"Türkmen işi"

"TÜRKMEN IŞI"

1970ý
Asman barabar plan berdiler.
— Ýerine ýetir — diýdiler.
— Ullakan, başarmaryn — diýdi.
— Gaýtalatma, ýerine ýetir — diýdiler.
— Ýok, başarmaýan — diýdi.
— Tussag ederis!!! — diýdiler.
Başarmaly boldy... Çaga-çugasy köpdi...
Orden berdiler... Ýokary plany berjaý edeni üçin...
Soňra... Tussag etdiler... Goşup, galp ýazany üçin...
Çaga-çugasy köpdi bendäň...



ENE DILIM

Näçe köp dili bilseňiz, şonça gowy welin... Barybir, adam öz ene dilinde göz öňüne getirer, ene dilinde düýş görer, ene dilinde aglap-güler... Ölüm ýassygynda ýatyrka ene dilinde ejesini ýat eder.


GITMEZ BAÝLYK

Mende bir manat bar. Sizde hem bir manat bar...
Men öz bir manadymy size berdim.
Siz hem öz bir manadyňyzy maňa berdiňiz.
Hiç zat üýtgemedi. Sizde hem bir manat galdy, mende hem...
...Mende täze bir pikir bar. Sizde hem täze pikir bar.
Men size täze pikirimi aýtdym. Siz hem maňa öz täze pikiriňizi aýtdyňyz...
Sizde hem iki pikir peýda boldy, mende hem...
Käbir adamlar pul çalyşmaýar. Pikir çalyşýar!


PIŞIK

Özi itden gaçyp, daragta çykyp oturýar-da, soňra guşlara azar berip, mertlik satyp ugraýar... Gorkak batyr diýilýäni şu bolsa gerek!


PAGTAÇY

Köňli — pagta deý ap-ak. Häsiýeti — pagta deý ýumşak. Mähiri — pagta deý mylaýym. Diňe, birje aýby bar "pagta ýygmagy" bilmeýär!


KÖŇÜL

Adamyň hemme zatdan doýmagy mümkin. Baýlykdan... Keýpi-sapadan... Şan-şöhratdan.. hatda, ýaşaýyşdan hem... Garyplygynda, agyr hassalygyndan doýanlar hem "amanatyňy al indi, eý Ýaradan" diýýänler hem çyn dilden aýdýalar...
Adam hemme zatdan doýmagy mümkin. Diňe we diňe bir zat — MÄHIRDEN doýmaýar. Bu meselede Şa - gedaý desme deň.
Aslynda-ha, dünýäde şondan arzan zat ýok. Bir agyz şirin söz, bir çyn kalpdan çykan mähir kime artykmaçlyk edipdir?! Biz bolsa şony hem bir-birimizden gysganýas...
12 лайков 229 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
23 май 2022, 10:39
Adamyň bir mätäç zady – hoş. sözdür,.
Hoş söz aýdyň – depesine täç bolar,
Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň,
Kim bilip dur – bir ýyldan soň giç
bolar.

Gowa gowy diýiň entek dirikä,
Gerek ýerde ýyly söz - bir güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň,
Kim bilip dur – bir aýdan soň giç
bolar.

Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärden çyksa hiç bolar.
Goldaweriň bir-biregi söz bilen.
Kim bilip dur – bir hepdeden giç bolar.

Kalby çoýuň, alkyş alyň adamlar,
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapylanok bu gün göreniň,
Şu gün çoýuň – erte belki giç bolar

Sahawatsyz ömür – gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar.
Sylaň bir-biregi – wagtyňyz barka,
Mümkin… ýene bir sagatdan giç bolar.

B.Hudaýnazarow
Leyli Amanowa
23 май 2022, 10:41
Köňli — pagta deý ap-ak. Häsiýeti — pagta deý ýumşak. Mähiri — pagta deý mylaýym. Diňe, birje aýby bar "pagta ýygmagy" bilmeýär!

Şuňa duşunmejek bolyan duşunen bar bolsa habarlaşsyn
Hiayress
23 май 2022, 11:01
Iň süýji balyňam artykmajy adamy irizer.
(Şekspir)
Hiayress
23 май 2022, 11:01
Awtory kimkä?!
Suleyman
Автор 23 май 2022, 11:05
Hiayress
Iň süýji balyňam artykmajy adamy irizer.
(Şekspir)


Şekspir ömründe mähir görmändir onda.
Hiayress
23 май 2022, 11:07
Dark_Wolf,
Döwri zor bolupdyr. :))
Suleyman
Автор 23 май 2022, 11:09
Hiayress
Awtory kimkä?!

Awtory göniden-göni men ýa plany däl. Ondan-mundan ylhamlandym.

Ýöne agramly bölegi şahsy terjime. Goňşy Özbek döwletiniň Otkir Hosimow atly halk ýazyjysy bar. Şonuň eserlerinden özleşdirip ýazdym, üýşürdim, düşünşimçe terjime etdim.
Hiayress
23 май 2022, 11:11
Dark_Wolf,
Gysgadan manyly eken. Hemem çeper. Ýene bolsa paýlaşyp duruň. :))
Leyli Amanowa
23 май 2022, 11:14
Oglanlar pagtaçyny duşundiräyiň ?
Leyli Amanowa
23 май 2022, 11:14
Hiayress,
seňem göwnuňe yarajak zat bar eken tüf tüf gözum degmesin
Suleyman
Автор 23 май 2022, 11:19
Nairobi
Oglanlar pagtaçyny duşundiräyiň ?


Artdyryp ýazylýan döwürlerde şol wagtky gazetçileň, ýazyjylaň dili b.n ýazylan ol. Ýaňsy diýjekmi, gep aýlama diýjekmi özüň aňla beýlesini.
Bu pagtadan gözi açylmadyk sowet türkmenlerine berilen baha.
Leyli Amanowa
23 май 2022, 11:21
Dark_Wolf,
duşnukli
Maksat
23 май 2022, 11:24
Gaty süýji bolma, ýuwudyp goýbermesinler diýipdimi, Aly.
Maksat
23 май 2022, 11:29
Dark_Wolf
Nairobi
Oglanlar pagtaçyny duşundiräyiň ?


Artdyryp ýazylýan döwürlerde şol wagtky gazetçileň, ýazyjylaň dili b.n ýazylan ol. Ýaňsy diýjekmi, gep aýlama diýjekmi özüň aňla beýlesini.
Bu pagtadan gözi açylmadyk sowet türkmenlerine berilen baha.

Hemme sözleri doly ýazýaňyz, käşgä "bilen" sözünem ýazyp göýbersediňiz.
Garabufer
23 май 2022, 12:19
Bnatişge näillo
Leyli Amanowa
23 май 2022, 12:20
Garabufer,
Hajary getirmeli bärik onsoň Dark adam tanamaya :D
Suleyman
Автор 23 май 2022, 12:26
Garabufer
Bnatişge näillo

Agam bratok bamyňaý
Soho
23 май 2022, 13:33
yzy gur bolsun drug oglan