdim. Ol bu ýere seredip otyrka, öňki tüýsüni bütinleý ýitirdi. Ýüzüniň gany gaçdy, mumyýa meňzedi, gözleri öňküden-de ýiteldi, içiňden geçip barýardy, boýnunyň ýanyndaky damarlary has ýognaldy, olar agaja düşýän gurçuk ýaly müňküldeşip başladylar. Ol dogrudan-da, ýaňky çogup duran suwuň içinden biriniň silkinip çykmagyna garaşýan eken. Başga zada beýle garaşmak mümkin däldi. Men onuň ýüzüniň, gözüniň şu wagtky bolşuny pikirimde aýlap, bu adam ýa şu derýa bilen baglanyşykly aýylganç bir wakany başyndan geçirendir, ýa-da üýtgeşik bir zadyň şaýady bolandyr diýen netijä geldim.
Ol ýene-de aňyrsyna bakyp, öz işini dowam etdi.
Şahyrlar kapyýanyň enter-pelegini öwürýärdiler.
Annaberdi:
— Jeýhun joşa gelse kenaryn ýykýar — diýdi. Mämmetdurdy bolsa ikinji setirini tapdy:
— Günäsiz adamy demine çekýär…
Gämi аýylgаnç titräp gitdi. Rоzy dеrrеw mоtоry öçürdi. Onuň bütin göwresi birden sandyrady. Bärisine bakdy. Gözleriniň agy çym-gyzyl bolupdy. Bir bada gepläp bilmedi. Az salymdan, göýä agyr ýüküni egninden düşüren ýaly haşlady-da:
— Beýle gürrüň etme! — diýip, Mämmetdurda seretdi. Onuň nazary içinden geçip barýardy.
IV
Rozynyň-da, biziň-de öňki hetdimize gelmegimiz üçin birnäçe wagt gerek boldy. “Kapitanyň” ýaňky bolşuny görenimizden soň, biziň bütinleý keýpimiz gaçdy. Dogrusy, ondan gorkup başladyk. Men her minutda: “Ýaşuly, bizi kenara çykar!” diýmäge taýýardym. Diňe töweregiň ajaýyp görnüşi meni bu teklibi girizmekden saklaýardy. Eger Rozy şeýle bolmadyk bolsady, onda ne gözel bolardy! Men her demde ýagdaýyň gowulaşmagyny umyt edýärdim.
Biz günbatara barýarys. Gaýygyň inçe burny bulanyk suwy kesip, giň göwresine ýol açýar. Iki tarapymyzda emele gelen gomlar bize haýbat atýarlar. Mämmetdurdyny gaýygyň gyrasyna berk ýapyşmaga mejbur edýärler. Öňden, gaty uzakdan, derýanyň ortasynda tüsse görünýär. By ýagdaý ýene-de bize Garagumy ýatladýar. Öňdäki parahodyň tüssesi gum içindäki çopan goşlaryny göz öňüne getirýär. Gaýraky kenar kä görünýär, kä gözden ýitýär. Ilerimizdäki gamyşlyk gutardy, kenar gözden ýitdi. Jeýhun bizi enäniň sallançak üwreýşi ýaly üwreýär, gaýygy mylaýym çaýkap, janymyza lezzet berýär. Günbatara ýoluny gönüläp ugran günüň şöhlesi bulançak suwa düşüp, onuň ýüzünde millardlarça reňki, kiçijik düwmejikleri emele getirýär. Agyr derdiň dermany mylaýym şemal ýakymlylyk bilen ýüzüni sypalaýar.
Rozy heniz-de gürrüňe goşulman, ýeňsesini tüňňerdip, motoryny tütedip barýar. Indi onuň bolşy okalmadyk kitap ýaly biziň ähli ünsümizi özüne çekýär. Bu adamyň dem alşy-da, gaýyk sürşi-de, onuň egnindäki geýimleri-de biziň üçin syrly duýulýar.
— Ýigitler, maňa golaýrak oturyň! — diýen sözi eşidenimde, ilki bada men gulagyma ynanmadym. Dogrusy, men bu ses derýadan çykdymyka diýip tisgindim. Meniň ýoldaşlarym-da geň galşyp, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
Onýança Rozy ýene gepledi:
— Ýigitler, siz meniň bolşumdan gorkmaň, maňa geň galmaň. Herki zadyň bir sebäbi bardyr. Şemal bolmasa, çöp başy-da gymyldaýan däldir. Siz bärräjik süýşüň. Ýogsam motoryň sesi meniň gürrüňimi eşitdirmez. Bu ses meniň öz pikirimi beýan etmegime zyýan bermeýär. Men muňa öwrenişipdirin. Meniň üçin uzak obalardaky gije ümsümligi-de bir, motoryň sesi-de birdir. Bärräk süýşüň. Men size gürrüň bereýin. Görýän weli, siz kitap ýazýan adamlar bolmaga çemeliňiz. Şonuň üçin meniň berjek gürrüňimiň-de size gerek ýeri bolarmyka diýýärin… Men häzirki size aýdyp berjek gürrüňimi kyrk ýyldan-da gowrak içimde saklap gelýärin. Hiç kime aýdyp bermedim. Indi men altmyşy eginden aşyrdym. Köpüm geçip, azym galdy…
Biz özümize goýlan bu hormata gaty begendik. Rozy biziň gözümiziň öňünde birden üýtgedi: täze görnüşe girdi. Göýä, uzyn barmakly ellerini döşümize sokup, biziň ýüreklerimizi sogrup alan ýaly bolup, bizi özüne çekdi. Biz höwes bilen, tolgunmak bilen onuň daşyna öwrülip oturdyk.
Goja gaýrarak süýşüp, bilini dikeltdi, aýaklaryny uzatdy. Onuň iri süňkleri şatyrdap gitdi. Edil şu wagtyň özünde biz ýene-de derýanyň çogup duran ýeriniň üstünden geldik. Rozy ýene-de bizi ýatdan çykardy. Ähli ünsüni derýanyň gaýnap duran ýerine berip, özünden ygtyýarsyz ol ýeriň daşyndan gaýygy bir gezek aýlady. Gaýygyň tolkuny çogup duran suw üýşmegini dagytdy, özüne goşup, aňyrlara äkitdi. Şundan soňra Rozy ukudan açylan ýaly bolup, ruluny günbatara dogurlady. Hiç zat bolmadyk ýaly öňki hetdine girdi.
— Golaý oturdyňyzmy? Gaty gowy! Naçalnik maňa siziň kimdigiňizi aýtdy. Men ilki bada düşünmedim. — Gazet habarçylarymy? — diýip soradym. Ol maňa oňatja edip aýdyp berenden soň, men öz göwnüme maslahat saldym. Gel, şulara kyrk ýyldan bäri ýüregimde gizläp gelýän syrymy açaýyn diýdim. Bir göwnüm “aç” diýdi. Bir göwnüm: “beýtme, seniň ol syryň mukaddesdir, ol seniň diňe özüňkidir, öz hususy syryňdyr, ol syr bilen başganyň işi bolmaly däldir” diýdi. Ine, men şeýdip, şu wagta çenli belli bir netijä gelip bilmedim. Siziň bilen gürleşmän, aşak bakyp oturyşymyň-da düýp manysy şundady, ýigitler… Ahyrsoňy: “Gel, aýdaýyn. Bu syr meniň ýüregimde galmasyn. Goý, muny adamlar eşitsin. Bu bolsa şu ýerde gürrüňi ediljek mysapyr bendä meniň diken heýkelim bolsun…” diýdim.
Rozy telpegini çykaryp, gara kellesini şemallatdy. Sag eli bilen başyny sypalady. Suwuň ýüzünde tolkunlaryň ýasaýan mele örküçjiklerinden gözüni aýyrman, göýä bir zatlary ýatlaýan ýaly, käbir wakalary hyýalynda aýlap çykýan ýaly içini gepletdi, dodaklaryny müňküldetdi.
Howasyz myhmanhana, asfalty hamyr ýaly mylkyldap ýatan şäher köçeleri, agaçlaryň üstünde jam ýaly sallanyp duran gün, derýa ilki görenemizde emele gelen galkym kapyýalar… eýýam biziň ýadymyzdan çykypdy. Biz häzir diňe Rozyny görýärdik, ýeriň astyndan çykýan ýaly güňleç, ýogyn sesini eşidýärdik. Onuň şu ses bilen bize aýdyp berjek gürrüňi hakynda pikir edýärdik. Ol bolsa gyssanmaýardy. Onuň ýagdaýy bize düşnüklidi: kyrk ýyllap ýürekde gizlenip ýatan gürrüňi derrew beýan edibermek, elbetde, aňsat däldi. Köp zatlary ýatlamalydy, köp zatlaryň düşnükli bolmagy üçin özüne laýyk söz tapmalydy. Rozy bu işleri gutardy. Ol ruly derýanyň ortasyna gönüläp, beýan etmäge girişdi.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.