Bozulan Nika...

SYNAG

Bir zada köp syn etdim. Ejesi nahara oturjak mahaly çaga aglaberýär. Garrylar, şeýle wagtda çagany şeýtan çümmükleýär diýýäler. Onçasyny bilmedim... Hudaýyň özi geçirsin welin, meniňçe gep şeýtanda däl. Bu — Taňrynyň ene mährini synaş usullarlaryndan biri bolsa bildiňmi...


BOZULAN NIKA

Öýi kanuny bölüşdiňiz...
Mal-mülki kanuny bölüşdiňiz...
Söýgi böleklendi...
Hormat-sarpa böleklendi...
A çaga näme? Çagany haýsy kanun bilen bölüşmekçi? Ejesi bilen gitse, kaka galsa. Kakasy bilen gitse, eje galsa... Gowusy, ony hem ikä bölüň! Bir parçasy — ejesine! Bir parçasy — kakasyna!
Hany, göteriň paltany, çaganyň nalasy tutmadyklar diýsäni!


BIR DÄNE OTLYÇÖP

Onuň, gije turyp çilim çekmek endigi bardy. Adatdaky ýaly daňdan 3-de oýandy. Görse, bir däne hem kükürt galmandyr. Ýeke özüdi, aýaly hem garyndaşlaryna gidipdi... Öýde hemme zat bar welin, adaty elektrik gyzdyryjy ýok eken... Temmäkiniň humary tutyp, daň-a çenli kösenip geçirdi.
Iki daşy çakyşdyryp ot çykarýan ýabany taýpalara höwesi gitdi.
Bu adam lazer şöhlesini açyş eden meşhur alymyň özüdi...
Ynsan nä derejede gudratly, ynsan nä derejede ejiz!


BOLMAÝAN TARAPYMYZ

Ermeni:
— Size kim gerek, ezizim! "Garawul Petrosýan" diýýäňizmi? Wah-wah-wah! Ol garawul däl, akademik! Danyşment adam! Ýörüň, öýüni görkezeýin. Golaýda, iki gatly öý saldy, peläket!

Gürji:
— Kimi soraýaňyz, gadyrdan! "Gurluşykçy Panjikidze?" O-o-o! Ol gurluşykçy däl, akademik! Bular ýaly sowatly adam ýüz ýyldan bir gezek dogulýar! Ýörüň, daçasyny görkezeýin. Üç gatly daçasy bar, peläketiň!

Türkmen:
— Näme? Kim diýýäňiz? "Akademik Salyhanow?" Hiç hili akademik däl ol! Garawulça sowady ýok! Gurluşykçyja ylmy ýok! Tüýs akmak adam. Parahor! Körpe ogluna köşkden ymarat salýar. Şonça puly nirden alýarmyş ol! Umuman... Men hiç hili Salyhanow-palyhanowy tanamok!



HALYPA

Ussat ataňdan uly, diýýänleri ýönelige däl. Ata ömür berýär. Ussat bolsa ýaşaýyşy öwredýär. Dogulyş aňsat, ýaşamak kyn...
8 лайков 167 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.